Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 784
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Balkan welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň günbatar sebitinde senagaty, dynç alyş düzümini ösdürmäge, halkara ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine saldamly goşant goşjak iri taslama – “Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa-Bereket-Etrek (Türkmenistan) – Gorgan (Eýran)” demir ýoluny gurmak baradaky taslama durmuşa geçirilýär.

“Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygy bilen baglylykda, wise-premýer Serhetýaka-Bereket we Bereket-Etrek böleklerindäki täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, häzirki wagtda önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 122-si, şol sanda eksport mümkinçiligi bolan kärhanalaryň 4-si ulanmaga berildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 163-siniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Olaryň hatarynda eksport mümkinçiligi bolan kärhanalaryň 7-si bar.

Mundan başga-da, milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde gurluşyk taslamalarynyň 13-sini durmuşa geçirmek we ulag düzüminiň desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi bu welaýatyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiz garamagyna degişli maksatnamalara üýtgetmeleri girizmek hem-de geljekki täze desgalaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary baradaky teklibi hödürledi. Şol desgalaryň hatarynda Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawod, Gumdag şäherinde ýerleşýän tehniki ýody, bromy we brom önümlerini öndürýän desga, Hazar şäherinde ýerleşýän tehniki ýody, bromy we brom önümlerini öndürýän desga, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen plýonkasyny öndürýän kärhana, Balkan welaýatynyň Ekerem şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawod, Balkanabat DES-inden güýjenmesi 400 kW bolan “Balkanabat-Gonbad” asma elektrik geçiriji ulgamy we iki sany “Balkanabat” we “Gyzyletrek” elektrik beketleri, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda tebigy gazy gaýtadan işläp sintetiki nebiti öndürýän zawod, Balkan welaýatynda sement öndürýän zawod, Döwletýar demir ýol bekedinden Körendaga çenli demir ýol şahasy, Madaw demir ýol bekedinden Ekereme çenli demir ýol şahasy, Ekeremdäki gämi duralgasynyň durkuny täzelemek (ýa-da täzesini gurmak), Garabogaz şäherinde artemiýa ýumurtgasyny ýetişdirýän toplum bar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly we bähbitli ugry üpjün etmäge, tutuş sebitiň ählumumy abadançylygyna we durnukly ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen “Demirgazyk - Günorta” demir ýolunyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bu ulag geçelgesiniň hereket etmegi ýurdumyzdan eksport edilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, üstaşyr ýükleriň akymyny ýokarlandyrmak, ýük daşamagyň düşýän gymmatyny peseltmek we girdejileri ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň beýan eden teklibini makullap, degişli ýolbaşçylara Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürmäge, şol sanda günbatar sebitiň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we onuň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur bolan maýa goýumlarynyň möçberlerini kesgitlemäge gönükdirilen maksatnamalara üýtgetmeleri girizmek barada degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bu işe gönüden-göni dahylly ýolbaşçylary, şol sanda milli parlamentiň deputatlaryny çekmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler barada aýdyp, Aşgabat şäherinde şu ýylyň 3–4-nji sentýabrynda Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu iri çärä dünýäniň köp ýurtlarynyň we birnäçe abraýly guramalarynyň wekilleriniň gatnaşjakdygy habar berildi.

