Ï Türkmenistan halkara gatnawlarynyň döwrebap düzümini döredýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan halkara gatnawlarynyň döwrebap düzümini döredýär

view-icon 1582
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük terminalynyň, awtomenziliň açylyş we ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara gümrük terminalynyň açylyş, “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulyş, şeýle hem paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen Halkara awtomenziliniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Şu günki desgalaryň açylmagy we täze ulag ýoluny gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmegiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşýän ýurdumyz ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir we ondan doly peýdalanmaga çalyşýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli ýerlerinde öňdebaryjy we kämil enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzil toplumlary, dömir ýol menzilleriniň binalary ulanmaga berilýär, demir ýollaryň we giň awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, inžener desgalary-demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ulag düzümini, şol sanda Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ýurdumyzyň üstünden geçýän halkara ähmiýetli ulag ýollaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda çykyş edip, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlaryny BMG-niň Baş Assambleýalarynda beýan edendigini bellemek gerek.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa we Ýuwaş Ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasy, şeýle hem BMG-niň iri hyzmatdaşy bolan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň amala aşyrýar. Munuň özi ýakynda türkmen paýtagtynda öz işine başlan “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly ýokary derejedäki halkara maslahatynyň barşynda hem tassyklanyldy.

...Irden hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşen Halkara gümrük terminalynyň ýerleşýän ýerine geldi.

Täze toplumyň öňündäki meýdançada milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşyjylar, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň gümrük gullugynyň işgärleri we baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Baştutanyna gül desseleri gowşurylýar.

Bu ýerde, halkara gümrük terminalynyň öňünde mähriban Watanymyzy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazly dabaralar, tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda bu düzümiň işgärleriniň netijeli işlemegi we oňat ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Soňky ýyllarda milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde kämil enjamlar bilen üpjün edilen gullugynyň täze desgalarynyň birnäçesi guruldy we ulanmaga berildi. 2013-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gullugyň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu bina paýtagtymyzyň günorta böleginde, döwrebap dolandyryş – işewürlik we medeni merkeziň döredilýän ýerinde guruldy.

Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugry halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistany ösdürmek strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklary ep-esli işjeňleşdirildi, Türkmenistanyň gümrük serhedi arkaly geçýän harytlaryň möçberi we ulag serişdeleriniň sany yzygiderli artýar. Öz nobatynda, munuň özi Döwlet gümrük gullugynyň ornunyň artmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda bu gullugyň öňünde möhüm we jogapkärli wezipeler durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda gurlan Halkara gümrük terminalynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň Halkara Awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Täze toplumyň işläp başlamagy halkara ýük daşamagyň kitapçasyny /TIR Carnet/ ulanmak arkaly halkara ýük daşamak hakyndaky Gümrük Konwensiýasynyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan kabul edilen gümrük çärelerini aňsatlaşdyrmak we sazlaşdyrmak hakyndaky Kioto Konwensiýasynyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidir.

... Dabaraly pursat gelip ýetýär. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary jenap Kristian Friis Bah we Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň ýolbaşçysy jenap Ýanuş Laçny däp bolan toý bagyny kesýärler we binanyň eýwanyna girýärler.

Bina giren ýeriňde nobatçy elektron dolandyryş enjamy oturdylypdyr. Bu ýerdäki nobatçy döwlet Baştutanymyza we dabaranyň hormatly myhmanlaryna bu ulgamyň işiniň esasy aýratynlyklary barada gürrüň berýär. Müşderi enjamda hyzmatlaryň birini saýlap alýar we tertip belgili petegi alýar. Mundan başga-da, bu ýerde oturdylan enjamlaryň kömegi bilen gümrükden geçýän her bir adam haýsy bölümden geçmelidigini, onda nähili barlag çäreleriniň amala aşyrylýandygyny kesgitleýär.

Şondan soň müşderi ýörite tabloda elektron nobatynyň peýda bolmagyna garaşýar. Gullugyň işgäri bir müşderini goýberenden soň, nobatdaky müşderi bilen işlemek üçin dolandyryş düwmesine ýa-da nobaty kadalaşdyrýan ulgamyň düwmesine basýar. Nobaty ýeten raýat degişli äpişgä barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary ýurtly myhmanlar elektron nobatyny dolandyryş enjamynyň işleýşini synap gördüler. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy müşderilere hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gümrükhanadan geçmegiň düzgün-kadalaryny ýeňilleşdirýär.

