Şu gün irden türkmen paýtagtynda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady. Wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Awtomobil ulaglary ministrligi, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de Ýewropa–Kawkaz–Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara topary (TRASEKA) bilen bilelikde guraldy. Maslahatyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bu maslahaty Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyç türkmen döwletiniň Baştutanyna -- ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine degişli birnäçe netijeli teklipleriň awtoryna degişlidir, bular BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden beýan edildi. Döwür bu başlangyçlaryň möhümdigini äşgär etdi, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri hem-de dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gös-göni täsirini ýetirýän ählumumy yzygiderli ösüşde wajyp ähmiýetli ýagdaý hasaplanýar. Türkmenistan BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde şu ugurda özara arkalaşykly hereket etmegiň meseleleri boýunça netijeli ugra eýerip, düzümlere degişli uly möçberli taslamalary öňe sürýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bu taslamalary amala aşyrmak arkaly, sebit we yklymara derejesinde köpugurly, utgaşdyrylan ulag düzüminiň döredilmegine önjeýli goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ugurlarynyň giňeldilmegine we şu ugra degişli täze ulgamlaryň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip düzüldi we üstünlikli amala aşyrylýar. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini göz öňünde tutmak arkaly, multimodal gatnawlaryň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine ýardam bermelidir.
Hormatly Prezidentimiziň oňyn syýasaty we döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar, hut Aşgabatda şunuň ýaly möhüm ähmiýetli maslahatyň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtynda esasy halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň, ÝHHG-niň-nyň, YHG-niň, IRU-nyň, TRASEKA-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem 30-dan gowrak döwletlerden gelen myhmanlar ýygnandylar. Maslahatyň işine türkmen tarapyndan hökümetiň agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahatyň açylyş dabarasyna daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy.
Irden Türkmenistanyň Prezidenti maslahatyň geçirilýän ýerine – paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasyna bardy. Bu ýerde milli Liderimizi halkara maslahatyna gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Halkara maslahatyna gatnaşýanlar resmi ýagdaýda surata düşenden soňra Uly zalda maslahatyň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz zala barýar, bu ýerde ýygnananlar türkmen Liderini dik durup, dowamly el çarpmak bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýanlara ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly, ählumumy derejede ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýandygyny we şunuň bilen birlikde, bu ugra degişli möhüm ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürýändigini belledi. Ýurdumyz dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga eýermek bilen, häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleri orta atýar hem-de bularyň netijeli çözülmegine çalyşýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürýändigini hem-de bularyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin zerur çäreleri görýändigini we şu maslahatyň geçirilmeginiň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Halkara hyzmatdaşlygynyň we yzygiderli ösüşiň üpjün edilmeginde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanyn bu ýokary derejeli maslahat Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de Ýewropa–Kawkaz–Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara topary (TRASEKA) bilen bilelikde geçirilýär. Milli Liderimiz ýygnananlary forumyň işiniň başlamagy bilen mähirli gutlap, türkmen tarapynyň bu maslahata döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň, bilermenleriň bileleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň giňden gatnaşmagyna ýurdumyza hormat-sarpanyň nyşany, Türkmenistanyň sebit we yklym derejesindäki halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryna, hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklibine düşünilmeginiň we goldawyň subutnamasy hökmünde garalýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan XXI ýüzýyllygyň ählumumy ulag strategiýasynyň döwletleriň we sebitleriň okgunly goşulyşmagynyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriniň, tehniki we tehnologiki kuwwatynyň birleşdirilmeginiň strategiýasydygyna ynanýar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz geljekki iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşykly ulgamynyň, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşyklydygyny nygtady.
