Ï Türkmenistanda Bosniýa we Gersogowinanyň ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Bosniýa we Gersogowinanyň ilçisi işe başlady

view-icon 704
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bosniýa we Gersogowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Edib Bukwiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtly diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegi we uzakmöhletleýin bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Bosniýa we Gersogowinanyň doly ygtyýarly wekili öz gezeginde öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçy düzüminiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli sözlerini we salamyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkyna aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini ugur edinýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagatlaşdyrylmagyny ugur etmekde alnyp barylýan gurluşygyň möçberleri barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyna gönükdirilen ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk we ylmy merkezleriň, sebitde iri sport desgalaryň gurluşygyna giň gerim berildi.

Şeýle hem diplomat milli parlamentiň işi we onuň kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän özgertmeleri bilen tanyşdyryldy.

Bosniýa we Gersogowinanyň türkmen döwleti bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmalaryny bellemek bilen, jenap Edib Bukwiç ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygyň köp ugurlar babatda ösdürilmegi ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

* * *

Şu gün Bosniýa we Gersogowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.