Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 839
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz mukaddes Oraza baýramynyň ýetip gelýändigini, mähriban halkymyzyň durmuşynda bu baýramyň örän uly ähmiýeti bardygyny belledi. Halkymyz üçin bu baýram haýyr-sahawatyň, ýagşylygyň, agzybirligiň we ynsanperwerligiň baýramydyr, ol halklary özara ýakynlaşdyrýar, bu baýramyň many-mazmunynda halkymyzyň beýik medeniýeti, gadymy däp-dessurlary, ynanç-adatlary jemlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu baýramyň ýurdumyzda giňden bellenip geçilýändigini aýtmak bilen, döwlet Başutanymyz mejlise gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny ýetip gelýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara we türkmen halkyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Bu mukaddes aýda il-günümiziň agzybirligi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy we mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin edilen doga-dilegler, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna hormat goýmak ýörelgelerine eýerip, «Oraza baýramyny bellemek hakyndaky» Permana gol çekdi. Permana laýyklykda, halkymyzyň Milli baýramy bolan Oraza baýramy şu ýylyň 29-njy iýulynda bellenýär, şol güni iş güni däl diýip yglan edilýär, ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 28-nji iýuldaky iş gününiň 26-njy iýula – şenbe gününe geçirilýär. Şeýlelikde, mähriban halkymyz mukaddes Oraza baýramy mynasybetli 27, 28 we 29-njy iýulda üç günläp dynç alar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, öten agşam halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza eýerip, mukaddes Gadyr gijesini garşy alyp, ýagşy umyt-arzuwlar bilen doga-dilegler edendigini belledi. Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip guraýarys diýip, döwlet Baştutanymyz iş kesilen 1 müň 95 raýatymyzyň hem-de daşary ýurtly 9 raýatyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ý.Berdiýewe ýüzlenip, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň Oraza baýramyna çenli öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy babatda zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, şeýle hem beýleki ýolbaşçylaryň günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmelidiklerini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlaryň yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagyny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzda ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýan çäreler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ygtyýarlylandyrmak ulgamyndaky işi kadalaşdyrýan birnäçe kadalşdyryjy -- hukuk namalaryna, şol sanda ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlandyryjy edaralaryň sanawyny tassyklamaga, ygtyýarlandyrmalar üçin alynýan döwlet paçlarynyň möçberine degişli resminamalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleriň taýýarlanylandygy bellenildi.

Teklip edilýän üýtgetmelerde we goşmaçalarda “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda ölçeg serişdeleriniň barlanmagy, kalibirlenmegi we abatlanmagy babatda ygtyýarlylandyrmaga degişli täze iş görnüşlerini girizmek, ygtyýarnama bermegiň tertibini kämilleşdirmek hem-de ygtyýarlylandyrylýan işleriň aýry-aýry görnüşlerini degişli hukuk namalarynda we ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet sanawynda aýratyn işleriň görnüşleri hökmünde beýan etmek, täze şertli belgiler bilen bellemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň “Standartizasiýa we metrologiýa, şeýle hem senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işleri ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” hem-de “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakyndaky” kararlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylýandygyny habar berdi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda görülýän çäreler barada hem aýdyldy. Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin karzlary resmileşdirmek işi ýaşaýyş jaýlarynyň we portratçylaryň görnüşine baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlarynyň üçüsine laýyklykda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer gurluşygy maliýeleşdirmegi we hususy ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy kämilleşdirmäge degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi. Resminamada ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin karzlary bermegiň bitewi tertibini bellemek baradaky düzgünler beýanyny tapar, şeýle hem hususy ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň birnäçe görnüşlerini işläp taýýarlamak boýunça işler göz öňünde tutular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak we bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek şertlerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler babatda işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri, umuman, makullap, bu resminamanyň taslamasyny taýýarlamak babatda görkezme berdi. Milli Liderimiz ygtyýarlylandyrylan işler amala aşyrylanda degişli talaplaryň we şertleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň amala aşyrylymagynyň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň durmuş abadançylygy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, şol sanda döwrebap we oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny edinmekde türkmenistanlylara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýaşaýyş jaýlaryny almak ýa-da aýratyn ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ähli raýatlarymyza ýeňillikli şertlerde uzakmöhletleýin karzlary bermegiň tertibiniň kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir we ilatymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek meselesini oňyn çözmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýeriň ünsüni bu meseläni ýene-de bir gezek düýpli öwrenmäge çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,daşary işler ministri R.Meredow şu hepdede Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Burut Pahoryň ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda netijeli guralan bu saparyň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Sloweniýanyň däp bolan döwletara gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eden ýokary derejedäki türkmen-slowen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen möhüm resminamalar, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli Ähtnama, şeýle hem söwda-ykdysady, aragatnaşyk ulgamlaryndaky özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen wajyp resmianalaryň toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana bolan resmi saparynyň ikinji gününde Türkmenbaşy şäherine baryp gördi we ol ýerde Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň barşy we desganyň geljekki ösüşi bilen tanyşdy. Mundan başga-da, belent mertebeli myhman üçin Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça tanyşdyryş çäresi guraldy.

