Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijelerine, şeýle hem olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak meselelerine garaldy.
Mejlisiň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özleriniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňlenildi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan köp maksatly özgertmeleri amala aşyrmak boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şeýle hem ministrlikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz döwlet howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuny belläp, düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegiň wajyp şertleriniň ençemesini kesgitleýändigini nygtady. Şol şertleriň esasylarynyň biri-de döredijilikli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerini üpjün edýän halkymyzyň agzybirligi we jebisligi bilen baglanyşyklydyr.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerindäki ýagdaýlar, özüniň ýolbaşçylyk edýän gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem gulluga degişli desgalaryň gurluşygy, hususan-da, serhet galalarynyň täze binalarynyň gurluşygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçilerimiziň türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge goşýan saldamly goşandyny belläp, döwletimiziň serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýändigini nygtady.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, onuň harby enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ministrligiň garamagyndaky harby okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyna guramaçylykly başlanandygy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, öňde durýan wezipeler barada durup geçdi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmek we Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, oňat ýaşamagy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek barada barýar. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň ýaş talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek işini güýçlendirmegi tabşyrdy. Olar geljekde gaýduwsyz türkmen esgerleriniň gahrymançylykly däplerini dowam etdirmelidir we artdyrmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. IIM-iň ýolbaşçysy ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini has-da berkitmek we dürli hukuk bozulmalarynyň, şol sanda ýurdumyzyň ulag ýollarynda düzgün bozmalarynyň öňüni almak babatda görülýän çäreler barada durup geçdi. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýän, 1-nji sentýabrda badalga alan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde ýörite düzülen meýilnama esasynda göz öňünde tutulýan çäreler barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň işgärleriniň alyp barýan işiniň wajypdygy barada aýdyp, kanunçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmekde olaryň öňünde wajyp wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Kanunçylygyň hem-de düzgün-tertibiň üpjün edilmegi bolsa raýat asudalygynyň hem-de agzybirligiň we jebisligiň esasy bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, IIM-iň ýolbaşçysyna, hususan-da, ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak we ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň depginini artdyrmaga degişli birnäçe tabşyryklar berildi. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik edip, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň hem-de pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ol döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralary tarapyndan görülýän anyk çäreler barada habar berdi. Baş prokuror prokuratura işgärleriniň milli bähbitleriň goragynda berk durup, öz borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşip, milli kanunçylygyň berk berjaý edilmegine gözegçilik edýändiklerini nygtady.
Milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri, ilkinji nobatda, kanunçylygy üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Baş prokurora her bir işi içgin öwrenmegi hem-de islendik düzgün bozmalaryň öňüni almak barada degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew hasabat döwründe kanunçylyk esasynda hereket edýän halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilýän ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz kabul edilýän çözgütler üçin kazyýet edaralarynyň uly jogapkärçiligini belläp, Ýokary kazyýetiň başlygyna ýurdumyzyň kanunlarynyň düzgünlerine we kadalaryna berk eýermegiň zerurdygyny tabşyrdy. Türkmenistan hukuk döwleti bolmak bilen, mundan beýläk hem kanunlary bozýanlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barar diýip, milli Liderimiz aýtdy we her bir işiň seljerilmegine adalatly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedowyň hasabaty diňlenildi. Ol şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ony hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Esasy Kanuna – Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda şahsyýetiň erkin ösmegi, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berk goralmagy hem-de üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belläp, dünýäniň öňdebaryjy kanunçykaryjylyk tejribesini içgin öwrenmegiň we täze kanunçylyk namalary taýýarlananda olary işjeň ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Täze kabul edilýän kanunlar bolsa täze taryhy eýýamda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine kuwwatly itergi bermelidir.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew gullugyň ähli düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýakyn günlerde Halkara gümrük terminalynyň, hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň “Artyk” we “Sarahs awtoýollary” gümrük bölümleriniň açylyşyna taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük gullugynyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, işgärleri seçip almagy we ýerli-ýerinde goýmagy, täze we öňden hereket edýän gümrük terminallarynyň guramaçylykly işini üpjün etmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Gümrükhanalarda görülýän çäreleriň netijesinde Türkmenistanyň serhedinden geçirilýän ýükleri içgin gözden geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we ýylyň başyndan bäri görlen anyk çäreler, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň garşysyna yglan edilen göreşiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat erdi.
Milli Liderimiz hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji düzümler we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilatymyzyň arasynda alnyp barylýan düşündiriş –wagyz işleriniň wajypdygyny belledi. Gullugyň işgärleri bütin adamzada howp salýan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz göreşmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, şeýle hem öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa gullugynyň işiniň usullarynyň has-da kämilleşdirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi.
Milli Liderimiz hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we harby gullukçylaryň ýurdumyzda asudalygy hem-de abadançylygy üpjün etmekdäki uly hyzmatyny belläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Bitarap döwletimizde harby ulgamy ösdürmek meselelerine, hususan-da, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli amatly şertleriň döredilmeginiň üns merkezinde saklanyljakdygyny nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.