Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Mejlise käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ýurdumyzda her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmen gawunynyň gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy. Türkmen gawunlary halkymyzyň milli mirasydyr, rysgal-bereketli desterhanymyzyň iň bir arzyly nygmatlarynyň biridir. Biziň edermen daýhanlarymyz bereketli topragymyzyň behişdi miweleri saýylýan datly gawun-garpyzlarymyzy ýetişdirmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Häzirki döwürde dünýä ýüzünde gawunlaryň 1 600 görnüşi hasaba alnyp, şolaryň dört ýüzden gowragy sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abraýly halkara sergilerinde altyn medallaryň birnäçesine mynasyp bolan türkmen gawunlarynyň at-owazasy has-da belende göterilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Biz geljekde hem oba hojalygyny ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, oba zähmetkeşleriniň, şol sanda bakjaçy daýhanlaryň yhlasly we netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ähli halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenýän Türkmen gawunynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez rysgal - döwlet, zähmetsöýer daýhanlarymyza bolsa, ýurdumyzda türkmen gawunlarynyň täze, saýlama görnüşlerini döretmekde we mukaddes türkmen topragyndan naz-nygmatlaryň, behişdi miweleriň bol hasylyny öndürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we beýleki degişli ýolbaşçylara söz berdi.
Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer 2014-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda netijeli çäreler alnyp barylýar.
Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly derejede saklanýar. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 110,3 göterime deň boldy. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,5 göterim üpjün edildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýedi aýynda bölek haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 18 göterim artdy. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň ösendigi bellenildi. Bu görkeziji 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,8 göterime barabar boldy.
Senagat we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýlelikde, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň ösüş depgini 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,2 göterime deň boldy. Makroykdysady görkezijiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 45,5 göterim möçberinde emele geldi.
Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda, maksatnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilendigi hakynda hasabat berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyz boýunça 437 sany durmuş maksatly binalaryň, 484 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem ýollaryň, gaz, elektrik, suw we lagym geçirijileriň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Şunda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem wise-premýer 2014-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 117,7 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem hasabat döwründe ähli kärhanalarda we edaralarda aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110,7 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, esasy makroykdysady görkezijileriň ýedi aýyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny äşgär edýändigini belledi. Munuň özi türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin oňyn şertleriň bardygyny alamatlandyrýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişinie yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin goşmaça maýa goýumlary çekmek babatda netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem wise-premýer dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça geçirililen seljermäniň netijeleri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwre çenli ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 73 sany edara-kärhanalar bolup, iş onuň 68-si önümçilik kärhanalarydyr.
Şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça dokma önümleriniň 796,5 million manatlygy öndürildi. Ykdysady seljermeleriň görkezişi ýaly, dokma pudagynyň kärhanalarynyň işiniň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dokma önümlerini çykarýan toplumlaryň işinde oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän anyk çäreler kesgitlendi.
Dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hödürlenen teklipleri, umuman, oňlap, milli Liderimiz bu wezipäniň geljegi uly we ykdysady taýdan ähmiýetlidigini nygtady. Döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy we bu ugurda ýöritleşdirilen kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze kärhanalarynyň gurluşygyna ägirt uly serişdeler goýberýär. Dürli görnüşli dokma önümleriniň önümçiligini ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan çäreleriň netijesinde müňlerçe iş orunlary döredilendigini diýip, bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly bar bolan meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatda, bu ulgamyň kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem önümçiligi dolandyrmagyň netijeli guralyny, döwrebap marketing işlerini döretmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryny almak ýa-da aýratyn ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ähli raýatlarymyza ýeňillikli şertlerde uzakmöhletleýin karzlary bermegiň tertibini kämilleşdirmek, ilatymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.
Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlaryny almak ýa-da aýartyn ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ähli raýatlarymyza ýeňillikli şertlerde uzakmöhletleýin karzlary bermegiň tertibini kämilleşdirmek, ilatymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, kabul edilen çözgüdi oňlap, onuň ilatyň durmuş ulgamyny has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we degişli resminama gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kabul edilen Kararyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow ýurdumyzyň bank edaralarynyň işi we bank işini kämilleşdirmek baradaky maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem eksporta ugradylan harytlar we ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri hakynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, bu görkeziji 124,4 göterime deň boldy. Bu bolsa 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 göterim ýokarlanandygyny aňladýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Merkezi bankyň maglumat edarasy däl-de, haýsydyr bir guramanyň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň möçberleri barada maglumat bermelidigini aýtdy. Kanun boýunça bu bank Hökümetiň bank ulgamyndaky geňeşçisi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny seljermek hem-de döwletimiziň gaznasyna gelip gowuşýan erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň möçberlerini artdyrmak bilen bagly teklipleri bermek siziň ýolbaşçylyk edýän düzümiňiziň borjy bolup durýar diýip belledi. Ýöne häzirlikçe bu ugurda anyk teklipleri bermeçärsiňiz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bir hepdäniň dowamynda bu ugurda anyk teklipleri taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, milli manadymyzyň durnuklylygyny saklamak, bank edaralaryna öňdebaryjy usullary we täze tehnologiýalary giňden çekmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Iri we orta döwlet edaralaryna we hususy kärhanalaryna berilýän maliýe serişdeleriniň, şeýle hem ýeňillikli karz serişdeleriniň öz wagtynda dolanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmagynyň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Öz nobatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işiniň jemleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, ýanwar-iýul aýlarynda nebiti we gaz kondensatyny, tebigy hem-de ugurdaş gazy çykarmagyň depgini barada aýdyldy.