Bu ýerde ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň bölümleri, şol sanda daşary ýurt pullaryny çalyşýan bölümleri işlemek bilen, olar müşderilere zerur bolan maliýe amallary geçirilende wagtlaryny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Bularyň hemmesi Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işiniň guralyşynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze toplumyň zalyna baryp, şol ýerde gümrük gullugynyň işgärleriniň, şeýle hem gümrük hasaba alyş işlerine gatnaşýan migrasiýa we sanitariýa-keselleriň öňüni alyş gulluklarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Bu ýerde şeýle hem ösümlikleriň karantini boýunça weterinar gullugyň, “Türkmenekspertiza” kärhanasynyň, “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleriniň, türkmen halkara awtogatnadyjylar assosiasiýasynyň, “Türkmendaşaryulag” önümçilik birleşiginiň, “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň we ulag kompaniýalarynyň wekilleriniň oňaýly işlemegi üçin şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýokary wezipeli myhmanlar Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinar gullugynyň wekiliniň işleýän bölüminiň esasy wezipeleri we olaryň iş usullary bilen gyzyklanýarlar.

Işgärler üçin iş otaglary zerur bolan enjamlaryň ählisi, şol sanda döwrebap kompýuterler, aragatnaşyk we durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Bulardan başga-da, binada arhiw üçin iş otagy, Galkynyş otagy göz öňünde tutulypdyr.

Milli Liderimiz binanyň üçünji gatyna galyp, seljeriş merkezine barýar. Bu ýerde ornaşdyrylan wideogözegçilik we dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden alynýan statistiki maglumatlar ulgamlary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ýurdumyzyň gümrük edaralarynda gözegçilik düzümleriniň özara sazlaşykly işlemegi, barlag-gözden geçiriş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem serhetden geçýän ulag serişdeleriniň we raýatlaryň hereketini bellige almak, statistiki maglumatlary seljermek üçin niýetlenendir. Monitorlaryň kömegi arkaly gümrük postlarynyň ählisi bilen aragatnaşyk saklap bolýar.

Bu ýerde oturdylan uly monitorda diňe bir şu gümrük bölümine däl, eýsem ýurdumyzyň ähli gümrük bölümlerinde alnyp barylýan, ol ýerde ulaglaryň hereketi, barlagdan geçilýän ýükleriň görnüşleri barada jikme-jik maglumat berilýär. Şeýle hem şol monitoryň üsti bilen ýurdumyzyň gümrük bölümlerinden her günde geçýän ýükleriň umumy mukdary, olaryň görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň ýolbaşçysy bu ýerde oturdylan enjamlar we tehnologiýalar bilen tanşyp, täze gümrük toplumynda döredilen şertleriň halkara guramanyň hem-de degişli ugurda esasy halkara konwensiýalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz diagrammada aýdyň görünýän, soňky ýyllarda Türkmenistanda daşalýan ýükleriň möçberiniň artyşynyň görkezijileri barada durup geçdi.

Milli Liderimiz kartanyň ýanyna baryp, Türkmenistan Orta Aziýadan geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär diýip belledi. Biziň ýurdumyz goňşy döwletler bilen dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge möhüm ähmiýet berip, olar bilen bilelikde dürli ugurlarda, şol sanda ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.

Şonuň üçin ykdysadyýetiň we ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan zerurlygyny doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ýokary depginler bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň öňümizde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda Türkmenistanyň ulag ulgamyny dünýäniň ulag ulgamyna birleşdirmek, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ýollary birleşdirýän esasy ulag geçelgeleriniň esasynda ulag düzümini has-da giňeltmek işleri durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen bir hatarda, ulag hereketleriniň netijeliligini üpjün etmek, içerki, üstaşyr we eksport-import ýük daşamalarynda önümiň bahasynda ulag harajadyny azaltmak boýunça çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda halkara ýük daşamalarynyň ulag-logistik merkezleriniň ulgamyny döretmek bu maksatnamany amala aşyrmak bilen garaşylýan netijeleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Logistik geçelgeler birnäçe artykmaçlyklary döredip biler we awtomobil, deňiz, demir ýol we howa ulaglarynyň görnüşleri dogry utgaşdyrylanda multimediýa ýük daşamalaryny üpjün edip, harydy eltmegiň bahasyny ep-esli arzanladyp we daşalanda wagty tygşytlap biler.

