Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine sebitleri we umuman, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri, şol sanda Watanymyzyň garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş malsahatyny açmak bilen, milli Liderimiz şu gün ýurdumyzda Serhetçiler gününiň bellenilýändigini aýdyp, göni aragatnaşyga ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçylaryny çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow olara ýüzlenip, şu gün Garaşsyz Watanymyzyň Serhet goşunlarynyň döredilenine 22 ýyl dolýandygyny nygtady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň serhet goşunlary doly döwrebaplaşdyryldy hem-de mähriban Watanymyzyň polat galkanyna öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz işine ezber, öz öňlerinde durýan wezipelere oňat düşünýän, häzirki zamanyň çylşyrymly, kämil harby tehnikalaryna we enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýän serhetçileriň täze nesli kemala geldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Edermen we gaýduwsyz türkmen serhetçileri ýurdumyzyň müňlerçe kilometre uzap gidýän araçäklerini berk goraýarlar.
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty netijesinde Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň dostluk we doganlyk serhedine öwrülendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň ygtybarlylygyny pugtalandyryp, her bir serhetçiniň janyny gaýgyrman mähriban Watanymyza gulluk etjekdigine, halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň goragynda berk durjakdygyna pugta ynam bildirdi.
Belent Serkerdebaşymyz serhetçileriň şahsy düzümini Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 22 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň mukaddes serhedini ygtybarly goramak ýaly möhüm hem-de jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikler arzuw etdi.
Öz gezeginde ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ähli serhetçileriň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy Diýarymyzda giňden bellenilýän bu baýramçylyk bilen gutlady. Şeýle hem ol milli Liderimize serhet goşunlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň Serhet goşunlarynyň ygtyýarynda iň täze harby tehnikalar we döwrebap enjamlar bar. Göwnejaý gullugy alyp barmak hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap ýaşaýşy, dynç alşy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Häzirki zaman serhet galalarynyň gurluşygy, ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Döwlet serhet gullugynyň başlygy türkmen serhetçileriniň geljekde hem Watan goragçylary diýen ada mynasyp bolup, mukaddes harby we watançylyk kasamlaryna wepaly boljakdygyna ynandyrdy.
Maslahaty dowam edip, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna çagyrdy, ol DIM-niň geçirýän işi we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň DIM-niň wekiliýetiniň 5-6-njy awgustda Oman Soltanlygynyň paýtagtynda Maskat şäherinde bolan we Özbegistan-Türkmenistan- Eýran-Oman täze ulag geçelgesiniň döredilmegine bagyşlanan daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde dörttaraplaýyn duşuşyga ýurdumyzyň DIM-niň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň netijeleri hakynda hasabat berildi.
Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Aşgabatda “Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar” ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek meselelerine degişli Hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Dostluk we oňyn ýagdaýda geçen dörttaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça bu taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen degişli Ähtnama ylalaşyldy we oňa gol çekildi. Bu babatda täze ulag geçelgesiniň netijeli işlemegini üpjün etmäge degişli meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň barşynda bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir Merkezi Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ýurtlarynyň arasynda özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etmek bilen bir hatarda, sebit we halkara möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolar diýlip nygtalyp geçildi. Türkmen paýtagtynda ýokarda agzalan Ylalaşyga gol çekilmegi dünýä derejesinde Türkmenistanyň ýokary abraýynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şaha ýaýradan häzirki anyk ýagdaýlara laýyk gelýän giň möçberli ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanmagynyň nobatdaky aýdyň tassyklanmasy boldy.
Dörttaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soň Türkmenistanyň wekiliýeti Oman Soltanlygynyň Premýer-minisiriniň orunbasary Saud Fahd Al Saud tarapyndan kabul edildi, ol türkmen Liderine tüýs ýürekden gutlaglaryny aýdyp, Omanyň ýurdumyz bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň, Omanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, şol duşuşyklaryň barşynda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Hususan-da, Oman Soltanlygynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşygyň çäklerinde taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyny döretmegiň zerurdygyny bellediler, şeýle hem Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmk barada aýtdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygyň barşynda ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň meseleleri gyzyklanylyp ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň hatarynda garaldy.
Özbegistan Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň gün tertibine dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň bozulmaz däplerine esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesi girizildi. Şunda ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertidigi bellenildi.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, bilelikdäki Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň dördünji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherine (Pakistan Yslam Respublikasy) 7-8-nji awgustda bolan saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda we medeni-gumanitar babatda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy, taraplaryň özara gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini göwnejaý durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi maksat edinýändigi tassyklandy. Habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda anyk wezipeleri işläp taýýarlamak, hususan-da, ulag we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhum ugurlary boýunça iş toparlaryny döretmek hem-de olaryň birinji mejlisini Aşgabatda geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
Şunuň bilen bir hatarda, bilelikdäki işewürlik geňeşini döretmek hakynda, şeýle hem hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça teklipler aýdyldy. Bilelikdäki Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň dördünji mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti we Premýer-ministri tarapyndan kabul edildi. Olar türkmen Lideriniň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, şeýle hem sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynda ägirt uly hyzmatlaryny nygtap, hormatly Prezidentimize mähirli gutlag sözlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan tarapynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassyklandygy nygtalyp geçildi, şol taslama Aziýa sebitiniň döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşup, dostlugyň we netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky köprüsi bolup, giň möçberli energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti beýleki birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi.