Awtomobil benzinini öndürmekde 102 göterime, dizel ýangyjyny öndürmekde 101 göterime, polipropileni öndürmekde 105,5 göterime, tehniki çalgy ýaglaryny öndürmekde 112,7 göterime, suwuklandyrylan gazy öndürmekde 105, 2 göterime barabar işler ýerine ýetirildi.
Mundan başga hem nebit bitumyny öndürmek boýunça enjamyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, nebit bitumyny öndürmek geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 32,4 göterim artdy.
Turba zawodynda polietilen we aýna-süýümli turbalaryň öndürilişi 106,6 göterime barabar boldy. Guýulary burawlamak, maýa goýumlaryny özleşdirmek, senagat we durmuş desgalarynda gazyň harçlanyşyny ölçemek üçin abzallary oturtmak babatda geçirilýän işler hakynda hem hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, iri düzümleýin taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça, şol sanda täze ýangyç känlerini özleşdirmek, energetiki geçirijileri we beýleki desgalary gurmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ägirt uly çig-mal serişdeleri, senagat we ylmy mümkinçilikleri netijesinde ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimizde esasy oruny eýeleýär. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny, häzirki zaman tehnikasyny peýdalanmak Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de şu gaýrogoýulmasyz wezipeleri döwrüň ýokary talaplarynyň derejesine kybap ýagdaýda çözmegi üpjün etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Ç.Hommadowa söz berildi. Ol konsern tarapyndan şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini hem-de “mawy ýangyjyň” eksportuny artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tebigy gazyň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Munuň özi halkara bazarlarynda türkmen energiýa serişdelerine islegleriň artýandygy bilen şertlendirilendir.
Milli Liderimiz türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýratyn durup geçdi. Munuň özi energiýa howpsuzlygynyň täze ählumumy düzümini döretmek babatda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek maksady bilen, gazy gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmaga we döwrebap gazhimiýa önümçiliklerini döretmäge gönükdirilen işleriň depginini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli baýlyklarymyzyň hözirini görmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň şu günüň möhüm wezipesidigini nygtap, bu babatda garamagyndaky düzümlerde gözegçiligi gowşadandygy üçin Ç.Hommadowa käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi berk talap etdi. Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy T.Begjanow hasabat döwründe nebit çykarýan pudagyň kärhanalarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol ýurdumyzda “gara altyny” çykarmagyň mukdaryny artdyrmak bilen baglanyşykly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Şu maksat bilen täze guýylary burawlamak, ýerasty guýulary düýpli abatlamak, çüwdürim usuly tamamlanan guýulary mehaniki usula geçirmek, şeýle hem uzak wagtlap ulanyşda duran ýataklaryň önüm berijiliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygy bellenildi. Täze geljegi uly nebit we gaz meýdançalaryny ýüze çykarmak maksady bilen gözleg işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, konserniň nebitgaz çykarýan we burawlaýjy kärhanalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olary tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri has-da işjeňleşdirmegi talap etdi. Döwletimiz mundan beýläk-de önümçilik kuwwatlyklarynyň iň täze we ýokary netijeli enjamlar bilen üpjün edilmegine yzygiderli goldaw berer, kärhanalar bolsa öz gezeginde ägirt uly ykdysady peýda getirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy A.Berdinyýazow öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan känlerde gözleg guýularynyň 33-si burawlandy.
Ýaşlar ýatagynda iki guýynyň burawlanmagy netijesinde tebigy gazyň iri gorlarynyň bardygyny äşgär edýän täze maglumatlar alyndy
Şeýle hem düzümiň ýolbaşçysy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň geofizik hem-de seýsmiki barlaglar maksatnamasynyň ýerine ýetirişi, mineral serişdeli täze ýataklary ýüze çykarmak boýunça gözleg işleriniň, gidrogeologik guýulary burawlamagyň barşy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň, tebigy gazyň, gidromineral serişdeleriň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň täze ýataklaryny gözlemek işinde innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasnyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen geologlarynyň öňünde ýurdumyzyň tebigy serişdelere baý ägirt uly ýataklaryny ýüze çykarmak we olary Türkmenistanyň halkynyň bähbidine doly güýjünde herekete girizmek bilen baglanyşykly wezipeler durýar.
