Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 759
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky göçme mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň barşy we türkmenistanlylaryň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän myhmanhanalarda, sagaldyş merkezlerinde we kottejler toplumlarynda dynç alşyny guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi, ol Merkezi bankyň we Daşary ykdysady iş bankynyň buýurmalary boýunça bina edilýän häzirki zaman kottejleriniň, ýaht-klubuň we bäş ýyldyzly myhmanhananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer öz hasabatynyň çäklerinde gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyny beýan edýän slaýdlary görkezdi. Şeýle hem garamagyndaky düzümleriň hasabynda bolan “Hazyna” myhmanhanasynda we “Şapak” kottejler toplumynda ýurdumyzyň raýatlarynyň göwnejaý dynç almagy üçin oňyn şertler döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar aýdyldy.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary şeýle hem Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyndaky ýokary tizlikli awtomobil ýoluny (awtobany) gurmak bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ministrlik tarapyndan bu ýoluň gurluşyk işlerini ýokary hilli amala aşyrmak üçin maslahat beriji kompaniýa saýlanyp alyndy. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi tarapyndan bu kompaniýanyň işjeňligine seljerme geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň ähli babatda ýokary ýaşaýyş derejesini döretmegiň zerurdygyny, şol sanda dünýä derejesine laýyk gelýän dynç alyş we syýahatçylyk düzümlerini döretmek türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Bu wezipe şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmekde hem esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda ajaýyp sagaldyş merkezleri, myhmanhanalar, şeýle hem Hazaryň kenarynda peýda bolan syýahatçylyk ulgamynyň beýleki desgalarynyň birnäçesi hyzmatlaryň doly toplumy bilen Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan gülläp ösmeginiň ygtybarly binýadyny döretmäge ýardam berýän özgertmeleriň aýdyň netijeleridir.

Şunuň bilen birlikde Awazany gurmagyň meýilnamalaryny hasaba almak bilen bu künjek ýylyň ähli pasyllarynda hem şypahana merkezi bolmalydyr we häzirki zaman meýillerine laýyklykda gyşky dynç alyş hem ösdürilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Dynç almaga gelýän her bir adamyň özüni arzyly myhman hökmünde duýmagy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz dynç alýanlaryň öz wagtyny oňyn we amatly şertlerde geçirmegi üçin hem-de myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň we kottej toplumlarynyň otaglarynda tertip-düzgüniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň (awtobanyň) gurluşygy bilen bagly mesele barada durup geçip, abraýly halkara guramalary, şol sanda IRU bilen, şeýle hem “Ýewropa –Kawkaz-Aziýa” ulag geçelgesini ösdürmek boýunça sebitara maksatnamasynyň (TRAСEKA) çäklerinde zerur bolan işleri geçirmegiň möhümdigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol geçirilýän işler barada hasabat berip, Daşary işler ministrliginiň garamagynda we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Ýüpek ýoly” kottejler toplumynda göwnejaý dynç almak üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem 11-12-nji awgustda DIM-niň wekiliýetiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-gazak syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde iki doganlyk halkyň berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygy nygtaldy. Türkmenistan bilen Gazagystan köp ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni--gumanitar ulgamlarda netijeli gatnaşyk edýärler. Türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermäge niýetlenen transmilli gaz geçirijisiniň hem-de diňe bir sebit däl, eýsem halkara ähmiýetine eýe bolan Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýol geçelgesiniň gurluşygy ýaly iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Şunda yzygiderli guralýan özara saparlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geňeşmeleriň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-2016-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşar işler ministrliginiň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti we Premýer-ministri tarapyndan kabul edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa salam aýtdylar we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin has amatly şertleri döretmegiň we ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu ýerde oňat dynç almak üçin ähli şertleriň diňe bir tomus möwüminde däl, eýsem ýylyň bütin dowamynda üpjün edilmelidigini nygtap, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna bu mesele babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Gazagystany ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny we onuň bilen mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, dürli ulgamlarda ikitarpalaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Bu mümkinçilikleriň netijeli peýdalanmagy bolsa umumy abadançylyga hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna nobatdaky möhüm sahypalary ýazjak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparyna taýýarlyk görmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hakynda slaýdlary görkezmek arkaly garamagyndaky düzümleriň buýurmasy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň degişli kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň bu sebitinde dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça dürli maksatly desgalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Esasy desgalaryň hatarynda Kongresler merkezi, 300 orunlyk bäş ýyldyzly 12 gatly myhmanhana we beýleki desgalar bar.

