Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Fransua Ollanda Alžir howaýollarynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we ýurduň köpsanly raýatlarynyň gurban bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika Alžir howaýollarynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.