Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň bilim ministri jenap Nabi Awjyny kabul etdi.
Myhman bilim ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanmak bilen, türkmen döwletiniň Baştutanyna, türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işlerde täze üstünlikleri arzuw eden, ýakynda Türkiýede bolan Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny gowşurdy.
Jenap Nabi Awji soňky ýyllarda täze ösüş sepgitlerine ýeten döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny belläp, Türkiýede türkmen Lideriniň köptaraply işine hem-de türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgerden hem-de ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi beren giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berilýändigini we hemmetaraplaýyn goldanylýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we dostlukly ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady, bu dostlukly ýurt bilen Türkmenistany asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-taryhy umumylyk hem-de dürli ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de giňeltmek baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň saýlanan Prezidenti bilen ýakynda bolan telefon söhbetdeşliginde bilim ulgamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek barada hem gürrüň bolandygyny belledi.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda döwrüň talabyna laýyklykda, bilim ulgamyny özgertmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işiň geçirilýändigini hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän okuwa geçmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini nygtady.
Mysal üçin, geçen okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň orta mekdepleri 12 ýyllyk okuwa geçdiler. Milli Liderimiz Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda bilim babatda hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek boýunça çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça, şol sanda ýokarda atlandyrylan ulgamda Türkmenistan bilen Türkiýe Respblikasynyň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Aşgabatda işleýän Halkara türkmen-türk uniwersiteti bu üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Döwlet Baştutanynyň belleýişi ýaly, häzirki wagtda türkmen paýtagtynda bu ýokary okuw mekdebiniň täze toplumynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar, onuň ýanynda türkmen-türk mekdebini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, Aşgabadyň bu künjeginde bilim toplumy kemala getiriler, ol bu möhüm ugurda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze äşgär nyşany bolar. Ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda milli Liderimiz we myhman möhüm bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde alnyp barylýan belli bir maksada gönükdirilen iş bilen bir hatarda öňden gelýän dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň esasynda guralan türkmen-türk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönüden-göni hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler, iki ýurtda hem şol gatnaşyklary kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Tejribe alyşmagy, özara saparlary we hünärmenleriň tälim almagyny, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň esasy bilim hem-de ylmy-barlag merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň wajypdygy aýratyn nygtalyp geçildi.
Myhman ata Watanda bolmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp, bu künjegiň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmeleri hem-de üstünlikleri beýan edýändigini nygtady. Şeýle hem jenap Nabi Awji şu ýyl Ankaradaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda beýik türkmen şahyrynyň 290 ýyllygy mynasybetli giň möçberli dabaralaryň geçirilendigini we Gündogaryň akyldar şahyrynyň mertebesiniň belende göterilendigini aýtdy. Munuň özi türkmen we türk halklarynyň gadymdan gelýän doganlyk aragatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna güwä geçýär.
Şeýle hem Türkiýäniň bilim ministri duşuşygyň barşynda şu ýylyň 28-nji awgustynda Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmak üçin iberen çakylygyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi we türkmen-türk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi . Bu babatda milli Liderimiz Türkiýäniň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň bilim ministri Nabi Awjy, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we iki doganlyk ýurtlaryň hem-de olaryň garyndaş halklarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze mazmuna eýe bolup, depginli ösjekdigine berk ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soň, “Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu waka möhüm ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak meselelerine iki döwletiň işjeň üns berýändiginiň aýdyň tassyklamasy boldy.

* * *