Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp hem-de gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol maliýe-ykdysady ulgamdaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde gurlan we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de häkimlikleriň garamagyndaky sport desgalarynyň maliýe ýagdaýyna seljerme geçirilendigi habar berildi. Wise-premýer geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna şol desgalary saklamagy we ulanmagy maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitlemäge degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ulgamda ýaş hünärmenleri, şol sanda ýokary hünärli türgenleri taýýarlamak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap sport düzümini döretmek meseleleriniň täze taryhy eýýamyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň beýan eden teklibini, umuman, makullap, bu serişdeleriň hereket edýän sport desgalaryny saklamagy doly maliýeleşdirmäge, şeýle hem artýan serişdeleri milli sporty ösdürmäge, türgenleri taýýarlamaga hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýerler A.Goçyýewe we S.Toýlyýewe degişli resminamany taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşygy iş ýüzünde amala aşyrmak üçin taýýarlanan Ähtnamanyň taslamasyny dörttaraplaýyn ylalaşmak we oňa gol çekmek üçin gepleşiklere gatnaşmak maksady bilen, Oman Soltanlygyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, bu Ylalaşyga türkmen tarapynyň wekilleriniň we Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Katar Döwletiniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekildi. Türkmen paýtagtynyň ýene-de şeýle ähmiýetli duşuşygyň geçirilýän ýeri bolandygy dünýä derejesinde Türkmenistanyň barha artýan abraýyna, türkmen Lideriniň şaha ýaýradan, häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna laýyk gelýän giň möçberli ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny kemala getirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny halkara bileleşiginiň giňden goldaýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz arasynda baglanyşdyrjak täze ulag-üstaşyr geçelgesiniň sebit we halkara möçberinde abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigi hem bellenip geçildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üçtaşyr geçirmek-ulag mümkinçiliklerini bu ulgamda özara gatnaşyklar boýunça oňyn teklipleri öňe sürmek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ählumumy eşret üçin amala aşyrmaga çalyşýandygyny aýratyn belledi. Biziň ýurdumyz Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly “köprüsi” boljak transmilli Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň, şeýle hem sebit we halkara üstaşyr-ulag gatnawynda ähmiýetli halka bolmagyň ähli şertleri bolan Türkmenistan – Owganystan –Täjigistan polat ýoluny gurmagyň başyny başlaýjy bolup durýar.
Mundan başga hem Türkmenistan Demirgazyk-Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr-ulag hem-de logistiki düzümleri kemala getirmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, şunda Hazar, Gara, Ortaýer we Baltika deňizleriniň sebitleriniň mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmegi teklip etdi. TRASEKA taslamasyna – Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesine ýurdumyzyň gatnaşmagy hem uly ykdysady peýda getirip biler, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň muňa birikdirilmegi Gündogar we Günorta–Gündogar Aziýanyň portlaryndan Ýewropanyň iri portlaryna çenli däp bolan ugurlara garanyňda ýükleri daşamagyň ýoluny düýpli gysgaltmaga mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge örän işjeň gatnaşýar, şol ýol gadymy wagtlarda ähli yklymyň üsti bilen geçipdi we umumy rowaçlyga we ösüşe hyzmat edip, dürli ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky söwda hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly orny eýeläpdi.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegi boljak, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýän Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar täze halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň milli, sebit we dünýä möçberindäki ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň geljekde-de bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek, sebit we dünýä möçberinde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça yzygiderli anyk çäreleri görjekdigini aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Oman Soltanlygyna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri hasabatynyň çäklerinde 7-8-nji awgustda Pakistan Yslam Respublikasynda Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň dördünji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berdi. Onuň gün tertibine ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek we açylýan täze mümkinçilikler babatda däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri giriziler.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady, şol döwletleriň hatarynda Pakistan hem bar. Milli Liderimiz bu meseläni dowam etmek bilen, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin köp ugurly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ony göwnejaý durmuşa geçirmek boýunça netije çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady, munuň özi iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde medeni-gumanitar babatda däp bolan türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi.