Bu çäräni türkmen paýtagtynda geçirmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly meseleler Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden bu ileri tutulýan ugurda hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly başlangyçlary birnäçe gezek öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde milli Liderimiz BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklibi aýtdy.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy, onuň kuwwatyny ýokarlandyrmagy, ozal hereket edýän düzümleriň giňeldilmegini hem-de täze ulag aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegini ugur edinýän milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan bu möhüm ulgamda sebit we yklymara birnäçe iri taslamalary öňe sürýär. Olaryň hatarynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ygtybarly gatnaşygyň döremegine gönükdirilen “Demirgazyk-Günorta” üstaşyr –ulag geçelgesi bar. Munuň özi ýükleriň daşalmagynyň örän oňaýly we ykdysady taýdan bähbitli ugruny üpjün eder. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly möçberde ýerine ýetirdi. Bu ugur ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki döwürde bu polat ýol Eýranyň serhedine ýetirildi we ulanmaga doly taýýar edildi.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek maslahat bu ugurda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine möhüm goşant bolar we BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerindäki netijeli gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini şertlendirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki şertlerde ulag we aragatnaşyk pudagynyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ulag pudagy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşine oňyn täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklary meselesinde işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan anyk başlangyçlary öňe sürýär, transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyz ulag ulgamyny onuň ähli düzümleri, şol sanda demir ýol, awtomobil ulaglary, howa ýollary we suw gatnawlary pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirer diýip belledi.

Milli Liderimiz belleýşiý aly, Türkmenistan amatly ýerde ýerleşmek, sebit we yklymara ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag geçelgesi hökmündäki öz ornuny pugtalandyrmak arkaly ählumumy abadançylygyň bähbidine ähli kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bilidrýär. Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köpşahaly toplumlaýyn ulag gatnawlaryny döretmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürmek bilen, biziň ýurdumyz halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, onuň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, bu ulgamda bar bolan ähli mümkinçilikleriň doly durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy halkara guramalarynyň tejribelerini işjeň öwrenmegiň we we olary peýdalanmagyň, esasan-da, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), TRASEKA taslamalary we beýleki degişli düzümler bilen ýygjam aragatnaşygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny aýratyn belledi. Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kemala getirilmegi we logistik düzümiň döredilmegi bilen baglanyşykly ähli işleriň ylmy esasda geçirilmelidigini, oňa tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, şeýle hem Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň çekilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Awtomobil ulaglary ministrligine 3-4-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, Ýol ulaglarynyň Halkara birleşigi (IRU) we Ýewropa - Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi boýunça Hökümetara komissiýasy (TRASEKA) bilen bilelikde Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmegi tabşyrdy.

Aşgabatda geçiriljek halkara maslahaty we onuň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygymyzy has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi, kabul edilýän kanunlaryň esasy maksatlaryny we wezipelerini ilata düşündirmek boýunça deputatlaryň geçirýän işi hakynda habar berdi. Parlamentiň ýolbaşçysy Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň barşy barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habarlary diňläp, raýat edaralaryny berkitmek hem-de ýurdumyzda demokratiki gymmatlyklary ykrar etmek boýunça milli parlamentiň öňünde duran ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Täze kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary işläp taýýarlamak, ulanylýan kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek Türkmenistanda bolup geçýän okgunly özgertmelere, ykrar edilen halkara kadalaryna kybap gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Halkymyzyň saýlan wekilleriniň esasy wezipesi anyk işlerde adamyň kanuny hukuklaryny ykrar edip, döwletimiziň we milli kanunçylygymyzyň durmuş taýdan ileri tutulýan ugurlaryny herekete girizip, ilatyň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň we milli kanun çykaryjylyk iş tejribesine ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, Mejlisiň deputatlarynyň jemgyýetçilik düzümleri, ýerli häkimiýet edaralary bilen teklipleri taýýarlamak boýunça bilelikde işlemegiň zerurdygyny nygtady, şol tekliplere Ýaşulularyň maslahatynda garalar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherinde degişli düzümiň döredilmegini göz öňünde tutýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we dünýäniň bu ulgamdaky iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň türkmen paýtagtyny ösdürmek maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Geljekki täze desgalar ak mermerli Aşgabadyň binagärlik toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we binalaryň hem-de desgalaryň daşky bezegi meselelerine döredijilikli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurýan we döredýän zatlarymyzyň ählisi ýokary talaplara laýyk gelmelidir, çünki olar diňe bir häzirki nesle däl, eýsem, türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine hem hyzmat etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu zatlaryň ählisiniň täze desgalaryň çeperçilik bezeginde öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze desgalara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe maslahatlary berdi we şunuň bilen bagly meseleleriň ählisini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meseleler boýunça hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, şu gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary pagta ýygymyna başladylar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “ak altynyň” ýygymyna hormatly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda girişildi.