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän kottežler toplumynda şu tomus günlerinde dynç alşyň guralyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny kemala getirmek boýunça taslamanyň ýakyn onýyllyk üçin Türkmenistanyň strategiki meýilnamalarynda aýratyn orny eýeleýändigini we şonuň üçin hem dünýäniň birnagärlik we inžener-tehniki pikiriniň iň öňdebaryjy gazananlarynyň ählisini özünde jemlemelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyny mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de onuň üçin has amatly şertleri döretmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň ähmiýetini nygtap, bu künjegiň ähli babatda, şol sanda ekologiýa taýdan arassaçylyk nukdaýnazaryndan nusga bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem dynç alýanlar üçin medeni-köpçülikleýin çäreleriň guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz wise-premýere, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysyna hem-de degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, bu taslamalaryň meýilnamalaşdyrylan möhletlerde tamamlanmalydygyny aýdyp, olaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda gowaçalara ideg edilýär, ýagny hatar aralary bejerilýär, suw tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we gowaçanyň ujy çyrpylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda sürüm işleri dowam edýär, güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen ekerançylyk meýdanlarynda ýerler tekizlenilýär, gurplandyrylýar tohum taýýarlanylýar.

Wise-premýer şeýle hemTürkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň “Hasyl” dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýanlara hyzmatlaryň guralyşy barada hasabat berdi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda deňiz şypahanasynyň çäklerini kesip geçýän emeli derýanyň kenarlarynda ýerleşen ýaşyl dynç alyş zolagyny döretmek hakyndaky habar berildi. Bu ýerde ýerli toprak--howa şertlerine uýgunlaşan baglaryň dürli görnüşleri, gül ekilýär, energiýa we suw üpjünçilik desgalary gurulýar, heýkeller oturdylýar.

Mundan başga hem Hazaryň kenarynda attraksiýonlar bolan seýilgähiň gurluşygy alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 50 müň kub metr suwa barabar bolan suw süýjediji enjam gurulýar, ol "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny we Türkmenbaşy şäherini suw bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere pagtanyň ýetişdirilen bol hasylyny isripsiz ýygnamak, agrotehniki möhletlerde güýzlük bugdaýyň ekişini geçirmek üçin bu möhüm oba hojalyk möwsümlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagy üpjün etjek ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, wise-premýere ekerançylygyň medeniýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, şol sanda öňdebaryjy agrotehnologiýalary hemme ýerde ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz deňiz kenarynda tomusky dynç alyş guramak meselelerine geçip, halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlaryň ýokary derejesi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly “ýüzüne” öwrülmelidir diýip nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmek maksady bilen, syýahatçylyk, şypahana işi hem-de myhmanhana işewürligi babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini mundan beýläk-de öwrenmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek meselelerine geljekde hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy, milli syýahatçylyk zolagynyň çäkleri ýakyn geljekde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ajaýyp bagy-bossanlyga, gülläp ösýän künjege öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda seýilgäh toplumlaryny döretmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu künjekde bar bolan baglara ideg etmek işleriniň derejesiniň pesdigi, bag-nahallaryna degişli gözegçiligiň ýola goýulmandygy üçin ýurdumyzyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowyň işine nägilelik bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokuror A.Hallyýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň şeýle hem 2014-nji ýylda ýetişdirilen galla hasylynyň elewatorlara daşalyşyna, ýerleşdirilişine we talabalaýyk saklanylyşyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýet durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygy üpjün etmek boýunça prokuratura edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Baş prokurora milli ykdysadýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalyk ulgamynda kanunçylygyň berk berjaý edilmegine talabalaýyk gözegçilik etmäge degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy boýunça hem-de nebitgaz ulgamynyň düzümleýin edaralarynyň gatnaşmagynda Hazaryň kenarynda guurlýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şol desgalaryň hatarynda Kongresler merkezi, akwapark, 350 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhana, arassalanan suwlary ýygnamak üçin niýetlenen howdan we beýlekiler bar.

