Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, Milli parlamentiň baştutanynyň habaryny, wise-premýerleriň özleriniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary baradaky hasabatlaryny diňledi. Olar esasan ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda durup geçdiler.
Hususan-da, hasabatlarda ýurdumyzyň durmuşynda we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýratyn gürüň edildi. Wise-premýerler we häkimler gözegçilik edýän düzümlerinde garaşsyzlyk baýramçylygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meseleler hem-de şanly baýramçylygyň hormatyna gurlup ulanmaga berilýän desgalarda dabaralary geçirmegiň işlenip taýýarlanylan maksatnamalary barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli ulgamlaryň yzygiderli tagalla etmeginiň we bu babatda düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada aýdylanda bolsa, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde bu senäniň mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylanmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk çärelerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamaga gönükdirilen asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.