Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy

view-icon 653
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkiýäniň täze Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin Ankara şäherine gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda jenap Mihail Mýasnikowiç döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli sözlerini, Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk we rowaçlyk barada aýdan arzuwlaryny ýetirdi. Premýer-ministriň belleýşi ýaly, Belarus Respublikasy Türkmenistan bilen soňky ýyllarda täze hil we many-mazmun bilen üsti ýetirilen dostluk hem-de netijeli gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyr. Şunda Belarus Respeublikasynda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň güýzünde meýilleşdirilen we döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazjak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, öz tarapyndan, Türkmenistanyň hem öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan oňyn ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşyldy. Söwda-ykdysady we ulag ulgamy, maşyngurluşyk pudagy, oba hojalygy, energetika, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, gurluşyk we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanany gurmak boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmäge degişli meselelere üns berdiler. Bu ýerde kaliý duzlarynyň baý ýataklary ýerleşýär. Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň belleýşi ýaly, belarus tarapy bu ägirt uly taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek, ähli işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary eder.

Söhbetdeşler şeýle hem däp bolan ikitaraplaýyn gumanitar-medeni hyzmatdaşlygyň, şol sanda bilim ulgamyndaky we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatdaky hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini bellediler. Bu ulgamlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç hoşlaşanlarynda, iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.