Türkmenistan şu gün ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öz garaýyşlaryny kemala getirmek bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa häzirki zaman ählumumy ösüş prosesleriniň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmünde garaýandygyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geografiki taýdan Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly ýerleşýändigini nazara alsaň, ulag ulgamyny ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistan ýewropa, aziýa-ýuwaş umman we günorta aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň we ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny okgunly ösdürmek bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugra degişli maksatnama boýunça ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmakdan, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda ulag gatnaw ugurlaryny baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ulgamy boýunça milli düzümini mundan beýläk-de giňeltmekden ybaratdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gürrüniň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklym giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň hem-de üstaşyr geçirmegiň köp şahaly, toplumlaýyn we utgaşykly düzümini gurmak barada barýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem bu taslamada geljekde Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag düzümine birleşmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň täze, has giň möçberli görnüşiniň döredilmegini aňladyp, ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe pikirlenmegiň, onuň ösüşiniň strategiki geljegini görmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň öz strategiýasynda döwrebap ulag düzümini döretmäge möhüm ähmiýet berýändigini, goňşy döwletler bilen iri sebit – yklymlaýyn taslamalary amala aşyrýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz muňa mysal edip, ýakynda Demirgazyk – Günorta ugur boýunça Gazagystan-Türkmenistan- Eýran demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu taslamanyň ykdysady taýdan we beýleki babatlarda ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtap, täze ýoluň döwrüň talabyna laýyk gelýän häzirki zaman ulag düzümini döretmegiň möhüm bölegine öwrülýändigini hem-de onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döretjekdigini belledi. Beýleki bir giň möçberli taslama Türkmenistan – Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz biz onuň amala aşyrylmagyna sebitiň gury ýerdäki döwletlerini iri halkara bazarlaryna çykarmak nukdaýnazaryndan hem garaýarys diýip aýtdy. Milli Liderimiz Merkezi Aziýa sebitiniň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen özleriniň çäkleri arkaly sebitara gatnawlary üçin amatly üstaşyr şertleriň döredilmegini üpjün edip biljekdiklerinden ugur alýarys diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda täsin inženerçilik desgalarynyň – ulag gatnawlarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasy” boljak demir ýoluň we awtomobil köprüleriniň köpçülikleýin ulanmaga berilýändigini aýtdy. Bu desgalaryň gurulmagy Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollaryny döretmekde we olary netijeli ulanmakda möhüm ädim bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda maýa goýum taslamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň sebitlerini bitewi ykdysady düzüme birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, awtoulag ýollarynyň düzüminiň ösdürilmegine ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň entek şeýle giň gerimde amala aşyrylmandygyny belledi. Milli Liderimiz olaryň umumy uzynlygynyň 1700 kilometre golaý boljakdygyny aýtdy. Dünýä ölçegleri tutuş ýurdumyzyň çäginden çekilýän awtoulag ýollarynyň esasy görkezijisi bolar.
Hormatly Prezidentimiz ertir – 4-nji sentýabrda Halkara gümrük terminalynyň, uly awtomenziliň açylyşyna hem-de Özbegistanyň serhedinde Türkmenabat şäherinden Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine çenli uzalyp gitjek awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, maslahata gatnaşyjylary bu dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, Türkmenistanyň deňiz flotunyň we tutuş degişli düzümiň ösdürilmeginiň geljegine uly umyt baglanýandygyny aýtdy. Uly möçberli taslamalaryň biriniň durmuşa geçirilmegi – Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň gurluşygy onuň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu portuň gurluşygyna 2013-nji ýylyň awgustynda badalga berildi. Hazaryň kenarynda gurulýan täze deňiz porty deňiz gatnawlarynyň döwrebap ulgamyny döretmegiň möhüm bölegi bolar. Ol Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmak üçin has amatly şertleri döretmäge, uly möçberli ýükleri daşamagyň ýoluny we wagtyny ep-esli gysgaltmaga, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi üçin örän amatly ýagdaýyň emele gelýändigini, sebitara we yklymara gatnaşyklarynyň täze strategiki mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy.
Soňra milli Liderimiz halkara ulag düzümini ösdürmek barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň hemişe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyndan ugur alýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň tejribesiniň esasynda Türkiýä çykmak arkaly Merkezi Aziýa üçin modal ýoly döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär. IRU-nyň bu modal ýol baradaky başlangyjy bu ugurda ulag ýollaryny ösdürmegiň geljegine bolan garaýşymyza doly laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz biz ony doly goldaýarys, bu taslamany durmuşa geçirmekde işjeň orun eýelemäge hem-de ýakyndan ýardam bermäge taýýardyrys diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň düzümine girýän, BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ählisine bu meseläni jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga goşulmagy teklip etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň TRASEKA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny hem-de Merkezi Aziýadan Günbatar ulag geçelgesiniň döredilmeginiň, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň ägirt uly maksatnamalaryny durmuşa geçirmek hem-de hil taýdan täze ölçeglerde Ýewraziýanyň iki ykdysady ugruny birleşdirmek babatda ägirt uly ähmiýete eýedigine ynanýarys diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa we Hazar sebitine Ýewraziýanyň günorta guşagyndaky strategiki durnuklylygyň berk bölegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag – üstaşyr merkezi hökmünde garamagyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasyny düzýändigini aýtdy. Häzirki wagtda bu ýerde hyzmatdaşlyk we ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, gapma-garşylyklaryň wehimlerinden azat we şoňa görä-de, daşary maýa goýumlary hem-de dürli ulgamlarda uzakmöhletleýin halkara maksatnamalary üçin özüne çekiji sebit hökmünde umumydünýä proseslerine üstünlikli goşulyşmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Türkmenistan ulag ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň ählumumy ösüşine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady giňişliginiň binýadyny kemala getirmäge saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyçlaryň bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygynyň kanunalaýyk ýagdaýdygyny belläp, Aşgabatda şu wekilçilikli halkara maslahatynyň geçirilmeginiň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy hem-de oňa gatnaşyjylara gyzykly we netijeli işlemegi arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy uly üns berlip diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Kristian Friis Baha söz berdi.