Ýerlerde kabul ediş bölümleriniň göwnejaý işlemegi, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi üçin degişli çäreler görüldi. Mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygýan adamlaryň netijeli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Olar üçin medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary, göçme söwdalar guralar. Şunuň bilen birlikde, ähli welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişiniň depginleri artýar. Ol agrotehniki kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýetişdirilen bereketli hasyly doly ýygnap almak üçin pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly guralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljekki bugdaý hasylynyň esasyny goýýan güýzlük däne ekişini öz wagtynda geçirmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga aýratyn uly üns berilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol Aşgabat şäherinde 27-nji awgustda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üçünji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, nebitgaz, energetika, dokma pudaklarynda, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, medeniýet, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu pudaklarda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şu ýylyň 15-16-njy noýabrynda HHR-iň paýtagty Pekinde geçiriljek dördünji halkara maýa goýum we maliýe sergisiniň çäklerinde türkmen-hytaý işewür maslahatynyň geçirilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň 3–5-nji sentýabrda Kazan şäherinde geçiriljek Tatarystanyň nebitgazhimiýa maslahatyna gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini nygtap, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen iki ýurduň we halkyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösüşiniň bähbidine gabat gelýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Biz Hytaý bilen ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny geljekde-de hemmetaraplaýyn ösdüreris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz wise-premýere iki ýurduň hyzmatdaşlygyny onuň köpugurly mümkinçiligini doly netijelilik bilen herekete getirip, has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde halkara forumlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, wise-premýere bu maslahatda ara alnyp maslahatlaşyljak meselelere gatnaşmak, nebitgaz pudagyny has-da ösdürmäge degişli innowasion täzelikler hem-de tehnologiýalar bilen işjeň tanyşmak barada anyk tabyşyryklary berdi. Bu tehnologiýalar Tatarystanda geçiriljek duşuşykda hödürlener.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň 27–29-njy sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer bu medeni çäräniň maksatnamasy barada aýdyp, onuň açylyş dabarasynyň Pekin şäherindäki opera we balet teatrynda boljakdygyny habar berdi. Şol ýerde türkmen artistleriniň konserti geçiriler. Hytaýyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň medeni mirasyny aýdyňlyk bilen görkezýän amaly–haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary, iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlikler meýilleşdirilýär. Medeni çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Hytaýyň milli kitaphanasyna, Hytaý halklarynyň medeniýeti köşgüne, Taýmýao taryhy ybadathanasyna we Pekiniň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görer. Medeniýet günleri Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-hytaý medeni gatnaşyklarynyň köpasyrlyk tejribesiniň we baý däp-dessurlarynyň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu däpleriň üstünlikli ösdürilip, iki ýurduň strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýändigini belledi we HHR-de medeni çäräniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu çäre Hytaýyň raýatlaryna türkmen halky barada köp zatlary bilmäge ýardam eder. Onuň esasy maksady bolsa medeni we dostluk köprülerini berkitmekden, ysnyşykly döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, döwletara gumanitar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny özleşdirmekden ybaradyr diýip, döwlet Bştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz şeýle çäreleriň halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermelidigini belläp, milli medeni syýasatymyzyň wajyp wezipelerine, ony durmuşa geçirmäge täzeçe çemeleşmelri işläp taýýarlamaga, döredijilik işini goldamaga we höweslendirmäge, sungatyň dürli görnüşlerini, şol sanda kino sungatyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegi talap etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletinde we jemgyýetinde bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapjak kino eserlerini döretmegiň möhümdigine ünsi çekip, halkymyzyň ruhy ösüşinde, ýaş nesli watançylyk hem-de ahlak taýdan terbiýelemekde sungatyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda döwlet durmuş syýasatyny ösdürmek bilen bagly milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda “Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” şu aýda gol çekilen ylalaşykda berkidilen şertnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli Permanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Resminamalara laýyklykda, täze bilelikdäki türkmen-türk bilim edarasyny – häzirki hereket edýän adybir ýokary okuw mekdebiniň binýadynda Halkara türkmen-türk uniwersitetini döretmek göz öňünde tutulýar.