Şunuň bilen bir hatarda, saparyň barşynda Aşgabatda Sloweniýanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistana gelen slowen işewirlik topaprlarynyň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olar türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýokary gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şeýle hem wise-premýer, ýurdumyzyň daşary işler ministri Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň Türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Munuň özi iki ýurdyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhüm guralyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropa ugrunyň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine daýanýan daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatynda bolşy ýaly, soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan Türkmenistan –Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýurdumyza bolan resmi saparynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Türkmen-slowen hökümetara toparyna iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ornuň degişlidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu toparyň Türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky degişli karara gol çekdi. Söwda-ykdysady ulgamdaky döwletara gatnaşyklarynyň bar bolan mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmek, medeni-gumanitar ugurdaky türkmen-slowen aragatnaşyklaryny höweslendirmek maksady bilen, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, milli Lidernimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hasabatyň çäklerinde Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň gadymy döwürlerden bäri dostluk we deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, ýurdumyzyň binýadyny köpasrylyk taryhy-medeni gatnaşyklar, iki halkyň ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy düzýän netijeli aragatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we ösdürmek ugruna geljekde-de berk eýerjekdigini nygtady. Mälim bolşy ýaly, Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgesini goldadylar. Şeýle hem Pakistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylda kabul eden we ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnamasyna awtordaşlaryň biri boldy.

Deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esaslara daýanýan ikiatraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna, iki ýurduň we halklaryň bähbidine, sebit möçberde abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol milli parlamentiň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän durmuş ugurly syýasaty babatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Hususan-da, Mejlisiň komitetleriniň parlamentiň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görşi, deputatlaryň täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli hukuk binýadynyň iň gowy milli däpleri özünde jemlemelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz köp ugurlar boýunça kanunçykaryjylyk işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, döwlet ösüşiniň strategiki maksatlaryna we ileri tutulýan ugurlaryna, onuň häzirki döwürdäki wezipelerine, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna daýanmagyň möhümdigine Mejlisiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümleriniň işi, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň we Konstitusiýa binasynyň aralygynda seýilgähi gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şonda pudagara topar tarapyndan teklipleri saýlap almak bilen bagly işleriň geçirilendigi bellenildi. Geçirilen bäsleşigiň netijesinde “Ussat” golçur kärhanasynyň teklip eden taslamasy saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabatda şähergurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamanyň ýokary depgin bilen amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz şu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň kärhanalarynyň has işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, gurluşyk işleriniň oňat hilli ýerine ýetirilmegine, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi hem-de birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçalara agrotehniki kada laýyk hatarara bejergisini, suw tutmak işlerini hem-de iýmitlendirmek çärelerini alyp barmak işleri dowam edýär. Şeýle hem pagta kabul ediş bölümlerinde möwsüme taýýarlyk işlerine girişildi.

Şunuň bilen bir hatarda, galla hasyly ammarlara daşalýar we olar degişli derejede saklanylýar. Şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin tohumlyk bugdaýy taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek” atly sebitara maslahatyny geçirmek hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen BMG-niň çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň sekretariatynyň bilelikde guraýan bu çäresini şu ýylyň 1-2-nji awgustynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenilýär. Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlary, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň iri halkara, sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meselelerine Türkmenistanda möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Ýurdumyzda suw, ýer we biologiýa serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä hem-de tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” we “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen topragynyň ajaýyp tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini saklamaga gönükdirilendir.