Soňra nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri M.Halylowa söz berildi, ol ministrlik boýunça şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, nebitiň we gazyň çykarylyş möçberlerini ýokarlandyrmaga, uglewodorod çig malynyň çuňňur gaýtadan işlenilmegini üpjün etmäge, şeýle hem nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen gysga, orta we uzakmöhletleýin geljegi üçin çäreler meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we yzygiderli durmuşa geçirilýändigi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler minstrliginiň esasy dolandyryjy edara bolup durýandygyny we ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidigini hem-de öňde goýlan meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmelidigini, pudakda alnyp barylýan ähli işlere göwnejaý gözegçiligi üpjün etmelidigini nygtady.
Şeýle hem gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmäge ýöriteleşdirilen degişli senagat önümçiliklerini döretmek babatynda anyk tabşyryklar berildi.
Soňra mejlis Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory T.Tagyýewiň çykyşy bilen dowam etdi, ol hasabat döwründe Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna degişli esasy tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýene-de birnäçe desgalar gurulýar, bularyň ulanmaga berilmegi uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegini çuňlaşdyrmaga we degişlilikde nebithimiýa önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçysynyň adyna birnäçe tankdy bellikleri aýtdy hem-de T.Tagyýewe berk käýinç yglan edip, gysga möhletde degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynyň önümçilik we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler, şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 118,2 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 114,7 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 135,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 102,6 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 111,4 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 103,4 göterim we magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi boýunça 134 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 114,1 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, düzümleýin, maýa goýum we innowasion häsiýetli wajyp wezipeleri netijeli çözmek arkaly ýurdumyzyň senagatynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tabşyrdy.
Öz nobatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Kadyrow şu ýylyň geçen ýedi aýynda öz gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatda pudagyň esasy ugurlary boýunça ykdysady maglumatlar aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, örän baý mineral serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde mineral dökünleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösüşiň täze derejesine çykarmak maksady bilen, döwletimiz ähli şertleri döredýär we pudakda iri taslamalary ýerine ýetirmek üçin iri maýa goýum serişdelerini gönükdirýär diýip belledi. Senagat kuwwatlyklaryny diňe bir artdyrmak bilen birlikde, dökünleriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nytgady.
Hormatly Prezidentimiz pudakda iri maýa goýumlarynyň özleşdirilmeginiň, ozal bar bolan kärhanalaryň durkuny täzelemek we täze häzirki zaman kuwwatlyklaryny ulanmaga bermegiň, önümçilik düzümleriniň ösdürilmeginiň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny bellemek bilen, bu iri möçberli işiň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge, şol sanda himiýa senagatynyň girdejililigini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap edip, möhüm ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň hiline we möhletine aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň dokma senagaty ministri S.Batyrowyň hasabaty diňlenildi, ol ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täze döwrebap dokma toplumlaryny gurmak boýunça görlen çäreler we umuman, şu ýylyň ýedi aýynda şu ulgama degişli kärhanalaryň işiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bu pudagy ösdürmek we diwersifikasiýa etmek, önümçilik düzümini pugtalandyrmak boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşynda, diňe bir şu ýylyň täze, döwrebap dokma kärhanalarynyň üçüsiniň, işe girizilendigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma toplumynyň milli ykdysadyýetiň strategik taýdan möhüm ähmiýetli we sazlaşykly ösýän pudaklarynyň hataryna goşulmagy üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmelidigini belledi. Bu wezipeleriň göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz pudagyň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de ministre käýinç yglan etdi. Onuň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy işlenip çykarylýan önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň artdyrylmagyna, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga gönükdirilendir.
Soňra Döwlet balyk hojalygy komietiniň başlygy D.Hojamyradowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagy tarapyndan şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, iki sany balyk tutujy-doňduryjy gämileriň we bir sany köpmaksatlaýyn ýöriteleşdirilen balyk tutujy-ulag gämisiniň gurluşygy barada habar berildi.