Täze ýokary okuw mekdebi hojalyk hasaplaşygy esasynda işläp, tölegli okuwlary amala aşyrar. Ýokary okuw mekdebiniň işini guramak bilen baglanyşykly meseleler düzümine Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hünärmenleri girjek Bilelikdäki hökümetara geňeşi tarapyndan kadalaşdyrylar.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna, “Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde gurulýan 350 orunlyk myhmanhanalaryň meseleleri hakynda” kararyň taslamasy hödürlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym we bilim babatda özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmagy ýardam edýändigini belledi. Bu işde halkara hyzmatdaşlygy möhüm orun tutýar. Şu babatda Türkiýe biziň ygtybarly hyzmatdaşymyz bolup durýar. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz geljegi uly bu ugurlarda milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy bilen baglanyşykly ähli meseleleri üns merkezinde saklamagy, özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyryp, milli aýratynlygy nazara almak bilen, bu işlerde ösen daşary ýurt tejribesini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Gürrüň ylmy düzümleri kämilleşdirmek, ýaş işgärleri taýýarlamak, halkara ylmy-barlag taslamalaryna gatnaşmak, ýokary tehnologik önümleri çykarmaga gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň pudaklary üçin amaly işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak barada barýar.

Hormatly Prezidentimiz “Bilelikdäki türkmen-türk bilim edarasyny döretmek hakynda” Permanа gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde gurulýan 350 orunlyk myhmanhanalaryň meseleleri hakynda” Kararyň taslamasyna gol çekip, türkmenistanlylaryň ähli babatda doly bahaly durmuşy üçin, şol sanda dynç alşyň we syýahatçylygyň dünýä derejesine gabat gelýän döwrebap düzümlerini üpjün etmek zerur şertleriň döredilmeginiň türkmen döwletiniň syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp saglygy dikeldiş öýleri, myhmanhanalar hyzmatlaryň doly toplumy bilen, şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça peýda bolan syýahatçylygyň ençeme beýleki desgalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we durmuş taýdan gülläp ösüşiniň esaslaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň netijeleri bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady we wise-premýere bu ugurda taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamyny we pudaklaýyn düzümlerini, şol sanda himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Mary welaýatynda iş saparynda bolmagynyň netijeleri, şol sanda Mary şäherinde ýakynda ulanylmaga beriljek ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodyň işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem bu kärhanany häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat düzümini, şol sanda ägirt uly kuwwata eýe bolan himiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap kärhanalaryň gurulmagy bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmak bilen bir hatarda, köpsanly täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere himiýa senagatynyň kärhanalarynyň gurluşygynda alnyp barylýan işlere degişli gözegçiligi ýola goýmagy, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hakynda çykyş edip, “Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmagyň 2014-2023-nji ýyllar üçin maksatnamasyny” taýýarlamaga degişli döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu maksatnama, hususan-da, “Aşgabat-Türkmenbaşy”, “Aşgabat-Türkmenabat-Farap” we “Aşgabat-Daşoguz” awtomobil ýollaryny tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlamaga taýýarlyk görmegiň barşy hakynda aýtdy. Onuň ugrunda awtomobillere ýangyç guýýan beketleri, awtohyzmatlar merkezlerini, myhmanhanalary we beýleki döwrebap düzümleýin desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu babatdaky kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi, şoňa laýyklykda, bu iri maýa goýum taslamasynyň buýrujysy bolup Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, baş potratçy bolup “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni çykyş eder.

