Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň birinji mejlisinde eden çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň birinji mejlisinde eden çykyşy

view-icon 951
(Aşgabat şäheri, 2014-nji ýylyň 6-njy awgusty)

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Berkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şu gün möhüm ähmiýetli waka bolup geçýär, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topar öz işine başlaýar. Bu Toparyň esasy wezipesi döwletimiziň Baş Kanunyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, Konstitusion toparyň birinji mejlisinde bu mesele boýunça anyk wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary kesgitläris. Şeýle hem, Esasy Kanunymyzyň kadalaryny döwleti gurmagyň häzirki tapgyrynyň talaplaryna laýyk getirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarys.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz Watanymyzyň mizemez hukuk binýady bolup durýar. Esasy Kanunymyz merdana halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluny saýlap almak, demokratiýanyň, ynsanperwerligiň we adalatyň dabaralanmagy baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýär. Baş Kanunymyzda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasy öz beýanyny tapýar.

1992-nji ýylda kabul edilen ýurdumyzyň Konstitusiýasy durmuş hakykatyna esaslanýandygy, binýatlyk ýörelgeleriniň dogrudygy bilen wagtyň synagyndan üstünlikli geçdi. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli we oýlanyşykly işler geçirildi. Toplumlaýyn geçirilen bu işleriň netijesinde, ýurdumyzyň Baş Kanunyna möhüm üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu bolsa, döwlet häkimiýeti we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny özgertmek, ykdysady ösüşi çaltlandyrmak üçin hukuk taýdan zerur bolan şertleri döretdi. Geçirilen işleriň dowamynda köpugurly ykdysadyýetimizi, aýratyn-da, hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns berildi.

Esasy Kanunymyzy jemgyýetimiziň ösüşiniň talaplaryna laýyk getirmek boýunça köp işler edildi. Ýurdumyzda häkimiýetiň ýerine ýetiriji hem-de wekilçilikli edaralarynyň hukuk binýady döredildi we kämilleşdirildi. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň has netijeli işlemegini gazanmak üçin zerur şertler üpjün edildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Bu bolsa, konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi talap edýär.

Ýurdumyzyň Esasy Kanuny 2008-nji ýylda rejelenen görnüşde tassyklanan döwründen bäri geçen wagtyň içinde Garaşsyz Watanymyz ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdy. Bu ajaýyp döwürde halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz barha gülläp ösýär we berkeýär.

Eziz Diýarymyzda taryhy ähmiýetli, giň gerimli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertleri barha gowulanýar, durmuş goraglylygy ýokarlanýar. Barha kämilleşýän jemgyýetimiz we berkarar döwletimiz demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Häzirki döwürde Esasy Kanunymyzyň aýry-aýry kadalarynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi. Şoňa görä-de, döwletimizi we jemgyýetimizi özgertmek üçin bu kadalary bildirilýän talaplara laýyk getirmek zerur bolup durýar. Türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeler kanunçylyk taýdan berkidilmegini, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegini talap edýär. Şoňa görä-de, biz Baş Kanunymyza täze kadalary girizýäris. Kämilleşdirilýän Konstitusiýamyzyň hukuk binýadyny düzýän bu kadalar diňe bir şu günki günüň syýasy, ykdysady we durmuş meselelerini beýan etmän, ýakyn we uzak geljegi hem göz öňünde tutmalydyr.

Biz bu ugurda diňe bir Esasy Kanunynymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen çäklenmän, eýsem milli hukuk ulgamyny jemgyýetiň ösüşiniň häzirki talaplaryna laýyk getirmäge hem çalyşýarys. Sebäbi, döwletimiziň hukuk ulgamy Baş Kanunymyzyň kadalaryna we häzirki zaman dünýä tejribesine laýyk gelmelidir.

Amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny tapgyrma-tapgyr ösdürmegi, döwlet-hukuk institutlarynyň işini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet häkimiýetleriniň ähmiýetini we ornuny kesgitlemek hem-de özara netijeli hyzmatdaşlyk etmegini gazanmak bilen hem baglydyr.

Umuman, biz jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny düýpli özgertmek, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we bedew bady bilen ynamly öňe gitmegini gazanmak maksady bilen Esasy Kanunymyzy kämilleşdirýäris.

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Konstitusion özgertmeleri geçirmekde Türkmenistanyň Mejlisine esasy orun degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan iň ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisi bu ugurda ähli guramaçylyk işlerini utgaşdyryjy merkeze öwrülmelidir.

Konstitusion özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, Konstitusion toparyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, A.Nurberdiýewa, Siz guramaçylyk işlerini geçirmeli. Bu işleriň çäklerinde iki sany pudagara topar döredilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň ýanynda gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we tertipleşdirmek boýunça topar döretmeli.

