Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 696
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ýurduň Tähran şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren ýolagçy uçarynyň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan edip, Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda Eýranyň Prezidentine we ähli eýran halkyna ruhy durnuklylyk we metrlik dileg etdi.