Bu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Bilelikdäki hökümetara türkmen-pakistan toparynyň dördünji mejlisine taýýarlyk görmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekowy Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmak, D.Muratowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hem-de ony Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işi barada habar berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek hakyndaky habar aýdyldy, şonda “Halkara täjirçilik arbitražy hakyndaky”, “Feldýeger aragatnaşygy hakyndaky”, “Notarial we notarial işi hakyndaky”, “Daşary ykdysady iş hakyndaky”, “Elektrik energetikasy hakyndaky”, “Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakyndaky”, “Innowasion iş hakyndaky”, “Ylmy-tehnologik parklar hakyndaky”, “Ekologiýa seljermesi hakyndaky” we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garamak meýilleşdirilýär. Parlamentara aragatnaşyklaryny giňeltmegiň we kanunçykaryjylyk işinde halkara tejribesini alyşmagyň netijeliligi bellenip geçildi. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Lebap welaýatynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýän, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly boýunça öňe hereket etmegini maksat edinen täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamakda deputatlaryň ministrlikler we pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen mundan beýläk-de işjeň hem-de jebisleşikli işiniň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, şu günki bagtyýar durmuşymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi halal, Watanymyza wepaly, watansöýüji ýaşlar edip terbiýelemekde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň uly ornunyň bardygyny nygtap, bu wajyp ähmiýetli çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew garamagyndaky düzümlerde geçirilýän işler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, paýtagtymyzda dürli maksatly desgalary gurmak we Aşgabady abadanlaşdyrmak, seýilgäh zolaklaryny döretmek boýunça işler işjeň depginler bilen alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe binagärligiň özboluşly nusgasy hökmünde paýtagtymyzy gurmak meselelerine täzeçe, döwrebap çemeleşmelerini işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz binagärlere we gurulýan hem-de gurmaga taýýarlyk görülýän desgalaryň taslamasyny düzüjilere binalaryň we desgalaryň ulanylmaga ygtybarlylygy hem-de maksadalaýyklylygy bilen bir hatarda, olaryň binagärlik keşbiniň özboluşlylygynyň esasy talap bolmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň gurluşyk kompaniýalarynyň ählisi üçin esasy talap bolmagynda galýandygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri – hatarara bejergi, suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymyna ýerlerdäki jemi 36 pagta arassalaýjy kärhanany hem-de 160 pagta kabul ediş harmanhanalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Mary welaýatynyň ekerançylary gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerine girişdiler.
Wise-premýer her ýyl awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen gawunynyň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy barada hem habar berdi. Hususan-da, dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bakjaçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary” atly ylmy-önümçilik maslahaty we bakja ekinleriniň tohumçylygy boýunça önümçilik maslahaty geçiriler. Ussat bakjaçylaryň we seçgiçi alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde üstün çykanlara sowgatlary gowşurmak dabarasy bolar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek, gallanyň, pagtanyň we beýleki önümleriň öndürilişini artdyrmak ulgamynda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek işine toplumlaýyn çemeleşmegiň hem-de tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda başlanjak pagta ýygymynyň hem-de güýzlük galla ekişiniň bu ulgamdaky wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim booljakdygyny belläp, wise-premýere bu möhüm oba hojalyk çärelerine ykjam taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti hem-de köpasyrlyk däpleri esasynda şan-şöhraty dünýä dolan datly bakja önümleri ýetişdirilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ekerançylarymyzyň, bakjaçylarymyzyň baýramy bolan Türkmen gawunynyň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Öz nobatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşy we ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlarynda ýerine ýetirmek bellenilen täze maýa goýum taslamalaryna taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berdi.