Hasabatda balyklary ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen suw howdanlaryny çuňalduş boýunça geçirilýän işler, şeýle hem abatlaýyş işleriniň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Balyklaryň aýry-aýry görnüşlerini Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylmagyny göz öňünde tutup, olary ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýän bu pudagyň işini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, pudakda önümçiligiň derejesiniň pese gaçandygy, innowasiýalaryň ornaşdyrylmaýandygy üçin komitetiň başlygynyň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikler üçin oňa käýinç yglan etdi. Biz mundan beýläk hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ylmy-barlaglaryň netijelerine esaslanyp hem-de ekologiýa howpsuzlygyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň tebigy we suw howdanlarynyň mümkinçiliklerinden has netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň ýedi aýynda bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk boýunça gözegçilik edýän ulgamlarynyň işiniň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Ýurdumyzda täze çagalar baglaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini gurmak, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, olarda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we birinji synplary şahsy kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi.
Hasabat döwründe mekdep okuwçylary ders we taslama bäsleşikleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 135 medala, şol sanda 21 altyn, 34 kümüş we 80 bürünç medallara mynasyp bodular. Ýurdumyzyň talyplary hem şunuň ýaly bäsleşiklere gatnaşyp jemi 62 medala, şol sanda 18 altyn, 18 kümüş we 26 bürünç medallara mynasyp boldular. Mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümi dowam edýär, şu möwsümiň barşynda birinji we ikinji tapgyrda Gökdepede, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda, çagalaryň dynç alyş meýdançalarynda çagalaryň uly topary çaga dynç aldy.
Şu ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 6861 adamy, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 7716 sany adamy kabul etmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň 25182-si resminamalaryny tabşyrdy, bu okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz tarapyndan ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde göwnejaý bilim almak üçin şertleriň döredilmegi netijesinde, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýän dalaşgärler üçin giriş synaglary geçirildi.
Hasabat döwründe birnäçe halkara ylmy forumlar, şol sanda maslahatyň 4-si geçirildi we iki sany sergi guraldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda ykdysadyýetiň wajyp ugurlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar.
Hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny ösdürmek boýunça görkezijiler beýan edildi. Hususan-da, derman önümçiligi boýunça ösüş depgini 151 göterime barabar boldy.
Milli syýahatçylyk pudagyny we ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bilim we ylmy, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, olaryň maddy-tehniki binýadynyn pugtalandyrmak baradaky meseleleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýahatçylyk babatdaky mümkinçiliklerinden göwnejaý peýdalanmak boýunça degerli çäreleriň görülmeginiň möhümdigi barada aýdyp, şunda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň döreýändigini we şundan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow hasabat döwründe şu komitetiň işiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oňyn syýasatyň ýöredilmegi netijesinde Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigi bellenildi.
Ýurdumyzda dürli bedenterbiýe-sport, sagaldyş çäreleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we milli çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen birlikde ilaty bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaga çekmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, ata Watanymyzyň dünýäniň sport ýaryşlaryndaky abraýynyň artdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türgenleriniň halkara derejeli abraýly ýaryşlara gatnaşmagy üçin taýýarlyk görmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, türkmenistanlylary we ilkinji nobatda, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny we munuň üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy. Milli Liderimiz bu möhüm meseläni hemişe üns merkezinde saklamak barada wise-premýer S.Toýlyýewe degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Artykow 2014-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri hem-de ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk hem-de energetika toplumyna girýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we maliýe-ykdysady görkezijileriniň ep-esli kämilleşdirilýändigi aýratyn nygtaldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň möçberi boýunça meýilnama 168,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 117,3 göterim derejesinde üpjün edildi.
Energetika ministrliginde önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça ösüş depgini şu ýylyň ýanwarynda-iýulynda 110,8 göterime barabar boldy, munuň özi pudak boýunça meýilnamanyň 114,3 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Elektrik energiýasyny öndürmekde hem-de daşary ýurtlara eksport etmekde ösüş depgini degişlilikde 112 we 104 göterime barabar boldy. Tutuş ýurdumyz boýunça degişli döwürde 2 357 kilometrden gowrak elektrik geçirijileri çekildi.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň önümçilik meýilnamasy 140,1 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 138, 6 göterime, gurlan ýollaryň umumy uzynlygy 304,2 kilometre deň boldy.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat berilýän aýlarda jemi alnanda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy hem-de ösüş depgini 122,8 göterime barabar boldy, munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüniň ykdysady görkezijilerinden ýokarydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen milli gurluşyk senagatymyzy täze sepgitlere çykarmak üçin döwletimiziň ähli şertleri döredýändigini belledi. Diňe bir önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek däl-de, eýsem, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilini gazanmak üçin toplumlaýyn çemeleşmegi üpjün etjek guramaçylyk çärelerini hem kämilleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Soňra gurluşyk we binagärlik ministri G.Baýrammyradow şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ministr Aşgabat şäherinde 12-nji we 13-nji tapgyrlarda gurluşygy alnyp barylýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň bellenen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň berk gözegçilikde saklanýandygyny aýtdy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäherini ösdürmegiň 14-nji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň taslamalaryny görkezdi. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzda bina ediljek täze desgalaryň hatarynda ýokary derejedäki amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumynyň gurluşygy bar. Şeýle hem bu ýerde umumybilim berýän mekdep we çagalar bagy gurlar.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny synlap, döwlet Baştutanymyz olara birnäçe anyk bellikleri we täze desgalar babatda degişli düzedişleri girizdi. Täze desgalaryň keşbinde häzirki zaman gurluşyk çözgütleriniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ak mermerli paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik keşbi bilen utgaşmalydygyny aýtdy. Şunlukda milli Liderimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe gurluşyk we binagärlik ministri G.Baýrammyradowa Aşgabatdaky ähli gurluşyklarda ýokary hilli we döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän serişdeleriň, şol sanda ekologiýa we gözellik nukdaýnazaryndan sazlaşykly usullaryň ulanylmalydygyny tabşyrdy.
