Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 781
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dikuçaryň üstünden ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy we iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly çäreleriň meýilnamalaryna syn etdi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy we onuň yzygiderli durmuşa geçirilişi döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu işler durmuşa geçirilende häzirki zaman gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de oňyn tejribeler işjeň ornaşdyrylmalydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda bina edilýän desgalarda häzirki zaman ülňüleriniň üpjün edilmegi we milli binagärlik ýörelgeleri bilen döwrebap tejribeleriň utgaşmagy hem-de dürli maksatly binalarda amatly ýaşaýyş, döredijilikli zähmet üçin zerur şertleriň döredilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Milli Liderimiz säher bilen dikuyçar meýdançasyna geldi. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen bu ýerde ýurdumyzyň Goranmak ministrligine degişli gurluşygy alnyp barylýan binalary synlady we ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we öz wagtynda tamamlanmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talabydygyny aýratyn belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçarda Aşgabatdaky täze gurluşyklaryň ýagdaýy, şol sanda durmuş, dolandyryş we beýleki maksatly täze desgalaryň iri toplumlarynyň gurluşygy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji we 13-nji nobatdakylarynda ýerine ýetirilýän işleriň gidişi bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada hasabat berdi.

Ak mermerli Aşgabady ösdürmegiň 12-nji nobatdakysy şäheriň merkezi awtoulag ýollarynyň biri bolan A.Nyýazow şaýoly boýunça alnyp barylýar. Onuň iki tarapynda hem ýokary amatlyklary bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy bina edilýär. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, onuň çäklerinde çagalar we sport meýdançalarynyň, dynç alyş ýerleriniň, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýörite künjekleriň döredilmegi gurluşyk düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Şeýle hem bu künjekde her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň hem-de 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň ikisiniň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ýerde gurulýan binalaryň köpüsiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny bellemeli.


Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, olaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşmeginde möhüm ähmiýetiniň bolmaldygy barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz gurulýan desgalaryň, çekilýän ýollaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, olarda degişli düzümleriň döredilmegi, ýol geçelgeleriniň, yşyklandyryjylaryň döwrebap derejede bolmagy, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy we başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynda dowam edýär. Aşgabat şäherini gurmagyň 13-nji nobatdakysy ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta künjeginde alnyp barylýar. Bu ýerde türkmen paýtagtynyň täze dolandyryş – işewürlik we medeni merkezi emele gelýär. Ol ähli amatlyklary bilen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumyny, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça gurulýan dürli maksatly binalaryň gurluşygyny özünde jemleýär.

Milli Liderimiz dikuçaryň üstünden Olimpiýa şäherçesiniň nobatdaky tapgyrynda gurulýan desgalary, Arçabil şaýolunyň ugrunda amala aşyrylýan işleri, Konstitusiýa binasy bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň aralygynda döredilýän seýilgäh zolagynda ýerine ýetirilýän işleri, Kongresler merkeziniň gurluşygyny synlady.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuyary ak mermerli Aşgabadyň günorta künjegi bilen gündogara tarap gönükdi. Uçuşyň barşynda milli Liderimiz Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda alnyp barylýan işleri, täze gurulýan ýaşaýyş jaýlaryny hem-de bu toplumy ösdürmegiň barşynda täze binalaryň ýerleşjek ýerlerini synlady. Hormatly Prezidentimiz bu künjekde dürli maksatly binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, gök zolaklaryň döredilmeginiň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, döwrebap awtoduralgalaryň we beýleki degişli düzümleriň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk-gündogaryna tarap ugur aldy. Uçuşyň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň bu bölegindäki köçeleriň çatrygynda ýerleşýän estakadaly awtoulag köprüsiniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleri synlady.

Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjeginde gurulýan halkara derejeli awtomenzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de gurulýan kottež jaýlaryň, Aşgabat şäheriniň täze halkara howa menziliniň gurluşyklaryna syn etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçardan Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde gurulýan täze, döwrebap obada alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze obada döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän zerur bolan durmuş-ykdysady özgertmeler göz öňünde tutulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde gurulýan bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda oba durmuşynyň aýratynlyklarynyň nazara alynmalydygyny, olarda mal saklamak, ekin ekmek üçin mellek ýerleriniň bolmalydygyny belledi.