Ýokary wezipeli myhman Türkmenistanyň Prezidentine we foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşýanlaryň ählisini mübäreklemegiň özi üçin uly mertebedigini belledi.
Jenap Kristian Friis Bah BMG-niň Ýewropa ykdysyady komissiýasynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine bu möhüm ähmiýetli çäräniň göwnejaý guralandygy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, hyzmatdaşlyk edýän guramalara goşýan goşandy we goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Ýokary wezipeli myhman dürli ýurtlaryň ulag ulgamlaryny baglanyşdyrýan çylşyrymly pudaga degişli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bularyň sebit we halkara derejesinde goşulyşmakda, durnuklylygy we özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady we yzygiderli ösüşde möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň biri hökmünde üstaşyr-ulag ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmek ugrunda umumy tagallalary jebisleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Şu wezipeleriň berjaý edilmeginiň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň maksatlaryna, geljekki nesilleriň bähbitlerine laýyk gelýänýändigi we adamlaryň abadançylygyna gönükdirilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ugurda ähli meseleleriň utagşdyrylyp, bilelikde we yzygiderli çözülmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Şu işiň çäklerinde “Ýewraziýa ulag aragatnaşyklary” (EATL) atly taslama aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary wezipeli myhmanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda şu taslamanyň üçünji tapgyry amala aşyrylýar. Eýýäm esasy ýewraziýa awtomobil we demir ýollarynyň ulgamyny ösdürmekdäki ugurlar bellenildi. Şunda EATL taslamasy dolulygyna tamamlanandan soňra, tutuş sebit we ýurlaryň ählumumy ykdysadyýete goşulyşmagy üçin uly ähmiýete eýedigi hem-de munuň deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin wajyp ähmiýetlidigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, serhetleriň dolandyrylmagyny kämilleşdirmek we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem hukuk babatdaky jähetler ýaly ýagdaýlara aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
BMG-niň ÝYK-niň Ýerine ýetiriji sekretary ýygnananlaryň ählisine şu foruma gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatdaky maslahatyň işjeň we netijeli ýagdaýda pikir alyşmak üçin oňaýly ýere öwrüljekdigine hem-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler babatda netijeli pikir alşylmagyga ýardam berjekdigine ynam bildirdi we onuň işiniň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işjeň agzasy bolup durýan Türkmenistan üçin onuň işine gatnaşmagyň biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz biz komissiýanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görýäris, soňky ýyllarda has äşgär görünýän ösüşlere ýokary baha berýäris hem-de hyzmatdaşlar bilen özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhümdigine düşünýäris diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz geljekde hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin ulag gatnawlary ulgamyndaky özara gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde sebit we sebitara derejesinde ygtybarly ulag gatnawlaryny ösdürmäge köpugurly, ulgamlaýyn çemeleşmäni döretmek maksady bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaş döwletler we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklara taýýardygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary wezipeli myhmana çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Şun-içi Murata çykyş etmek üçin söz berdi.
Bu möhüm ähmiýetli maslahata gatnaşmaga çakylygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Myhman şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary – ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary hanym doktor Şamşat Ahtaryň mähirli salamyny ýetirdi. Ýerine ýetiriji sekretar Aşgabat maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady.
Jenap Şun-içi Muratanyň belleýşi ýaly, harytlaryň we adamlaryň halkara ulag geçelgeleri boýunça päsgelçiliksiz hereket etmegi hemişe uly ähmiýete eýedir, ol syýasy, täjirçilik, ylmy we medeni ugurlarda dürli siwilizasiýalaryň özara aragatnaşygynda möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Mysal üçin, gadymy Ýüpek ýoly boýunça söwda gatnaşyklary Hytaý, Hindistan, Eýran, Arabystan, Ýewropa ýaly ýurtlaryň we sebitleriň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýdy.
ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary häzirki döwürde ulag düzüminiň ösüşi baradaky meselä degip geçmek bilen, mysal hökmünde Aziýa ýoly we aziýaüsti atly demir ýoluň taslamasyny getirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrmaga goşýan goşandy aýratyn nygtalyp geçildi.
Şunda jenap Şun-içi Murata ulag ulgamynda ählumumy möhüm meseleleriň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamak maksady bilen, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň işjeň ornuny belledi. Şol meseleler bolsa bu ulgamy öz içine alyp, ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen gönüden-göni özara baglanyşyklydyr.
Mälim bolşy ýaly, ulag ulgamy jemgyýetiň, ykdysady we durmuş ulgamynyň durnukly ösüşiniň esasyny düzýär. Bu ugur täze Ählumumy ösüş maksatlary işlenip taýýarlanylanda ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde bellenildi.
Bu ugurda mundan beýläk-de halkara tagallalaryny we oňyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýdyp, ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary halkara maslahatynyň işine üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen strategiki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýdyp, agza ýurtlaryň arasynda giňden pikir alyşmak üçin mümkinçiligi döretmek babatda BMG-niň öňden gelýän we hemmämize mälim bolan taryhynyň bardygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan, däp bolşy ýaly, häzirki zaman ösüşiniň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini gözlemekde işjeň orny eýeleýär. Olaryň hatarynda ulag ulgamy möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz BMG, hususan-da, onuň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistanyň bu ulgamda uly netijeleri gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasaryna çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary jenap Lamberto Zanniýere çykyş etmek söz berdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanyna bu ýokary derejedäki maslahatyň Aşgabatda geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň ýolbaşçysy Günbatar-Gündogar we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgelerini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuny nygtady, bu bolsa tutuş sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Jenap Lamberto Zanniýeriň belleýşi ýaly, halkara ulag geçelgesi durnukly ykdysady ösüşiň esasy şerti bolup, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir hem-de ýurtlaryň arasynda oňyn gatnaşyklary giňeltmegiň esasy binýady hökmünde çykyş edýär, bu bolsa öz nobatynda sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. ÝHHG üçin bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, ýokary wezipeli myhman ulag gatnawlarynyň netijelliligini üpjün etmek, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin şeýle mümkinçilikleri döretmek ýaly meseleleriň, serhetden geçmek çärelerini sazlaşdyrmak, serhetüsti ulag gatnawlaryny guramak we dolandyrmak, degişli gulluklaryň işlerini kämilleşdirmek we şuňa meňzeşler möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda kadalaşdyryjy –hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we bu ugurda halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikde hereket etmegini işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi, bu bolsa ykdysady we durnukly ösüşiň bähbidine gulluk eder. ÝHHG-niň Baş sekretary şeýle hem sebit we sebitara ulag aragatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, tagallalary jebisleşdirmek baradaky pikiri aýtdy.
Aşgabat maslahaty ýaly giň gerimli çäreleriň gatnaşyklary ýola goýmaga we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik açýandygyny nygtamak bilen, jenap Alberto Zanniýer bu duşuşykda maslahatyň gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.
ÝHHG-niň Baş sekretarynyň çykyşy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu gurama gatnaşygynyň ykdysady we ekologiýa babatdaky taslamalara biziň gyzyklanmamyzy hem-de işjeň ornumyzy şöhlelendirýändigini aýtdy. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň serhetden geçilende ulag howpsuzlygyny üpjün etmek, sebitiň ýurtlarynyň bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy we olary ilerletmegi teklip edýändigini hem-de muňa çalyşýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň üstünlikli işlemegi türkmen tarapynyň ygtybarly we durnukly ulag gatnawlary meseleleri babatda tekliplerini we bähbitlerini öwrenmek, şeýle hem geljekde ÝHHG-niň giňişliginde beýleki ýurtlarda hem ulanylyp bilinjek täze taslamalary işläp taýýarlamak arkaly gatnaşyklary yzygiderli we okgunly ösdürmäge ýardam edýär diýip aýtdy.
Milli Liderimiz ýokary wezipeli myhmana çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) prezidenti jenap Ýanuş Laçna söz berdi.