Şeýle hem wise-premýer DIM-niň wekiliýetiniň 11-12-nji awgustda Gazagystan Respublikasyna boljak iş sapary barada hasabat berdi. Saparyň barşynda iki dostlukly ýurduň we halklaryň häzirki eýýamda hil taýdan täze derejä çykan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” ulag üstaşyr geçelgesini döretmek meselesiniň üstünde durup geçip, Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň möhüm strategiki çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistanyň ägirt uly ulag kuwwatyny ählumumy eşret üçin durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz oňyn başlangyçlary öňe sürmek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly bu ugurda anyk, yzygiderli çäreleri görýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan geljekde hem bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek meselelerinde işjeň orny eýelär, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki halkara maslahaty hem muňa ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, diňe bir Aziýa sebitinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmekde täsirli orny eýelemek bilen bir hatarda, giň möçberde durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolan halkara ulag--aragatnaşyk düzüminiň aýrylmaz bölegi boljak täze halkara ulag-üstaşyr geçelgäniň uly ähmiýetini belledi. Bu babatda milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu möhüm iri möçberli taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça belli bir maksatly işi dowam etmek barada degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň meselesine geçmek bilen söwda-ykdysady ulgamda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin dürli ugurly mümkinçilikleriň bardygyny nygtamak bilen, şunda döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde medeni-gumanitar ugurda däp bolan gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini hem belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz wise-premýere DIM-niň ýolbaşçysyna bilelikdäki Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň işine degişli anyk tabşyryklary berdi, şol topara ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli orun degişlidir.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady, muňa iki doganlyk halklaryň asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhy taýdan kemala gelen medeni we ruhy umumylygy ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigine ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýew ilkinji milli emeli aragatnaşyk hemrasyny gurmak boýunça taslamanyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 30-njy iýuldan 5-nji awgust aralygynda türkmen hünärmenleriniň wekiliýeti iş sapary bilen Fransiýada bolup geldi. Şonda bu bilelikdäki taslamanyň amala aşyrýan “Thales Alenia Space” (Fransiýa) we “Space Systems International-Monaco S.A.M.” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Şeýle hem türkmen wekiliýeti aragatnaşyk hemrasyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Häzirki wagtda hemme zerur bolan enjamlary we abzallary oturtmak boýunça işler tamamlandy hem-de hemranyň iş modullaryny barlamak işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde operatorlary, tehniki işgärleri we beýleki hünärmenleri – Milli kosmos agentliginiň işgärlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Olar ýurdumyzyň çäklerinde hemrany dolandyrmagy üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aerokosmiki tehnologiýalarynyň peýdalanylmagynyň ykdysadyýetimiziň, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň we döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlarynyň innowasion taýdan ösmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistan üçin örän möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Munuň üçin älem giňişligine milli emeli hemramyzy uçurmak giň mümkinçilikleri açar. Hususan-da, munuň özi ýurdumyzda aragatanşygyň, Internetiň we telewideniýäniň häzirki ulgamlarynyň ösüşini çaltlandyrar.
Döwlet Baştutanymyz Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysyna milli hemranyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň we degişli ugurlarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň barşyna gözegçiligi üpjün etmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň geçirilen mejlisi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy daşary ýurtlaryň birnäçesinde käbir ýokanç keselleriň ýaýramagy baradaky meselä garady. Şunuň bilen birlikde, wise-premýeriň aýratyn nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda-da, serhetdeş döwletlerde-de howply ýokanç keseller bilen kesellemek ýagdaýlary hasaba alynmady.
Bu gün Türkmenistanyň ähli çäklerinde epidemiologiýa abadançylygy saklanýar, degişli gulluklar bellenen tertipde işlemegini dowam edýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň hemme bölümleri, şol sanda döwlet sanitar- epidemiologiýa we weterinar gulluklary ýokanç keselleri öz wagtynda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän iň döwrebap lukmançylyk we anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şu maksatlar bilen netijeli öňüni alyş çäreleriniň toplumy hem geçirilýär. Migrasiýa gulluklary howa menzillerinde we serhetden geçilýän beýleki ýerlerde ýurdumyza gelýän adamlara berk gözegçilik edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňüni alyş çärelerine, aýratyn howply keselleriň Türkmenistanyň çäklerine geçmeginiň öňüniň alynmagyna aýratyn üns berip, ýurdumyzda sanitar-epidemiologiýa gözegçiligini mundan beýläk-de amala aşyrmak barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu wezipeleri toplumlaýyn çözmekde ylmy we amaly lukmançylykda işleýän abraýly halkara guramalary we edaralary, ilkinji nobatda bolsa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda düşündiriş işlerini, şol sanda raýatlaryň şahsy arassaçylyk düzgünlerini we kadalaryny berjaý etmegi, toplumlaýyn öňüni alyş çärelerini maksadalaýyk geçirmek, azyk önümleriniň ulanylyşyna sanitar-gigiýena gözegçiligini yzygiderli amala aşyrmak, azyk we suw üpjünçilik desgalarynyň ýagdaýyny seljermek, iýmitleriň taýýarlanylyşynyň, saklanylyşynyň we daşalyşynyň düzgünleriniň berjaý edilişini, suwuň hilini we beýlekileri barlamak boýunça degişli zerur işleri geçirmek barada wezipeleri öňde goýdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak babatda görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde welaýatda ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine göwnejaý taýýarlamak, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak işleri barada hem aýdyldy.
