Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentiniň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentiniň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 816
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün açylýan Eýran Yslam Respublikasynyň IX ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça orunbasary, Aýratyn zehinliler milli gaznasynyň başlygy jenap Surena Sattarini kabul etdi.

Myhman döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ýüzbe-ýüz duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny aýdyp, iki goňşy halkyň köpasyrlyk dostlugynyň binýady esasynda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge eýran tarapynyň çuňňur gyzyklanma bildirýändigini beýan eden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylap, dostlukly ýurduň Prezidenti Hasan Ruhana hem-de eýran halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistany goňşy ýurt bilen diňe bir iki ýurduň biri-biriniň üstüni ýetirýän ykdysadyýetleriniň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, umumy bähbitler we özara peýdaly hyzmatdaşlyk däl-de, gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan möhüm ykdysady özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýerli bazara daşary ýurt işewürliginiň wekillerini, şol sanda Eýranyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini çekmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär, muňa yzygiderli geçirilýän dürli işewür duşuşyklar, maslahatlar we sergiler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň haryt öndürijileriniň däp bolan ýöriteleşdirilen sergisi hem şaýatlyk edýär.

Söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmek üçin ägirt uly gyzyklanmalaryň we oňaýly şertleriň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz we myhman türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan medeni-gumanitar ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmelidigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda soňky ýyllarda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary giňden çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň, ylmy-tehniki ösüşiň işjeň peýdalanylmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we bilim merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirer.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Ylym we tehnologiýa boýunça orunbasary, Aýratyn zehinlileriň milli gaznasynyň başlygy jenap Surena Sattari türkmen halkynyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamatlary bolan ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere haýran galýandygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda täze üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Saýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.