Hormatly Prezidentimiziň gürrüňini uly gyzyklanma bilen diňlän Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň ýolbaşçysy jenap Ýanuş Laçny milli Liderimizden 2015-nji ýyl üçin Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi barada sorady. Şunuň bilen baglylykda, häzir ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüş depgini örän durnukly bolup durýandygyny bellemek gerek. Täze ulag desgalarynyň, şol sanda Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag kuwwatyny has-da berkitmäge we giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen şunuň ýaly gümrük terminallary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýar. Dabara gatnaşyjylar munuň şeýledigine teleköpri arkaly Artykda we Sarahsda gümrük postlarynyň açylyş dabaralaryny görüp, göz ýetirip bilerler.

Myhmanlara täze gümrük terminaly, onuň işleýiş aýratynlyklary, bu ýerde oturdylan enjamlaryň döwrebaplygy we ähmiýeti barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gümrük gullugynyň işiniň kämilleşdirilişi, gullugyň işgärleriniň iş şertleri, bölümlerde döredilen amatlyklar barada gürrüň berilýär.

Soňra Ahal welaýatynda bina edilen “Artyk” we “Sarahsawtoýollary” gümrük toplumlaryny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Ilki bilen teleköpri arkaly göni wideoaragatnaşyga “Artyk” gümrük terminalynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar çykdylar. Hormatly ýaşulular, dabara gatnaşyjylar türkmen döwletiniň Baştutanyna halkyň abadançylygy, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Sarahs gümrük bölüminiň ulanyşa tabşyrylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylar, hormatly ýaşulular teleköprä goşuldylar. Olar milli Liderimiz tarapyndan sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilip, alnyp barylýan syýasat netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýynyň gyşarnyksyz artýandygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan köp taraply işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw edip, aksakgallar döwlet Baştutanymyza “Artyk” we “Sarahsawtoýollary” gümrük postlarynyň açylmagyna ak pata bermegini haýyş edip ýüzlendiler. Soňra dabaraly ýagdaýda toý bagy kesilýär, joşgunly aýdym-sazlar, döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary ýaňlanýar. Dabara gatnaşyjylar gümrük gulluklarynyň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler hem-de bu ýerde oturdylan täze enjamlar bilen tanyşdylar.

Ulanmaga berlen toplumlaryň ählisi ýokary halkara derejesine laýyk gelýär, umuman, olaryň düzümi meňzeşdir. Toplumlar döwrebap telekommunikasion tehnikalar we anyk ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Seljeriş merkezi bilen ýurdumyzyň beýleki gümrük postlarynyň göni aragatnaşygyny üpjün edýän hemra aragatnaşygy bilen üpjün edildi.

Dabara tamamlanandan soň, milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwrebap desgalaryň toplumyndan, şol sanda iki sany üç gatly edara binasyndan, ýükleriň dürli görnüşlerini saklamak üçin niýetlenen ammarlardan, ýörite meýdançalaryň birnäçesinden, şol sanda ýükleri bir awtoulag serişdesinden beýleki bir awtoulaga geçirmäge, uly göwrümli konteýnerleri düşürmäge niýetlenen meýdançalardan, ýeňil awtoulaglar hem-de ýörite tehnikalar üçin açyk duralgadan, hojalyk desgalaryndan, barlaghanadan, myhmanhanadan we naharhanadan ybarat bolan täze gümrük menziliniň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz hojalyk harytlary üçin niýetlenen ammara baryp, onuň tehniki üpjünçiligi bilen tanyşdy. Gümrük gullugynyň işgäri döwlet Baştutanymyzy ýörite tehnika bilen, şol sanda gelýän ýükleri barlamak üçin niýetlenen häzirki zaman rentgen – telewizion enjam bilen tanyşdyrdy.

Şeýle enjamlar ýurdumyzyň gümrük nokatlarynyň hemmesinde ornaşdyryldy. Ştrih belgisi üçin niýetlenen enjam hem hünärmenleriň ygtyýaryndadyr. Ýörite programma üpjünçiligi ammarda haryt akymlaryny dolandyrmagyň tehnologiýasyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem islendik wagt nähili harytlaryň bardygyny we olaryň nirede ýerleşýändigini bilmäge mümkinçilik berýär. Ammarda harytlaryň bir ýerden beýleki bir ýere geçirilmegi ştrih belgilerini okamak we bolup geçýän özgerişlikleri hasaba almak bilen amala aşyrylýar. Mundan başga-da, ammar harytlary gaplamak üçin niýetlenen ýörite tehnikalar we beýleki ýöriteleşdirilen tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde ýükleri ýüklemek – düşürmek we daşamak üçin niýetlenen ýörite tehnika, awtoulaglary barlaýan enjam bar.

