Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýerini kabul etdi

view-icon 704
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üçünji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri jenap Çžan Gaolini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda myhman milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna parahatçylygy, abadançylygy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda täze ajaýyp üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw eden Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi, netijeli söwda-ykdysady we medeni – gumanitar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Milli Liderimiz we myhman özara gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini nygtap, ýokary hem-de hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ygtybarly guraly hökmünde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ähmiýetli ornuny bellediler, şol gatnaşyklary ösdürmek iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Duşuşykda nobatdaky mejlisiň gün tertibine, möhüm ugurlaryň birnäçesinde, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, energetika, gurluşyk, maliýe ulgamynda, dokma hem-de himiýa senagatynda we beýleki ugurlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumynyň girizilendigi bellenildi. Medeni-gumanitar babatda hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselesine aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we hytaý wekiliýetiniň baştutany däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny üýtgewsiz pugtalandyrmaga ähmiýet berilýändigi hakynda söz açyp, soňky wagtlarda göze ilýän dürli derejedäki özara saparlaryň ýygylygy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bar bolan islegiň we iki tarapyň hem taýýarlygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär diýip nygtadylar.

Myhmanyň kanagatlanmak bilen belleýşi ýaly, şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berdi, şol saparyň jemleri boýunça dürli ugurlarda--iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin ileri tutulýan nebitgaz pudagynda täze bilelikdäki taslamalary taýýarlamak üçin daýanç nokady bolan ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Mälim bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde Türkmenistan we Hytaý eýýäm sebit ähmiýetli, şol sanda yklymda iri transmilli gaz geçirijisini gurmak we işe girizmek boýunça wajyp taslamalaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirdi. Şol gaz geçirijisi boýunça Hytaýa türkmen tebigy gazyny uzak möhletli ibermek ýola goýuldy.

Jenap Çžan Gaoli bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere hem-de gözbaşyny Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen eýýamyndan alyp gaýdýan medeni we söwda aragatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge öz ýurdunyň ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we döwlet tarapyndan daşary ýurtlaryň işewürlerine berilýän goldawyň hasabyna türkmen bazarynyň aýratyn özüne çekijidigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri köpugurly döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge örän gyzyklanýan iki halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua gatnaşdy.