Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşýarlar. Onda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda welaýatlarda we beýleki degişli düzümlerde amala aşyrylýan işler, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk çäreleri, tehnikalaryň bu jogapkärli möwsüme taýýarlanylyşy, sebitlerdäki möhüm gurluşyklaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler bilen gyzyklandy.
Milli Liderimiz iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler we sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Esasan-da, häkim pagta ýygymynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesi, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň barşy, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanan çäreleriň meýilnamasy barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde pagta ýygymyna taýýarlyk görmegiň barşynda harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary, awtoulaglary we tirkeg gurallaryny taýýarlyk hataryna çykarmagyň ýagdaýy barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere ünsi jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, ýygnalan hasylyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak, şol ýerlerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem gowaçanyň ýapragyny düşürmek işlerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde welaýatda kombaýnlaryň 67 göterimi, ýük awtoulaglarynyň bolsa 40 göterimi taýýarlyk hataryna çykarylypdyr. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, sebitde gurluşygy alnyp barylýan we şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hil derejesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramlara ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň etraplarynyň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen. Gökdepe etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine K.Goşaýewi, Babadaýhan etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine K.Kürtowy, Sarahs etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine A.Tekedurdyýewi, Tejen etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine A.Şihimowy bellemek hakyndaky kararlara gol çekdi.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow şu günlerde sebitde durmuşa geçirilýän çäreler, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň derejesi hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we ony ylmy esasda ösdürmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depgininiň güýçlendirilmegine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz olaryň ýokary hiliniň üpjün edilişine we bellenen möhletde gurlup gutarylmagyna gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny meýdan işlerine taýýar etmekde alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belledi. Häzirki döwürde ýük awtoulaglarynyň 50 göterimi, traktorlaryň bolsa 43 göterimi oba hojalyk işlerine taýýar edilipdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak we dikeltmek işlerini çaltlandyrmagyň, welaýatda gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda zerur guramaçylyk işlerini geçirmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda Balkan welaýatynyň etraplarynyň we Garabogaz şäheriniň häkimleriniň gurluşyk boýunça orunbasarlaryny wezipä bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi. Oňa laýykdykda Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine S.Hojaýew, Magtymguly etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine R.Saparberdiýew, Garabogaz şäheriniň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine A.Kauçitow bellenildi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler baradap hasabat berdi. Mundan başga-da, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň barşy, Türkmen gawunynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň sazlaşykly we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýratyn nygtady. Häzirki wagtda kombaýnlaryň 67 göteriminiň, ýük awtoulaglarynyň bolsa 90 göterimi möwsüme taýýar edildi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň ýagdaýyny düýpli seljerip, jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak barada zerur çäreleri görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ýygnalan hasylyň saklanýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şanly senelerimiz mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine ykjam taýýarlyk görmek babatda anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň etraplarynyň häkimleriniň gurluşyk boýunça orunbasarlaryny wezipä bellemek baradaky meselä degip geçmek bilen, Köneürgenç etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine D.Myradowy, Boldumsaz etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine G.Bekgylyjowy, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine B.Galpakowy bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz hasabatyny sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, pagta ýygymyna taýýarlyk çäreleri hem-de gurluşygy dowam edýän desgalary ulanmmaga tabşyrmagyň ýagdaýy baradaky hasabatdan başlady. Hususan-da, häkim şu ýyl Lebap welaýatynda geçiriljek Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk işleriniň barşy barada aýratyn durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynda wajyp möwsüm bolan pagta ýygymyna taýýarlykly girişmegiň we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygna ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şu güne çenli welaýatda kombaýnlaryň 67 göterimi, ýük awtoulaglarynyň bolsa 40 göterimi ýygym möwsümine taýýar edilipdir. Hormatly Prezidentimiz möwsüme taýýarlyk işlerini seljerip, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Welaýatda gurulýan iri desgalaryň ýokary hil derejeisiniň üpjün edilmeginiň we olaryň bellenilen möhletde gurlup ulanmaga berilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine T.Çaryýewi, Halaç etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine W.Rahmanberdiýewi, Birata etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine Ş.Weliýewi bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdlaýy, gowaçalara ideg etmek çäreleriň barşy, pagta ýygyjy kombaýnlarynyň möwsüme taýýarlygy, ýangyna garşy göreş çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, olaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, gowaçalara ideg etmegiň agrotehniki kadalaryny üpjün etmek, sebitiň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny ýola goýmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýaglaýyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu mesele boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak, her bir desganyň gurluşygynyň barşyna baha bermek we onuň depginlerini güýçlendirmek boýunça degişli işleri geçirmegi häkimden talap etdi.
Pagta ýygymy möwsümine welaýatda kombaýnlaryň 67 göterimi, ýük awtoulaglarynyň bolsa 39 göterimi taýýar edilipdir. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wedioşekilli iş maslahatynyň barşynda Baýramaly etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine A.Kadyrowy, Murgap etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine E.Esenowy, Sakarçäge etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine T.Muhammetdurdyýewi bellemek hakyndaky kararlara gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäherniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň Aşgabady senagat-durmuş taýdan ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen gawunynyň baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bellenen möhletde gurlup gutarylmagyny üpjün etmek boýunça ýaýabaňlandyrylan işler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde ähli ulgamlar boýunça alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi jemläp, bu işlere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy. Paýtagtymyzda abadançylygyň hem-de arassaçylygyň üpjün edilmegi, şäheriň ekologiýa ýaglaýynyň has-da gowulandyrylmagy we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli senanamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmen gawunynyň gününe taýýarlyk işleriň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz türkmen topragynyň datly nygmaty bolan we dünýä ýüzünde şöhrat gazanan türkmen gawunynyň şanyna guralýan baýramçylyk çärelerine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy. Ministr milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy möwsüminiň ýakynlaşyp gelendigini, şu nukdaýnazardan ýygnalan hasylyň saklanjak ýerlerinde ýangyna garşy göreş çärelerini maksatnamalaýyn esasda ýaýbaňlandyrmalydygyny nygtady hem-de bu babatdaky işleri düýpli seljerip, degişli guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylmagyny tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna birbada ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy, oba hojalyk ministri Ç.Çarlyýewi, “Obahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy B.Hommakowy çagyrdy. Olar öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň we mehanizatorlarynyň durmuşynda wajyp möwsüm bolan pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, bu babatda milli Liderimiziň oba hojalyk toplumynyň düzümleriniň öňünde goýan wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, türkmen halkynyň milli baýlygy bolan “ak altynyň” hasylyny ýygnamak işine guramaçylykly girişmek, möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Edermen daýhanlarymyzyň ýylboýy yhlas bilen ýetişdirilen bereketli pagta hasylynyň doly derejede ýygnalyp alynmagy hem-de döwrüň talabyna laýyklykda saklanmagy we gaýtadan işlenmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz pagtaçylyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ornunyň bardygyny aýtdy.
Häzirki döwürde pagta ýygýan kombaýnlarynyň 67 göterimi taýýarlyk hataryna çykarylypdyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýygyma degişli ähli tehnikalaryň doly taýýarlyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi hem-de bu babatda öňde durýan nobatdaky wezipeler kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara rowaçlyk, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, sebitleriň durmuş düzüminiň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.