Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 1094
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynyň merkezinde alnyp barylýan işler, şol sanda A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşen seýilgäh toplumlaryny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabady gurmagyň täze--14-nji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy. Onda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň iri toplumyny bina etmek, şeýle hem awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ir säher bilen hormatly Prezidentimiz “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgäh toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki düzümleriň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri garşyladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtyň bu künjeginde amala aşyrylýan işler, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ozal Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkeliniň ýerleşiş derejesini üýtgetmäge we onuň görnükli bolmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary beripdi. Şu gün döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşmak maksady bilen, bu ýere geldi. Häzirki döwürde bu künjekde heýkeli oturtmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler tamamlaýjy tapgyra gadam goýupdyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkeliniň oturdylan ýerini synlady. Ýurdumyzyň berkararlygynda, Garaşsyzlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitiren hyzmatlarynyň az däldigini nygtamak bilen, milli Liderimiz bu ýerde göze gelüwli belentlikde ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň heýkeliniň oturdylmagyny, bu beýik ynsanyň dünýeden gaýdan senesinde heýkele gül desselerini goýmak çäresiniň girizilmegini we Saparmyrat Türkmenbaşynyň dogduk obasy bolan Gypjakda onuň hatyrasyna sadaka berilmegini parz iş hasaplady.

Yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan aýlaryň biri bolan Remezan aýynyň keramatly Gadyr gijesini garşylamaga taýýarlyk görülýän pursatlarda ata-babalarymyzyň ynsanperwerlikli ýörelgelerine daýanyp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak bilen baglanyşykly işlere badalga berilmegi ynsan ruhunyň şat bolmagyny kepillendirer diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. S.A.Nyýazowyň heýkeli şäheriň ähli künjeginden görünmelidir we ol şu künjekdäki binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir.

Bu işler halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji Prezidentine bolan hormat-sarpasyny, onuň bitiren işlerine çuňňur minnetdarlygyny alamatlandyrar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz munuň özi ata-babalarymyzyň öten-geçenlerini hatyralamak ýaly asylly däpleriniň mynasyp dowamy boljakdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Ruhyýet köşgüne tarap pyýadalap ugrady. Ýolugra paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki meýilnamalary, şäheriň ýol-ulag geriminiň döwrebaplaşdyrylmagy, desgalaryň, yşyklandyryjy sütünleriň bezeg aýratynlyklary bilen baglynaşylykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunda milli Liderimiz paýtagtymyzda giň möçberli bagy-bossanlygy döretmek işleri alnyp barlanda olaryň şäheriň görküne-görk goşmak, onuň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak bilen bir hatarda, adamlara oňyn täsir ediş häsiýetini nazara almalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde hem täze seýilgäh zolaklary kemala getirilende adamlaryň işjeň dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz daşky gurşawyň goraglylygy bilen bir hatarda, binalaryň ýanaşyk ýerlerinde, ýol ýakalarynda oturdylýan yşyklandyryjylaryň, beýleki degişli düzümleriň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň döwrüň esasy talaby bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Sergi köşgüniň gabadynda saklanyp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň döwletiň durmuşynda bolup geçýän jemgyýetçilik - syýasy wakalara işjeň gatnaşmagynyň, şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň guramaçylary bolmaklarynyň wajypdygyny bellemek bilen, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilýän Sergi köşgüniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, bu ýerdäki Sergi köşgüni ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýaryna berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz munuň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Bu çözgüt üçin jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek üçin hemme tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra milli Liderimiz ýoluny dowam edip, Ruhyýet Köşgüniň öňündäki meýdança geldi.

