Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny – “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy, “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň senagat we düzümleýin taslamalar boýunça prezidenti Eiji Inoueni, “Sodžis Korporeýşn” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, enjamlar boýunça bölüminiň uly wise-prezidenti Toşiharu Ýoşimurany, “Haldor Topse” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Býorn Klauseni kabul etdi.
Duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, myhmanlar wekilçilik edýän kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga hem-de ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan şu ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz düýpli özgertmeler strategiýasyny, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga we iň oňat daşary ýurt tejribesini çekmäge aýratyn üns berýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda işewür toparlaryň wekilleri milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guruljak tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň düýbüniň tutulyşyna taýýarlygyň barşy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdiler. Mälim bolşy ýaly, bu iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşyk 2013-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanyldy we “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd” we Türkiýäniň “Rönesans Türkmen” kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan degişli Çarçuwaly ylalaşyk bilen berkidildi.
Dünýä bazarynda örän uly isleg bildirilýän ýangyjy öndürmek boýunça ýene-de bir döwrebap zawodyň badalga aljak gurluşygynyň ähmiýeti barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji nobatda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigini belledi.
Türkmen Lideri tarapyndan ýurdumyzyň baý serişde mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga we pudagyň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyna ýokary baha berip, myhmanlar ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň Türkmenistanyň we umuman, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän işewür hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan etdiler.
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iri möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmakda bu kompaniýalaryň goşýan goşandyny kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz türkmen tarapynyň bildirýän möhüm talaplaryna ünsi çekdi. Şol talaplar şertnama boýunça alnyp barylmaly hemme işleriň ýokary hilli we öz wagtynda berjaý edilmeginden ybarat bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, potratçy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary buýrujy tarapyndan öňe sürülýän talaplary pugta ýerine ýetirjekdiklerine we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtadylar.
Hoşlaşanlarynda, hormatly Prezidentimiz we myhmanlar bir-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, özara bähbitler esasynda durmuşa geçirilýän hemme bilelikdäki taslamalaryň üstünlige beslenjekdigine pugta ynam bildirdiler.