Şu ýylyň ýedi aýynda özüniň gözegçilik edýän düzmlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de olaryň ösüşiniň geljekki meseleleri barada ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2014-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen serişdeleriň ýokary ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, iri möçberli şähergurluşyk meýilnamasynyň baş maksady adamlaryň oňaýly ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin amatly şertleri üpjün etmekden ybaratdyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümler bilen bilelikde ýokary netijeleri gazanmak üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy. Bu möhüm işde ähli ýagdaýlaryň, bina edilýän desgalarda ýokary hil derejesinde üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň ýedi aýyndaky işiniň jemleri hakynda habar berdi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň üç maslahatynyň geçirilendigi, şolarda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda we döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň çäklerinde milli kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen kanunlaryň we kararlaryň kabul edilendigi bellenildi .
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleriň depginli dowam etmeginiň bähbitlerine milli kanunçylyk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça parlamentiň işini işjeňleşdirmegiň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň işine işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny belledi. Bu babatda milli Liderimiz bu wezipeleri çözmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa hasabat döwründe gözegçilik edýän ulgamlarynyň işi hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat bilen çykyş etdi.
Ýanwar-iýul aýlarynda medeniýet ulgamynyň edaralary tarapyndan tutuş ýurdumyzda 25900 çäreler guraldy we geçirildi, şol edaralaryň işinde täze usullar yzygiderli ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň medeni derejesini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, türkmen ýaşlaryny döredijilik işine höweslendirmek, şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, şu döwürde oba hojalyk topluma degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,5 göterime barabar bolandygyny aýtdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 105,2 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 102,5 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 105,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 107,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,6 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 105,2 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,3 göterime deň boldy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hem hasabat berildi. Hususan-da, häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şeýle hem gowaçalaryň ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamak boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2015-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, geljek ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça 860 müň gektar meýdana bugdaý ekip, 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer şeýle hem Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berip, degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi. Bu dabara 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we öňümizdäki wajyp oba hojalyk möwsümleriniň – pagta ýygymynyň hem-de güýzlük galla ekişiniň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny belläp, wise-premýere bu babatda bellenen meýilnamalaryň ählisiniň doly berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň döwrebap maşynlarynyň ýüzlerçesinden ybarat bolan pudagyň tehniki parkynyň kuwwatyndan doly peýdalanmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen kararyň taslamasyna gol çekip, wise-premýere tohumyň hiline, her bir welaýatyň ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp işlenip taýýarlanan oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny giňden ornaşdyrmaga degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy we galla ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny saklamagyň Türkmenistanyň tebigaty goraýyş syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, Hazar deňziniň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda, esasan-da, maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyny ödemeýändigini, Döwlet maldarçylyk birleşiginde durmuşa geçirilýän çäreleriň derejesiniň pesdigini, döwrebap fermalary gurmak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny, birnäçesiniň bolsa entek gurluşyna-da başlamandygyny, süýt önümçiliginiň pese düşendigini, şeýle hem öri meýdanlarynyň gözegçilikde saklanmandygyny belläp, bu babatda wise-premýeriň hem-de Döwlet maldarçylyk birleşiginiň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştanymyz görkezilen kemçilikleri günübirin düzedilmegini olardan berk talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem söwda ulgamynda halkara daşary ykdysady aragatnaşyklary we işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýedi aýynda umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 103,3 göterime barabar boldy.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda şu döwürde 126 birža söwdasy geçirildi, hasaba alnan geleşikleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 109,2 göterime barabar boldy.