Durmuş-ykdysady ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli umumy döwlet maksatnamalary adamlaryň durmuş abadançylygynyň möhüm şerti bolan ekologiýa meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Öri we ekerançylyk meýdanlarynyň netijeli dikeldilmegini, sebitde howa şertleriniň hem-de ekologiýa ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyny üpjün edýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Garagum sährasynyň ajaýyp goraghana künjeklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň ygtybarly goralmagy we ylmy taýdan öwrenilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň çözülmeginde işjeň orny eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. BMG-niň tebigaty goramak, şol sanda çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek” atly sebitara maslahatyny geçirmek hakyndaky karara gol çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Geljekki hasylyň düýbüniň tutulýan günlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň öňünde pagta ýygymyna hem-de güýzlük galla ekişine öz wagtynda girişmek we guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe wezipeleri goýdy. Öňde goýlan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşy geçirilmegine gönükdirilen anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz daýhan hojalyklarynyň ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumlarnyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawody gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Indistries Ltd” we Türkiýäniň “Rönesans Türkmen” kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda degişli Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilipdi.

Täze zawodyň ýyllyk kuwwaty 600 müň tonna benzini öndürmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda bu maýa goýum taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak boýunça işler tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga ugur alan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli geçirmekde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň wajyp wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz innowasion tehnologiýalaryň esasynda işleýän döwrebap gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyna, iri energetika taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

Şu babatda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna, degişli işleri alyp barmakda uly tejribä, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan abraýly nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir diýip, hormatlyPrezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýeriň ünsüni nebitgaz çykarýan we nebithimiýa ulgamlarynda täze desgalaryň gurluşygynyň möhletleriniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol desgalaryň ulanmaga berilmegi bolsa dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna awgust aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary, şol sanda sport toplumlaryny, Medeniýet öýlerini, Saglyk öýlerini, çagalar baglaryny we beýleki desgalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasyny hödürledi.

Aýdylyşy ýaly, awgust aýynda belleniljek Türkmen gawunynyň güni, Serhetçiler güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýar. Öňümizdäki iri halkara ähmiýetli wakalaryň hatarynda Hazar deňziniň kenarynda geçirilýän Zehinli çagalaryň “Awaza—dostluk mekany” atly halkara çagalar festiwaly we “Awaza – 2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly bar.

Şeýle hem şu ýylyň 3-7-nji awgusty aralygynda Täjigistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Duşanbe şäheriniň sahnalarynda çykyş eder we bilelikdäki çärelere gatnaşar. Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary guralar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Täjigistanyň Wahdat şäherine hem barar we şol ýerde konsert bilen çykyş eder.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, işjeň gumanitar gatnaşyklaryň, Medeniýet günleriniň, sungat, döredijilik festiwallarynyň we medeni alyşmalaryň milli mirasymyzy we gazanan üstünliklerimizi bütin dünýäde wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Täjigistanda Medeniýet günlerini geçirmek barada aýdyp, medeniýet ulgamynda ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak babatdaky işiň möhüm ugurlarynyň birnäçesini belledi hem-de olary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga täzeçe çemeleşmegi, sungat ugry boýunça özara gatnaşyklara ýaş döredijilik zehinlerini işjeň çekmegi maslahat berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek halkara medeni we beýleki çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem umumymilli baýramçylyga – Türkmen gawunynyň baýramyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmek babatda hem degişli görkezmeler berildi. Bu çäreler türkmen topragynyň sahawatlylygynyň, edermen daýhanlarymyzyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň özboluşly beýanyna öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer şu ýylyň 6-8-nji awgusty aralygynda zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly V halkara çagalar festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Ýaş zehinleriň däbe örwülen bu çäresinde Hazaryň myhmansöýer türkmen kenarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly çagalar ýygnanar.

