28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanan Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ankara iş sapary bilen gidýär, şol ýerde Prezidentiň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar.
Ýakyndan geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň täze baştutanynyň wezipä resmi taýdan girişmegi mynasybetli öňde boljak dabaraly çärelere türkmen Lideriniň gatnaşmagy dostlukly hem-de özara hormat goýulýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolar, iki tarapyň-da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu doganlyk ýurda şu saparyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýlan ilkinji günlerinden Türkmenistan we Türkiýe iki doganlyk halklaryň köp asyrlyk taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen berkidilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge tarap ynamly ugur aldylar, şol strategiki hyzmatdaşlygyň netijeliligi diňe bir iki dostlukly döwletleriň däl, eýsem, tutuş sebitiň hem ykdysady ösüşine oňat täsir edýär.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda 13-nji awgustda bolan telefon söhbetdeşliginiň barşynda hem bu barada gürrüň boldy, olar ikitaraplaýyn esasda hem, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan derejesine ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň gatnaşyklarynyň şeýle ynanyşmak häsiýeti diňe bir ähli gazanylan ylalaşyklary netijeli öz wagtynda durmuşa geçirmäge däl, eýsem, dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we medeni-gumanitar ulgamlarda, gurluşykda, oba hojalygynda, dokma senagatynda we beýleki ençeme ugurlarda bilelikde işlemegiň täze ugurlaryny tapmaga mümkinçilik berýär.
Şu maksatlar bilen taraplaryň ikisi-de döwlet Baştutanlarynyň gepleşiklerinden işewür toparlaryň wekilleriniň işewürlik duşuşyklaryna çenli yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklary özünde jemleýän özara gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly döredilen köp derejeli usulyny örän netijeli peýdalanýarlar.
Soňky iki onýyllygyň dowamynda yzygiderli üsti ýetirilýän, resminamalaryň toplumyny özünde jemleýän hukuk binýady netijesinde ähli gazanylan ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryna täze itergi we mazmun bermek bilen baba-bat amala aşyrylýar. Özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ykdysady hem-de serişdeler mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagy maksat edinýän bilelikdäki möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mahlasy, iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdoganyň türk paýtagtynda boljak duşuşygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup türkmen we türk halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam eder.