Mundan başga-da, Baş Kanunymyzyň taslamasy işlenip taýýarlanýan döwürde Siz Türkmenistanyň Mejlisiniň iş toparyny hem döretmeli. Bu toparyň düzümine alymlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerini, tejribeli işgärleri we hünärmenleri goşmaly. Iş topary gelip gowuşýan möhüm ähmiýetli, gymmatly teklipleri hasaba almak, umumylaşdyrmak we olara syýasy-hukuk taýdan baha bermek arkaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilen taslamasyny işläp taýýarlamaly.

Mejlisiň deputatlary konstitusion özgertmeleri geçirmegiň düýp mazmunyny, maksatlaryny hem-de wezipelerini ýerlerde halkymyza giňden düşündirmeli. Olar bu ugurda alnyp barylýan işlerde öň hatarda bolmaly.

Deputatlar Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmegiň zerurlygy bilen bagly meselelere bagyşlanyp geçirilýän duşuşyklara we çärelere işjeň gatnaşmaly.

Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde biz iň oňat dünýä ölçeglerinden, dünýä tejribesinden ugur alýarys, halkara hukugynyň esasyny düzýän kadalara eýerýäris. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligi bu ugurda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaly.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe esasy konwensiýalaryna, aýratyn-da, adam hukuklaryna degişli konwensiýalaryna goşuldy ýa-da olary tassyklady. Şoňa görä-de, täze giriziljek konstitusion kadalaryň şol konwensiýalara laýyk gelýändigini hem öwrenmeli.

Şonuň ýaly-da, Siz geçiriljek konstitusion özgertmeleriň manysyny we ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine düşündirmek boýunça zerur işleri geçirmegi daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarymyza we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarymyza tabşyryň. Diplomatik wekilhanalarymyzyň metbugat attaşelerine hem bu ugurda iş alyp barmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Halkara guramalarynyň ýurdumyzda ýerleşýän wekilhanalarynyň işgärleriniň we bilermenleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasy baradaky pikirleri, halkara hukugy taýdan berýän bahalary hem öwrenilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

M.Ýazmuhammedowa, konstitusion özgertmeleriň alnyp barlyşy barada ýurdumyzyň jemgyýetçiligine giňden we yzygiderli habar berip durmaly. Bu özgertmeleriň manysyny hem-de ähmiýetini doly açyp görkezmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi Size we gözegçilik edýän edaralaryňyzyň ýolbaşçylaryna tabşyrýaryn.

Geçirilýän konstitusion özgertmeler barada ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde – gazet-žurnallarda, radioda we telewideniýede täsirli we hemmeler üçin düşnükli bolar ýaly görnüşde habar bermeli. Bu meselä bagyşlap alymlaryň, tejribeli hünärmenleriň we işgärleriň, şeýle hem raýatlaryň gatnaşmagynda özara pikir alyşmalary guramaly. Geçirilýän bu çäreleriň dowamynda Esasy Kanunymyzyň many-mazmunyna we ýörelgelerine degişli gelip gowşan teklipleri, maslahatlary we öňe sürülýän pikirleri aýdyň beýan etmeli.

Ähli halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda Baş Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp baryljak örän möhüm işlerde, elbetde, Internet ulgamyny hem giňden peýdalanmaly. Bu ugurda geçirilýän işler doly tamamlanandan soň, halkymyz ara alyp maslahatlaşar ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny gazetlerde we döwlet Internet sahypalarynda bellenen tertipde çap etmeli.

Biz Baş Kanunymyzy kämilleşdirmäge ylmy taýdan çemeleşmeli hem-de bu ugurda degişli seljerme işlerini geçirmeli. Sebäbi, bu işler konstitusion özgertmeleri amala aşyrmagyň hökmany talaby bolup durýar.

Şoňa görä-de, S.Toýlyýew, Siziň gözegçilik edýän edaralaryňyzyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny işläp taýýarlamaga ylmy jemgyýetçiligi giňden çekmeli. Esasy Kanunynymyzyň taslamasy taýýarlananda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, daşary ýurtly alymlaryň, hususan-da, beýleki döwletleriň Türkmenistan bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk edýän ylmy edaralarynda işleýän alymlaryň mümkinçiliklerini hem giňden peýdalanmaly. Bu ugurda geçirilýän işlere talyp ýaşlar, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri hem işjeň gatnaşmaly.

S.Toýlyýew, Siz gözegçilik edýän ministrlikleriňizde we edaralaryňyzda, ýokary okuw mekdeplerinde, ähli bilim edaralarynda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň bilim we saglygy goraýyş bölümlerinde bu ulgamlaryň işgärlerinden gelip gowuşýan teklipleri, bellikleri kabul etmek hem-de umumylaşdyrmak üçin iş toparlaryny döretmeli.

