Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli amerikan kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça prezidenti jenap Rikardo Kordobany kabul etdi. Şeýle hem duşuşyga “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Gatnaşdy.
Jenap Rikardo Kordoba ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, “General Eleсtriс” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň ykdysady taýdan batly depginler bilen ösýändigini görkezýän Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika ulgamy boýunça öňden gelýän hyzmatdaşy bolan“General Eleсtriс” kompaniýasy bilen bilelikde hereket edmegiň netijelerine kanagatlanma bildirdi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda ulanmaga berlen täze elektrik beketleriniň birnäçesinde bu iri kompaniýanyň öndüren kuwwatly gaztrubina enjamlary ornaşdyrylandyr. Häzirki wagtda iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin oňat mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Duşuşygyň barşynda öňdebaryjy tehnologiýalary we iň täze ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmagyň esasynda Türkmenistanyň energetika ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamlaryny hasaba almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Hususan-da, “General Eleсtriс” kompaniýasy tarapyndan Mary welaýatynda bug we gaz arkaly işleýän desganyň binýadynda toplumlaýyn görnüşdäki elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasy, şeýle hem energetika boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw merkezini döretmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň serwis hyzmaty hem-de Mary şäherindäki Döwlet energetika institutynyň binýadynda türkmen elektroenegetikasy üçin ökde hünärmenleriň taýýarlanmagyny guramak boýunça işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Jenap Rikardo Kordoba öz wekilçilik edýän kompaniýasynyň halkara derejesinde özüni örän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin işewür gatnaşyklary dowam etdirýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtap, ýurtda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Işewüriň ynandyrmagyna görä, “General Eleсtriс” kompaniýasy Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin öz tarapyndan ähli tagallalary eder, muňa kompaniýanyň ýolbaşçylary ýokary derejede gyzyklanma bildirýärler.
Mumkinçilikden peýdalanyp, jenap Rikardo Kordoba "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda - Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenar ýakasynda halkara derejeli şypahanany döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň hakykatdan-da haýran galdyrýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda, geçen ýyllaryň dowamynda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygyň täze bilelikdäki taslamalarda üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.