Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ankara şäherine ugrady, ol ýerde türk tarapynyň çagyrmagy boýunça milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ankara şäheriniň “Esenboga” halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň hormatyna bu ýerde, uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodajygyň ugrunda hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.
Bu ýerde, howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini türk işewürler toparynyň wekilleri, şeýle hem Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary mähirli garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, talyplaryň iş-aladalary, olaryň haýsy hünärler boýunça okaýandyklary bilen gyzyklandy. Türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurdumyzda ýaşlaryň häzirki zaman bilimini ele almaklary, ylymda we iň täze tehnologiýalary özleşdirmekde öz ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtap, talyplara bilimleri we saýlap alan hünärlerini özleşdirmekde üstünlikler arzuw etdi. Talyplar öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine ýaş nesil hakynda yzygiderli aladasy, ýokary halkara ülňüleriniň derejesinde, şol sanda daşary ýurtlaryň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmen Lideri howa menzilinden “Sheraton-Lugal” kaşaň myhmanhanada ýerleşýän özüniň kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň premýer-ministri Mihaýil Mýasnikowiç, şeýle hem Tokiýo gaznasynyň halkara gatnaşyklarynyň professory Ýoşiaki Sasaki we “Japan International Group Сorporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rejep Ozkan bilen duşuşyklary geçirdi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen döwletiniň Baştutany “Çankaýa” köşgüne geldi, bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralar boldy. Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli türkmen myhmanyny Abdylla Gül mähirili garşylady, şu gün onuň döwlet baştutany hökmünde ygtyýarlyklary tamamlanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmagy iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökleriniň umumylygyna daýanýan iki ýurduň hem netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen Liderini özüniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak bilen, Türkiýäniň däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady, bu gatnaşyklar bolsa häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda okgunly ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýe bolandygy bellenilip geçildi, muňa ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artýandygy hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny, şol sanda senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, hususan-da, dokma senagatyny, gaýtadan işleýän senagaty we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly goşant goşýan türk kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işjeň orun eýeleýändikleri aýdyň subutnama bolup biler.
Türk hazmatdaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli ulgamlarda uly ähmiýetli taslamalaryň ençemesi amla aşyryldy we häzirki wagtda durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň,häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, dokma toplumlarynyň, türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginiň, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalaryň we beýlekileriň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu aýdylanlara ýene bir täze iri iki kärhanany – Garabogazdaky karbomid zawodyny we Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody goşup bolar, olaryň düýbüni tutmak dabarasy degişlilikde geçen hepdede we şu hepdede boldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinsilikleri dolulygyna durmuşa geçirmäge, täze bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýän Hökümetara türkmen-türk toparyna aýratyn orun degişlidir. Yzygiderli ýagdaýda geçirlýän bilelikdäki işewürler maslahatlary we pudaklaýyn sergiler hem öz netijeliligini iş ýüzünde görkezdi. Bu çäreler özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge göniden-göni täsir edýär.
Ulag ulgamynda hem türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler açylýar, bu sebit we yklymara ähmiýetli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde möhüm orun eýelemäge mümkinçilik berýän iki ýurduň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.
Ýeri gelende aýtsak, hut düýn Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen türk gämigurluşyk kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyk boýunça gurlan iki sany täze “Älem” we “Jahan” tirkew gämileri gelip gowuşdy.
Gumanitar-medeni gatnaşyklar döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar, bilim we ylym, medeniýet we sungat ugurlary boýunça emele gelen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de giňeltmäge taraplar aýratyn üns berýärler.
Şunda iki doganlyk ýurduň we halklaryň däp bolan gatnaşyklara ygrarlydygynyň mysallarynyň biri hökmünde beýik türkmen şahyry we filosofy, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şu ýyl bellenilýän 290 ýyllygyny görkezmek bolar, bu mynasybetli çäreler Türkiýede hem geçirildi. Ankarada Türki medeniýetiň halkara guramasy TÝURKSOÝ tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreleriň guralmagy buýsançly ýagdaýdyr.
Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Aşgabatdaky halkara türkmen-türk uniwersitetini onuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde getirmek bolar, bu ýokary okuw mekdebi üçin häzirki wagtda täze häzirki zaman binalar toplumy gurulýar.Şunuň bilen baglylykda, ýakynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini ýatladýarys, munuň özi iki döwletiň bu örän möhüm ugurda bilelikde hereket etmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berýändikleriniň subutnamasydyr. Iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar.
Abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üýtgewsiz oňyn häsiýete eýedir, Türkmenistan we Türkiýe mundan beýläk hem bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge meýillidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, açyklyga we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasat ugruny, şeýle hem türkmen Lideriniň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, abadançylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýandygyny bellemek gerek. Öz nobatynda Türkmenistan Türkiýäniň halkara derejesindäki abraýly ornuna hormat bilen garaýar.
Wezipä girişmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Esenboga” halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.