Çykyşyň çäklerinde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan seýsmiki barlaglaryň toplumyny geçirmek üçin halkara bäsleşiginiň jemleri barada habar berildi. Goturdepe we Demirgazyk Goturdepe känleri, şeýle hem ýurdumyzyň günbatar welaýatyndaky nebit we gaz babatdaky beýleki birnäçe geljegi uly meýdançalar gözleg işleri bilen gurşalyp alnar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz çig malynyň täze ýataklaryny we nebitgazly düzümleri agtarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini hem-de geofiziki barlaglary işjeňleşdirmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nebitgaz çykarýan senagatyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Uglewodorod ýangyjynyň gorlarynyň artmagy Türkmenistanyň energetika kuwwatyny pugtalandyrmaga, energiýa serişdelerini çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň we daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini, nebit we gazhimiýa önümleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz seýsmiki barlaglar barada durup geçmek bilen, geologiýa-geofiziki maglumatlar gaýtadan işlenilen mahaly iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagynyň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistandan we dünýäniň 14 döwletinden meşhur ýerine ýetirijileriň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda 12-14-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Awaza-2014” halkara aýdym-saz we folklor festiwalyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Wise-premýer festiwalyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler barada aýdyp, onuň açylyş dabarasynyň gadymy Hazaryň kenarynda açyk sahna meýdançasynda geçirijekdigini habar berdi. Şonuň ýaly-da, türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi, festiwala gatnaşyjylaryň konsertleri we döredijilik duşuşyklary guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara döredijilik festiwalynyň ähmiýetini belläp, halkara çäreleriniň ählisiniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly aragatnaşyklary has-da ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Biz geljekde-de bu işleri dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de döredijilik forumynyň dünýäde Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasyny, türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, wise-premýere maksatnamada meýilleşdirilen çäreleriň hemmesini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol şu ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Bu maslahata dünýäniň köp ýurtlarynda ýaşaýan biziň daşary ýurtly watandaşlarymyzyň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň gün tertibine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri we dünýä türkmenleriniň arasynda medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça wezipeler giriziler. Oňa gatnaşyjylar üçin gyzykly medeni maksatnama guralar. Däp boýunça, olar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň jebisleşdiriji ähmiýetini, netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekdäki, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň saklanmagyndaky ornuny nygtady. Häzirki wagtda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Watanymyzyň çäklerinden uzaklarda hem abraýly halkara gurama bolup durýar. Dürli ýurtlarda onuň bölümleri işleýär. Olaryň işleri dünýäde türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny giňden wagyz etmäge, döwletleriň hem-de Ýer ýüzüniň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Biziň daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen medeni-gumanitar aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz wise-premýere Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň öňde boljak maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda gurulýan desgalary magdan däl gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, çig mal serişdelerini rejeli ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, geçen ýedi aýyň netijeleri boýunça Senagat ministrliginiň degişli kärhanalary tarapyndan magdan däl gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 122,6 göterim ösüş gazanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça jemi 53 sany magdan däl gurluşyk serişdelerini öndürýän kän hojalyklary hereket edip, olaryň 10-sy Senagat ministrligine, 25-si “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine we 17-si ýurdumyzyň ministrliklerine hem-de pudak edaralaryna degişlidir.
Wise-premýer magdan däl gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini tertipleşdirmek we öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, dürli edaralaryň garamagyndaky magdan däl gurluşyk serişdelerini öndürýän kän hojalyklaryny olaryň hasabynda duran çig mal ýataklary bilen bilelikde Senagat ministrliginiň garamagyna bermek, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň garamagyndaky kän hojalyklary bolsa onuň öz garamagynda galdyrmak baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şähergurluşyk maksatnamalarynyň we taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, desgalaryň ygtybarlylygynyň magdan däl serişdeler pudagynyň netijeli işlemegine gönüden-göni baglydygyny belledi we kän hojalyklaryny Senagat ministrligine geçirmek baradaky teklibi makullady. Munuň özi magdan däl gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça ýurdumyzda bir bitewi syýasaty amala aşyrmaga ýardam etmelidir.