Aşgabady toplumlaýyn ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek türkmen döwletiniň Baştutanynyň elmydama üns merkezinde durýar. Şunda paýtagtymyzy, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan iri möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda öňdebaryjy gazanylanlary, innowasion tehnologiýalary we iň oňat dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak, adamlaryň durmuşynyň täze ýokary ülňülerini üpjün etmek esasy ugurlar bolup bolup durýar. Muňa Türkmenistanyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan senagat, durmuş-medeni, ulag-aragatnaşyk we deýleki ähmiýetli desgalaryň gurluşyklary, şäherleriň we obalaryň döwrebap düzümleriniň kemala getirilmegi aýdyň subutnamadyr.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň gujurly syýasaty we batyrgaý başlangyçlary, iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň paýtagty täze binagärlik ajaýyplyklar bilen barha gülläp ösýär hem-de dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri derejesinde ykrar edilýär. Şu babatda ýokary dünýä ülüňleriniň derejesinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýol ugrunda paýtagtymyzy gurmagyň möhüm ugurlaryny gozgap, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni köşk meýdançasynyň bezelişine çekdi. Nusgawy däpleriň özboluşly dizaýnerçilik çözgütleri bilen utgaşmagy köşgüň gözelligini we belentligini görkezýär. Şeýle tärleri şäher çäkleriniň bezeginde giňden ulanmak gerek diýip, milli Liderimiz paýtagtymyzyň keşbini döretmäge we durmuş giňişligini üpjün etmäge döredijilikli çemeleşmegiň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüne girýär, onuň eýwanynda taslamalaryň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Hormatly Prezidentimize ilki bilen paýtagtymyzy gurmagyň 12-nji, 13-nji we 14-nji tapgyrlaryny öz içine alýan umumy Baş meýilnamanyň nusgasy görkezildi. Onda köçeleri ulgamlaýyn yşyklandyrmaga çenli ähli esasy bölekler görkezilýär.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji tapgyryň gurluşyklary birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça ýokary amatlykly ak mermerli ýaşaýyş jaýlaryny, şeýle hem dolandyryş we beýleki ähmiýetli desgalary bina etmegi özünde jemleýär. Ine, şäheriň bu künjeginde Daşary işler, Dokma senagaty, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Oba hojalyk ministrlikleriniň, gurluşyk toplumynyň, ulag we aragatnaşyk toplumynyň, ykdysadyýet we bank, ylym, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin 12 gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň biri Türkmenistanyň Senagşatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça bina edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyza 14-nji tapgyryň taslamalarynda göz öňünde tutulýan geljekki täze binalaryň ýerleşdiriljek ýerleri hem-de geljekki keşbi barada aýdyň düşünje berýän çyzgylar görkezildi.

Täze taslama laýyklykda, şäheriň günorta böleginde Oguzhan köçesi bilen Bitarap Türkmenistan şaýolunyň aralygynda durmuş düzümli desgalary bolan iri ýaşaýyş toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Şäheriň bu böleginde söwda toplumynyň işgärleri üçin 12 gatly binalary – 66 we 44 öýli ýaşaýyş jaýynynyň ikisini; ykdysadyýet we bank toplumynyň, nebitgaz pudagynyň, ylym we bilim, medeniýet ulgamynyň, oba hojalyk, gurluşyk we senagat pudaklarynyň, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň buýurmalary boýunça olaryň her biri üçin 66 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmalary boýunça hem olaryň her biri üçin 44 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Umuman, görkezilen taslama ýokary amatlykly öýleri bolan belent jaýlaryň ondan gowragyny öz içine aldy.

Şu ýerde hem 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep we çagalar bagy bina ediler, paýtagtymyzyň döwrebap ulag ulgamynyň ähli degişli desgalary bolan täze ýollar gurlar.

Mundan başga-da, paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji nobatdakysynyň taslamasy söwda we hyzmatlar ulgamynyň degişli düzüminiň döredilmegini, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatynda dükanlaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Taslamanyň awtorlary adamlaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi, şol sanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin şertler hakynda alada edipdirler. Abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürenen ýanaşyk ýerlerde çagalar üçin oýun meýdançalary we sport meýdançalary dörediler, şeýle hem jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýerler göz öňünde tutular.

Şeýlelikde, taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan hem-de adamlar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga bildirilýän döwrebap ölçeglere we ýokary talaplara laýyk gelýär. Bu giň gerimli maksatnama netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi düýpli özgerdi. Maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlyklary bolan täze öýleriň eýeleri boldular. Şunda bir zady bellemek gerek, ol hem şeýle özgertmeler häzir ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda amala aşyrylyp, şäherlerde we obalarda türkmenistanlylaryň häzirki zaman talaplara laýyk gelýän täze, durmuş ülňüleri üpjün edilýär.

Soňra garamagyndaky desgalary gurmagyň taslamalary hakynda döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hasabat berdiler.