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň, alymlaryň, hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklary, «tegelek stollaryň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramaly. Bu çärelerde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmaly. Soňra geçirilen işleri deslapdan umumylaşdyryp, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, bilim almaga we baýamaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak bilen bagly konstitusion kadalary kämilleşdirmek baradaky teklipleri taýýarlamaly.

Sebäbi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň yzygiderli ösmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy we olaryň baýamagy üçin hem giň mümkinçilikleri döretdi. Raýatlarymyzyň bilim almaga we saglygyny goramaga bolan hukuklaryny beýan edýän täze konstitusion kadalar iň ýokary halkara standartlaryna laýyk gelmelidir.

S.Toýlyýew, bu işleriň ählisini utgaşdyrmagy we talaba laýyk guramagy Size tabşyrýaryn.

B.Hojamuhammedow, P.Taganow, A.Ýazmyradow, M.Artykow, B.Ereşow, siz öz gözegçilik edýän pudaklaryňyzyň merkezi edaralarynda, şeýle hem ýerlerdäki müdirliklerinde we bölümlerinde döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri, aýdylýan bellikleri jemlemek we umumylaşdyrmak boýunça iş toparlaryny döretmeli. Esasy Kanunymyzyň täze taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän örän möhüm ähmiýetli döwlet we hukuk özgertmeleriniň düýp mazmunyny işgärleriň arasynda giňden düşündirmeli.

A.Goçyýew, konstitusion özgertmeleri maliýe-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn üpjün etmeli. Bu bolsa, Konstitusion toparyň we beýleki pudagara toparlaryň talaba laýyk işlemegi, şeýle hem Esasy Kanunymyzyň täze taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreleriň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk meselelerini çözmegiň örän möhüm şerti bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklaryny konstitusion taýdan düzgünleşdirmek, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň goralmagyny kepillendirmek, telekeçilige we hususy başlangyçlara döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça zerur teklipleri taýýarlamagy hem Size tabşyrýaryn.

Döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasaty bilen bagly konstitusion kadalary kämilleşdirmek we täze mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça hem zerur işleri geçiriň. Soňra öz gözegçilik edýän toplumyňyz boýunça bu ugurda geçiren işleriňiziň netijelerinden ugur alyp, anyk teklipleri taýýarlaň hem-de hödürläň.

Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýalary we ösen aragatnaşyk serişdeleri önümçilige we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň Baş Kanunynyň täze taslamasyny halkymyz giňden ara alyp maslahatlaşyp biler ýaly, kämil tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryny netijeli peýdalanmaly.

S.Satlykow, Size bu ugurda ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrýaryn.

Konstitusion topar, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we tertipleşdirmek boýunça topar, Türkmenistanyň Mejlisiniň iş topary bilen döwlet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyzyň, şeýle hem raýatlarymyzyň arasynda oňat aragatnaşygy ýola goýmak üçin täze tehnologiýalaryň we aragatnaşyk serişdeleriniň ähli mümkinçiliklerini doly ulanmaly. Bu işleri talaba laýyk guramak Siziň gönüden-göni borjuňyz bolup durýar.

Ý.Berdiýew, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, konstitusion özgertmeleri geçirmekde siziň öňüňizde hem uly wezipeler durýar. Siz Baş Kanunymyzy kämilleşdirmegiň zerurlygyny, döwletimiziň ýokary depginler bilen ösmegi üçin örän möhüm ähmiýetiniň bardygyny harby gullukçylara giňden düşündirmeli. Ýokary harby okuw mekdeplerinde, harby birikmelerde we bölümlerde ýörite otaglary ýa-da burçlary döretmeli. Hünärmenleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda harby gullukçylar bilen duşuşyklary guramaly. Bu ugurda geçirilýän işlere harby gullukçylar höwes bilen gatnaşar ýaly, ähli zerur işleri geçirmeli.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly harby gullukçylar öz tekliplerini hem-de belliklerini erkin beýan eder ýaly ähli mümkinçilikleri döretmeli. Döwletimiziň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny berkitmek üçin Esasy Kanunymyzy özgertmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny her bir harby gullukça düşündirmeli.

Adalat ministri B.Muhamedow, Baş prokuror A.Hallyýew, Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew, siz öz ýolbaşçylyk edýän edaralaryňyzda Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri umumylaşdyrmak boýunça iş toparlaryny dörediň.

Ilat arasynda konstitusion özgertmeleriň düýp mazmunyny, jemgyýetimizi we döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmekde bu möhüm syýasy çäräniň ähmiýetini düşündiriň.