Hasabatyň çäklerinde degişli çyzgylar, slaýdlar we suratlar görkezilip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda agaç nahallaryny ekmek bilen baglanyşykly taslamalaryň ilerledilişi barada, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabyny abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Bu ýerde gurulýan desgalaryň hatarynda häkimligiň, edara binasy, polisiýa we jemagat hojalygy bölümleriniň binalary, 320 okuwçy üçin umumybilim berýän mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk merkezi, ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy, inžener-tehniki desgalar bar.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda sport toplumyny gurmak hakyndaky” kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny has-da giňeltmegiň Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, tebigatyň bu özboluşly künjeginiň ähli mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek, türkmenistanlylaryň dynç almagy hem-de saglygyny pugtalandyrmagy üçin oňaýly şertleri üpjün etmek zerurdyr, çünki adamlar, olaryň abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugrudyr.

Milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap dynç alyş düzümini döretmäge, dürli dynç alyş merkezlerini, şeýle hem Hazaryň kenarynda her hili çäreleri we ýaryşlary, şol sanda halkara derejesinde geçirmek üçin niýetlenilen sport toplumlaryny gurmaga oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine aýratyn üns berdi. Bu ulgamyň desgalarynyň taslamasy düzülen we olar gurlan mahaly iň oňat dünýä tejribesi, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik-binagärlik pikiri hem-de özboluşly bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz tutuşlygyna alnanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda sport toplumyny gurmak hakyndaky” kararyň hödürlenen taslamasyny makullap we oňa gol çekip, wise-premýere şu resminamany ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny halkara festiwallar merkezine öwürmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem bu ýerde ilatyň medeni dynç alşyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasasbat berdi. Soňky ýyllarda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda medeniýet we sungat işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, giňden tejribe alyşmaga, dostluk we dgöredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurdumyzyň medeniýetini we syýahatçylyk mümkinçiliklerini bütin dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam eldýän halkara döredijilik forumlaryny yzygiderli geçirmegiň ajaýyp däbe öwrülendigi bellenildi. Bu ýerde 12-14-nji awgustda "Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäre hem köp sanly dynç alýanlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Olar döredijilik forumynyň konsertlerine we beýleki çärelerine uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky “Şowhun” döwrebap kottejler toplumynyň ulanylyşy barada hasabat berildi. Bu toplum 2013-nji ýylyň iýun aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Wise-premýer kottejler toplumynda hödürlenýän hyzmatlar barada durup geçdi.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berildi. Hususan-da, milli senenamamyzyň şanly senelerine – Bilimler we talyp ýaşlar gününe, Ruhnama gününe, Energetika senagatynyň işgärleriniň gününe taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, sentýabr aýynyň dowamynda ýurdumyz boýunça täze gurlan orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp geçiriljek çäreleriň hatarynda Aşgabat şäherindäki Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň açylyş dabaralary, baýramçylyk dabaralary we “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçiriljek konsert bar.

Wise-premýer pudaklaýyn desgalaryň birnäçesiniň açylyşyna we halkara forumlaryna gabatlanyp geçiriljek dabaralar barada hem durup geçdi. Döredijilik çäreleriň hatarynda zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Mekdep medeni-sport festiwaly görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni meýilleşdirilen ähli çäreleriň we halkara forumlarynyň ýokary derejede guralmagy bilen bagly meselä çekdi. Şol çäreler türkmen jemgyýetini ruhy taýdan kämilleşdirmäge, milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň medeni isleglerini doly kanagatlandyrmaga, umuman, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilmelidir.

Milli Liderimiz tomusky dynç alyş döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda medeni çäreleri köpçülikleýin guramagyň, munuň üçin deňziň kenarynda ýerleşýän amfiteatryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň wajypdygyny aýratyn nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Şowhun” kottejler toplumyny ulanmak bilen bagly meseleler barada durup geçip, bu toplumyň raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda, ulgamyň işgärleriniň dynç alyş merkezine öwrülmelidigini nygtady. Olar bu ýerde mundan beýläk-de döredijilik işi üçin güýç toplap bilerler. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz iri döredijilik çärelerini geçirmek üçin bu toplumyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin medeni çäreleri üpjün etmek babatda utgaşdyryjy merkez bolup biler.