IRU-nyň ýolbaşçysy Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň adyndan şu maslahatda çykyş etmegiň uly mertebe bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde şu forumy geçirmek baradaky başlangyjynyň möhüm ähmiýetlidigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Ýanuş Laçny Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine Aşgabada gelip görmäge çagyrylandygy hem-de göwnaçyk ýagdaýda kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
IRU-nyň prezidenti ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti barada aýdyp, şunda ýurdumyzyň geografiki taýdan oňaýly ýerde – Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasyndaky çatrykda ýerleşýän Türkmenistanyň wajyp ähmiýetli orny eýeleýändigini belledi. Jenap Ýanuş Laçny häzirki wagtda Türkmennistanda döwrebap ulag ulgamyny döretmegiň işjeň ýagdaýda alnyp barylmagynyň dowam etdirilýändigini hem-de awtoulag, demir ýollarynyň we degişli inženerçilik-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şol taslamalar halkara söwdasynyň ösdürilmegine, şeýle hem sebit we sebitara ähmiýetli ulag ulgamynyň ösdürilmegine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň awtoulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugry hökmünde, ähli zerur düzümlerden ybarat bolan toplumly ýokary tizlikli täze “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýolunyň gurluşygynyň wajyp ähmiýetlidigi bellenildi.
Öz çykyşynyň barşynda jenap Ýanuş Laçny ulag düzümini ösdürmek üçin TIR Konwensiýasy (Halkara ýol gatnawlary) ýaly namalarynyň ulanylmagynyň ýükleri daşamakdaky wagtlaýyn harajatlaryň oňaýlaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän ählumumy kadalarynyň ornaşdyrylmagynyň netijelidigini tassyklan halkara guramalarynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bgalylykda, sebitde we onuň çäkleriniň daşynda söwdany ösdürmek ugrundaky maksatlara ýetmekde halkara hukugyna degişli kadalaryň berjaý edilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Şeýle hem IRU-nyň ýolbaşçysy Türkmenbaşyda gurulýan täze Halkara deňiz portunyň we Hazaryň ýakasyndaky şäherden ýükleri daşamagyň rolker ulgamynyň (Po-Po) Ýewraziýadaky söwdany oňaýlaşdyrmak, sebitde goşulyşan ulag düzümini döretmek üçin möhüm ähmiýetlidigini belledi.
Öz çykyşynda jenap Ýanuş Laçny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli söwda geçelgelerini we Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek arkaly Ýewraziýa ulag geçelgelerini ösdürmek bilen baglylykda awtoulaglaryň örän uly mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatdaky garaýşynyň netijelidigini aýratyn belledi.Şunda türkmen Lideriniň ulag boýunça milli kanunçylygyň halkara şertnamalarynyň we BMG-niň konwensiýalarynyň şertlerine laýyk getirilmegine içgin üns berýändigi bellenildi.
Şeýle hem IRU-nyň ýolbaşçysy ulag boýunça dürli ulgamlar üçin işgärleri taýýarlamak babatda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmalydygyny belledi.
Jenap Ýanuş Laçny şu maslahatyň möhümdigini we häzirki döwürde ýerliklidigini aýdyp, onuň söwda-ykdysady gatnaşyklary netijeli we yzygiderli ösdürmek, halkara ýol gatnawlaryny we sebit, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde degişli düzümi kämilleşdirmek maksady bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, IRU-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewraziýanyň awtoulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekiljekdigini aýtdy.
Jenap Ýanuş Laçny öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda umumy tagallalary birikdirmegiň möhümdigini belläp, maslahata gatnaşyjylara üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halkara awtomobil ulaglary birleşigine agza döwlet bolmak bilen, bu guramanyň çäklerinde umumy dünýä ösüş ýagdaýyna düýpli täsir etmäge ýardam etjek köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini aýtdy. Milli Liderimiz munuň üçin zerur bolan şertleriň ählisiniň bardygyna ynam bildirdi. Bizi umumy gymmatlyklar hem-de umumy jogapkärçilik birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyz öňe hereket etmek meýlimizde biziň jebisdigimizi aýdyp, häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we guramanyň agzalarynyň köpüsiniň bähbitlerini nazara almak bilen, ulag düzümini ösdürmegiň tagallalarymyzyň birleşdirilmegini talap edýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi.
Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň tejribesi, täsirli halkara guramasy hökmünde birleşigiň abraýy, gürrüňsiz, bu ugurda özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge ýardam edýär. Milli Liderimiz bilelikdäki tagallalar bilen guralan şu maslahatyň hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup hyzmat edýändigini belledi we onuň şol gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam etmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz IRU-nyň prezidentine, çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, çykyş etmek üçin Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi boýunça hökümetara komissiýasynyň (TRASEKA) baş sekretary jenap Eduard Birýukowa söz berdi.