Soňra milli Liderimiz şu günki dabara gatnaşýan belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde ýörite awtokarda gümrük terminalynyň çägine aýlandylar. Döwlet Baştutanymyz we myhmanlar gümrük terminalynda döredilen amatlyklar, ýükleri kabul etmek, ugratmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, Halkara gümrük merkeziniň çägine girýän awtoulag serişdelerini tämizlemek we dezinfeksiýa etmek bilen baglanyşykly işler bilen tanyşdylar.


Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerine işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Muňa jogap edip, ýurdumyzyň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 24,2-nji kilometrinde ýerleşen “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli täze ulag ýolunyň düýbüniň tutuljak ýerine tarap ugrady.

Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çärä gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşyjylar, awtoulag we gurluşyk pudagynyň işgärleri, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Ajaýyp aýdymlar we sazlar ýaňlanýar, döredijilik toparlary öz ussatlygyny görkezýär.

Çadyryň girelgesiniň ýanynda düýbi tutulýan Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň /awtobanyň/ köprüleriniň, geçelgeleriniň, goşmaça ýollaryň, ulaglar we tehniki hyzmatlar üçin duralgalaryň, ýangyç guýujy beketleriň, barlag -gözegçilik bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary şekillendirilen diwarlyklar oturdyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşyjylary bu taslama bilen tanyşdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde eziz Watanymyz Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň aralaşýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan sepgitleri has-da ösdürmek, welaýatlaryň arasyndaky kommunikasiýalaryň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil ýollaryny gurmak ýol gurluşyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu işler ýol hereketiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Pudaklaýyn ösüş maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşy-Farap, Aşgabat-Daşoguz, Türkmenbaşy-Gazagystanyň serhedi, Türkmenabat-Daşoguz we Mary-Serhetabat awtomobil ýollaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Welaýatlary özara birleşdirýän awtomobil ýollaryny gurmak bilen bir hatarda, halkara ülňülerine gabat gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny /awtobanlary/ 3 tapgyrda gurmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, 1-nji tapgyrda halkara ölçeglerine laýyk gelýän Aşgabat-Türkmenbaşy, 2-nji tapgyrda Aşgabat-Farap, 3-nji tapgyrda Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýollaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, awtobanlary gurmak—bu ýurdumyzda amala aşyryljak ilkinji taslama bolar. Ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalaryny maslahat beriji hökmünde çekmek göz öňünde tutulýar. Täze Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly Aşgabat-Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinden, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda başlanar we Türkmenbaşy şäherinde tamamlanar.

Awtobanyň esasy ölçegleri barada aýtmak bilen, wise-premýer onuň umumy uzynlygynyň 564 kilometrden ybarat boljakdygyny habar berdi. Onuň 30 metr bolan umumy giňligi 15 metrden ikä bölünendir. Tutuş ýoluň ugrunda barlag-gözegçilik bölümleriniň 9-syny, tehniki hyzmat ediş bölümleriniň 9-syny, ýangyç guýujy beketleriň 7-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ulanyş gullugynyň 5 binasyny, kempingleriň üçüsini, ulaglar üçin duralgalaryň 20-sini, garbanyşhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň ugrunda ýol geçirijileriň 12-si, demir-beton köprüleriň 217-si gurlar. Ýoluň umumy beýikligi ýa-da galyňlygy 1 metr 22 santimetr bolar.

Awtobanyň ugrunda jemi girýän we çykýan ýollaryň 9-syny gurmak göz öňünde tutulýar. Ýoluň başlanýan ýerinde ýorunja görnüşindäki köpri gurlar. Aralyklardaky girelgeleriň we çykalgalaryň 7-sinde ýarym ýorunja görnüşdäki köpri hem-de awtobanyň tamamlanýan ýerinde tegelek aýlaw gurlar. Awtobanyň ugrunda yşyklandyryjylar we radarlar oturdylar.

Awtobanyň esasy tapawutly aýratynlygy onuň beýleki ýollar bilen kesişmeýänligidir. Galyberse-de, awtobanlarda pyýada geçelgeleri gadagan edilendir—bu ýokary tizlikli ýollar boýunça diňe bellenilen düzgünlere laýyklykda ýol berilýän ýokary tizlik bilen sürülýän awtoulaglar hereket edip bilýär.

Awtobanlarda welosipedleri, mopedleri sürmek, oba hojalyk tehnikasynda we ýük awtoulagynda hereket etmek gadagandyr. Howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda ýola mal-garanyň girmezligi üçin onuň tutuş ugry demir tor bilen germeler. “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda ýol gurluşygynda uly tejribesi bolan hünärmenler zähmet çeker.

Dabara gatnaşyjylar geljekki täze gurluşyk baradaky maglumatlary uly gyzyklanma bilen diňlediler.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary jenap Kristian Friis Bah wise-premýere ýüzlenip, bu taslamanyň käbir jikme-jiklikleri bilen gyzyklandy. Hususan-da, ýoluň her tarapynda hereketiň 4 zolagynyň boljakdygy we ýük akymynyň näçe möçberde ýygylygynyň garaşylýandygy ony gyzyklandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow bu taslamanyň ýurdumyz boýunça her ýylda ýük daşalyşynyň möçberiniň artmagynyň nazarda tutulyp amala aşyrylýandygy barada habar berdi.

Öz gezeginde Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň ýolbaşçysy /IRU/ jenap Ýanuş Laçny ýokary tizlikli ulag ýolunyň gurluşygynyň ähmiýetini belläp, awtobanda göz öňünde tutulan tehniki ölçegleriň ýakyn geljekde olaryň zerurlygyny tassyklar diýip nygtady. dünýä tejribesinde şeýle taslamalar ýurtlaryň geljekde ösüşiniň çaklamalary nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar diýip, ýokary wezipeli myhmanyň belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmagynda galýar hem-de häzirki döwürde onuň innowasion taýdan ösdürilmeginde esasy orun tutýar.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, biziň ýurdumyzyň çäginden geçýän ýükleriň möçberleri ýyl-ýyldan artar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap düzümini döretmäge aýratyn üns berilýär. Çünki, biziň ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sany ýylsaýyn artýar. Geljegi nazarda tutup, biz milli derejesinde bolşy ýaly, sebit we halkara ähmiýetli ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Umuman, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň depginli ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, goňşular bilen bolşy ýaly, dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hyzmat edýär.

Türkmenistanda gurluşyklar amala aşyrylanda işleriň ýokary hile we halkara ölçeglerine gabat gelmegi esasy talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, iri taslamalar durmuşa geçirilende tejribeli halkara maslahat beriji kompaniýalarynyň çekilýändigini nygtady. Bu kompaniýalar taslamalary öwrenýärler we olaryň kemçiliklerini ýüze çykarýarlar. Şonuň üçin biz taslama işlerine ylmy taýdan çemeleşilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, olara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahatlar zalyna girýär. Dabarany alyp baryjy döwlet Baştutanymyza ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli sene ýazgysyna gol çekip bermek haýyşy bilen ýüzlenýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary jenap Kristian Friis Bah bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň ýolbaşçysy jenap Ýanuş Laçna hem sene ýazgysyna gol çekmegi teklip etdi. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly myhmalar we Türkmenistanyň Prezidenti geljek nesillere gönükdirilen ýazga gol çekip, täze ýoluň düýbüniň tutuljak ýerine barýar.

Bu ýerde milli lybasly mekdep okuwçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze ýoluň düýbüni tutup bermegini uly hormat bilen haýyş edýär.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär – döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň binýadyna sene ýazgysynyň gutusyny goýberýär. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz täze ýoluň binýadyna ilkinji beton erginini guýup, gurluşyga badalga berýär. Dabara gatnaşyjylar bu pursady uly joşgun bilen garşyladylar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň göreldesine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary jenap Kristian Friis Bah we Halkara Awtomobil ulaglary birleşiginiň ýolbaşçysy jenap Ýanuş Laçna eýerdiler.