Şeýle hem häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan taýýarlyk işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bu babatda degişli düzümleriň netijeli işiniň ýola goýulmagyny pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meselelere degişli anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz esasan-da, pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmelidigini, bu babatda hiç hili bökdençligiň bolmaly däldigini nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny baýram etmek meselesine degip geçip, ýurdumyzyň baş baýramyny mynasyp garşylamak maksady bilen, degerli çäreleriň görülmelidigini, şeýle hem welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, sebitiň senagat we durmuş düzümini ösdürmek babatda, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bellenilen wezipeleri amala aşyrmagyň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine, hususan-da, şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Mundan başga-da, häkim güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk barada aýtmak bilen, ekişde ulanyljak tehnikalaryň, tohumyň we ýerleriň taýýarlyk derejesi barada aýratyn durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime ýüzlenip, sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy hem-de welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda tamamlanmagyny we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz welaýatyň dürli ulgamlarynda, şol sanda etrap häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerinde işleriň ýagdaýlaryny hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, pagta ýygymyna we güýzlük galla ekişine guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Oba zähmetkeşleriniň durmuşynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyny, güýzlük bugdaý ekişini öz möhletinde we guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanan çäreler barada habar berildi. Welaýatda ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak işleriniň ýagdaýy barada-da aýdyldy.
Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygy, aýratyn-da, şanly baýramçylyk mynasybetli ulanmaga beriljek binalarda häzirki döwürde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri hakynda durup geçdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak, aýratyn-da, gowaçadan, gök-bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak, has takygy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny, ekişi öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamagyň geljekki bol hasylyň girewidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş-medeni maksatly desgalarynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, sebitde gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Öz nobatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew babadaýhanlar üçin jogapkärli döwür bolan pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk işleri, bu möwsümlerde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi, oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ol Lebap welaýatynyň çäklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri, mukaddes baýramçylyk mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda durmuşa geçirilýän çäreleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm tapgyr bolan pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ählihalk baýramçylyklarymyzyň ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini görkezdi. Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi hem-de desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek bilen baglanyşykly häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geçirileýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine G.Orunowy bellemek hakyndaky, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine D.Baýramalyýewi hem-de Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine H.Ýuldaşowy bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine göwnejaý taýýarlyk görmek, obasenagat toplumynda möhüm hasaplanylýan bu möwsümleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem ol şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygyny mynasyp garşylamak, baýramçylyk mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri, gurlup ulanmaga berilmeli medeni-durmuş maksatly binalaryň sanawy barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň halk hojalyk toplumynda maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň, ähli düzümlerde alnyp barylýan işleri sazlaşykly utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitde Oba milli maksatnamasynda bellenilen möhüm ähmiýetli durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we öz wagtynda ulanmaga berilmegi, Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli açylýan desgalarda dabaralaryň guralmagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli ulgamlarynda, şol sanda gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işleriň derejesine ünsi çekip, sebitdäki gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabaty diňlenildi. Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulag ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, şeýle hem gök zolaklary döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzyň çäklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalarda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça dabaralandyrylýan şanly senelerimiz mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk barada hem durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäheri has-da abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Türkmen paýtagty ähli babatda tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk şäher bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýangyn howpsuzlygy, paýtagtymyzda ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak, ýyladyş ulgamlaryny abatlamak bilen bagly işleriň hemişe berk gözegçilikde saklanmalydygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk maksatnamasy barada aýtmak bilen, şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow bilen bilelikde, ýene-de welaýatlaryň häkimlerini çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de häzirki wagtda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere we welaýatyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynyň hem yzygiderli ösýändigini belledi. Ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem-de beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Özleri üçin döredilýän bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Olar ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy başarýarlar. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, olaryň öňünde, şeýle hem ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, ekiş möwsümi ýetip geldi. Ekiş möwsümini gysga wagtyň içinde, ýokary hilli, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň bol hasyl almakda uly ähmiýeti bardyr.
Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 20-nji awgustda bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berdi. Milli Liderimiz il içinde sylanýan hormatly ýaşulularymyzdan bu möhüm çäräni «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen şu ýyl hem ýurdumyzda pagtanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, milli Liderimiz indi pagtaçylaryň ýyl boýy çeken zähmetiniň netijeleriniň jemlenýän döwrüniň, ýagny ýygym möwsüminiň ýetip gelendigini nygtady. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap almak häzirki döwürde pagtaçy daýhanlaryň esasy wezipesi bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edermen pagtaçylarymyzyň şu ýyl hem milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 29-njy awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz iI içinde at-abraýdan peýdalanýan hormatly ýaşulularymyzdan pagta ýygymyny «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň hemmesine Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.