Milli Liderimiz döwletimiziň senagat strategiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, senagat ulgamynyň ähli serişdelerini seljermegi, ulanylmaýan mümkinçilikleri ýüze çykarmagy hem-de olaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem paýly gurluşyk hakynda birnusgaly şertnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem-de paýly gurluşykda gurujynyň hususy maýasynyň iň pes möçberini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň, ykdysady we durmuş ähmiýetli desgalaryň paýly gurluşygy üçin raýatlaryň we hususy telekeçileriň pul serişdelerini çekmek maksady bilen 2012-nji ýylyň mart aýynda “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Bu kanunçylyk namasynyň düzgünlerine hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli kararyna laýyklykda, paýly gurluşygy babatda ygtyýarlyk berlen edara diýlip, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde bu ministrlik tarapyndan paýly gurluşyk hakynda birnusgaly şertnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Mundan başga-da, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy bellige alynýan pursadynda gurujynyň hususy maýasynyň iň pes möçberini kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuşa geçirilýän ýaşaýyş jaý döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda elýeterli ýaşaýyş jaý bazarynyň kemala getirilmeginiň hem-de ýaşaýyş jaý üçin uzakmöhletli karz ulgamynyň ösdürilmeginiň çykyş edýändigini belledi. Soňky ýyllarda Türkmenistanda dürli ähmiýetli desgalaryň, şol sanda döwlet býujetiniň we banklaryň uzakmöhletleýin karzlarynyň hasabyna oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary giň gerim bilen alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny ösdürmek şertlerinde ýurdumyzda paýly gurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Paýly esaslarda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyklarynyň möçberleriniň artmagy gurujylar we bu işe gatnaşyjylaryň hemmesi üçin özara bähbitli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Geçirilen işlere kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz degişli resminamany taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 2015-nji ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji oktýabry aralygynda Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek “Ekspo-2015” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Hususan-da, ýurdumyzyň sergi bölümleriniň çyzgylary, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşykda däp bolan nyşanlary ulanmak arkaly milli öwüşgünli bezelişi görkezildi. Taslama boýunça sergi bölüminiň iki gatly binasynyň meýdany 1554 inedördül metri tutar. Owadan çüwdürimler we beýleki serişdeler bilen bezeljek sergi bölüminiň töweregindäki ýerleriň gündizki we gijeki görnüşleri görkezildi.
Sergä gatnaşjak Türkmenistanyň 50-den gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň diwarlyklarynyň owadan bezelmeginde hem iň täze tehnologiýa serişdeleri we degişli enjamlar ulanylar. Mundan başga-da, birinji gatda milli tagamlary hödürleýän kafe, aşhana, edaralar hem-de hormatly myhmanlar üçin otaglar ýerleşer. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyş etmegi we milli lybaslaryň toplumlaryny görkezmek üçin bu ýerde uly ekranly sahna göz öňünde tutulypdyr. Ikinji gatda türkmen halylaryndan başga-da, 5D kysymly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 180 gradusly wideokinoteatr ýerleşdiriler. Binanyň üçeginde däp bolan milli nyşan hökmünde türkmeniň ak öýi hem-de ýaşyl dynç alyş meýdançasy enjamlaşdyrylar.
“Ekspo-2015”-iň şygary “Planetany ekläris: ýaşaýşyň hatyrasyna kuwwat”. Bu atdan görnüşi ýaly, ol ýokary hilli we sagdyn iýmitlenmegiň meselelerine, azyk önümleriniň howpsuzlygyna, azyk howpsuzlygyna, azyk senagatynda iň oňat däplere we innowasiýalar, şeýle hem oba hojalygyny ekologiýa hem-de şu ugurlar bilen baglanyşykly bolan beýleki meselelere bagyşlanar. Bütindünýä sergisiniň gün tertibiniň köpugurlylygy nazara alnyp, bu ulgamda Türkmenistanyň tejribesini we üstünliklerini, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň gazananlaryny, taryhy-medeni mirasy, baý obasenagat we eksport kuwwaty, şonuň ýaly-da, ekologiýa we durmuş meselelerini çözmekdäki tejribeleri hemmetaraplaýyn görkezýän ýurdumyzyň milli ekpozisiýasyny toplumlaýyn guramak meýilleşdirilýär. Şu babatda türkmen sergi bölümini “Azyk bolçulygy – parahat ösüş” diýip atlandyrmak teklip edilýär.