Şeýle hem bu ýerde 14-nji nobatyň çäklerinde awtomobil ýollaryny, çatryklary we ugurdaş desgalary gurmagyň taslamalary görkezildi. Bellenilen toplumlaýyn işler inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryň çekilmegini, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň döwrebap ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji nobatdakysynyň taslamasy, täze desgalaryň we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz binalaryň ýerleşjek ýerleriniň taslamasy, täze guruljak desgalar babatda anyk belliklerini we tekliplerini aýtdy. Jaýlaryň binagärlik çözgüdine täzeden seretmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz desgişli ýolbaşçylara garamagyndaky desgalary gurmak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de şunuň bilen bagly meseleleri çözmäge sazlaşykly çemeleşmek, binalary gurmak boýunça bäsleşik geçirmek babatda tabşyryklar berildi. Şol çözgütde dünýäde toplanylan iň oňat tejribeler milli öwüşgin bilen sazlaşykly utgaşmalydyr.

Hususan-da, milli Liderimiz Aşgabady ösdürmegiň geljeginiň ýaşaýjylary täze jaýlarda has rejeli ýerleşdirmegiň oýlanyşykly ulgamyny kemala getirmek maksadynda gurluşyklaryň sazlaşykly alnyp barylmagyny talap edýändigini belledi.

Şeýle hem gurluşygy alnyp baryljak ýerleriň tebigy aýratynlyklaryny, tebigy gözellikleri döretmek üçin şol durkundaky ýerleri, şeýle hem arassa howa çalyp durmagy, köçeleriň oňat şemalladylmagy üçin binalar päsgel bermez ýaly ýeliň ugruny göz öňünde tutmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 14-nji tapgyry gurmagyň ýörelgelerini onuň binalaryň we beýleki desgalaryň ýerleşişini has-da oýlanyşmak nukdaýnazaryndan täzeden seljermegi tabşyrdy. Binalaryň aýratynlyklaryna, dynç alyş, gezelenç etmek we sport bilen meşgullanmak üçin ýerleriň, ýaşaýyş ulgamlarynyň hem-de durmuş düzüminiň sazlaşykly ýerleşdirilişine aýratyn üns bermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýaşaýyş jaýlarynyň daşky görnüşi uly ähmiýete eýe bolup, bir bitewi toplumyň umumy görnüşine gabat gelmek bilen, olar bezelişiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunda, bilim berýän edaralaryň – mekdebiň we çagalar bagynyň binalary öz görnüşi bilen degişli desgalaryň niýetlenen maksadyny açyp görkezmelidir.

Ugurdaş serişdeleriň, bag-seýilgäh enjamlarynyň, germewleriň, oturgyçlaryň, köçeleri ýagtylandyryjy yşyklandyryjylaryň owadan bolmagy möhümdir. Şonuň bilen birlikde, bularyň hemmesi ýokary hilli serişdelerden taýýarlanmalydyr. Çünki, olar töweregiň bezegi bolup hyzmat etmän, eýsem, ilkinji nobatda, berk we uzak döwürleýin bolmadyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasalaryna hem-de şäher gurluşygyna dahylly ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenmek bilen, milli Liderimiz olara täze desgalary gurmak bilen bagly ähli meseleleri seljermegi, bu taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri, geçirilmeli işleriň meýilnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin amatly şertleri döretmekde ozaly bilen ähli şäher etraplarynyň düzümini deňeçer ösdürmek ýörelgesine eýermegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz täze guruljak binalaryň ak mermerli türkmen paýtagtynyň özboluşly binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulmalydygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň ünsüni paýtagtymyzda gurulýan täze binalarda ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan bildirilýän talaplara laýyk gelýän ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmagyň möhümdigine çekdi.

Aşgabat şäherini ösdürmek we abadanlaşdyrmak, şäher düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak meselelerine geljekde hem uly üns beriljekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagyň paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny nygtady.

Adamlaryň durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek üçin taslamalar işlenip taýýarlananda we amala aşyrylanda hiç bir zady ünüsden düşürmän, arassaçylygyň we degişli sanitar kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz aýdylan ähli talaplaryň paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan gurluşyk we abadanlaşdyrmak işlerine deň derejede degişli bolup durýandygyny nygtady.

Paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik toplumy, ýaşaýyş jaýlary, meýdançalary, ýollary we seýilgähleri bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň özüne çekiji keşbini döredip, döwletimiziň adam hakyndaky aladasynyň aýdyň mysaly bolmalydyir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de tanyşdyrylyşyň barşynda aýdylan teklipleri we bellikleri nazarda tutup, görkezilen taslamalaryň üstünde ýene-de işlemek boýunça tabşyryklary berdi.

Ruhyýet köşgünde geçirilen paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň taslamalarynyň tanyşdyrylyşy tamamlanandan soň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Bu ýere gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban halkymyzyň abadançylygy, watandaşlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynda öz beýanyny tapýan iň oňat durmuş şertleriniň döredilmegi baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Mundan başga-da, paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň hormatyna bina edilýän ýadygärligiň milli taryhyň hem-de ady Watanyň ykbaly bilen bagly bolan görnükli adamlara hormat goýmak ýaly türkmen halkyna mahsus bolan milli aýratynlygyň dowamlylygyny alamatlandyrýan ýene-de bir nyşandygy bellenildi.

Wise-Premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden “Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar” diýen asylly jümläni baş ýörelge edindi. Şeýlelikde, halkymyzyň umyt-arzuwlary hasyl bolup, milletiň durmuş derejesi ýokarlandy. “Döwlet adam üçindir” diýen şygar hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasatda, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan halkyň köpasyrlyk tejribesine, döredijilik mümkinçiligine daýanýan iri möçberli özgertmelerde öz hakyky beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň başlyngyçlary ösdürilýär, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň asylly işleri hemmetaraplaýyn uly goldawa eýe bolýar, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyna giň orun berilýär. Bu işler öz ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň arasynda giňden ykrar edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy halkymyzyň milli Liderine bolan hormat-sarpasynyň juda belentdigini aýdyp, raýatlarymyzyň, ýurdumyzyň ähli ýolbaşçy düzümleriniň adyndan ýüzlenip, paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde, görnükli ýerde Arkadag Prezidentimiziň heýkeliniň oturdylmagyna ygtyýar bermegi milli Liderimizden haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen şu gysga döwründe ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasy özüniň oňyn netijesini berip başlady. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary derejesi, gazanan üstünlikleri , milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda eýelenen sepgitler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk baglanyşyklydyr we olar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär.

Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygy K.Babaýew Arkadag Prezidentimiziň heýkeliniň paýtagtiymyzyň görnükli ýerinde oturdylmagy bilen baglanyşykly ýurdumyzyň dürli künjeklerinden örän köpsanly teklipleriň gelip gowuşýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, her bir babatda öz halkyna daýanýan, halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň uludan-kiçä ähli ilatynyň Arkadag Prezident diýip ýüzlenmeginde aýratyn many bar, Arkadag diýen sözde howandar, her bir pursatda, milletiň bähbidini ileri tutýan ynsan diýen çuňňur many bar. Döwlet Baştutanymyz halkyň isleg-arzuwynyň mukaddesdigini aýtmak bilen, bu babatda milletiň özi bilen maslahatlaşylmalydygyny we her bir işde öz halkynyň asylly ýörelgesine bil baglaýandygyny aýtdy.

--Meniň baş maksadym öz halkyma, Watanyma hyzmat etmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Öz eden işiň miwesini görmek, her bir ynsana ýakymlydyr diýip belläp, döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de öz ähli ukybyny, tagallasyny halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirjekdigini nygtady. Hut şonuň üçin hem halkyň pikirini diňläp, onuň çözgüdine eýermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Döwlet adam üçindir!” diýen sözler diňe şygar bolman, eýsem-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasatynyň düýpli ahlak mazmunyna öwrüldi. Öňe, belent maksatlara, durmuş-ykdysady ösüşiniň täze sepgitlerine tarap ynamly hereket edip, biz ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine, mirasymyza we däp-dessurlarymyza, milli adatlarymyza mukaddes sarpa goýýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hemmeleri ýetip gelýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap hem-de saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, parahat we bagtyýar durmuş, şeýle hem bu aýda ýüreklerde beslenen hemme ýagşy we asylly işleriň hasyl bolmagyny arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünden ugrady.