Bu künjekde dynç alýanlaryň her bir gününiň şatlykly pursatlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenmeginde medeniýet we sungat ussatlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ýerde şygryýet agşamlarynyň, maksatnamalaýyn medeni çäreleriň guralmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet durmuş syýasatynyň hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmegiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işleriň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky 12 gatly “Seýrana” myhmanhanasynyň hem-de “Daýanç” sagaldyş merkeziniň ulanylyşy barada habar berdi. Olarda işgärleriň işlemegi üçin döredilýän şertler, myhmanlara halkara ülňülerine laýyklykda hyzmatlaryň guralyşy barada aýdyldy. Belenilişi ýaly, dyçn alyş merkezleriniň bnýadynda dürli çäreler, şol sanda halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilýär.

Wise-premýer slaýdlar arkaly "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda seýilgähiň gurluşygy barada hem habar berdi. Umumy meýdany 5,5 gektardan gowrak bolan täze ýaşyl dynç alyş zolagy “Awaza” myhmanhanasynyň we “Arzuw” sagaldyş merkeziniň aralygynda gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Durdymyradowa ýüzlenip we onuň işine nägilelik bildirip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge ýardam etjek mahabat işine has döredijilikli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi we bu ugurda işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Awazanyň myhmanhanalarynda we sagaldyş merkezlerinde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömek ulgamynyň sazlaşykly işlemegini, şol sanda lukmanlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer S.Toýlyýewe bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hasabaty dowam edip, Dünýä türkmenleriniň ynsenperwer birleşiginiň XVII maslahatyny çagyrmaga görülýän taýýarlyk barada habar berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek forumyň barşynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri hem-de dünýä türkmenleriniň arasynda medeni- gumanitar hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahata dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň we berkitmegiň, beden we ruhy taýdan ösmegi üçin şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, sagdyn durmuşy üpjün etmegiň türkmenistanlylar üçin esasy ýörelge bolmalydygyny nygtap, munuň ýurdumyzyň üstünlikli ösdürilimeginiň ygtybarly esaslarynyň biri boljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz “Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahatyny çagyrmak hakyndaky” kararyň taslamasyna gol çekip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtdaky watandaşlarymyz bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady. Bu birleşigiň işi Türkmenistan bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge, türkmen halkynyň köp asyrlyk baý taryhy-medeni mirasyny we onuň täze taryhy eýýamda gazanýan ajaýyp üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwletimiz mundan beýläk hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işine uly üns berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ornubasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan döwrebap sport toplumynyň gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 28 gektarda ýerleşjek bu desganyň gurluşygy ýurdumyzyň “Myradym” hususy kärhanasyna ynanyldy.

Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berip, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini tertipleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen seljeriş işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky çagyl-çäge serişdelerini öndürýän kän hojalyklaryny we olaryň çig mal ýataklaryny Senagat ministrligine bermek baradaky Kararyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer milli himiýa senagatynyň senagat kuwwatyny artdyrmak bu pudak tarapyndan çykarylýan önümleriň, şol sanda oba hojalygynda giňden sarp edilýän mineral dökünleriň möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawody gurmak we bu zawody maliýeleşdirmek baradaky kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi, şeýle hem bu kärhananyň 18-nji awgustda meýilleşdirilen düýbüniň tutulyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu iri senagat desgasynyň gurluşygy Ýaponiýanyň “Mitsubishi Сorporation” we Türkiýeniň “Gap Inşaat” kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylar. Olar degişli halkara bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de magdan däl gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini tertipleşdirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçip, hödürlenen resminamanyň taslamasyny oňlady we degişli karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bina edilýän dürli ähmiýetli köp sanly desgalaryň ählisini bu gurluşyk serişdeleri bilen doly möçberde üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidiginiň möhümdigini, tebigy serişdeleri netijeli we tygşytly peýdalanmagyň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mill Liderimiz täze iri senagat toplumy bolan Garabogazda karbamid zawodyny gurmak baradaky meselä geçip, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň bütin sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir etjekdigini, ýüzlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjekdigini we umuman, ýurdumyzyň ykdysady hem-de eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň munuň üçin hemme zerur bolan şertlere we mümkinçiliklere, şol sanda baý tebigy serişdelerine eýedigini belläp, degişli karara gol çekdi we wise-premýere täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, bu ähmiýetli desgada işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmek meselesi barada durup geçip we bu ýerde gurulýan desgalaryň ählisinde işleriň ýokary hilli öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, degişli ýolbaşçylaryň özleriniň garamagyndaky täze gurluşyklardaky işleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurduymzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hususy ulgamyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak üçin dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna ýurdumyzyň telekeçilerini işjeň çekmegi tabşyrdy.