Çagalar festiwalyň geçirilýän döwründe “Daýanç” we “Arzuw” çagalar sagaldyş merkezinde bolar. Festiwalyň maksatnamasyna ýaş zehinleriň çykyşlary bilen bir hatarda, birnäçe çäreler -- şol sanda döredijilik bäsleşikleri, Awazanyň gözel ýerleri boýunça gezelençler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň dostluk mekanyna we halkara medeni hyzmatdaşlyk merkezine öwrülendigini belledi. Bu ýerde halkara çagalar döredijilik festiwalynyyň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subatanmasydyr. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli çagalary özünde jemleýän bu festiwal çagalara birek-birek bilen dostlaşmaga, Türkmenistanyň milli medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga, türkmen topragynyň ajaýyp künjegi bolan Awazada dynç almaga mümkinçilik döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýaş zehinleriň V halkara festiwalynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyk derejede garamak babatda birnäçe tabşyryklary berildi. Çagalar hakdaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz festiwalyň çagalaryň aňynda ajaýyp dostluk we döredijilki baýramçylygy hökmünde galmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, ýurdumyzyň ilatyny, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesilleri köpçülikleýin-bedenterbiýe we sagaldyş, sport hereketine işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär, şol sanda köpsanly sport desgalary, ýerlerde döwrebap sport mekdepleri gurulýar. Ýöne bu desgalaryň öz ähmiýetine laýyk derejede ulanylmaýandygyny nygtap, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere düýpli nägilelik bildirdi hem-de bu ýagdaýy çalt düzetmek boýunça degişli çäreleri görmegi berk talap etdi.

Türkmenistanyň sport ýurduna, iri sebit we halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülmegine tarap ýolda biz bu ugra degişli meselelere ýokary derejede üns bermelidiris hem-de olaryň öz wagtynda we oýlanyşykly çözülmegini üpjün etmelidiris diýip, Hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynyň önümçilik we eksport kuwwatyny artdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly sport toplumyny gurmagyň taslamasy barada aýtdy. Taslama laýyklykda, täze guruljak sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara ýaryşlaryny geçirmek bolar. Toplum Halkara sport federasiýalarynyň ülňülerine we talaplaryna laýyk gelýän dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň döwrebap sport enjamlary bilen üpjün ediler.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi we Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça “Myradym” hususy kärhanasy ýeňiji diýlip yglan edildi. Wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.

Wise-premýer Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan iş saparynyň netijeleri barada hem hasabat berdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda anyk çäreler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeler sportuny has-da ösdürmek maksady bilen, döwletimiziň pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda halkara ähmiýetli iri sport desgalarynyň gurluşygyna uly serişdeleri goýberýändigini nygtady. Ýurdumyzda gurlan döwrebap sport merkezleri, stadionlar, paýtagtymyzda halkara ülňülerine laýyklykda gurulýan Olimpiýa şäherçesi döwrebap sport düzümini döretmek hem-de türkmen sportuny ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hem iri halkara sport merkezine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz Hazaryň kenarynda halkara ülňüleriniň we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklykda, sport desgalarynyň gurulmagynyň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň, şol sanda biziň ýurdumyzda ozal guralmadyk bäsleşikleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Bu babatda degişli görkezmeleri bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrligine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap sport toplumynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada “Myradym” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Milli Liderimiz Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan iş sapary barada durup geçip, häzirki wagtda däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini belläp, milli ykdysadyýetimiz, şol sanda himiýa pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şol sanda energetika ulgamyny has-da ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna “Elektrik stansiýalary üçin enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi.