Söwda –senagat edarasy boýunça ýedi aýyň dowamynda hyzmatlary ýerine ýetirmekden alnan peýda 33,7 göterim artdy. Şol döwrüň dowamynda bu edara tarapyndan sergileriň 12-si we maslahatlaryň 9-sy geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hem oňyn netijeler gazanyldy: ýanwar-iýul aýlarynda hususy kärhanalar tarapyndan öndürilen senagat önümleriniň ösüş depgini 134 göterimden gowraga, oba hojalyk önümleriniň ösüş depgini bolsa 107,5 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 2,1 esse köpdür.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumyny ösdürmek boýunça pudak maksatnamasynda bellenen wezipeleri çözmek üçin degişli düzümi yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurt biržalary we söwda-senagat edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi has-da ösdürmegiň hem-de onuň tehnologiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzda döwrebap önümçilikleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzyň önümçilik-söwda we hyzmatlar ulgamlaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň bazarlarynda bolçulygy döretmek boýunça geçirilmeli işler barada aýdylanda bolsa, bu babatda harytlaryň we ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary hili, alyjylaryň isleglerini içgin öwrenmek, ýokary bäsleşik şertlerinde netijeli işlemegi başarmak esasy görkeziji bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem möhüm düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabat döwründe tutuş ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň meýilnamasynyň 105,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgininiň 108,7 göterime barabar bolandygyny aýtdy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler boýunça ösüş depgini 106,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýükleri daşamak babatda 105,1 göterime, ýolagçylary gatnatmakda 110,6 göterime barabar boldy. Şeýle hem häzirki wagtda Demirgazyk – Günorta transmilli demir ýol geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Bereket- Etrek demir ýolunyň ugrunda beketleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we inžener-tehniki desgalaryň, şol sanda onlarça köprüleriň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy habar berildi. Demir ýol ulgamynyň tehniki binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Şu ýylyň iýul aýynda ýolagçy teplowozlarynyň ikisi, ýolagçy wagonlarynyň 12-si hem-de ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 7-si satyn alyndy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 101,6 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy. Şeýle hem Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynda işleriň depgininiň barha ýokarlanýandygy bellenildi. Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 377,3 müňden gowrak telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,6 esse ýerine ýetirildi. Ýanwar-iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 40,4 müň telefon belgilik beketler gurnaldy we 1 müň 423 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 118 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamak boýunça 114,8 göterime we ýolagçy gatnatmak boýunça 110,7 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu ulgam üçin döwrebap tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, pudagyň ýerüsti düzümi döwrebaplaşdyrylýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hem-de bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň ählisini çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ulag toplumyny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berýändigini hem-de şu maksatlar üçin ägirt uly serişdeleri goýberýändigini belläp, demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynyň kuwwatyny artdyrmak, ýükleri daşamagyň hem-de ýolagçylary gatnatmagyň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň başyny başlan we durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarynyň, şol sanda Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini belläp, degişli işleriň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudaklaýyn kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmek, ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek babatda hem anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek barada aýtmak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary has-da innowasion işläp taýýarlamalary iş ýüzünde işjeň ulanmagyň, döwrebap tehnikalardan we enjamlardan netijeli peýdalanmagyň bu babatda esasy ugur bolmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginde ulag toplumynyň hem-de telekommunikasiýalar ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu pudaklary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak maksady bilen zerur çäreleriň görülmelidigini ýene-de bir gezek nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, umuman, durnukly ösýändigini, jemi içerki önümiň möçberleriniň durnukly artýandygyny belledi. Şu ýylyň ýedi aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ählisi diýen ýaly oňat netijeleri gazandylar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýry-aýry ugurlar boýunça işleri talaba laýyk alyp barmaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz käbir kärhanalarda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, bu kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek, olara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin netijeli işleri amala aşyrmak möhümdir. Şunda döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaryň dünýä bazaryny özleşdirmek, öz daşary ýurt pulundaky girdejilerini artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Hojamuhammedowyň we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işleriniň netijelerine nägilelik bildirip, häzirki döwürde halkara syýasatynda we dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýyň çalt üýtgäp durmagynyň energiýa serişdeleriniň bazaryna hem öz täsirini ýetirýändigini aýtdy. Biz şu ýagdaýlardan ugur alyp, öz