Şu gün ýurdumyzda umumybilim derejede bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebi bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy.
Okatmagyň has täze usullaryna, öňdebaryjy ylmy çemeleşmelere esaslanýan ýokary tehnologiýaly ilkinji okuw mekdebiniň döredilmegi ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda we milli bilim ugruny dünýäniň ösen derejesine çykarmak ýolunda ähmiýetli ädime öwrüldi. Milli Liderimiziň giň möçberli bilim özgertmlerine esaslanýan oňyn ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy we Türkmenistanda şunuň ýaly iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi bu ulgamdaky täzeçillige daýanýan geljekki ösüşiň nusgalyk görnüşini emele getirdi.
Şu günki täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy-- munuň özi diňe bir bilim ulgamyndaky nobatdaky desganyň ulanmaga berilýändigini alamatlandyrman, eýsem, uly ösüşlere ýol açýan öňe tarap depginli hereketiň möhüm derejesi bolan belent galkynyşy aňladýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alada etmegi netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepler ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ylym-bilim mümkinçiliklerini artdyrýar we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrýar. Şunlukda, milli bilim ulgamy ýurdumyzyň we dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýar. Täze bilim ulgamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýän ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçilik zerurlygy, onuň täze ylmy pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we häzirkii zaman ylmyna daýanýan jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim ulgamyny düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň täze onlarça ugrunyň kemala gelmegini şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwür ylmy-tehniki ösüşiň belentliklere galýan eýýamy bolup durýar. Munuň özi bilimiň, tehnologiýalaryň, ylmyň we döredijilik mümkinçilikleriniň derejesiniň yzygiderli ösýändigi bilen şertlendirilendir. Hut şonuň üçinem Türkmenistanda iň ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, işiň öňdebaryjy tejribelerini, has takygy, tutuş bilim ulgamynyň täzeçil derejede ösdürilmegini ulanmak arkaly häzirki zaman okuw mekdepleriniň geriminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
... Ir säher bilen paýtagtymyzyň N.Andalyp köçesiniň ugrunda gurlan belent binaly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň täze binanyň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Bu bina Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binalarynyň ýanaşyk ýerinde ýerleşip, ol paýtagtymyzyň bu künjegindäki desgalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýaşulular, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, elleri baýdakly talyp ýaşlar, köpsanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowuşyrldy.
Baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ýaşlar iňlis dilinde aýdym aýdýarlar. Joşgunly tanslarda ýaş nesilleriň bilime bolan höwesi, sagdyn beden we täze eýýamyň belent ruhy äşgär duýulýar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze binanyň toý bagyny kesýär we onuň içine girýär. Şeýlelikde ýokary okuw mekdebiniň içki bezegi we binanyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlyk başlanýar.
Binanyň eýwanynda dünýäniň kartasy ýerleşdirilip, onda Türkmenistan aýratyn şekillendirilipdir. Bu ýerdäki elektron maglumat tagtasynda uniwersitet baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik bar. Elektron tagtanyň aýratynlyklar barada talyp ýaşlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iňlis dilinde gürrüň berýärler. Döwlet Baştutanymyz olar bilen bolan söhbetdeşlikde özboluşly kiçi synag görnüşinde ýaşlaryň bilim derejesi, olaryň tejribe geçen ýerleri, şeýle hem dünýäde iňlis dilini ulanmagyň aýratynlygy, görnüşleri we olaryň häzirki döwürde iň köp ýaýrany barada sorady.
Häzirki döwürde dünýä ähmiýetli dilleriň hatarynda üňlis dili möhüm halkara gatnaşyklary, syýasy, diplomatik, ylmy, lukmançylyk, bilim, medeniýet we işewürçilik ulgamynda örän möhüm dil hökmünde birinäi orny eýeleýär. Adamlaryň, işewürçilik düzümleriniň we döwletleriň arasynda köpugurly aragatnaşyk serişdesi zerur bolan dünýäniň ählumumy ösüşinde köpsanly taryhy sebäplere laýyklykda iňlis dili ählumumy aragatnaşyk serişdesi hökmünde ykrar edildi.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde bir ýarym milliarda golaý adam iňlis dilinde gürleýär. Bu dil 500 million adam üçin ene dili bolup durýar. Dogrusy, bu maglumatlar şertli bolup durýar, çünki, iňlis dilinde gürleýänleriň anyk sanyny kesgitlemek aňsat däl. Ýöne iňlis dili dünýä ýüzünde barha giňden ulanylýar.
Tehnologiki we maglumat ulgamynyň ösüşi bu diliň ähmiýetiniň artmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Tehnologiýa ulgamyndaky häzirki zaman işläp taýýarlamalary, şol sanda internet ulgamy iňlis dilli ýurtlarda döredildi. Ägirt köp mukdarda ylmy neşirler, okuw we çeperçilik edebiýatlary, filmler we sazlar iňlis dilinde taýýarlanylýar. Dünýäniň iri uniwersitetleriniň hemmesi iňlis dilli ýurtlarda ýerleşýär we şol ýerde hasaba alnan iri maglumat agentlikleri öz işlerinde ilkinji nobatda iňlis dilini öwrenýär. Umuman aýdanyňda, häzirki zaman hünärmeniniň, esasan-da, ylmy, tehnologik ulgamda, halkara hünär gatnaşyklary zerur bolan pudaklarda işleýän işgärleriň häzirki döwürde iňlis dilini bilmezden dünýä maglumatlar giňişliginde hereket etmegi kynlaşýar.
... Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti resmi taýdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 16-njy maýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi. Täze Halkara uniwersitetiniň açylmagynyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz munuň özi biziň ýurdumyz üçin milli bilim ulgamyny ösdürmekde we bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly ähmiýeti bolan taryhy wakadyr diýip belledi.
Uniwersitet her ýylda 300-e golaý talyp kabul eder. Olar 14 hünär boýunça bilim-terbiýe alarlar. Uniwersitetde filosofiýa, sosiologiýa, halkara jemagat hukugy, halkara hususy hukugy, halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty, žurnalistika, halkara ykdysadyýeti, halkara täjirçiligi, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi, halkara menejment, kompýuter tehnologiýasy, kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ýaly ugurlar boýunça bilim berler.
Ýokary okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda we iňlis dilinde alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde iňlis dilini kämilleşdiriş we talybyň geljekki hünäri boýunça terminologiýalary öwreniş bir ýyllyk okuw göz öňünde tutuldy. Şu ýyl okuwa kabul edilen ýaşlara dil öwrenmek bilen bir hatarda uniwersitetde bäş fakultet açyldy. Olaryň binýadynda 13 kafedra döredildi. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan ýörite hünärler boýunça sapak bermek üçin mugallymlary çagyrmak we olary toplamak işleri alnyp barylýar.
Bu ýerde döredilen uniwersitet şäherjiginde baş okuw binasy bolup, onda birbada 2 müň talyp bilim alar. Üç sany umumy ýaşaýyş jaýy 800 talyba niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde 300 orunlyk naharhana, 240 tomaşaçy orunlyk ýapyk sport toplumy, açyk woleýbol, basketbol tennis meýdançalary, şeýle hem kömekçi desgalar we awtoduralga bar.
Uniwersitetiň ähli desgalarynyň ýokary derejedäki taslama çözgütleriniň we ajaýyp bezeg aýratynlyklarynyň bardygyny bellemeli. Binanyň umumy keşbiniň gözelligi, olaryň erkin ýerleşmegi we ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň kaşaňlygy oňa özboluşly äheň berýär. Ýöne binanyň esasy aýratynlygy onuň içki mazmunyndadyr...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly maslahatlar zalyna barýar. Ol ýerde täze ýokary okuw mekdebiniň açylyşy mynasybetli giňişleýin maslahat geçirilýär.
Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz gutlag sözi bilen çykyş etdi. Hemmeleri şu ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de şanly sene mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň açylmagy bilen gutlap. Hormatly Prezidentimiziň ylmyň we bilimiň dünýä derejesine çykarylmagy bu ugra aýratyn ähmiýet berýän döwletimiziň möhüm wezipeleriniň biridir.
Ata-babalarymyzyň: «Okan il ozar...» – diýen parasatly sözleri bar. Biz şu pähimden ugur alyp, ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirýäris diýip bellemek bilen, milli Liderimiz berkarar döwletimiziň beýik geljegi, nurana ertiri şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimine we terbiýesine baglydygyny aýtdy. Biziň şu günki başlan beýik işlerimizi üstünlikli dowam etmek wezipesi ýaş nesilleriň paýyna düşýär, bu wezipeleri ýerine ýetirjek ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, zähmetsöýer, arassa ahlakly, mähriban Watanymyza wepaly adamlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şoňa görä-de, ýaşlara bilim we terbiýe bermegiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýändigini we bilim ulgamyň ösdürilmegine köp möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini aýtdy.
Orta mekdepleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda kompýuter tehnologiýalary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Alymlaryň, professor-mugallymlaryň hem-de baý iş tejribesi bolan hünärmenleriň gatnaşmagynda kämil okuw kitaplary we gollanmalar taýýarlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), şeýle hem Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň belli ylym we bilim merkezleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ylym-bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki halkara taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz şu günki ulanmaga berilýän täze ýokary okuw mekdebiniň ylym, bilim ulgamynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge, garaşsyz Watanymyzyň dünýäde ylmy we bilimi ösdürmekde tutýan ornuny we abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda dünýäniň iň öňdebaryjy binagärlik sungatynyň gazananlaryny üstünlikli ulanmak arkaly «Buig» kompaniýasy tarapyndan gurlan täze uniwersitetiň döwrebap desgalarynyň binagärlik keşbine ýokary baha bermek bilen, döwlet Baştutanymyz uniwersitetde häzirki zaman elektron tehnologiýalary – multimedia enjamlary, Internet ulgamy, interaktiw okuw serişdeleri bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň bardygyny belledi.
Şeýle hem uniwersitetdäki elektron kitaphana, kompýuter we lingafon otaglary, maglumatlar ulgamy, okuw-tejribe otaglary mugallymlara okuwlary täsirli geçirmäge, talyplara bolsa, sapaklary ýokary derejede özleşdirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzda ilkinji gezek bu halkara okuw mekdebinde ýaşlara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iki basgançak boýunça bakalawr we magistr derejeli ýokary bilim berler, munuň özi dünýä ýüzünde ykrar edilen bilim ülňüleriniň bitewi ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor- mugallymlarynyň we talyplarynyň şu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanjakdygyna we bu okuw mekdebiniň ýurdumyzda nusgalyk ylym we bilim ojaklarynyň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary okuw mekdebiniň esasy wezipeleriniň biri bilimi ulgamlaýyn esasda we ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmakdan, şeýle hem häzirki döwrüň derwaýys meseleleri bilen bagly möhüm ylmy - barlag işlerini ýola goýmakdan ybaratdyr. Olaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ugurlaryna ornaşdyrylmagy möhümdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşine ýokary okuw mekdebiniň mynasyp goşandy bolar, bu bolsa ýaşlary ylmy işlere höweslendirer.
Täze ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaşlar ylymda we bilimde gazanylan üstünlikleri düýpli özleşdirip, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmek üçin hemmetaraplaýyn taýýarlykly we başarjaň hünärmenler bolup ýetişmelidir we olar ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyň hatyrasyna işlemelidirler diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara uniwersitetiniň professor – mugallymlaryna ajaýyp ylmy açyşlary, talyp ýaşlara bolsa okuwlarynda uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E. Aýdogdyýewe söz berýär, ol türkmen we iňlis dillerinde çykyş edýär.
Täze ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan bu uniwersitetde döredilen ajaýyp şertlerde okamaga we işlemäge döredilen mümkinçilik üçin çäksiz hoşallygyny beýan edip, rektor hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasyna hut özüniň gatnaşmagy, milli Liderimiziň mugallymlara we okuwçy ýaşlara ak pata bermegi özlerinde ýokary buýsanç duýgusyny döredendigini nygtady.
Netijeli işlemek we talyplara ýokary hilli bilim bermek üçin ähli mümkinçilikler bilen üpjün edilen professor – mugallymlar düzümi döwlet Baştutanymyzyň öz öňlerinde goýan wezipelerini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyryp, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy täze uniwersitetiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň üstünlige beslenýändiginiň nusgasydyr diýip nygtady.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen ýokary okuw mekdebi tölegli esasda ilkinji gezek bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça iňlis dilinde hünärmenleri taýýarlamaga başlamak bilen ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynda täze eýýamy açýar.
Ýurdumyzyň ýokary biliminiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berjek ynsanperwerlik uniwersitetiniň esasy maksady ýurdumyz üçin ýoekary derejeli, dünýä derejesinde bäsleşige ukyply işgärleri kemala getirmekden ybaratdyr. Şunda döwlet baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ýokary okuw mekdebini tamamlaýanlar okuw ýyllarynda özlerinde döredijilik şahsyýetiniň sypatlaryny ösdürmelidirler, barlaglary geçirmek ukybyny, jogapkärli çözgütleri kabul etmek başarnyklaryny ele almalydyrlar, Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, onuň bähbitlerini goramalydyrlar, abraýyny belende götermelidirler.
Täze halkara uniwersitetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynyň ahyrynda ýokary okuw mekdebiniň işgärleriniň milli Liderimiziň sargytlaryny abraý bilen ýerine etirmek üçin ähli güýçlerini aýamajakdyklaryna ýene-de bir gezek ynandyrdy.
Soňra Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa çykyş etdi. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny ösdürmek üçin ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda onlarça täze, döwrebap we iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw mekdepleri açyldy. Bilim ojaklarynyň gurluşygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýar. Her ýylda täze bilim desgalarynyň birnäçesiniň gurlup, ulanmaga berilýändigini nygtamak bilen, ministr munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.
Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilýän pursatlarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen bir hatarda, tutuş ýurdumyz boýunça okuw mekdepleriniň 60-a golaýy we 20-den gowrak çagalar baglary açylýar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berlen Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy bar. Onda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar döwrüň talabyna laýyk derejede bilim alarlar we saglygyny dikelderler. Gysga döwürde bilim ojaklarynyň şeýle mukdardakysynyň açylmagynyň dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýändigini, munuň gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesidigini aýratyn bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleriniň köpugurly häsiýete eýediginiň, onuň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyk gelýändiginiň we milli bilim ulgamynyň türkmen halkynyň ruhy däplerine, bilimi ösdürmegiň dünýä meýillerine we ýokary hil jlçeglerine daýanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Çykyşlarda aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde umumybilim berýän mekdepleriň 60-a golaýynyň we birnäçe çagalar baglarynyň açylandygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendiginiň we onuň öňünde durýan wezipeleriň ugurlarynyň kesgitlenip, üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň hünäri kämilleşdirmekden, ähli pudaklary kompýuterleşdirmekden we okatmagyň ynsanperwerlik ugruny ösdürmekden ybaratdygyny belledi hem-de dabara gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenip, şu açylan bilim ojaklaryna, şol sanda şu gün açylýan Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyna baryp görmäge çagyrdy we olara bu babatda öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine göz ýetirersiňiz diýip aýtdy.
Şunda Türkmenistan dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, ýurdumyzyň täzeçil usul bilen ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Täze ýokary okuw mekdebinde talyplaryň we mugallymlaryň öndürijilikli işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşlyk dowam etdi. Binanyň birinji gatynda milli Liderimiz ýöriteleşdirilen wideo-ýazgy otagyna baryp gördi. Ol geljekki žurnalistleriň tejribe geçmegi üçin ýöriteleşdirilipdir. Otag iň döwrebap audio we wideo tehnikalar bilen üpjün edilipdir. Talyplar döwrebap enjamlaryň üsti bilen surata düşürmegiň, ses ýazmagyň, gepleşikleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ele alarlar we tejribede özleşdirerler. Munuň özi ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, ozaly bilen bolsa halkara derejesinde işlejek, döwrüň talabyna laýyk gelýän hünär derejesi bolan redaktorlaryň, alypbaryjylaryň, habarçylaryň we operatorlaryň taýýarlanmagyna mümkinçilik berer.
Bu ýerde talyplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa studiýa toplumynyň işini, onuň täze maksatnamlaýyn üpjünçiligini türkmen we iňlis dillerinde taýýarlanan gepleşigiň mysalynda görkezdiler. Gepleşigiň awtorlary we alypbaryjylar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny görkezmäge, şol sanda şu günki baýramçylyk wakalary, täze bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar, milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi hakyndaky täze kitabynyň giň jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolandygy barada gürrüň berdiler.
Bu ýerde žurnalistleriň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmegi üçin ähli zerur şertler bar. Olar mowzuklaýyn şekilleri, gepleşikleri, anyk taslamalary taýýarlamak boýunça öz ukyplaryny synap görýärler. Şeýle hem bu ýerde talyplar telegepleşikleri taýýarlamagyň ugurlaryny, telewideniýede we beýleki serişdelerde täzelikleri guramagyň usullaryny özleşdirerler. Bu ýerde uniwersitetiň ýokary okuw mekdebiniň beýleki binalarynda anyk görkezmek üçin teleýaýlymy döretmek mümkinçiligi bar.
Talyplara saýlap alan hünärlerini ele almakda uly üstünlikler arzuw edip, döwlet Baştutanymyz binanyň kompýuter otagyna bardy. Bu otag hem zerur bolan tehniki serişdeler, gollanamalar we degişli maksatnamalar hem-de bir bitewi ulgama birikdirilen şahsy kompýuterleriň binýadyndaky programmalar bilen üpjün edilipdir. Munuň özi talyplaryň okuw mahalynda şahsy çemeleşmegini ýola goýmaga, kompýuter ylmy boýunça hünärlerini ýokarlandyrmaga we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek ukybyny ele almaga kömek edýär.
Döwlet Baştutanymyz ugurdaş türkmen diline terjime edilýän iňlis dilinde alnyp barylýan görkezme-okuw sapaklarynyň geçişini, onuň barşynda mugallymyň bu ýerdäki enjamlaryň, multimediýa tagtanyň mümkinçiliklerini görkezişini üns bilen synlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okatmagyň interaktiw usullary, talyplara berilýän ýumuşlaryň görnüşleri we olaryň özbaşdak işlerine gözegçiligiň amala aşyrylyşy bilen gyzyklandy. Şeýle hem talyplaryň ýokary okuw mekdebiniň elektron kitaphanasynyň serişdelerinden oturan ýerinden peýdalanyşlaryna syn etdi.
Mugallymyň aýdyşy ýaly, Wi-Fi simsiz ulgam bilen üpjün edilen enjamyň kömegi arkaly talyp öz mugallymy bilen gürleşip, maslahat beriş çäresini geçirip we ýokary okuw mekdebiniň elektron hyzmatlaryndan we internetden maglumatlary alyp bilýär. Okuw pursadynda bu ulgamyň peýdalanylmagy oňa goşmaça serişdederi çekmäge, talyplarda maglumatlary özbaşdak gözlemek, seljermek we olara baha bermek ukybyny kemala getirmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz talyplar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň giriş synagyny tabşyryşlary, özleriniň saýlap alan ugurlary bilen gyzyklandy. Täze ýokary okuw mekdebiniň talyby diýen ada eýe bolan ýaşlar giriş synagy mahalynda ýokary derejedäki seljerişiň bolandygyny, synaglara örän ykjam taýýarlanandyklaryny, esasan-da, iňlis dili boýunça bilimlerini has-da kämilleşdirendiklerini gürrüň berdiler.
Milli Liderimiz dabara gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlardan talyplaryň iňlis dilinde sözleýiş derejesiniň neneňsidigini sorady, şonda myhmanlar talyplaryň bilim derejesine ýokary baha berdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz köpugurly we has täze enjamlar bilen üpjün edilen umumy okuw otagyna bardy. Hususana-da, bular, e-board we e-podium: multisensor ekranly interaktiw tagta we sanly podium, ýagny audio-wideo signallaryň çeşmelerini özünde jemleýän enjam, şahsy kompýuter, maglumaty geçirýän we ony tagtada, şeýle hem planşetlerde, talyplaryň netbuklarynda görkezýän sensor panelli dolandyryş enjam, sesi gataldýan we radiomikrofonly ulgamlar bolup durýar.
Mugallym e-board we e-podium enjamlaryny bilelikde ulananda, islendik (audio, wideo, animasiýa, inženerçilik çyzgylar) görnüşindäki maglumaty ulaltmaga, kiçeltmäge, öwürmäge, geçilýän sapaklary dolulygyna ýatda saklamaga mümkinçilik döreýär.
Bu enjamlaryň mümkinçiliklerini aýdyň görkezmek üçin uniwersitetde elektron enjamlar, onuň funksional gurluşy we maglumatlar ulgamy bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Ýaş mugallym ýokary okuw mekdebi baradaky umumy maglumatlary beýan edip, fakultetleriň her birini gysgaça häsiýetlendirmek arkaly, smart-tagtada ähli otaglaryň, şol sanda okuw geçirilýän auditoriýalaryň, kafedralaryň we dekanlyklaryň özara baglanyşygynyň üpjün edilişini görkezdi.
Okuw mekdebiniň birinji gatynda durmuş-ynsanperwer bilimler fakulteti we dil bilimi bölümi, ikinji gatda – halkara hukugy we halkara gatnaşyklary, şeýle hem halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetleri, üçünji gatda tehnologiýa we hünär kämilleşdiriş fakultetleri ýerleşýär. Bulary baglanyşdyrýan ulgam maglumatlar portalyndan, programmalaýyn toplumlardan, multimediýa we interaktiw, kompýuter we edarada ulanylýan, serwer, simli (intranet, internet) we simsiz (Wi-Fi) enjamlardan ybaratdyr.
Maglumatlar portalynda uniwersitet baradaky umumy maglumatlar, meselem, okuwlaryň tertibindäki üýtgetmeler baradaky bildirişler, şeýle hem talyplar we mugallymlar üçin elektron poçta ulgamy, on-laýn maslahatlary we gürüňdeşlikleri guramak üçin forumlar bar. Portala uniwersitetiň islendik ýerinden goşulyp bolar. Şeýle hem munuň üçin bar bolan maglumatlaryň giňişleýin binýadyny özünde jemleýän e-kiosk (eýwandaky maglumatly diwarlyklar) ulanylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täsirli görnüşde tanyşdyrylyşy uly gyzyklanma bilen synlap, ýokary okuw mekdebiniň maglumatlar ulgamyny dolandyrmak, onuň üznüksiz işlemegini, goralmagyny we howpsuzlygy tehniki taýdan üpjün etmek baradaky meseleler bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz ýokary okuw mekdebiniň ygtybarly serwer we ulgamlaýyn platformasy baradaky jikme-jik jogaplary, şunda dünýäniň öňdebaryjy işläp taýýarlaýjylarynyň enjamlarynyň ulanylýandygyny diňläp, şunuň ýaly ulgamlaryň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde-de giňden ornaşdyrylmalydygyny we elektron bilimiň ösdürilmegine ýardam berilmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda bilim ulgamynyň täze derejä ýetirilýändigini, şu ugurdaky özgertmeleriň örän çalt bolup geçýändigini hem-de adaty tagtalaryň we hekleriň bahym syýanyň ulanylyşy ýaly taryhda galjakdygyny aýtdy.
Soňra milli Liderimiz multimediýa tehnologiýalar otagyna bardy. Döwlet Baştutanymyz ol ýerde tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Ýaş mugallymyň aýdyşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bilim ulgamy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan Apple üpjünçilik programmasy peýdalanylýar. Munuň özi netijeliligi we okatmagyň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Multimediýa usullary diňe bir ýaşlaryň bilime, özbaşdak ylym almaga bolan höweslerini ösdürmän, eýsem olaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da, olar bilim ulgamyndaky netijeliligiň ýokarlanmagyny, mugallymlaryň hem, talyplaryň hem wagtlarynyň ýokary derejede tygşytlanmagyny şertlendirýär. Mugallym öz gürrüňini ýörite kompýuteriň kömegi arkaly interaktiw tagtanyň üsti bilen şekilli görnüşler bilen utgaşykly dowam etdi.
Şeýle hem täze ýokary okuw mekdebinde talyplar üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy okuw merkezleriniň serişdelerine goşulmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Olar dünýäniň belli alymlarynyň we mugallymlarynyň elektron binýatda bar bolan çykyşlaryndan peýdalanyp bilýärler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti öz mugallymlarynyň ilkinji çykyşlarynyň sanly ulgamlaryny hödürlemek arkaly şeýle halkara ulgamyna goşuldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde daşary ýurtly ilçilere ýüzlenip, olaryň bu babatdaky pikirleri bilen gyzyklandy. Olar täze ýokary okuw mekdebiniň enjamlaşdyrylyşyna, mugallymlaryň hünär derejesine we talyplaryň bilim alyşlaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyzy şunuň ýaly ajaýyp uniwersitetiň açylmagy, şeýle hem talyp ýaşlary we olaryň mugallymlaryny şeýle ýokary derejedäki sowgat bilen gutlady.
Bu sözlere halkara guramalarynyň wekilleri hem goşulyp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini BMG-niň ählumumy başlangyçlaryna – “Akademiki täsir” (ACADEMIC IMPACT) maksatnamasyna goşulmagy baradaky teklibi aýan etdiler. Olar BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna Türkmenistanda innowasion ýokary okuw mekdebiniň açylandygy, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebini ady agzalan taslama goşmak hakyndaky meselä seretmek baradaky teklibini uly höwes bilen ýetirjekdiklerini aýtdylar.
2010-njy ýylyň noýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň ştab-kwartirasynda “Akademiki täsir” maksatnamasynyň resmi taýdan goýberilişi boldy. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň başlangyjy esasynda döredildi. Onuň baş maksady BMG-niň adam hukuklary, durnukly ösüş we dawalaryň oňyn çözgüdi, halkara gatnaşyklary, şeýle hem saglygy goraýşyň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň, tebigatdan netijeli peýdalanmagyň möhüm meseleleri bilen baglanyşykly ýörelgelerini we başlangyçlaryny beýan edýän dürli görnüşli ýokary okuw mekdepleriň akademiki bileleşiklerine goldaw bermekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu teklibi we Türkmenistanyň akademiki ulgam boýunça BMG bilen gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti –biziň hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän ýokary okuw mekdebini döretmekde ilkinji milli tejribämizdir we bazar gatnaşyklary şertlerinde bilim ulgamynyň täze nusgasyny kemala getirmekdäki möhüm ädimimizdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz mundan beýläk-de bu hereketi bazar ykdysadyýetine alyp barýan özgertmelere laýyk derejede maksatnamalaýyn esasda ösdüreris diýip, milli Liderimiz belledi.
... Mugallymyň gyzykly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz ondan bu hünär boýunça tejribäni nirede geçendigini sorady. Ol daşary ýurtda diýip jogap berdi we diňe bir iňlis dilini däl, eýsem, beýleki daşary ýurt dillerini hem bilýändigini aýtdy.
Şeýlelikde, täze ýokary okuw mekdebinde sapaklaryň esasan iňlis dilinde alnyp barylýandygyna garamazdan, bu ýerdäki mugallymlar iki, üç we ondan hem köp daşary ýurt dillerini bilýärler. Köp dili bilýän mugallymlar olaryň özleri we talyplar üçin amatly binýat bolup durýar. Çünki okuw pursatlarynda olar kömekçi serişde hökmünde beýleki dilleri hem ulanyp bilerler. Dürli dillerde gürleşmegi öwrenmek, öz hünär ussatlygyňy we durmuş tejribäňi baýlaşdyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdylygy dowam edip, döwlet Baştutanymyz lingafon otagyna bardy, bu ýerde talyplaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertler döredilipdir we otag ýokary derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerede oturdylan kompýuterleriň “Genesis” maksatnamalaýyn üpjünçiligi bar. Ol mugallymyň sesini alyp eşitdirmäge, onuň monitoryndaky şekilleri tutuş otaga ýa-da talyplaryň belli bir toparyna, aýratyn okaýanlara geçirmäge, sapaklary ýazyp almaga, saklamaga we başga-da birnäçe interaktiw usullary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu maksatnama otagyň kompýuterleriniň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak üçin Wi-Fi lokal we simsiz ulgamy peýdalanýar. Bu ulgam boýunça auldio we wideo şekilleri, beýleki ýazgylary geçirmäge, olary dolandyrmaga we mugallymyň iş ýerinden talyplaryň şahsy kompýuterleri bilen aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere geleninde mugallym talyplar bilen ýörite enjam arkaly “Sosiologiýa” mowzugy boýunça sapak geçýärdi. Has takygy, ol sosiologiýa ylmynyň düşündiriş – terminlerini özleşdirmek boýunça sapak geçýärdi.
Bu ýerde görkezilişi ýaly, ulgamyň mümkinçilikleri mugallyma interaktiw tagtany dolandyrmaga, tutuş otag ýa-da aýry-aýry talyplar bilen gatnaşygy ýola goýmaga şert döredýär. Şeýle hem talyplary jübütlere bölmek, olaryň birek-birege päsgel bermezden öz aralarynda okuw-gepleşiklerini geçirmekleri mümkindir. Her kim oturan ýerinden planşetleri ulanmak arkaly mugallyma dilden ýa-da hat üsti bilen sowal berip bilýär.
Hormatly Prezidentimiz mugallymyň ylmy meýilleri bilen gyzyklanyp, hünärler boýunça ylmy işleri alyp barmagyň ýokary okuw mekdebiniň esasy ugurlarynyň biri bolmaldygyny belledi. Mugallymlar özleriniň ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmalydyrlar. Bu bolsa olaryň işiniň mazmunyny baýlaşdyrar diýip, milli Liderimiz ylmy işleriň esasy ugry ýurdumyzyň ylmyna, milli ykdysadyýetimiziň durmuş ulgamyna degişli möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilmelidigini aýtdy. Ähli pudaklardaky barlaglaryň netijeleri ýurdumyza anyk peýda getirmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde okamak üçin kesgitlenen töleg bilen gyzyklandy. Şonda dabara gatnaşýan ilçiler ýokary okuw mekdebinde bar bolan iň täze enjamlary, ýokary hünär derejeli mugallymlaryň bardygyny nazara alanyňda, bellenilen nyrhyň gymmat däldigini hem-de dabara gatnaşyjylaryň muňa aýdyň göz ýetirendigini aýratyn bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti ilçilere olaryň öz çagalaryny okatmak üçin şu ýokary okuw mekdebine getirip biljekdiklerini aýtdy we uniwersitetiň ýolbaşçylaryna bolsa, bu ýokary okuw mekdebinde işlemäge biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň işgärlerini çekmegi hem maslahat berdi, olaryň arasynda syýasatçynaslyk, sosiologiýa, ekologiýa we beýleki ylymlar boýunça oňat hünärmenler az däldir. Olar beýan toplumlaryny okap bilerler ýa-da biziň alymlarymyz bilen bilelikde ylmy temalary we taslamalary işläp taýýarlamagy geçirmek bilen, bilim we ylym ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine özleriniň goşandyny goşarlar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bir wagtda birnäçe dile derjime etmäge mümkinçilikleri bolan talyplar üçin niýetlenilen metbugat maslahatlary zalyna bardy. Bu uniwersitetiň ýene bir okuw studiýasydyr. Bu ýerde talyplar brifingleri we metbugat maslahatlaryny guramak, göni terjime etmek boýunça okuw sapaklaryny geçerler.
Şu gün bu ýerde Aziýada -2017-ä bagyşlanan oýun okuwy görnüşinde metbugat maslahaty görkezildi. Talyplaryň bir bölegi Milli olimpiýa komitetiniň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hökmünde, beýleki bir topar bolsa türkmen teleýaýlymlarynyň we daşary ýurt neşirleriniň žurnalistleri hökmünde çykyş etdiler. Ähli sowal-jogaplar iňlis dilinde berildi.
“Türkmenistan. Sport” we “Türkmenistan” ýaýlymlarynyň habarçylary Aziadanyň maksatnamasyna sportuň nähili görnüşleriniň girizilýändigini we oňa näçe ýurduň gatnaşýandygyny soradylar. Giňişleýin berlen jogapda bäsleşikleriň sportuň 17 görnüşi boýunça geçiriljekdigi we olara dünýäniň 64 ýurdundan türgenleriň gatnaşjakdygy barada maglumatlar aýdyldy.
Germaniýanyň “Şpigel” neşirine wekilçilik edýän žurnalist meýletin ýardamçylar, olaryň taýýarlygy we etmeli olaryň etmeli işleri, wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy. EURONEWS habarlar teleýaýlymynyň habarçysy Aziadany guramagyň maksatlary barada sorady. Sport bäsleşiklerinden başga-da, bu iri möçberli çäre sportuň wagyz edilmegine, türkmen döwletiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten derejesini we üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilendir diýlip jogap berildi.
Örän işjeň ýagdaýda geçýän metbugat maslahatyna ýokary okuw mekdebiniň belent mertebeli myhmanlary hem goşuldylar. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy. Berlen anyk jogaplarda bu iri möçberli taslamanyň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynyň möhletleri, maýa goýum möçberleri, käbir desgalaryň bahalary barada kesgitli habar berildi.
Hormatly Prezidentimiziň teklip etmeginde daşary ýurtly ilçiler hem Aziada boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Olar bu ýaryşlara Aziýa sebitine degişli bolmadyk ýurtlaryň toparlarynyň bäsleşik maksatnamasyndan daşary sport ýaryşlaryna gatnaşyp biljekdikleri, näçe medallar toplumy ugrunda ýaryşlaryň guraljakdygy bilen gyzyklandylar. Berlen sowallaryň hemmesine edebi iňlis dilinde anyk jogaplar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metbugat maslahaty zalyndan çykyp, ýene bir umumy okuw otagyna bardy. Ol ýerde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly görkezme okuwlar geçirildi.
Sapagyň mowzugy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň bilim ulgamy boldy. Ol hem iňlis dilinde alnyp baryldy. Mugallym ýurdumyzyň bu ulgamynda ýeten derejesi barada gürrüň berdi we şol bir wagtyň özünde, interaktiw tagtada hormatly Prezidentimiziň kitaplary görkezildi. Soňra mugallym bu kitaplaryň taglym we ylmy mazmuny boýunça talyplara birnäçe sowallary berdi. Talyplar olara dürs jogap berdiler.
Şeýle hem bu ýerde täze ýokary okuw mekdebini Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen baglanyşdyran teleköpri geçirildi. Ol ýokary okuw mekdebiniň talyplary hormatly Prezidentimizi şu günki dabaralar, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy bilen gutladylar.
Milli Liderimiz şunuň ýaly wideoarabaglanyşygy beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen hem guramagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklandy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýa ulgamlarynyň doly, şol sanda wideoaragatnaşygyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki forumlary we çykyşlary guramaga mümkinçilik berýändigi aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryny, mugallymlaryny ýene bir gezek gutlady we olara okuwlarynda, işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Talyplar we mugallymlar milli Liderimize ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň bilim almagyna we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine yzygidlerli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz binanyň esasy eýwanyna bardy we täze Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
*** ...Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän täzeçillik bilim syýasatynyň üstünlige beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy hökmünde täze okuw ýylynyň başynda biziň ýurdumyzda ähli welaýatlarda we Aşgabatda bina edilen bilim edaralarynyň onlarçasynyň açylandygyny bellemelidiris. Galyberse-de, paýtagtymyzda ýörite orta okuw mekdepleriniň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Balkanabat şäherinde Ýokary mugallymçylyk mekdebiniň täze binalarynyň we başga-da köp sanly bilim edaralarynyň gurluşygy dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ähli welaýatlarda mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin saglygy dikeldiş we okuw – terbieçilik toplumlarynyň gurluşygyny göz öňünde tutýan uly möçberli taslama durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzda gurlan Saglygy dikeldiş okuw-terbieçilik toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi şu günüň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.
Mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin niýetlenen bu toplum özboluşly köşge meňzeşdir. Ol 53 müň inedördül metrden gowrak meýdançada ýerleşýär. Bu toplum Aşgabat şäheriniň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Ýeri gelende aýtsak, toplum gurlan mahalynda, saglyk ýagdaýy sebäpli adaty mekdebe barmaga mümkinçiligi bolmadyk çagalaryň saglygynyň has oňaýly ýagdaýda bejerilmegi we olaryň okadylmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň göz öňünde tutulmagy üçin, binanyň taslamasynyň düzülmegine potratçy kompaniýanyň hünärmenleri bilen birlikde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Toplum sekiz sany binadan ybaratdyr, olaryň birinde lukmanlaryň iş otaglary, dermanhana, saglygy dikeldiş merkezi, okuw-önümçilik ussahanalary, sport zaly, ýapyk suw howzy, naharhana we beýlekiler ýerleşýär. Beýleki binalarda saglyk ýagdaýy çäkli bolan çagalaryň: ker we çala eşidýän, kör we çala görýän çagalaryň we beýlekileriň psihofiziologik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp enjamlaşdyrylan ýörite bölümler ýerleşýär. Olar üçin ýaşalýan we okuw otaglary degişli derejede enjamlaşdyryldy.
Ýörite bejeriş geçirilýän tapgyrda stasionarlarda bolan mahalynda, çagalara öz mümkinçiliklerine we zerurlyklaryna laýyklykda okuwyny dowam etdirmäge oňaýly ýagdaý döredildi. Her bir çaganyň özüni görkezmegi, onuň döredijilikli özboluşlylygyny kemala getirmek üçin şertleri döretmek ýörite okuw maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Şol wezipe çagalaryň kemala gelen endiklerini we başarnyklaryny göz öňünde tutup okatmak arkaly berjaý edilýär.
Lukmanlaryň kömegi bilen mümkinçilikleri çäkli çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine we olaryň durmuşa uýgunlaşdyrylmagyna inklýuziw çemeleşme okuw-terbiýeçilik toplumynyň esasy wezipesi bolup durýar. Munuň üçin ähli şertler döredildi hem-de toplum täze tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Bejeriş-anyklaýyş bölüminde şöhle, elektrik we palçyk terapiýasy, ýyly saklamak üçin nietlenen otaglar, rentgenologyň iş otagy, ozokerit-parafin arkaly bejeriş, owkalamak üçin otaglar, bejeriş gimnasitkasynyň geçirilýän we daýanç-hereket ediş synasy bozulanlary bejermek üçin lukmanlaryň – ortopedleriň ulanýan enjamlary goýlan otagy we beýlekiler ýerleşýär. Galyberse-de, toplumda has täze abzallaryň kömegi arkaly dürli seljerişleri geçirmek üçin özbaşdak barlaghanalar bar.
Şeýle hem mekdepde çagalaryň sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi, bu ýerde üsti ýapyk zal we üsti açyk meýdançalar, türgenleşik geçirilýän zal, suwa düşülýän dürli çuňlukdaky howuz bar. Suwdaky maşklar çagalaryň ählisiniň saglygynyň berkidilmegine ýardam berýär. Ýöne olaryň özlerini has oňaýly duýmagy üçin, mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň ýaşaýan binalaryndaky ýaly, howuzdaky pol hem ýyladylýar. Daýanç-hereket ediş synasy bozulan çagalar üçin howza girmek we ondan çykmak üçin ýörite gidrawliki enjamlar bar.
Ker we çala eşidýän çagalar, şeýle hem sözleýşi bozulan çagalar üçin niýetlenen binada göwnejaý bilim we terbie bermek üçin döwrebap enjamlar we okuw-usuly toplumlar ýerleşýär. Bu ýerde çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, olara durmuşda zerur endikler öwrediler, şeýle hem olaryň eşidiş ukyby gowulandyrylar we sözleýiş endikleri kämilleşdiriler.
Okuw otaglary Şwesiýada, Germaniýada we Russiýada öndürilen öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi, bular şol bir wagtyň özünde birnäçe çagalara bilim-terbiýe bermäge, olaryň dogry sözleýşine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Uly ýaşly çagalar gyzyklanma bildirýän ugurlaryna görä, haýsy-da bolsa bir hünäri öwrenip biler. Okuw-önümçilik ussahanalarynda gyzlar tikinçilik bilen meşgullanyp biler, oglanlara aýakgap ussaysynyň, sahapçynyň, enjamlary we durmuşda ulanylýan tehnikany bejerýän ussanyň hünärleri öwrediler. Ussahanalardan başga-da, çeper döredijilik, aýdym-saz we tans boýunça studiýalar, geljekki aşpezlere tälim berýän aşhana hem bar.
Gowy görmeýän çagalar üçin nietlenen bölümde-de döwrebap enjamlar gýouldy hem-de çagalara göwnejaý bilim we terbie berilmegi üçin okuw-usuly toplumlaryň işi ýola goýuldy. Bu ýerde ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, çagalara durmuşda zerur endikler öwrediler hem-de olaryň görüşi gowulandyrylar. Binada kör we çala görýän çagalaryň ondan-oňa päsgelçiliksiz geçmegi üçin ýörite şertler döredilipdir. Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin nietlenen okuw-ýaşaýyş binalary aýratyn gowy bezelipdir. Ähli ýerde açylan güller ýerleşdirilipdir, gülleri gapylarda, krowatlarda, žalýuzide, el-ýüz ýuwulýan ýerde görmek bolýar. Açyk, täsirli reňkler çagalaryň şähdaçyk bolmagyna ýardam eder. Daşarda tämiz howada gezmek, çagalaryň beden we psihologik ýagdaýynyň üstünlikli ösdürilmeginiň zerur şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, her bir binadaky çagalar üçin, mekdebiň howlusynda attraksionly we oýun oýnalýan meýdança bar, çagalar şol ýerde öz wagtyny gyzykly we saglygy üçin peýdaly ýagdaýda geçirip bilerler.
Şeýlelikde, bu ýerde her bir çagalanyň özüni amatly duýmagy üçin ähli şertler döredildi. Her bir çaga bu ýerde özlerini öz öýlerindäki ýaly duýup, terbiýeçileriň, mugallymlaryň we lukmanlaryň aladasy bilen gurşalandyr.
Ýörite kompýuterler, noutbuklaryň we programmalaýyn üpjünçiligiň kömegi arkaly çagalara kompýuter sowadyny öwretmek göz öňünde tutuldy, “Drafsman” atly sudurly enjam çagalara surat çekmegi öwretmäge, Braýl depderleri çagalaryň hat ýazmak endiklerini kämilleşdirmäge degerli ýardam berer.
Şulardan başga-da, bu binada Şwesiýanyň braýl elipbiýinde çap önümlerini neşir edýän printerler, Russiýanyň “Logoswos” kompaniýasynyň “gurleýän kitaplar” atly enjamlary hem-de globuslary goýuldy, bular çagalara daşky dünýäniň köp ugurlulygyna we baýlygyna düşünmäge ýardam berýär. “Gürleýän kalkulýatorlar” matematiki amallary özleşdirmäge kömek eder. “Grafika” atly tifloenjamlar çagalaryň el duýgularyny, ownuk motorikany we pikirleniş endiklerini ösdürmek üçin niýetlenendir.
Daýanç-hereket ediş synasy bozulan çagalar üçin Germaniýanyň elektrik arabalaryndan başga-da, ýöreýän enjamlar bar, şolaryň kömegi arkaly çagalar özbaşdak hereket edip, gatlara päsgelçiliksiz münüp düşerler. Binada hereketi çäkli çagalara nietlenip ýöriteleşdirilen lift gurnaldy, bu ýerde adaty basgançaklara derek panduslar abzallaşdyryldy. Binada ýöremäge ýardam edýän we tigirli enjamlar mümkinçiligi çäkli çagalara işjeňlik bilen hereket etmäge, sport çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berer.
Inklýuziw bilim ulgamyny ösdürmek milli bilimi özgertmegiň we kämilleşdirmegiň möhüm ugurlaryny biri bolup durýar. Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň göwnejaý hilli bilim almaga deň hukuklylygy Türkmenistanyň kanunçylyga arkaly berkidildi.
Şeýlelikde, şu gün ulanmaga berlen täze Saglygy dikeldiş okuw-terbieçilik toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumyadamzat gymmatlyklaryna laýyklykda ählumumy ösüşe gönükdirilen durmuş syýasatyna degişli meselelere, türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamyndaky ruhy ýörelgeleri esasynda durmuşda kömege mätäçlere goldaw berilmegine we deň mümkinçiliklere eýe bolan jemgyýetiň döredilmegine içgin üns berýändigini görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.