Hasabatyň barşynda wise-premýer slaýdlary görkezmek arkaly Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy etrabynyň çäklerinden geçýän böleginde uzynlygy 1955 metre deň bolan estakadaly awtoulag köprüsüni gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň goldaw bermeginde Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda häzirki hereket edýän elektrik beketleriniň durkuny täzelemäge we döwrebap gaztrubinaly elektrik beketleriniň täzelerini gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, elektrik geçirijileriniň täze ulgamlarynyň çekilýändigini, bölüji elektrik podstansiýalarynyň gurulýandygyny, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň täzelenýändigini nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektroenergetika pudagynda goşmaça kuwwatly energiýa öndüriji desgalaryň ulanmaga berilmegi baradaky meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işiň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Bu bolsa elektrik enegriýasynyň ýurdumyzda sarp edilişiniň barha artýan möçberlerini durnukly üpjün etmäge, şeýle hem öňki bar bolan ugurlar hem-de täze ugurlar boýunça energiýany daşary ýurtlara ibermegiň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekmek bilen, pudakda taslamalar ýerine ýetirilende iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlaryň we serişdeleriň peýdalanylmagynyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Milli Liderimiz awtoulag ýol düzümini ösdürmek barada aýtmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe awtomobil ýollaryny gurmak boýunça işleriň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylandygyny nygtady. Häzirki wagtda örän möhüm ýokary tizlikli awtomobil ýollary, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmeginde aýratyn uly ähmiýeti bolan Aşgabat-Türkmenbaşy awtoulag ýolunyň dünýä ülňülerine laýyklykda gurulmalydygyny aýtdy. Şunuň ýaly desgalar, şol sandy awtoulag köprüsiniň gurluşygynda olaryň ýokary hil görkezijileri we täze tehnologiýalaryň ulanylmagy esasy talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taslama degişli birnäçe bellikleri aýdyp düzedişleri girizdi hem-de wise-premýere ony göwnejaý derejede täzeden işlemek we bu meseläni içgin öwrenmek barada tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow söwda toplumynda alnyp barylýan işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem 31-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikde türkmen-özbek toparynyň onunjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Mejlisiň gün tertibine söwda, ulag, energetika pudaklary, oba we suw hojalygy, ylym, tehnika, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri giriziler. Wise-premýer degişli ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Munlan başga-da, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe önümçilik kärhanalaryna baryp görer.

Türkmenistanyň eksport möçberlerini we daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek üçin halkara işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatda alnyp barylýan çäreler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz täze hyzmatdaşlary çekmekde, ugurdaş kärhanalaryň, kompaniýalaryň we pudaklaýyn düzümleriň derejesinde göni aragatnaşyklary ýola goýmakda bilelikdäki toparlaryň, şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň arasynda işjeň maglumat alyşmak bilen baglanyşykly çäreleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bu çäreleriň işjeň häsiýete eýe bolmagy anyk netijeleri şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň öňde boljak mejlisiniň goňşy halklar bilen dostluk gatnaşyklarynyň çuňlaşyrylmagyna, önümçilik we söwda hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, netijeli hem-de özara bähbitli uzakmöhletleýin gatnaşyklary täze derejelere çykarmak üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine gönükdirilen degişli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini we netijelliligini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa söz berildi, ol gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary, şol sanda Lebap welaýatynda – gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalarda hem-de binalarda işleriň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, ulag düzüminiň desgalarynyň, şol sanda Türkmenabat-Farap demir we awtomobil köprüleriniň gurluşygy boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu desgalarda häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleri dowam etdirilýär.

Türkmenabat şäherinde sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen, täze howa menzili toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada habar berildi. Toplumyň düzüminde ýolagçy we ýük terminallary, uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýodajyklary, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi, beýleki degişli desgalaryň birnäçesi bolar. Howa menziliniň ähli zerur durmuş üpjünçilik ulgamlary hem-de inžener we ulag düzümleri göz öňünde tutulandyr.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer döwlet Baştutanymyza Lebap welaýatynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy barada habar berdi. Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda, sebitiň çäklerinde kitaphananyň, dikeldiş merkezli 420 orunlyk ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdebiň, köpugurly bazaryň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny peýdalanmakda möhüm şert bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäklerinden geçýän transmilli geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan köprüleri, awtoulag we demir ýollaryny gurmagy ýokary depginde dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe bolan Türkmenabat-Farap awtoulag we demir ýol köprüleri, Türkmenabat şäherinde gurulýan döwrebap howa menzili, şeýle hem durmuş-medeni maksatly desgalaryň ähmiýetini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu meseleler boýunça zerur bolan guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynda, şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz gurluşyk işleriniň möhletleriniň takyk ýerine ýetirilmeginiň we olaryň hiline berk gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň, täze gurulýan senagat desgalarynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, döwlet Baştutanymyz birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.