Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Işewür duşuşmagа mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän we bütin dünýäde belli kompaniýasynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurduň ykdysady rowaçlygyna, halkyň abadançylygyna gönükdirilen uly möçberli taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga içgin gyzyklanma bildirýändigini aýratyn belledi.
Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda türkmen we türk halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň özara bähbitlere laýyk gelýän täze derejä ýetirilendigini hem-de soňky ýyllarda milli we sebit derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan bilelikdäki taslamalaryň onlarçasynyň amala aşyrylmagynyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi we türkmen tarapynyň ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrmak arkaly, has täze işläp taýýarlamalara, ep-esli derejedäki ylmy we önümçilik kuwwatyna eýe bolup durýan köp sanly türk kompaniýalarynyň şu ýyllarda ýurdumyzda üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman dürli ugurlar, şol sanda möhüm ähmiýete eýe bolan energetika ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ahmet Çalyk Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň we Mary welaýaýtynda täze kuwwatly elektrik bekediniň gurluşygynyň ynanylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu uly möçberli taslamalaryny ýokary hilli we bellenilen möhleterde amala aşyrmak üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde gurulýan gaz turbinaly elektrik beketleriniň ählisiniň has kämil enjamlar bilen üpjün edilýändigi hem-de munuň Türkmenistanyň batly depgin bilen ösýän ykdysadyýetini pugtalandyrmakda we onuň kuwwatyny artdyrmakda örän möhüm ähmiýetlidigi bellenildi.
Şeýle hem myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de kompaniýa ynanylan taslamalary amala aşyrmagyň barşy barada aýdyp, ýola goýlan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde ileri tutulýan ugurlary we bu ýerde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri göz öňünde tutmak arkaly, geljekde-de ösdüriljekdigini belledi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak bilen bagly taslamalara içgin gyzyklanma bildirildi.
“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy aýdylan möhüm maslahatlar we teklipler üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň baglaşylan hem-de doganlyk türkmen halkynyň berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe uly möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklary gijikdirmän we göwnejaý hilli ýerine ýetirmekde öz tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.