Sergi köşgünde 11-13-nji sentýabrda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly sergini we ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek barada hem habar aýdyldy. Sergide elektrik energetikasynda peýdalanylýan iň täze tehnologiýalar we döwrebap enjamlar hödürlener. Ylmy maslahatyň gün tertibine bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de onuň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagynyň, energiýany tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegine degişli möhüm meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň möhüm sebit hem-de halkara üstaşyr-ulag merkezi hökmünde öz ornuny berkitmek üçin ähli şertlere eýedigini nygtady. Bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmak maksady bilen ýurdumyzda ulag gatnawlarynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalar amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň meseleleri hakyndaky” kararyň hödürlenen taslamasyny makullap we oňa gol çekip, wise-premýere iň döwrebap tehnologiýalary peýdalanmaga, ähli ölçegleri boýunça nusgalyk bolan täze awtomobil ýoly çekilen mahaly amala aşyrylýan işleriň ýokary hilini üpjün etmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi. bu ýol ähli babatda nusgalyk ýol bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisine we ylmy maslahata degişli meseläni gozgap, şular ýaly pudaklaýyn gözden geçirilişleriň türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerini, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyga degişli meseleleri çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Bu babatda milli Liderimiz wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow ýurdumyzyň söwda ulgamyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, «Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan köpugurly söwda bazarlarynyň meseleleri hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi. Bu resminamada, hususan-da, welaýat häkimlikleri tarapyndan täze söwda toplumlaryny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hasabyna bellenen tertipde bermek göz öňünde tutulýar. Munuň özi olaryň merkezleşdirilen tertipde has netijeli dolandyrylmagyna ýardam eder.

Soňra wise-premýer şu ýylyň 1-6-njy sentýabry aralygynda Hytaýyň Urumçy şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa” EKSPO dördünji sergisine ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagy barada habar berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu iri foruma gatnaşmagy hususy ulgamda öndürilýän önümleri ýerlemegiň täze bazarlaryny gözlemäge, Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we telekeçileriň şu ýylyň 15–16-njy noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçiriljek dördünji halkara maýa goýum we maliýe sergisinde ekspozisiýalaryny guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Serginiň çäklerinde türkmen-hytaý ykdysady maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Onda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara daşary ýurtly maýadarlary çekmek, göni işewürler gatnaşyklaryny ýola goýmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini ep-esli artdyrmak üçin binýat döretmek bilen baglanyşykly meselelere garalar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalar hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we welaýatlarda gurulýan iri söwda bazarlarynyň işini guramaga degişli Karara gol çekip, olaryň dolandyrylyşyna gözegçiligi üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi hem-de menejmentiň we marketingiň netijeli usullary esasynda işleýän döwrebap söwda ulgamlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işi ýola goýmagy talap etdi.

Milli Liderimiz türkmen-hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy meselesine geçip, ýurdumyzyň Hytaýda geçirilýän halkara derejesindäki maýa goýum forumlaryna we ykdysady ýarmarkalara gatnaşmagynyň, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramagyň möhüm ähmiýetini belledi. Sergileri guramak işinde ysnyşykly gatnaşyklar senagat pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, söwda etmegiň usullaryny kämilleşdirmäge, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň täze ýollaryny gözlemäge, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga we maýa goýum teklipleriniň gerimini giňeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Hytaýda geçiriljek ykdysady forumlara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagyny hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen beýleki çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Öz gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça taslamany amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Habar berlişi ýaly, bu taslama boýunça maslahat beriji kompaniýany saýlap almak babatda yglan edilen halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça Germaniýanyň kompaniýasy saýlanyp alyndy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary minisrligi bilen bu kompaniýanyň arasynda “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşmak boýunça kararyň taslamasy hödürlendi.

Ulag ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän degişli häzirki zaman düzüminiň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşinde we onuň üstaşyr kuwwatlyklaryny doly derejede peýdalanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça maslahat beriji hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly kararyň taslamasyna gol çekip, milli Liderimiz wise-premýere bu möhüm taslamanyň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.