Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 911
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, umumybilim berýän orta mekdepleriň 9-synyň ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem häkim sebitiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, bugdaý ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, döwrebap obalary döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsüni çekip, obasenagat toplumynda güýzlük bugdaý ekişiniň depginleri bilen baglanyşykly meselelere degip geçdi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Mundan başga-da, milli Liderimiz täze okuw ýylyna düýpli taýýarlanmagyň zerurdygyny, şeýle hem ýyladyş möwsümi bilen baglylykda sebitiň jemagat hojalygy gulluklarynyň işlerini gerekli derejede üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalarda ýerine ýetirilýän işleriň gidişini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň bellenilen möhletlerde tabşyrylmagynyň we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowy çagyrdy. Ol sebitde alnyp barylýan işleriň barşy, şol sanda güýzlük däne ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlar barada hem habar aýdyldy.

Milli Liderimiz güýzlük bugdaý ekişiniň zerur derejesini üpjün etmegiň ähmiýetini belledi we häkime bu oba hojalyk möwsüminiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky meselä degip geçip, milli Liderimiz bu babatda ýakynda nägilelik bildirilendigine garamazdan, entek bu ugurdaky işlerde garaşylýan netijeleriň görünmeýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda hemme işleriň bellenilen meýilnama laýyklykda pugta ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Göni aragatnaşyklda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň sebitde häzirki işleriň barşy, hususan-da, güýzlük däne ekişiniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Şeýle hem welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Hasabatyň çäklerinde häkim welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlygyň barşy, şol sanda umumybilim berýän orta mekdepleriň 13-siniň açylmagynyň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi.

Döwlet Bşatutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmegi boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şu babatda hormatly Prezidentimiz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehniki çäreleriň netijeliligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu işlere Daşoguz şäherinde ýerleşen Türkmen Oba hojalyk institutynyň mugallymlaryny we talyplaryny, şeýle hem pudagyň degişli hünärmenlerini çekmegi tabşyrdy.

Sebitiň jemagat hojalygy gulluklarynyň gyşky möwsüme taýýarlanmak işlerini zerur derejede alyp barmaklarynyň wajypdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow naýbaşy baýramçylyk - Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurlup ulanyşa tabşyrylýan desgalaryň açylyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek üçin ähli çäreleriň görülmelidigini, şeýle hem degişli medeni maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda sebitiň çäklerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň barşy barada Lebap welaýatynyň häkim M.Joraýew hasabat berdi. Welaýatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilip bina edilýän gurluşyklarda, şeýle hem diňe bir sebit üçin däl, eýsem, umuman, ýurdumyz üçin möhüm ähmiýeti bolan önümçilik ähmiýetli desgalarda işleriň ýagdaýy barada habar aýdyldy.

Hasabat berlişi ýaly, täze okuw ýylyna 11 sany umumybilim berýän orta mekdepleri ulanyşa tabşyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilýän Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda iň bir möhüm möwsümleriň biri bolan güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän binalaryň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görülmelidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz häkime sebitde bar bolan dürli maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak, bellenilen baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy çagyrdy. Ol sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, güýzlük bugdaý ekişiniň ýagdaýy, onda işledilýän tehnikalaryň guratlyk derejesi barada hasabat berdi. Aýdylyşy ýaly, häzirki döwürde welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň welaýat gullugy tarapyndan ýyladyş möwsümine taýýarlyk bilen baglanyşykly amala aşarylýan işler barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede geçirmek we onuň depginlerini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz durmuş meseleleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyşky möwsüme taýýarlamaga degişli meseleleriň çözülmegi babatda gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şöhratly baýramçylyk- Garaşsyzlyk güni mynasybetli welaýatda ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz häkime gurluşyk işlerini öz möhletinde tamamlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy, ol paýtagtymyzda amala aşyrylýan işler, şol sanda ýyladyş möwsümine we täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy hakynda habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şäher dolandyryşynyň we onuň düzümleriniň möhüm wezipelerine häkimiň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy gulluklarynyň gyş möwsümine taýýarlamagyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, ýyladyş ulgamlaryny sazlamak, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gyşa taýýarlygy boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de bu ugurda hemme zerur çäreleri görmek barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramyna çenli desgalarda işleriň barşyna aýratyn üns bermegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Inžener-tehniki üpjünçilikden başlap, binalaryň daşky keşbine çenli ähli işler bildirilýän talaplara laýyk derejede ýerine ýetirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de desgalary ulanmaga bermegiň bellenen möhletlerini berjaý etmegi üpjün etmek barada häkime görkezme berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi hem-de Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewi çagyrdy.