Täze obalarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretli ýaşaýyş, öňdebaryjy binagärlik aýratynlyklary we adamlaryň ähli ugurlar boýunça amatly ýaşaýşy öz beýanyny tapmalydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz täze obalaryň gurluşygyny dowam etmek babatda uçuş mahaly ýanynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe birnäçe tabşyryklary berdi. Bu ýerde alnyp barylýan gurluşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýaşaýyş jaýlaryny almak ýa-da aýratyn ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýeňillikli şertlerde uzakmöhletleýin karzlary bermegiň tertibini kämilleşdirmek, ilatymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edilen çözgüdiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazygyndan günorta tarap öwrüm edip, Köşi ýaşaýyş toplumynyň üstünden geçdi. Milli Liderimiz bu ýerde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy.

Soňra Hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” stadionynyň ýanynda gondy. Döwlet Baştutanymyz şol ýerdäki belentlikden Aşgabat şäheriniň keşbini synlady we paýtagtymyzyň günorta künjegindäki baýyrlyklarda gurluşyk işleri alnyp barlanda ýeriň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde kottež görnüşli we 3-4 gatly ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň hem-de döwrebap seýilgäh zolaklarynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçarynyň gonan ýerinde ozal awtomobil sporty bäsleşiklerini geçirmek wagtlaýyn meýdança ýerleşýärdi. Soňra awtomobil sporty boýunça ýaryşlary geçirmek üçin ýöriteleşdirilen meýdançanyň paýtagtymyzyň demirgazygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde döredilmegi bilen, ol merkez gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda paýtagtmyzyň demirgazygynda ähli zerur enjamlar we häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap awtomobil sporty meydançasynda dürli ýaryşlar, türgenleşikler yzygiderdi geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki öňki wagtlaýyn awtomobil sporty meýdançasynyň ornunda täze desganyň, hususan-da, sport ulgamyna degişli desganyň gurulmagy maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow hormatly Prezidentimize şol ýerde paýtagtymyzyň ilaty we türgenler üçin tennis meýdançasynyň kortuny gurmak baradaky teklip bilen ýüzlendi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde döwrebap derejede abadanlaşdyrylan tennis meýdançalarynyň üçüsini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Köpugurly “Aşgabat” stadionynyň ýanynda döwrebap tennis meýdançalarynyň peýda bolmagy bu künjekde hereket edýän sport desgalarynyň üstüni ýetirer hem-de köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta höwesekleriň sanynyň has-da artmagyny şertlendirer.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna başlamazdan öňürti halkyň isleginiň öwrenilmelidigini hem-de adamlaryň has köp isleg bildirýän düzümlerini döretmelidigini tabşyrdy. Bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan tennis meýdançalarynyň taslamalary taýýarlanylanda, olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz täze meýdançalaryň ussat türkmen tennisçileriniň ýetişmeginde möhüm ähmiýetiniň bolmalydygyny tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýew, M.Artykow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalaryny görkezdiler hem-de olarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hususan-da, milli Liderimize köpugurly “Aşgabat” stadionynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän geljekki tennis meýdançalarynyň çyzgylary görkezildi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary synlap, olar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy hem-de binalaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly taýýarlanylan taslamalar görkezildi. Onda esasan-da, Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän dürli maksatly binalaryň taslamalary bar.

Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Ýurdumyzyň telekeçileri häzirki döwürde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerine işjeň gatnaşýarlar we milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz gurulýan binalaryň keşbinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyk we beýleki möhüm işleriň ählisinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şol bir wagtda ýaşaýyş jaýlary bina edilende olarda adamlaryň durmuşy üçin ähli amatlyklar üpjün edilmelidir, zerur düzümleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän oýlanyşykly hem-de jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, dürli maksatly binalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylmagy üçin şertleriň döredilmegi esasy wezipe bolup durýar.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow öz gezeginde hormatly Prezidentimize ministrligiň Gorag müdirliginiň edara ediş binasynyň taslamasyny görkezdi. Milli Liderimiz görkezilen taslama bilen tanşyp we olary umuman oňlap, gurulmagy meýillşedirilýän desgalarda netijeli işlemek we oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem paýtagtymyzyň bu künjeginde bar bolan desgalary abatlamak, olaryň durkuny täzelemek, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly işlenip taýýarlanylan taslamalaryň birnäçesi görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary umuman makullap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dürli maksatly binalaryň hemmesinde adamlaryň döredijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir hem-de binalarda halka edilýän hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýulmalydyr.

Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimize paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, şeýle hem bu ýerde paýtagtymyzyň merkezi künjeginde ýerleşýän Grand-“Türkmen” myhmanhanasynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly taslamalar görkezildi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary synlap, olarda döwrüň ruhunyň, binagärlik babada häzirkizaman gazananlarynyň we milli binagärlik ýörelgeleriniň äşgär duýulmalydygyny, şunda, olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra wise-premýer M.Artykow Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýaşaýyş jaýlarynyň we olaryň bezeg aýratynlyklary özboluşly beýan edilen taslamalaryny görkezdi. Görkezilen taslamalar paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyrynda bina ediler.

Bu tapgyrda aşgabatlylaryň müňlerçe maşgalalary täze jaýlara göçüp bararlar. Milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda hem şeýle binalaryň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary, umuman, oňlap, olaryň gurluşygynda häzirki zaman serişdeleriniň we ösen tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmalydygyny, iň esasy bolsa desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we öz wagtynda gurlup ulanylmaga berilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 14-nji tapgyrynda başlamagy hem-de paýtagmyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny we beýleki işlerini taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan hem-de gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň keşbini düýpli özgerden giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy özüniň täze möhüm tapgyryna gadam basyp, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ülňüleriniň häzirki talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge ugur alnandygyny tassyklaýar.

Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyry Aşgabadyň Seýdi we Mollanepes köçelerinden başlap, Tähran köçesine çenli dowam etdiriler. Şunlukda, bu künjekdäki ýeriň ýerleşiş derejesine onuň asyl durkuna üns berilmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýeriň ýerleşiş ýagdaýyna görä 3-4 gatly ýaşaýyş jaýlaryny we kottežleri gurmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, bu ugra degişli hünärmenler tarapyndan olaryň binagärlik çözgütlerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda ýaşaýyş jaýlaryny almak ýa-da aýratyn ýaşaýyg jaýlaryny gurmak üçin ähli raýatlarymyza ýeňillikli şertlerde uzak möhletleýin karzlary bermegiň tertibini kämilleşdirmek, ilatymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Şeýlelikde, häzirki döwürde şu Kararlan gelip çykýan wezipeleriň oňyn çözülmegi ugrunda ýörite maksatnama esasynda toplumlaýyn çärelere giň gerim berildi. Munuň özi häzirki döwürde halkymyzyň abadan ýaşaýşy, olaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz binalar gurlanda olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, döwrebap yşyklandyryjylaryň oturdylmagyna, gök zolaklaryň döredilmegine, iň esasy bolsa şäheriň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidigi barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Tanyşlygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz bu ýerde, esasan-da köpugurly “Aşgabat” stadionynyň töwreginde döwrebap gök zolaklaryň döredilmelidigini, künjegiň bagy-bossanlyga bürelmelidigini tabşyrdy. Munuň özi paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň has-da sagdynlaşmagyny we adamlar üçin ýaramly howa ýagdaýynyň emele gelmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu künjegiň tebigy aýratynlyklary we onuň asyl durky nazarda tutulyp, döwrebap binalaryň gurulmagy, seýilgäh toplumlarynyň emele gelmegi bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki çärä gatnaşan ýolbaşçylar bilen hoşlaşyp, olara öňlerinde durýan jogapkärli meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw etdi we bu ýerden ugrady.