Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti Stepan Mesiç bilen duşuşdy.
Myhman mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmen döwletiniň Baştutanyna depginli ösýän Türkmenistan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga horwat tarapynyň çäksiz gyzyklanma bildirýändigini beýan eden öz ýurdunyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň salamyny ýetirdi.
Milli Liderimiz myhmana hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy, şol ýurt bilen Türkmenistan geljekde-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär.
Yzygiderli esasda geçirilýän işewür duşuşyklar, işewür maslahatlar, haryt dolanyşygynyň birsyhly ýokarlandyrylmagyna we iki döwletiň liderleri tarapyndan geçirilýän açyklyk we özara milli bähbitlere hormat goýmak babatda amala aşyrylýan täze bilelikdäki taslamalary gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmaga ýardam edýär.
Bilelikdäki ýokary derejedäki duşuşyklar dostluk we uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtlandyrmaga hyzmat edýär. Şol duşuşyklaryň her biri möhüm ugurlaryň ählisinde, şol sanda ýangyç-energetika hem-de söwda-ykdysady toplumynda, dokma, azyk we himiýa senagatynda, maşyngurluşygynda, ulag-aragatnaşyk we medeni – gumanitar ulgamynda, sportda, saglygy goraýyşda, syýahatçylykda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlaryň ençemesinde köpýyllyek netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakyndaky söhbetdeşlige öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz we myhman döwletara hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen işjeňleşen gatnaşyklarynyň çäklerinde yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, şu ýylyň fewralynda Aşgabatda bolan duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda Horwatiýanyň meşhur şereketleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip, ýurdumyza gelen Stepan Mesiç geljegi uly türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga we hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga öz ýurdunyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Stepan Mesiç türkmen topragynda myhmansöýerlik görkezilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk hem-de ýurt we sebit üçin örän möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmekde täze üstünlikler arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden bagt, abadançylyk we ösüşiň ýolunda täze ägirt uly üstünlikleri arzuw etdi.