Soňra ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow çykyş etdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda binalar we desgalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar, şeýle hem bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, içerki we daşarky eltiji inženerçilik kommunikasiýalarynyň we elektrik, suw üpjünçilik desgalarynyň, awtomobil ýollarynyň dürky täzelenýär. Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça 300 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhana, şeýle hem 266 awtoulaga niýetlenen köp derejeli duralga gurulýar. Milli Liderimize bular barada, şeýle hem türkmenistanlylaryň “Kuwwat” myhmanhanasynda dynç alşynyň guralyşy hakynda hasabat berildi.

Wise-premýer indiki meselä geçip, häzirki wagtda elektroenergiýanyň artykmaç bölegini daşary ýurtlara ugratmagy artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň serhedine çenli kiçi beketleriň we ýokary woltly elektrik geçirijileriň gurluşyklary güýçli depginlerde amala aşyrylýar. Bu bolsa ahyrky netijede türkmen elektrik energiýasyny üstaşyr Pakistana, Täjigistana we beýleki goňşy döwletlere ibermäge mümkinçlik berer.

Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem täze önümçilik desgalarynyň ygtybarly energiýa üpjünçiligi üçin zerur bolan ýokary woltly elektrik geçiriji howa ulgamlaryny we kiçi beketler toplumyny gurmak maksady bilen, Lebap we Mary welaýatlarynda jemi dokuz desganyň – 900 kilometrden gowrak bolan ýokary woltly elektrik geçirijileriniň bäşisiniň we kiçi beketleriň dördüsiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Häzirki wagtda güýjenmesi 220 kW bolan ýokary woltly elektrik geçirijileriniň üçüsiniň: uzynlygy 86,52 km bolan “Serdar-Farap”; uzynlygy 264,63 km bolan “Farap-Watan”; uzynlygy 124,48 km bolan “Pelwert-Atamyrat” ýokary woltly elektrik geçirijileriniň gurluşygy tamamlandy. “Mary DES 500 kв”, 220 kW “Watan” we “Farap” kiçi beketleriniň durky täzelendi. Uzynlygy 388,17 km we güýjenmesi 500 kW bolan “Mary DES-Atamyrat” hem-de 62,06 km “Atamyrat-Andhoý” ýokary woltly elektrik geçirijisiniň, şeýle hem güýjenmesi 500/220/110 kW “Atamyrat-podstansiýasynyň” gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Wise-premýer türkmen elektrik energiýasyny doly möçberde kabul etmek üçin Owganystanyň döwlet energetika korporasiýasynyň 2018-nji ýyla çenli ýokary woltly elektrik geçirijisiniň birnäçesini bina etmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu bolsa elektrik energiýasyny Owganystandan üstaşyr Paksitana ibermäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda döwletimiziň goldamagy bilen häzirki hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we olaryň täze döwrebaplaryny gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýänligini, elektrik geçirijileriniň täze ugurlarynyň çekilýändigini, paýlaýjy kiçi elektrik beketleriniň bina edilýändigini, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly nokatlarynyň energiýa üpjünçilik ulgamynyň täzelenýänligini nygtady.