Täze awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazygynda öz açylmagyna garaşýan nobatdaky desga--Aşgabat-Daşoguz ulag ýolunyň ugrunda ýerleşen halkara derejeli ýolagçy awtomenziline tarap ugrady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, şol sanda ulag ulgamy we awtomobil bilen ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak okgunly depginler bilen ösýär. “Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” çäklerinde ulag pudagyny halkara ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, şol sanda täze awtomenzilleriň gurluşygy amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket şäherlerinde her biri 100 ýolagçy orunlyk awtomenziller, şeýle hem 70 adam işlär ýaly awtomobil kärhanasy bina edildi. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde 100 ýolagçy üçin niýetlenen awtomenzil guruldy. 2013-nji ýylyň oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň täze binasy ulanmaga berildi.

Şol işler bilen bir hatarda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça uly işler geçirilýär, ulag edaralarynyň işine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ulag pudagy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bolan “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero City”, “Iran Kxodro”, ‘Yutong ZK6129H”, “RAZ-32054’ kompaniýalarynyň öndürýän döwrebap ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Olar şäher içinde we halkara gatnawlarynda ulanylýar. Täze ulag ugurlary işlenip taýýarlanylýar we döredilýär.

Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek maksadynda şäher taksileri hökmünde ulanylýan “Hyundai Elantra” kysymly ýeňil awtoulaglar satyn alyndy. Umuman, täze awtomenzilleriň gurulmagy bilen bir hatarda, täze ulag serişdeleriniň ulanylmagy ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän we ulag ýollarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen döwrebap logistik merkezlerini döretmek ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegi bolup durýandygyny, şeýle hem ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam edýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli ugurda maksada gönükdirilen işleri geçirmek bilen, innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ugur edinýär.

.... Şanly waka mynasybetli bu ýerde ähli zatlar baýramçylyk lybasyna beslenldi. Ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy äşgär duýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatyna gelen myhmanlar, daşary ýurt we türkmen habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem täze awtomenziliň işgärleri uly joşgun bilen garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Baştutanyna ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.

Täze toplumyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly, tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onda kiçijik awtoulaglaryň sürüjileri—körpeler baş gahrymanlar boldy. Aýdymyň jemlenmesinde ýaş türkmenistanlylar hormatly Prezidentimize halkara ulag menzilini açyp bermegini haýyş edip ýüzlendiler.

Soňra milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesýär we toplumyň esasy zalyna girýär. Bu ýerde milli lybasly gyzlar ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Iki gatly bina rul halkasy görnüşine eýe bolup, onuň dört ganatyndan – perronlaryndan awtobuslar ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugrar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerden oňaýly awtobuslar Eýrana, Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana, Türkiýä we Owganystana ugrarlar.

Binanyň burçlarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň nyşanlaryny alamatlandyrýan bäş sany göl oturdylyp, olar agşamlaryna dürli reňkler bilen öwüşgin atar.

Bu ýerde halkara we şäherara awtobuslar üçin duralga, şeýle hem şäher içinde gatnaýan awtobuslar we taksiler üçin meýdança göz öňünde tutulypdyr.

Halkara awtomenzil bir gije-gündizde 2 müň ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Toplumda sürüjiler we işgärler üçin iş otaglary, tomusky garbanyşhana gurlupdyr.

Awtomenziliň günbatar tarapynda 100 orunlyk awtoduralga bar. Bu ýerde, ulag serişdelerini abatlamak we hyzmat etmek, olary ýuwmak üçin ýerler göz öňünde tutuldy.

Awtomenzilde awtobuslaryň hereketi sagat diliniň garşysyna gönükdirildi. Bu bolsa awtobuslaryň Aşgabat-Daşoguz ýoluna bökdençsiz we aňsatlyk bilen girmegini üpjün eder.

Täze awtomenziliň baş binasynda ellips görnüşine eýe bolan 260 ýolagçy orunlyk garaşylýan zal göz öňünde tutulypdyr. Zalyň merkezinde 4 sany monitor bilen üpjün edilen iki sany diwarlyk oturdylypdyr. Olarda ýolagçylara awtobuslaryň hereketiniň tertibi hakynda maglumatlar görkeziler.

Awtomenziliň birinji gatynda awtobus peteklerini, şeýle hem howa we demir ýol ulaglaryna petekleri satýan kassalar, sowal-jogap bölümi, el goşlaryny saklaýan kamera, iş otaglary ýerleşýär. Bu ýerde ýolagçylara dermanhana, dükanlar hyzmat eder.