Jenap Eduard Birýukow TRASEKA-nyň hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini we foruma gatnaşýanlaryň ählisini tüýs ýürekden mübärekläp, türkmen döwletiniň Baştutanyna we ýurdumyzyň hökümetine myhmansöýer türkmen topragynda bu möhüm ähmiýetli çärä gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.
Ýokary wezipeli myhman Aşgabatdaky bu maslahatyň sebitleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem-de ulaglar arkaly gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi boýunça bilelikdäki başlangyçlara goldaw bermekde netijeli ýere öwrüljekdigini aýtdy.
Şeýle hem jenap Eduard Birýukow IRU we beýleki düzümler boýunça kärdeşlerini we hyzmatdaşlaryny mübärekläp, ulag arkaly gatnaşyklary berkitmegiň, Merkezi Aziýa sebitinde serhetlerden geçmegiň kadalaryny ýönekeýleşdirmegiň we söwda ýardam bermegiň zerurdygyny göz öňünde tutup, TRASEKA-nyň halkara guramalary– şu forumy bilelikde guraýanlar, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen özara arkalaşykly hereket edilmegine wajyp ähmiýet berilýändigini aýtdy.
TRASEKA-nyň Hemişelik sekretariatynyň Türkmenistanyň Hökümetiniň şu ulag geçelgeçiniň işi boýunça işjeň hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda mundan beýläk-de göwnejaý hereket etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýändigi we munuň oňlanýandygy bellenildi.
Şeýle hem şu ýokary derejeli halkara maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegingiň ýöne ýerden däldigi, çünki ýurdumyzyň Ýewraziýa sebitindäki esasy söwda-ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ulag-üstaşyr we aragatnaşyk babatda möhüm ýer bolup durýandygy nygtaldy. Jenap Eduard Birýukow Türkmenistanyň özara peýdaly döwletara we sebitara ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle hem ýük we ýolagçylar babatda üstaşyr gatnawlaryň çaltlandyrylmagyna önjeýli goşant goşýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ulag düzüminiň düýpgöter we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ösdürilmegine gönükdirilip, giň gerimli we uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistany sebitde öňdäki hatarlara çykardy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm ähmiýetli ornuny mundan beýläk-de saklamak üçin ähli şertlere eýe bolup durýandygy nygtaldy.
Jenap Eduard Birýukow TRASEKA boýunça Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň TRASEKA degişli ugruň geografiki taýdan ýerleşmeginden, onuň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagyna hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara peýdaly hyzmatdaşlyk edilmegine gönükdirilen “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýany amala aşyrýandygyny aýtdy. Şunda ýük daşalmagy we şu ugra degişli ähli meseleleriň çözülmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigi hem-de munuň diňe köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, muňa goşulýan ýurtlaryň ählisiniň ulag babatda oýlanyşykly syýasatyna mahsus şertleriň döredilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Çykyşynyň ahyrynda jenap Eduard Birýukow Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle hem şu maslahaty guranlaryň ählisine forumyň geçirilmegi babatda göwnejaý şertleriň döredilendigi üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallyk bildirdi. TRASEKA-nyň Hökümetara komissiýasynyň Baş sekretary halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek üçin ulag, üstaşyr geçirmek we söwda boýunça başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Çykyşy diňläp, hormatly Prezidentimiz Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesiniň (TRASEKA) sebitiň ýurtlarynyň ulag ulgamynyň multimodal toplumydygyny belledi. Onuň işi döwletleriň we sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de ulag gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi meşhur taryhy ýollaryň birini – Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge saldamly goşant bolup durýar.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň hökümetiniň Brýussel Jarnamasyny goldandygyny we oňa gol çekendigini hem-de bu jarnamanyň TRASEKA maksatnamasynyň başyny başlandygyny aýtdy. TRASEKA maksatnamasynyň döredilen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyz Brýussel Jarnamasynda beýan edilen maksatlara ýetmäge gönükdirilen çärelere gönüden-göni we işjeň gatnaşýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň häzirki wagtda TRASEKA-nyň çäklerinde durmuşa geçirilen düzümleýin taslamalaryň we tehniki taýdan ýardam bermek baradaky taslamalaryň ençemesine gatnaşýandygyny belledi. Türkmenistan öz ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek we TRASEKA geçelgesi boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň TRASEKA taslamalaryna gatnaşmagynyň sebitiň möhüm ulag merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, şeýle hem iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli we işjeň ädimleri ätmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz jenap Eduard Birýukowa çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary jenap Şamil Aleskerowa çykyş etmek üçin söz berdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryň we çärä gatnaşyjylaryň hemmesine ýüzlenip, dürli derejedäki köpsanly halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülen Aşgabat şäherinde gurulan şu günki maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýratyn belledi.
