Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 610
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky öz diplomatik işleri tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Pýer Lebowiçi kabul etdi.

Işlän ýyllarynyň dowamynda bildirilen göwnaçyklyk hem-de myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat Fransiýa tarapyndan däp bolan dostluk gatnaşyklaryny hem-de ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berilýän ünsüň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Taraplaryň tagallalary netijesinde okgunly ösüşe eýe bolan netijeli türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Pýer Lebowiçe dostlugyň we däp bolan özara hyzmatdaşlygyň kuwwatly binýadynda ýola goýulýan häzirki zaman döwletara aragatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ähli esasy ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşleri barada özara pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyz we Fransiýanyň doly ygtyýarly wekili taraplaryň bilelikdäki täze taslamalara özara gyzyklanmalaryny bellediler. Şol taslamalar iki ýurduň has okgunly durmuş-ykdysady ösüşine hyzmat eder. Muňa ýurdumyzda meşhur fransuz kompaniýalarynyň, şol sanda “Vinci”, “Tales”, “Shnayder elektrik” , “Buig” we beýleki kompaniýalarynyň işleri mysal bolup biler.

Ilçi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de geljekde-de ösdürilmegi üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, munuň gatnaşyklaryň hormatly Prezidentimiziň ynamly alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijesidigini nygtady. Bu syýasatyň möhüm ugry Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bolup durýar. Muňa ýokary derejede geçirilen özara hormat goýulmagyna esaslanýan döwletara gatnaşyklary ýardam edýär. Şol gatnaşyklara Türkmenistanyň Baştutanynyň 2010-njy ýylda Fransiýa Respublikasyna bolan resmi sapary täze itergi berdi. Mälim bolşy ýaly, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan möhüm ylalaşyklar şol saparyň barşynda gol çekilen resminamalarda beýanyny tapdy.

Hoşlaşanlarynda Fransiýanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik wekilhananyň baştutany hökmünde işlän ýyllarynda beren kömegi we goldawy üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gözüň alnynda okgunly ösýän we döwrebaplaşýan Siziň ajaýyp ýurduňyzda işlemek meniň üçin uly hormat boldy. Türkmenistanda işlän ýyllarymyň dowamynda hoşniýetli, göwünaçyk türkmen halky baradaky mähirli ýatlamalar ýüregimde hemişelik galar diýip, jenap Pýer Lebowiç nygtady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagt we uzak ömür, türkmenistanlylara bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýan maksatlaryna ýetmek ugrunda täze üstünlikleri arzuw etdi.