Şeýle hem, siz ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde kazyýet hem-de prokuratura edaralarynyň tutýan orny bilen bagly konstitusion kadalary seljeriň. Raýatlarymyzy türkmen jemgyýetinde ykrar edilen hukuk we ahlak kadalaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemäge degişli konstitusion kadalary öwreniň hem-de bu meseleler boýunça öz teklipleriňizi beriň!

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri M.Nurmämmedow, B.Hojamämmedow, E.Orazgeldiýew, M.Joraýew, B.Annagurbanow, R.Nurmämmedow, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan möhüm ähmiýetli döwlet-hukuk çärelerine ýerli häkimiýetler gönüden-göni gatnaşmaly. Welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri ýerli ýerine ýetiriji we wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamakda sazlaşykly işlemeklerini guramaly. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny halkymyzyň giňden ara alyp maslahatlaşmagyny gazanmak maksady bilen, ähli zerur şertleri döretmeli.

Şunuň bilen birlikde, ilkinji nobatda, Baş Kanunymyzda wekilçilikli edaralaryň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini has anyk kesgitlemeli. Bu edaralaryň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen has netijeli özara hyzmatdaşlyk etmegi bilen bagly kadalary berkitmeli.

Şoňa görä-de, siz ýolbaşçylyk edýän ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryňyzda döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri we bellikleri hasaba almak hem-de umumylaşdyrmak boýunça toparlary dörediň. Bu toparlaryň netijeli işlemegini gazanmak maksady bilen, olary zerur bolan kompýuterler, fakslar, beýleki guramaçylyk-tehniki serişdeler we enjamlar bilen üpjün ediň.

Geçirilýän işleriň ähmiýetini wagyz etmek we medeni-köpçülik çäreleriniň dürli görnüşlerini ulanmak arkaly ilatymyza konstitusion özgertmeleriň alnyp barlyşy barada yzygiderli habar berip durmaly, bu ugurda teklipleri taýýarlamaga raýatlaryň işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döretmeli. Netijede, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek ýaly möhüm ähmiýetli işden hiç bir raýatymyzyň çetde durmazlygyny gazanmak maksady bilen, ähli zerur çäreleri görmeli.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory A.Arabow, Döwlet we hukuk institutynyň direktory Ý.Nuryýew, siz ýurdumyzyň konstitusion kanunçylygynyň we kanunlarynyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem olary mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwreniň. Kanunçylyk namalaryny deňeşdirip we seljerip, olarda ileri tutulýan ugurlary hem-de aýratynlyklary kesgitläň. Bu bolsa, jemgyýetimiziň we döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly strategik ugurlary konstitusion kadalarda beýan etmäge mümkinçilik berer.

Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri – K.Babaýew, O.Mämmedow, G.Baýramowa, Ö.Enermyradow, siz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmäge bagyşlap ýörite maslahatlary geçirmeli. Şeýle çäreleriň partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, bu maslahatlary jemgyýetimiziň we döwletimiziň gazanýan üstünliklerine jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň goşýan goşantlaryny artdyrmak maksady bilen, olary mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge höweslendirmek üçin ulanmaly.

Konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri hem-de bellikleri kabul etmek we hasaba almak boýunça döredilen merkezi hem-de ýerli iş toparlary ähli teklipleri toplap, umumylaşdyrmaly. Partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleri bolsa, konstitusion özgertmeleriň alnyp barlyşyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňden wagyz etmäge işjeň gatnaşmaly.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowamynda halk köpçüliginden gelip gowuşýan möhüm ähmiýetli teklipleriň doly hasaba alynmagyny hem-de her bir türkmenistanlynyň pikiriniň Baş Kanunymyzda öz beýanyny tapmagyny gazanmak biziň esasy wezipämizdir!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýasy durnuklylyk we agzybirlik höküm sürýär. Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, dünýäniň syýasy giňişligindäki tutýan orny pugtalanýar. Mähriban halkymyzyň medeni-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti güýçli depginler bilen ösýär.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän hukuk binýady bolmalydyr, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratik ýol bilen ösdürmäge ýardam bermelidir. Esasy Kanunymyz ösen raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini, netijede, halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmelidir!

Hormatly Konstitusion toparyň agzalary!

Men şu mejlisde ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň işiniň käbir guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçdim. Konstitusion toparyň öňümizde durýan örän möhüm taryhy ähmiýeti bolan maksatlara ýetmäge – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Esasy Kanunyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösen talaplaryna doly laýyk getirmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn!

Sözümiň ahyrynda, size berk jan saglyk, abadançylyk, netijeli işläp, bu jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin!