Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýaynyň “Mitsubishi Сorporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýaynyň “Mitsubishi Сorporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 847
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mitsubishi Сorporation” kompaniýasynyň prezidenti we Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Ken Kobaýaşini kabul etdi.

Myhman kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda bolup geçen uly özgertmeleriň haýran galdyrýandygyny hem-de Hazaryň kenarynda batly depgin bilen ösdürilýän, jana şypa berýän howaly, diýseň arassa suwly we köp ugurlar üçin niýetlenen suwa düşülýän ýerleri bolan"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň şol özgertmeleriň ajaýyp nyşanlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz iri ýapon işewür toparlarynyň wekilini mähirli mübärekläp, milli ykdysadyýeti düýpgöter özgertmek boýunça amala aşyrylýan strategiýada giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem-de dünýäde tanalýan kompaniýalaryň tejribesiniň we tehnologiýalarynyň işjeň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Mitsubishi Сorporation” kompaniýasynyň hem şolaryň hataryna goşulýandygyny, onuň innowasion önüminiň hiliň we ygtybarlylygyň özboluşly kepiline öwrülendigini aýtdy.

Işewür ençeme ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen we dünýäniň köp ýurtlarynda üstünlikli işleýän kompaniýanyň batly depgin bilen ösýän türkmen bazaryna gatnaşygyny giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, ýakyn onýyllyklarda ýurdumyzyň ösüşinde ileri tutulýan we esasy ugurlary göz öňünde tutmak arkaly işlenip taýýarlanan täze teklipleriň birnäçesini türkmen döwletiniň Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz dünýäde tanalýan öňdebaryjy kompaniýalar tarapyndan gyzyklanma bildirilmeginiň oňlanýandygyny hem-de ýurdumyzyň deňhukuklylyk esasynda özara peýdaly, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk edilmegine taýýardygyny belläp, ýaponiýaly hyzmatdaşlar tarapyndan hödürlenýän teklipleriň ählisi bilen jikme-jik tanyş bolmagyň maksat edinilýändigini aýtdy.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda bütin dünýäde belli ýapon korporasiýasynyň işläp taýýarlamalaryny ulanmagyň hem-de bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda Ýaponiýanyň işewürleriniň möhüm ähmiýetli orny eýeleýändigini belläp, sebitde örän uly we Merkezi Aziýada heniz deňi-taý bolmadyk döwrebap karbamid zawodynyň gurluşygy boýunça ýene-de bir uly möçberli taslama badalga berilýändigini kanagatlanma bilen aýtdy.

Ken Kobaýaşi Türkmenistanyň uly möçberli özgertmelere esaslanýan syýasaty işjeň durmuşa geçirmek arkaly, sebitde ykdysady ösüş boýunça öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigini bellläp, ýaponýaly hyzmatdaşlara ynam bildirilendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar täze iş orunlarynyň döredilýändigini we halkara bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümiň öndüriljekdigini göz öňünde tutup aýdanyňda, hemmelere ykdysady taýdan bähbitli bolan täze we möhüm ähmietli taslamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşjakdygyny belledi.

Myhman häzirki wagtda tutuş dünýäde “Mitsubishi Сorporation” kompaniýasy tarapyndan uly zawodlaryň 30-a golaýynyň açylandygyny belläp, ygtybarly we geljegine örän uly umyt baglanýan hyzmatdaş diýlip hasaplanýan Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Mitsubishi Сorporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Ken Kobaýaşi bilelikde işläp, oňyn tejribäniň toplanandygyny, şeýle hem ykdysady rowaçlygy we ösüşi maksat edinýän iki ýurduň halklarynyň arasynda öňden bäri ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary we ynamy göz öňünde tutmak arkaly, örän uly mümkinçiliklere eýe bolan köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.