Hasabatyň dowamynda Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň hem-de sowgatlyk önümleriniň nusgalary görkezildi.
Taslama bilen tanyşdyryp, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Milanda Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň söwda bölümini guramaga we onuň işini dolandyrmaga halkara bäsleşigini yglan etmek hakyndaky meseleleri ylalaşmaga degişli meseleleri hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň şeýle ähmiýetli foruma gatnaşmagynyň ýurdumyza halkara jemgyýetçiligine gazananlaryny we üstünliklerini görkezmäge, şonuň bilen birlikde hem dürli pudaklarda iň öňdebaryjy dünýä tejribeleri bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, “Ekspo-2015”-e taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly hemme meseleleri düýpli öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda guramaçylyk işlerine degişli birnäçe tekliplerini aýtdy.
Halkara derejesindäki şeýle çäreleriň möhümdigi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz munuň häzirki zaman Türkmenistanyň ägirt uly üstünliklerini we ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri mahabatlandyrmaga, daşary ýurtlara ýerlenilmegine, önümçilik pudaklarynyň we kärhanalarynyň orunlarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady.
Soňra wise-premýer sarp edijileriň hukuklaryny hem-de olara zerur bolan ynamly maglumatlaryň berilmegini, ýurdumyzyň harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileriň goýulmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileriň goýulmagyny girizmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, elektron görnüşinde hasaplary hem-de harytlaryň hereket edişine marketing seljermesini alyp barmaga ýardam etjek şertli belgiler ulgamyny 2017-nji ýyla çenli doly ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Hasabatda bellenilşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijileri öz önümlerini belgilemek üçin çyzykly şertli belgileri peýdalanyp başladylar. Ýurdumyzyň kärhanalaryna çyzykly şertli belgileriň laýyklyk derejesiniň berilmegine we olaryň halkara sanawynda hasaba alynmagyna degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu ýerde gaplaryna çyzykly şertli belgiler goýlup çykarylan ýurdumyzda öndürilen önümleriň dürli nusgalary görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligiň artýan möçberlerini hem-de ýokary hilli türkmen harytlaryna artýan islegi göz öňünde tutup, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň hasabyna eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, diýmek, biziň önümlerimize islegleriň artdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy. Watanymyzyň harytlaryny awtomatik usulda laýyklama we çyzykly şertli belgileri girizilýän ulgam hut şoňa hem gönükdirilendir. Olar harytlaryň hilini ýokarlandyrmak, önümleriň zerur kadalara laýyk gelmegi ugrunda öndürijileriň jogapkärçiligi, şol sanda ekologiýa babatda jogapkärçiligi üçin täze höweslendirmeleri döredýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etmek bilen, wise-premýere bu kararyň ýerine ýetirilmegi, söwdanyň döwrebap netijeli görnüşiniň ösdürilmegine gönükdirilen meýilnamalaryň we çäreleriň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyndaky ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça maslahat beriji kompaniýany saýlap almak üçin geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer bäsleşige 10-dan gowrak kompaniýanyň gatnaşandygyny habar berdi. Bäsleşigi geçirmek baradaky topar tarapyndan şu mesele boýunça zerur bolan guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň garamagynda Ýolgurluşyk direksiýasyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň möhüm bölegi hökmünde awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek meselesine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz ýol gurluşygy ulgamynda döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrliginiň garamagynda täze düzümi döretmek meselesine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatdaky işi berk gözegçilikde saklamagy hem-de ähli mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetirmeli wezipeleriň kesgitlenendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gowy dynç alyşdan soň, işe täze güýç bilen girişmegiň möhümdigini nygtady we wise-premýerlere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň rowaçlanmagynyň, mähriban halkymyzyň parahat we bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.