Wise-premýer garamagyndaky düzümlerde geçirilýän işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Öz nobatynda, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri söwda hem-de hyzmatlar edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda, paýtagtymyzdaky “Altyn asyr” gündogar bazary ýaly täze bazarlary gurmakda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu düzümleri dolandyrmagy guramak hem-de bu işe hünärli işgärleri çekmek baradaky meseleleri gozgady.

Şeýle iri söwda merkezleri satuw nokatlarynyň, dynç alyş ýerleriniň köpsanlysyny, hyzmatlar ulgamyny hem-de beýlekileri özünde jemleýär. Bularyň hemmesi tebigy ýagdaýda marketingiň hem-de menejmentiň häzirki zaman usullaryny dolandyrmaga, peýdalanmaga, işgärleriň wezipe sanawyny öz wagtynda kemala getirmäge oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Iş diňe bir täze dükanlaryň onlarçasyny açmakdan ybarat däldir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi, olaryň netijeli işlemegini guramak möhümdir, ýörite bilimleri we tejribäni talap edýän köp işler, şol sanda tehniki taýdan hyzmat etmegi, kärendeçiler bilen özara gatnaşyklaryň usullaryny ýola goýmak, bazary maliýe taýdan seljermek möhümdir.

Ilkinji nobatda, bu meseleleri çözmäge jogapkär edarany, onuň gözegçilik wezipelerini kesgitlemek, işe çekilen her bir edaranyň abraýly dahyllylyk ulgamyny aýyl-saýyl etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu wezipelere ünsüň peseldilendigi üçin nägilelik bildirip, wise-premýere hem-de ministre degişli işi geçirmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda merkezleriniň we köpugurly bazarlaryň işini göwnejaý guramak üçin haýal etmän anyk çäreleri görmegi talap etdi. Olar ýakyn wagtlarda işe giriziler. Milli Liderimiz bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň sanawyny artdyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmek barada hem görkezme berdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birwagtyň özünde wise-premýer A.Goçyýewi we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Durdymyradowy çagyrdy.

Milli Liderimiz Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylygyna berk nägilelik bildirip, döwrebap derejede syýahatçylyk toplumynyň ösüşini bökdeýän düýpli kemçilikleriň bardygyny görkezdi.

Hususan-da, muňa pudagyň işgärler bilen üpjünçiligi, onuň desgalarynyň işleri, syýahatçylyk desgalaryň köpugurlylygyny nazara almak bilen, hünärli işgärleriň kemala getirilmegi baradaky meseleler degişlidir. Biziň ýurdumyzda syýahatçylykda we myhmanhana hojalygynda isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamak üçin binýatlyk ulgam, ýöriteleşdirilen institut we ýörite okuw mekdebi döredilendir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de onuň mümkinçliginden has doly peýdalanmagyň we bu pudakda işlere ýaş işgärleri has işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady.

Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň myhmanhanalarynyň işlerini guramaga örän jogapkärli çemeleşmek, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bina edilýän syýahatçylyk desgalarynyň gurluşyklarynyň barşy bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary, hususan-da, gurluşyklary tamamlanan myhmanhanalary öz hasabyna almak we olaryň döwrebap derejede işini üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi we Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleýriň ýagdaýy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň hem häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz ýokary hilli bilim bermek, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesi we ýokary ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek işleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtap, wise-premýere bu barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça IIM-niň edaralarynyň alyp barýan işi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz geçen ýylda Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy— ömrümiziň rahatlygy” atly giň möçberli çäre bolan biraýlygyň üstünlikli geçirilendigini nygtady. Bu çäräniň çäklerinde geçirilen işleriň netijesinde ýurdumyzda ýol-ulag hadysalary ep-esli peseldi. Şunuň baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň sentýabrynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygy geçirmegiň, geljekde bolsa her ýyl ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramagy göz öňünde tutmagyň maksadalaýykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe we içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, Içeri işler ministrliginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň müdirleri bilen bilelikde çäreleriň degişli meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzyň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.