meýilnamalarymyza näçe çalt we öz wagtynda üýtgetmeleri girizip bilsek, alyp barýan işlerimiziň netijeliligi has-da artar. Bu bolsa, köp möçberde girdeji almaga hem-de halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Biz häzirki döwürde nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň we karzlarynyň esasy bölegini gönükdirýäris. Emma muňa garamazdan, biz bu pudagyň işinde düýpli, oňat netijeleri gazanyp bilmeýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» hem talaba laýyk ýerine ýetirilmeýär. Pudakda nebit çykarmagyň möçberleri artdyrylmaýar, täze we iri nebit ýataklaryny açmak we özleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylmaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudagyň işini talaba laýyk ýola goýmak bilen bagly ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe wezipeleriň durýandygyny nygtady. Şu maksat bilen, tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň üstünde işlemek, täze gaz geçirijileriň taslamalaryny taýýarlamak, «mawy ýangyjyň» çykarylyşynyň möçberlerini has-da artdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit çykarýan kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek zerurdyr. Bu kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, olary iň öňdebaryjy we ýokary netijeleri berýän enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün etmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzire çenli bu işler ýeterlik derejede talaba laýyk alnyp barylmaýar. Mysal üçin, ähli mümkinçiligiň bardygyna we ykdysadyýetimiz üçin bitumyň örän zerurdygyna garamazdan, biz häzire çenli hem ýokary hilli bitumy zerur möçberde öndürip bilmeýäris. Şoňa görä-de, bitumy satyn almak üçin daşary ýurt pulunda köp möçberde serişdeleri sarp etmeli bolýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatly ýerlerini tebigy gaz bilen üpjün etmekde hem kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, käbir ilatly ýerlerde turbalaryň könelendigi sebäpli, gyşyna gaz ýetmezçilik edýär. Şoňa görä-de, oba ýerleriniň ilatynyň gaz bilen üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gaz bilen doly üpjün etmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda bar bolan meseleleriň diňe bir böleginiň bellenip geçilendigini aýdyp, wise-premýer B.Hojamuhammedowa ýangyç-energetika toplumynyň ähli ýolbaşçylary bilen ýörite maslahaty geçirmegi, onda nebitgaz toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem pudagyň öňünde durýan wezipelere seretmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowa ýüzlenip, häzirki döwürde dokma senagaty pudagynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň zerur bolup durýanydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere pudagyň gurluşyny üýtgetmek we işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. Belki, bu pudakda önümçilik birleşiklerini ýa-da firmalary döretmek gerekdir. Şonuň bilen birlikde, pudagyň işini üýtgedip guramak üçin onuň garamagyndaky kärhanalary dolandyrmagyň beýleki görnüşlerini hem gözlemek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz käbir könelişen kärhanalary hususylaşdyrmagyň we telekeçilere satmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, dokma senagatynyň öndürýän önümleriniň söwdasyny talaba laýyk guramak, dokma önümleriniň bazaryny öwrenmek boýunça haýal etmän zerur çäreleri görmek möhümdir diýip belledi. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň daşarky bazarlara çykarylyşyny artdyrmak, netijede gazanylýan girdejileriň möçberlerini köpeltmek boýunça hem ähli zerur işleri durmuşa geçirmek wajypdyr.
Milli Liderimiziň nugtaýşy ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça hem öňde uly wezipeler durýar. Şu wezipelerden ugur alyp, pudagyň ösüş depginini has-da güýçlendirmeli, mineral dökünleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, pudakda täze kärhanalaryň birnäçesini gurmagy hem göz öňünde tutmak gerek. Şonuň bilen birlikde, Lebap welaýatynda ýerleşýän Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň, Mary şäherinde gurulýan ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde düýbi tutuljak karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyny gysga wagtyň içinde tamamlamak boýunça ähli zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmekde esasy meseleleriň biriniň hem täze, häzirki zaman kärhanalarynda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdygyny aýtdy. Häzirki döwürde, eger-de öz hünärmenlerimiz ýetmezçilik edýän bolsa, onda pudagyň kärhanalaryny dolandyrmak üçin daşary ýurtly hukukçy we maslahatçy hünärmenleri işe çekmek meselesini hem öwrenmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ýurdumyzyň balyk hojalygy barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek, balyk köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek üçin täze emeli suw howdanlaryny gurmak, dürli görnüşli balyk önümleriniň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda balyk önümlerini ýerlemek üçin ýöriteleşdirilen dükanlar ulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmek wajypdyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Ereşowa öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň alyp barýan işlerini düýpli seljermegi, soňra garamagyndaky pudaklaryň edara-kärhanalarynyň kadaly işlemegini ýola goýmak maksady bilen, geçiriljek işleriň tertibini hödürlemegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa ýüzlenip, olaryň ünsüni ýurdumyzyň sport ulgamynda bar bolan kemçiliklere çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda sporty ösdürmäge köp möçberde serişde gönükdirilýär. Şoňa görä-de, geçirilen işler häzirki döwürde eýýäm öz oňat netijelerini bermelidi. Bu ýerde gürrüň halkara derejesinde mynasyp çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny goramaga ukyply türgenlerimiziň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bedenterbiýe-sport hereketine ýurdumyzyň ilatyny has giňden çekmek barada barýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Öňde