Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Filippinler Respbublikasynyň Adatdan dagşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Eduardo Martin R.Menezden ynanç hatyny kabul etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany Türkmenistanda hormatly işiniň başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda üstünlik arzuw etdi. Öz gezeginde diplomat Filippinler Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylygynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek ýaly uly hormatyň düşendigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda filippinli ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşi, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy ösüşlere beslenen özgertmeleriň esasy maksady bolup durýar. Şu babatda durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň üstünde durlup geçildi. Şol syýasatyň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamynda we beýleki pudaklarda özgertmeler geçirilýär.
Filippinler Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili, Mejlisiň köp taraply işi we düzümi bilen tanyşdyryldy. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýän göni parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak barada pikir aýdyldy.
Türkmen-filippin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde, söwda-ykdysady, gumanitar ugurlarda has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Özara hereketiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilmegine Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň möhüm ähmiýet berýän bilim ulgamy görkezildi.
Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Eduardo Martin R.Menez Aşgabada bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Garaşylyşy ýaly, filippinli ilçi halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanyp, türkmen paýtagtynda geçiriljek ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşar.

* * *