Jenap Şamil Aleskerowyň belleýşi ýaly, ulag geçelgelerini giňeltmek bilen baglanyşykly işler halkara we sebitara guramalaryň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Öz gezeginde halkara ulag düzümi dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygynyň we durnukly ösüşiň berkarar bolmagyny şertlendirýär. Ulag geçelegleriniň möjhüm ähmiýetini hasaba almak bilen, häzirki döwürde bu mesele Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary 1992-nji ýylda başy başlanan bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geçen döwürde ägirt uly we ähmiýetli ösüş gazanyldy. Bu ulgamdaky özara gatnaşyklar barha işjeňleşýär. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça beýleki bilelikdäki iri taslamalaryň gurluşygy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Bu barada aýtmak bilen, ýokary wezipeli myhman ulag geçelgelerini dolandyrmak, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, degişli halkara gurallaryny netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we hünärmenleri taýýarlamak ýaly möhüm ugurlara aýratyn ähmiýet berdi.
Jenap Şamil Aleskerow Aşgabat maslahatynyň üstünlikli işi we Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary oňyn netijelere eýe boljakdygyna we onuň ählumumy durnukly ösüşi şertlendirjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary wezipeli myhmanyň çykyşyny diňläp, ulag we kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmegiň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy. Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň forumlarynyň çäklerinde, şol sanda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda bu meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ulag düzümini we kommunikasiýalary ösdürmek ulgamynda resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýyllaryň dowamynda YHG-a agza ýurtlaryň awtomobil we demir ýollarynda ulag geçelgelerini döretmek boýunça uly işleri amala aşyrandygyny aýtdy. Merkezi Aziýa sebitinde guramanyň agzasy bolan hyzmatdaş ýurtlar bilen ulag-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler görülýär. Munuň özi eýýäm häzir Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgeleri boýunça gatnawlary açmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz ýakyn geljekde guramanyň sebitde ulaglaryň ähli görnüşleri üçin, şol sanda multimodal (garyşyk) gatnawlar, ýagny üstaşyr – ulag ýollarda fiziki däl häsiýetli bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin halkara gatnawlarynyň ylalaşykly kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny döretmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz YHG-niň Baş sekretaryna, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna täsirli çykyşlary, Türkmenistanyň adyna ýakymly sözleriň aýdylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň forumda möhüm meseleler babatdaky çykyşlarda beýan edilen çuň manyly we oňyn çemeleşmelere ýokary baha berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu gün şu zalda häzirki wagtda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýete eýe bolýandygyna oňat düşünýän, onuň ugurlaryny we geljegine dogry baha berýän pikirdeşleriň ýygnanandygyny aýtsak, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmaz diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu maslahatyň çagyrylmagynyň ulag meselesi, bu ulgamdaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak, anyk çözgütleri kabul etmäge geçmek boýunça yzygiderli we özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly gepleşikleri başlamaga itergi bermäge ukyply şanly waka bolup durýandygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maslahatyň işiniň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň döwrebap çemeleşmeleriniň dörediljekdigini, geljegi uly meýilnamalaryň kesgitlenlenjekdigini aýtdy.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz häzirki zamanda ählumumy ösüşde ulag – üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan giň möçberli gepleşikleriň döwletleriň birek-birege oňat düşünişmegine, dünýä ykdysadyýetiniň bu ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň şu maslahaty çagyrmak baradaky başlangyç bilen çykyş edip, hut şundan ugur alandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň Türkmenistanyň halkara işiniň esasyny düzýändigini aýtdy. Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, beýleki döwletler, halkara düzümleri bilen içgin we özara gyzyklanma bildirilýän gepleşiklere hemişe taýýardyr.
Milli Liderimiz ýygnananlary ýene-de bir gezek mübärekläp, Aşgabatdaky foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmelere bu işde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Kristian Friis Bahy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şun- içi Muratany, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Lamberto Zanniýeri, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) prezidenti Ýanuş Laçnyny, Ýewropa–Kawkaz–Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara toparynyň (TRASEKA) Baş sekretary Eduard Birýukowy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Şamil Aleskerowy kabul etdi.