goýlan bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Paýtagtymyzda we her bir welaýatda iri sport desgalary we sport mekdepleri gurlup, ulanmaga berildi, ýörite «Sport» teleýaýlymy açyldy, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binalary gurlup, ulanmaga berildi. Ýöne gynansak-da, bu ugurda geçirilýän işler garaşylýan netijeleri bermeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sport edaralarynyň we desgalarynyň dürli pudaklara degişlidigini, şoňa görä-de, olaryň köplenç maksadalaýyk ulanylmaýandygyny belledi. Käbir desgalarda sport enjamlary ýetmezçilik edýär. Aýry-aýry stadionlarda bolsa, häkimlikleriň rugsat bermegi esasynda söwda nokatlary açylypdyr. Käbir sport desgalarynda tälimçiler ýetmezçilik edýär. Şoňa görä-de, häzirlikçe täze gurlan sport desgalary köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilýän merkezlerine öwrülip bilmeýärler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Milli Liderimiz bar bolan meseleleri çözüp, ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen bagly syýasaty alyp barmagyň wajypdygyny aýdyp, Sport baradaky döwlet komitetiniň bu ugurda geçirýän işleri garaşylýan netijeleri bermeýändigini ýene-de bir gezek belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer A.Goçyýewe ähli sport desgalaryny gysga wagtyň içinde Sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyna bermek boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiziň alyp barýan syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmäge, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilendir. Şu maksatlardan ugur alyp, milli Liderimiz «Sport desgalaryny saklamagy we ulanmagy maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek hakyndaky» karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa ýüzlenip, eger-de bu ulgamda bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmasa, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa soňky gezek duýdurdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowa ýüzlenip, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň alyp barýan işlerini düýpli seljermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ministrligiň işine nägilelik bildirip, ministrligiň esasy wezipesiniň gurulýan desgalaryň hiline gözegçilik etmekden, häzirki zaman binagärlik tehnologiýalaryny, gurluşygyň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmakdan, gurluşyk kadalaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdygyny nygtady. Bu ministrlik ýurdumyzda desgalary gurmak boýunça bäsleşikleriň geçirilişine gözegçilik etmeli, gurluşyk pudagynda nyrhlar syýasatyny alyp barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şonuň ýaly-da, ministrligiň üstüne ýurdumyzyň Hökümetiniň kabul eden resminamalarynda kesgitlenen beýleki ugurlar boýunça netijeli işleri alyp barmak wezipesi ýüklenýär. Muňa garamazdan, häzirki döwürde Gurluşyk we binagärlik ministrligi öz üstüne ýüklenen wezipeleriň hiç biri boýunça hem oňat netijeleri gazanmaýar. Milli Liderimiz mysal hökmünde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň durmuş maksatly binalary gurmak boýunça bäsleşigi geçirendigini, onuň netijeleri boýunça häzirki döwürde kesgitlenen nyrhlardan üç esse ýokary bahany teklip eden kompaniýanyň ýeňiji hökmünde seçilip alnandygyny görkezdi.
Bäsleşige gatnaşan kompaniýalaryň alyp barýan işleri barlananda birnäçe kompaniýanyň köp gatly, belent binalary gurmak üçin ygtyýarnamasynyň hem ýokdugy ýüze çykaryldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Aşgabat şäherinde binalary we desgalary gurmagyň on dördünji tapgyrynyň taslamalary taýýarlananda hem ýokarda agzalan ministrlik binagärlik boýunça täze teklipleri hödürlemedi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça geçirilýän işlerde hem ministrligiň alyp barýan netijeli işleri, tutýan orny görünmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer M.Artykowdan ministrligiň işini düýpli seljerip, onuň işini talaba laýyk ýola goýmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyna degişli meselelere geçip, ýakyn wagtlarda ýurdumyzda pagta ýygym möwsüminiň başlanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap alynmagyny üpjün etmegi hem-de möwsümi ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz käbir ýerlerde pagta ýygýan kombaýnlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, wise-premýere maliýe meselelerini çözüp, täze oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga rugsat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda kabul edilen degişli maksatnamalara laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmaga, Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen şu aýyň içinde ýene bir iri kärhananyň – Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň düýbi tutular, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işlemek we benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygyna badalga berler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Soňry milli Liderimiz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny baýramçylyk etmek baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, wise-premýer M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, oňa täze binalary açyp ulanmaga bermek hem-de ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp täze binalaryň düýbüni tutmak boýunça geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Oktýabr aýynda şeýle hem Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolar, ýurdumyzyň öňünde 2015-nji ýylda durýan möhüm wezipeler ara alyp maslahatlaşyljak bu ählhalk maslahatynyň gün tertibini häzirki wagtdan taýýarlamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen wise-premýerlere 20-nji awgusta çenli Ýaşulular maslahatynyň gün tertibine giriziljek meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagy hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa bu meseleler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.