Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Ýunnan welaýatynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.