Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky dördünji maslahaty boldy. Oňa degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary babatda işlenip taýýarlanan birnäçe kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalary girizildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary döwlet Baştutanymyzyň täze çagyrylyşyň deputatlarynyň öňünde kesgitlän esasy weziepelerine laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk- hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar. Kanunlaryň taslamalarynyň ählisi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerini hem-de halkara-hukuk standartlarynyň talaplaryny nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar. Deputatlar täze kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini belläp, olaryň ählisiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-medeni taýdan üstünlikli ösdürmek üçin hukuk binýadyny pugtalandyrmaga , şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň has-da rowaçlanmagyna we halkara giňişliginde onuň abraýyny artdyrmaga ýardam etjekdigini nygtadylar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy ulgamyň paýynyň artdyrylmagynyň eýeçilik hukugyny we gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunlaryň mundan beýläk-de kämilleşdirmegini talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň hususy telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, hususylaşdyrmak, maliýe bazarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek, ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, şeýle hem birža işini kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlary boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini seljermegiň wajypdygy bellenildi.
Mejlisiň deputatlary öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem arbitraž boýunça Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynyň düzgünlerini nazara almak bilen, “Halkara täjirçilik arbitražy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarladylar. Ol ýurdumyzda arbitraž institutynyň häzirki zaman we netijeli guralyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Täze kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi döwlet kazyýetleriniň işini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem Türkmenistanda maýa goýum işini işjeňleşdirmäge ýardam eder. Bellenilişi ýaly, bu kanunyň güýje girizilmegi geljegi uly türkmen bazarynda işleýän daşary ýurt kompaniýalary we firmalary netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek üçin goşmaça mümkinçiligi açar.
Maslahatyň barşynda “Daşary ykdysady iş hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Türkmenistanyň dünýäniň ykdysadyýetine netijeli goşulmagy üçin şertleriň üpjün edilmegi, daşary ykdysady iş amala aşyrylan mahalynda milli ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň höweslendirilmegi we Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegi şu Kanunyň taslamasynyň esasy maksatlary bolup durýar. Deputatlar kanunyň taslamasynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň tassyklanylmagynyň daşary ykdysady işi mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda, daşary ykdysady işiň subýektleriniň, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň we sarp edijileriniň kanunçylyk hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek işinde möhüm ädim boljakdygyny bellediler.
Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. “2013-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda, öňdebaryjy gazananlary hem-de innowasion usullary ulanmagyň esasynda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, täze elektrik beketleriň, elektrik geçirijileriň, döwrebap tok paýlaýjy kiçi beketler toplumlarynyň, paýlaýyş ulgamlarynyň sany artýar. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guralýan elektroenergetika ulgamyna degişli desgalaryň diňe bir öz ýurdumyz üçin däl, eýsem sebit üçin ähmiýetli bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilkinji nobatda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hut şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda elektrik energetikasy babatda döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýän we innowasion energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary we enjamlary ulanmak esasynda ýurduň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirilen “Elektrik energetikasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde saglygy goraýyş ulgamynyň işini, şol sanda iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmek babatda anyk wezipeler goýuldy. Şundan ugur almak bilen, milli parlamentiň deputatlary nobatdaky maslahatyň çäklerinde “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu kanunyň täzeden işlenmeginiň maksady iýmit önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary dolandyrmagyň bir bitewi hukuk esaslaryny döretmekden ybaratdyr.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem garaldy. Ol bu ulgamda hukuk-ykdysady we guramaçylyk esaslary belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmaga, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ylym ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle möhüm kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi innowasion taslamalary işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga ýardam etmelidir. Ahyrky netijede bolsa, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün eder.
Maslahatyň barşynda deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de ýokary tehnologiýalaryň ornuny kesgitlemek, şeýle hem ylmy ösdürmek, onuň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze Tehnologiýalar merkeziniň öňünde goýlan wajyp wezipeleri çözmek bilen baglylykda işlenip taýýarlanan “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalarynyň düzgünlerine, şeýle hem dünýä tejribesini hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylan bu Kanun ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, guramaçylyk, ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda ekologiýa medeniýetini we degişli hukuk aňyny kemala getirmäge, daşky gurşawy goramaga, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar. Tebigaty goramak, ekologiýa seljermesi boýunça döwlet topary we galyndylary gaýtadan ulanmak hakyndaky hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, şu maslahatda “Ekologiýa seljermesi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu kanunyň taslamasynyň esasy maksady ekologiýa seljermesi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge we meýilleşdirilýän hojalyk hem-de beýleki işiň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga, atçylygy hem-de atçylyk sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Atçylaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi türkmen atçylyk sungatynyň has-da ösmegine kuwwatly itergi berdi. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamy ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen Türkmenistanyň hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarladylar.
Deputatlaryň garamagyna “Feldýeger aragatnaşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Bu kanun feldýeger aragatnaşygynyň wezipelerini, olara amal etmegiň hukuk esaslaryny we ýörelgelerini, feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň, şeýle hem olaryň işine gözegçilik etmegiň tertibini kesgitleýär.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, milli parlamentiň deputatlary “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Döwlet sylaglary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Deputatlaryň garamagyna “Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň Temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny ýok etmek hakynda Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1978-nji ýyldaky Teswirnama bilen üýtgedilen 1973-nji ýyldaky Gämiler tarapyndan deňziň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara Konwensiýasyny üýtgetmek baradaky 1997-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygy (Aşgabat Ylalaşygyny) durmuşa geçirmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda”, “Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň üçünji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda”, “Türkmenistanyň Konstitutsiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň ýanynda gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we tertipleşdirmek boýunça topary döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylan döwürde gelip gowuşýan teklipleri seljermek baradaky iş toparyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň 2014-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary hödürlenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky dördünji maslahatynyň ahyrynda deputatlar täze kanunlaryň her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolmalydygyny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goragynda durmalydygyny, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan oňyn özgertmelerini üstünlikli ilerletmäge ýardam etmelidigini bellediler. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa ata Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.