Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz atandaşlar!
Sizi adamzat jemgyýetini ruhy kämillige gowşurýan mukaddes baýram - Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän Oraza baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn!
Mukaddes Oraza baýramy döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän dünýäniň in gadymy baýramlarynyň biridir. Adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklary bolan ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, parahatçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagynda hem-de rowaçlanmagynda Oraza baýramynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Halklary birek-birek bilen baglanyşdyrýan we ýakynlaşdyrýan bu gadymy baýramçylygyň ajaýyp ýörelgelerinde we many-mazmunynda beýik medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz hem-de ynanç-adatlarymyz jemlenýär.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşymyzyň şöhratly we röwşen wakalara bay taryhy eýýamynda - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhy güýjüni galkyndyrmakda, gujur-gaýratyny beýik işlere ugrukdyrmakda, aýratyn-da nesilleri ruhy tämizligiň we ahlak arassalygynyň esasynda terbiýelemekde Oraza baýramy mynasyp orny eýeleýär.
Öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan bu baýramyň şanyna eziz Watanymyzyň ähli şäherdir obalarynda halkymyzy jebisleşdirýän, nesillerde ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny kemala getirýän bay mazmunly, köpöwüşginli dabaralar geçirilýär. Munuň özi asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň döremegine öz täsirini ýetiren medeniýetimizi dünýä tanatmak, halkymyzyň durmuşynyň esasyny düzýän beýik geçmişimize hormat goýmak, belent ruhy-ahlak ýörelgelerimize yzygiderli eýermek bilen ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumyadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolup galýandygymyzy hem-de milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar.
Eziz watandaşlar!
Medeni we ruhy gymmatlyklar her bir jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän, halklary jebisleşdirýän, döredijilikli, işjeň we özgerdiji beýik işlere ugrukdyrýan güýçdür. Gadymy we gahrymançylykly taryhynyň bütin dowamynda watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, paýhaslylygy bilen halallyga, päklige, dogruçyllyga aýratyn orun berýän halkymyzyň ahlak ýörelgeleriniň kämilleşmeginde, medeniýetleriň we sungatlaryň baýlaşmagynda hem hyzmaty uludyr. Muhammet Gaýmaz Turkmen, Mahmyt Zamahşary, Hqja Ahmet Ýasawy, Jelaleddin Rumy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur akyldarlarymyzyň mukaddes Watana, ata-enä, keremli topraga, ynsana hormat goýmak, päklik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik hakyndaky öwüt-ündewleri bolsa adamzadyň akyl-paýhasyny durlaýan gymmatlyklar hökmünde halkymyzyň dünýädäki mertebesini has-da beýgeldýär. Şu nukdaýnazardan milli ýörelgelerimizi, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan bay tejribesini göz öňünde tutup, jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda has-da kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris.
Dünýä bileleşigi bilen dostluk we agzybirlik ýollaryny gurmak, ählumumy parahatçylygy we durnukly ykdysady ösüşi berkitmäge ýardam etmek hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegiň berk binýadyny döretmek arkaly Turkmenistan Watanymyzyň parahatçylygy üpjün ediji, iri ylmy we medeni merkez hökmünde ykrar edilen taryhy wezipesini dikeldýäris. Bu ýörelgeler we döwlet syýasatymyz bay medeniýetimizi dünýä tanadýar, döwletleriň we halklaryň arasynda gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!
Sizi adamzadyň ahlak ýörelgelerini hem-de belent ynsanperwerligi dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüys ýürekden gutlaýaryn! Goý, aýlaryň serweri mukaddes Oraza aýynda, mübärek Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beren agzaçar sadakalaryňyz, il-ýurduň asudalygy, eziz Watanymyzyň dünýädäki mertebesiniň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga-dilegleriňiz, umyt-arzuwlaryňyz gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgalaňyzda abadançylyk, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow