Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 700
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjanyň diplomatik akademiýasynyň rektory, ilçi Hafiz Mir Jalýal ogly Paşaewi kabul etdi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna we onuň Liderine bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň döwlet baştutanyna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmegiň ugruna ygrarlydygyny hem-de Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýandygyny, onuň köpasyrlaryň dowamyndaky dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus bolan asylly ýörelgelere esaslanýandygyny nygtady.

Köpugurly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alyşmagyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy soňky ýyllarda milli bähbitleriň ýakynlaşýandygyny görkezýän ýagdaýyň dörändigini hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, şeýle hem ýangyç-energetika, ulag aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşykda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada aýratyn pikir alşyldy. Şu gün Aşgabatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşan Hafiz Mir Jalýal ogly Paşaew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine içgin üns berýändigini göz öňünde tutanyňda türkmenistanlylaryň täze nesliniň halkara derejeli bilim almak üçin örän oňaýly mümkinçiliklere eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda häzirki netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça döwletara aragatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň özara içgin düşünişmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýän, şeýle hem iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky ynama we özara hormat goýulmagyna esaslanýan gatnaşyklaryň saklanmagy netijesinde gazanylandygy bellenildi.

Duşuşykda biziň ýurtlarymyzyň Hazar sebiti boýunça goňşy bolmak bilen, häzirki döwürdäki möhüm meseleleriň, ilkinji nobatda, ählumumy energetika howpsuzlygy boýunça meseleleriň çözülmeginiň has amatly ýollaryny gözlemekde stratagiki hyzmatdaşlar bolup durýandygy bellenildi.

Diplomat duşuşygyň ahyrynda Aşgabada ilkinji gezek gelip görendigini, şäheriň gözelliginiň we tertipliliginiň haýran galdyrandygyny aýtdy hem-de dostlukly Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, bagtyýarlyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bellenilen iri möçberli meýilnamalary we özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Sultanzade Mamedaga ogly gatnaşdy.