*** Şu gün ýokary derejeli halkara maslahat öz işini dowam etdi. Bu maslahatyň gün tertibine sebit we ählumumy derejede ulag ulgamyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlyga badalga berilmegiene hem-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Paýtagtymyzdaky Oguzkent myhmanhanasynda geçirilen mejlislerde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti hem-de bu möhüm ugurdaky hyzmatdaşlyga degişli wajyp meseleler barada gyzykly pikir alşyldy.
Şol gün forumyň çäklerinde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesiniň döredilmegine degişli mesele boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegine degişli hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Bu giň gerimli taslama diňe bir Merkezi Aziýadaky, Ýakyn we Orta Gündogardaky ýurtlaryň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, sebit we halkara derejesinde yzygiderli ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň birine öwrüldi.
Şu taslamany iş ýüzünde amala aşyrmagyň meseleleri şu ýylyň awgustyynda Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskat şäherinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen dörttaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine girizildi. Şol duşuşyk täze Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesiniň döredilmegine bagyşlandy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça degişli Ähtnama ylalaşyldy we oňa gol çekildi.
Şu gün Aşgabatdaky duşuşygyň barşynda bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine hem-de täze ulag geçelgesiniň netijeli hereket etmeginiň üpjün edilmegine degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem maslahatyň işiniň birinji gününiň maksatnamasyna Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgesiniň döredilmegine degişli mesele boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk hem girizildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi gatnaşyjy ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň dünýä bazarlaryna çykmak üçin täze mümkinçilikleri üpjün etmäge, şonuň bilen bir wagtda Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu taslama şeýle hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegine, bu ýurduň TRASEKA ýaly iri sebit we halkara düzümleýin taslamalara gatnaşmagyna, hojalyk gatnaşyklarynyň dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam eder.
Bitarap Türkmenistan özüniň parahatçylyk dörediji syýasatyna ygrarly bolmak bilen iri möçberlih alkara hyzmatdaşygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ulag gatnawlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň üýtgewsiz tarapdarydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag – aragatnaşyk düzüminiň kemala gelmeginde birleşdiriji ýurt bolup durýar, şeýle düzümiň bolmagy ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen we hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça taslama Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgesini döretmek boýunça taslama bilen bir hatarda sebitiň we tutuşlygyna Ýewraziýa yklymynyň ulag üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer, bu bolsa ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidene gönükdrilendir.
Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde, Oguzkent myhmanhanasynda “Ulag düzümini we hyzmatlaryň kämilleşdirilmegini maliýeleşdirmek”, “Bütindünýä logistikasynda we bitewi kämilleşen daşaýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary”, “Halkara ulaglary, düzümiň ösüşi, serhetlerden geçmek we howpsuzlyk düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady” atly mejlisler geçirildi.
Maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we ählumumy derejedäki ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, onuň has oňaýly görnüşleriniň işldenip düzülmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetlidigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň şu ugurdaky oňyn halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, geosyýasatda wajyp ähmiýetli ýagdaýy, geljekde döwletler we sebitler üçin ykdysady taýdan oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmäge hem-de olaryň strategiki bähbitleriniň biri-birine laýyk getirilmegine ýardam bermäge ukyply hasaplanýan birnäçe ugurly we howpsuz ulag-üstaşyr döwrebap düzümiň döredilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berildi.
Ozal bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy söýüjilige, oňyn Bitaraplyga we netijeli halkara hyzmatdaşlygyna mahsus ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolmak arkaly, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar – beýleki döwletler, şeýle hem abraýly halkara düzümleri bilen birlikde ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän hem-de sebitl we yklym derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan ulag-aragatnaşyk ulgamlaryna degişli iri möçberli taslamalary öňe sürýär we yzygiderli durmuşa geçirýär.
Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewraziýa awtoulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Şeýle hem Türkmenistan Ýewraziýada demir ýol gatnawlaryny we bitewi demir ýol hukugyny döretmek boýunça iş hakynda Bilelikdäki Jarnama hem-de 2013-nji ýylyň fewralynda Ženewada Ýewraziýa ulag gatnawlarynyň geljekki ösüşi boýunça Bilelikdäki Beýannama goşuldy.
Ertir Aşgabat halkara maslahaty öz işini dowam eder. Şonuň çäklerinde mejlisleriň birnäçesi geçirilip, ulag – üstaşyr geçelgeleriň yzygiderli ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti, halkara awtomobil, demir ýol we intermodal ýük gatnawlary üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ulag geçelgelerini we ulgamlary has netijeli dolandyrmak, halkara ulag ulgamynyň we logistikanyň ösdürilmegini çaltlandyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ulanmak ýaly meseleler boýunça pikir alşylar.
Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmekdäki ornuna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahatynyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.