Ýurdumyzyň elektroenergiýa ulgamyndaky kuwwatlyklaryň artdyrylmagy energiýanyň daşary ýurtlara, esasan-da, Owganystana iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün eder diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň sebitiň halklarynyň bähbidine gönükdirilýändiginiň subutnamasydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin Prezident maksatnamasyna laýyklykda, bu möhüm pudaga maýa goýumlarynyň möçberiniň hemişe artdyrylýandygyny nygtady. Şeýlelik bilen, şäherleriň we obalaryň, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň elektrik energiýasy bilen üznüksiz we ýokary hilli üpjün ediljekdiginden başga-da, elektroenergiýany daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini 5 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz goşmaça kuwwatlyklary ulanyşa tabşyrmak meseleleriniň üstünde durup geçip, bu ugurda işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektroenergiýanyň içerki ulanyşda her ýylda barha artýan sarp edijiligi durnukly üpjün etmäge, şeýle hem bar bolan we täze ugurlar boýunça onuň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlaryň we serişdeleriň ulanylmagyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Awaza etrabyny we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, halkara ülňülerine laýyklykda türkmenistanlylara we köp sanly daşary ýurtly myhmanlara oňat dynç almak üçin şertleri döretmek babatda geçirilýän işleriň wajypdygyny belläp, gurulýan desgalaryň hilini we möhletlerini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem garamagyndaky myhmanhanalarda, dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde edilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynyň buýurmasy boýunça gurulýan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Bereket” myhmanhanasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Täjir” dynç alyş toplumynda dynç alýanlar üçin medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýyl açylan täze döwrebap söwda merkezinde haryt bolçulygyny üpjün etmek hem-de edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda geçirilýän işler barada habar berildi.

Wise-premýer Eýran Yslam Respublikasynyň IX ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, bu sergini 20-22-nji awgustda türkmen paýtagtynda geçirmegiň meýilleşdirilýändigini, öňümizdäki ykdysady gözden geçirilişe eýran tarapyndan 120 kompaniýadan 320 wekil gatnaşar.

Sergide häzirki zaman gurluşyk serişdeleri we enjamlary, nebitgaz, energetika, azyk senagaty, suw hojalygy, söwda, sport ulgamy, ulag, inžener-tehniki hyzmatlar we ösen tehnologiýalar baradaky ekspozisiýalaryň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu çäräniň çäklerinde, şeýle hem 21-nji awgustda Eýranyň döwlet guramalarynyň we iri kompaniýalarynyň 65 wekiliniň gatnaşmagynda türkmen-eýran işewürler maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň merkezi edarasyny şu birleşme tarapyndan Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulýan täze işewürlik merkezinde ýerleşdirmek baradaky teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezleriniň mümkinçiliklerinden diňe bir tomusda däl, eýsem beýleki möwsümlerde hem netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Çünki, bu ýerde ýylyň islendik paslynda maşgala bolup dynç almak üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, isleg bildirýänleriň ählisiniň dynç alyş merkezlerinde bar bolan naharhanalaryň ýa-da bu künjekde ýerleşýän restoranlaryň ýokary hilli hyzmatyndan peýdalanyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz Awazanyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada aýdyp, bu ugurdaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek we bu ýere gelýänlere hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere hem ýurdumyzyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň ykdysady bähbitleriniň esasynda ösdürilýändigini nygtady. Serginiň işiniň netijeleri biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ugurlarynyň giňeldilmegine, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz türkmen-eýran işewürler maslahaty barada durup geçip, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda döwletara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini içgin seljermegiň hem-de özara gatnaşyklaryň geljegi uly usullaryny kesgitlemegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermegiň ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, häzirki döwürde ykdysadyýetiň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýokary hilli önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek meselelerini çözmekde ýurdumyzyň işewürlerine aýratyn ornuň degişlidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileriniň halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de Türkmenistanyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli amala aşyrmaga saldamly goşant goşýandyklaryny aýdyp, teklibi makullady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçiligindäki ulgamlaryň buýurmasy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän 300 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi, häzirki wagtda Awazada gurulýan atraksionlar seýilgähi şöhlelendirilen slaýdlar görkezdi. Wise-premýer şeýle hem “Deňiz” we “Kerwen” myhmanhanalarynda dynç alşyň guralyşy barada habar berdi.

