Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça aýlanyp, dikuçaryň üstünden bu künjekde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Awazany mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm taslamalarynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem deňiz dynç alyş zolagynyň täze desgalarynyň ýerleşjek ýerleri bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň we wise-premýer S.Satlykowyň haýyşy boýunça dikuçardan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň gidişini, bu ýerde bina edilýän desgalaryň ýagdaýyny hem-de Awazada halkara ülňülerine doly laýyk gelýän mümkinçilikleriň döredilişi, bu künjegiň dünýä belli şypahana we dynç alyş merkezine öwrülmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz dikuçaryň üstünden bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda Hazaryň jana şypaly türkmen kenarynda buna edilen hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýän syýahatçylyk düzüminiň ajaýyp desgalaryny gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ýerde halkymyzyň we ýurdumyzyň köpsanly myhmanlarynyň göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertleri üpjün etmek işleri hemişe gözegçilikde saklanmalydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy milli Liderimiziň ýöredýän we adamlaryň durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen asylly syýasatynyň aýdyň nyşany bolup, onuň many-mazmuny häzirki döwrüň beýik ýörelgelerine laýyk gelýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwren hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynyň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça dikuçarda aýlanmagyň barşynda hormatly Prezidentimiz bu künjekde gurlan desgalary, şypahana zolagynyň esasy desgalarynyň birine öwrülen Awaza derýasyny, onuň kenarynda döredilen ajaýyplyklary synlap, geljekde hem bu ýerde öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we häzirki zaman ösen tejribeleriniň işjeň peýdalanylmalydygyny aýratyn belledi.
Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bien, Türkmen topragynyň gözel hem-de ajýayp künjeginde ýerleşýän deňiz dynç alyş zolagyny ösdürmek, ony halkara ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli degişli syýahatçylyk hem-de dynç alyş, ulag-aragatnaşyk we beýleki düzümler bilen bilelikde gülläp ösýän künjege öwürmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli ösdürilmeginiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Awazanyň ähli ugurlar boýunça halkara merkezine öwrülmegi babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Awazanyň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek işlerine ünsi çekip, bu işleriň syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejeli döwrebap düzümini kemala getirmekde, künjegiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ornunyň bardygyny belledi. Milli Liderimiz guş uçar belentlikden deňiz kenarynyň we Awaza derýasynyň arasynda ýerleşen çäkleri synlap, bu künjekde hem gök zolaklary, seýilgähleri döretmek işini yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gök zolaklar, bagy-bossanlyk deňiz howasynyň jana şypalylygy bilen bir hatarda türkmenistanlylaryň göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň we ony gurmagyň nobatdaky tapgyrynda bina ediljek desgalaryň ýerleşjek ýerleri üçin bölünip berlen ýer böleklerini synlady. Bellenilişi ýaly, bu ýerlerde ýakyn wagtda täze myhmanhanalaryň, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň degişli desgalarynyň peýda boljakdygy gürrüňsizdir. Milli Liderimiz täze desgalaryň taslamalary işlenilip taýýarlanylanda olaryň döwrebaplygy hem-de gurluşyk we bezeg aýratynlyklary özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr hem-de häzirki zaman meýilleri bilen milli däpleri özünde jemlemelidir diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu künjekde gurulmagy meýilleşdirilýän täze şypahana-dynç alyş merkeziniň teklip edilen ýerleri bilen tanyşdy we onuň ýerleşjek ýerini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, bu ýerde bina edilýän desgalarda dynç alyş we güýmenje toplumlarynda ýokary derejesiniň üpjün edilmegi, ol ýerde ähli amatlyklaryň bolmagy döwrüň baş talabydygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz binalaryň durmuş düzüminde öňdebaryjy häzirki zaman tejribelerini, gün şöhlesinden elektrik energiýasyny öndürýän tehnologiýalaryň ulanylmagyna dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Bu künjekde dürli maksatly desgalar bilen bir hatarda seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine hem aýratyn ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz Awazanyň tebigy aýratynlyklarynyň, onuň ekologiýa ýagdaýynyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere bu künjekde döwrebap awtoduralgalaryň gurulmagyny dowam etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz islendik binanyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda, Awazanyň tebigy aýratynlyklarynyň nazara alynmalydygynyň belledi.
Hormatly Prezidentimiz uçuşyň barşynda Awaza etrabynyň merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady we bu ýerde durmuşa geçirilýän çäreleriň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Awazada gurulýan her bir desganyň deňiz dynç alyş zolagynda gurlan binagärlik toplumy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, Hazaryň kenarynyň gözelligini artdyrmalydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça aýlanyp bolandan soň, bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw etdi we ol ýerden ugrady.