Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Prezident Abdulla Gül ýakyn wagtda döwlet Baştutany wezipesinde öz işini tamamlaýandygyny aýtdy we netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem-de onuň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, iri halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde yzygiderli giňeldilmegi ugrunda has oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde, türk Liderine üstünlik arzuw edip, syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmäge goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen we türk halklary özara gatnaşyklara aýratyn gadyr goýýarlar. Bu gatnaşyklar täze taryhy eýýamda uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esaslaryny kesgitleýär.
Iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni we ruhy umumylyk däplerine daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýeten derejesine mynasyp baha bermek bilen, söhbetdeşler onuň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler hem-de bar bolan ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri doly güýjünde durmuşa geçirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli sözleri aýtdylar hem-de iki ýurduň halklaryna gülläp ösüş we bagt arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy esasynda geçirildi.