Wise-premýer Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny gowulandyrmak we giňeltmek boýunça geçirilýän işler, şol sanda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda täze sanly awtomatiki telefon stansiýalaryny gurnamak, ýerli analog stansiýalaryny sanly telefon stansiýalaryna geçirmek hem-de welaýat we etrap merkezlerinde uzakda ýerleşýän ilatly nokatlary telefonlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, häzirki wagtda satyn alnan sanly telefon beketleriniň ählisi Aşgabat şäherinde we welaýatlarda doly gurnalyp, ulanmaga berilendigini habar berdi. Bu telefon beketleri ýurdumyza häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän aragatnaşyk hyzmatlaryny hem-de ýokary tizlikli giň zolakly Internet hyzmatlaryny üpjün edýär. Welaýat we etrap merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlary telefonlaşdyrmak maksady bilen nobatdaky täze taslama işlenip taýýarlanyldy. Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda goşmaça 203 sany awtomatlaşdyrylan telefon beketlerini gurnamak meýilleşdirilýär, bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň welaýatlary boýunça jemi 182 ilatly nokatda 134656 belgili häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary tizlikli giň zolakly internet bermäge mümkinçiligi bolan sanly telefon beketlerini gurnamaga mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere täze desgalary, şol sanda attraksionlar seýilgähini gurmak meselesini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Bu seýilgäh ilatymyzyň, aýratyn hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan körpe türkmenistanlylaryň oňat dynç alýan ýerine öwrülmelidir. Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri barada durup geçip, ýurdumyzyň ilatyny ýokary derejeli aragatnaşyk hyzmatlaryny, şol sanda ýokary tizlikli giň zolakly Internet bilen üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we olary hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle hem daşary ýurtlaryň bu ugurdaky ylmy-tehniki gazananlaryny giňden öwrenmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy R.Kutlyýew Hazarýaka döwletleriň ulag ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin şu ýylyň 7-9-njy awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň gämiçilik, deňiz arkaly ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak, port düzümini ösdürmek ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we Hazaryň ekologiýa abadançylygyny saklamak, Hazar deňzi sebitinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, şeýle hem ulag ulgamynda döwrebap dolandyryş-hemra tehnologiýalaryny hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak babatda özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň barşynda Hazar sebitinde awtoulag gatnawlaryny hem-de awtomobil ýollarynyň ulgamyny, howa we demir ýol gatnawyny ösdürmäge degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amatly geoykdysady ýagdaýa eýe bolan Türkmenistanyň ýurdumyzy industrializasiýa ýoly bilen ösdürmegiň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini çaltlandyrmak, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýän möhüm şert hökmünde özüniň üstaşyr-ulag kuwwatyna birinji derejeli ähmiýet berlendigini nygtady. Şu maksatlar bilen “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” häzirki zaman ulag aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda deňiz, howa, demirýol we awtomobil gatnawlarynyň ulgamy yzygiderli kemala getirilýär, munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara peýdaly sebit hem-de sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenarynda täze, tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen deňiz menzilini gurmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň döwrüň wajyp wezipesidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” we Watanymyzyň flotynyň düzümlerini geljekde ösdürmegiň meseleleri Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Demirýol ministrlikleriniň, senagat toplumynyň ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň, deňiz ýakasyndaky şäheriň häkimliginiň, mahlasy, Hazar sebitinde öz işini amala aşyrýan ähli düzümleriň meýilnamalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr, özara baglanyşdyrylmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi, ol geçirilýän işler barada habar bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça birnäçe pudaklarda geçirilen barlaglaryň netijeleri we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ekilen bag nahallaryna ideg edilişiniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň öňünde Watanymyzyň okgunly ösüşine, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm wezipeleriň durýandygyny bellemek bilen, ýurdumyzda kabul edilen ähli pudaklaýyn maksatnamalaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna degişli tabşyryklaryň birnäçesini, şol sanda bu düzümiň işine öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak we tutuşlygyna gözegçilik-seljeriş çäreleriniň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky binalaryň we desgalaryň gurluşygynda, şeýle hem ekilen bag nahallaryna ideg edilişinde köpsanly kemçilikleriň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerine talabalaýyk gözegçilik etmändigi, ekilen bag nahallaryna ideg edilişine we seýilgähleriň saklanylyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň başlygy B.Hydyrowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra milli Liderimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy A.Gurbanowy eýelän wezipesinden boşatmak baradaky degişli Permana gol çekdi. “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bu konserniň başlygynyň orunbasary A.Sopyýewiň üstüne ýüklenildi.

Döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, bedew bady bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belentliklerine tarap okgunly barýan mähriban Watanymyz –Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.