Döwlet Baştutanymyz we hormatly myhmanlar Halkara awtomenziliň binasyna girip, sowal-jogap gullugynyň ýanyna gelýärler. Ol ýerde awtomenziliň işgäri gullugyň işi bilen tanyşdyrýar. Söhbetdeşlikde ýolagçylaryň şäherara we halkara gatnawlarynyň tertibi, petekler, olaryň bahasy we beýlekiler barada özlerini gyzyklandyrýan islendik maglumatlary alyp biljekdikleri bellenildi.

Milli Liderimize we abraýly halkara düzümleriň ýolbaşçylaryna raýatlara hyzmat etmek üçin petekleri satýan kassalaryň iş tertibi, şeýle hem halkara awtobus gatnawlary üçin petekleri satmak boýunça elektron programmasy barada maglumatlar görkezildi. Awtomenziliň işgäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlary bu ýere gelmezden petekleri bellemegiň ýörelgeleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Halkara awtomenziliň internet sahypasy görkezildi. Onda täze toplumyň işi barada özüňi gyzyklandyrýan maglumatlary almak bolýar.

BMG-niň Ýewropra ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary awtomenziliň işgärinden Türkmenbaşy şäherine çenli şäherara gatnawy üçin petegiň bahasy bilen gyzyklandy.

Jenap Kristian Friis Bah petegiň bahasynyň arzanlygyna haýran galdy. Myhman ýanynda milli puluň bolmadyk ýagdaýynda petek satyn alyp bolýanlygy bilen gyzyklandy. Şonda bellenilişi ýaly, şeýle ýagdaýlarda ýolagçylar üçin daşary ýurt puluny çalyşýan bölümler hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz awtomenziliň gurluşy bilen tanyşmagyny dowam edip, toplumyň tehniki üpjünçiligi, ýolagçylar üçin hyzmatlaryň guralyşy, işgärleriň iş şertleri bilen içgin gyzyklanýar. Bu ýerde ýolagçylara ýokary derejede hyzmatlary üpjün etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Durmuş üpjünçiliginiň zerur bolan ähli ulgamlary hem göz öňünde tutulypdyr.

Soňra milli Liderimiz awtomenziliň ikinji gatyna çykdy hem-de halkara derejesindäki ýolagçy awtomenzili taslamak we gurmak boýunça işleri üstünlikli ýerine ýetiren “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasyna halkara derejeli awtomenziliň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary hilli gurlandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi we oňa geljekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Toplumyň ikinji gatynda restoran, internet-kafe, şeýle hem söwda nokatlary ýerleşýär. Bu ýerde ýolagçylar ýurdumyzyň azyk senagaty kärhanalarynyň tarapyndan öndürilýän dürli önümleri-- saglyk üçin peýdaly gawun kakyndan taýýarlanan özboluşly kemputlary, dürli miwelerden taýýarlanan şireli suwlary alyp bilerler. Şeýle hem ýurdumyzyň dokma önümleriniň giň görnüşleri hödürlenýär. Mundan başga-da, bu ýerde hoşboý ys beriji müşki-anbarlar satylýan dükanlar, senagat harytlarynyň söwda nokatlary bar. Awtomenziliň ýolagçylary bu ýerde ykjam telefonlaryň dürli görnüşlerini we olaryň kömekçi enjamlaryny satyn alyp bilerler.

Bu ýerde çagalar üçin hem harytlaryň örän köp görnüşi çykarylan dükan bar. Amaly-haşam sungatynyň önümleri, sowgatlyklar, haly önümleri, milli zergärçilik bezeg şaý-sepleri hem gürrüňsiz suratda uly islegden peýdalanylar.

Mundan başga-da, bu ýerde üstaşyr geçýän we garaşýan ýolagçylar üçin myhmanhana hem bar. Döwlet Baştutanymyz we dabaranyň hormatly myhmanlar bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklanýarlar. Amatly mebeller bilen üpjün edilen we döwrebap durmuş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan otaglar ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar.

Dünýäniň öňdebaryjy halkara düzümleriniň ýolbaşçylary myhmanhananyň otaglarynda bolmak üçin niýetlenen nyrhlar bilen gyzyklandylar. Aýdylyşy ýaly, bu ýerdäki iki orunlyk otaglaryň bahasy ABŞ-nyň 30 dollaryna barabardyr. Adamlaryň her biri üçin ABŞ-nyň 15 dollar töweregi töleg kesgitlenipdir. Myhmanlar nyrhlaryň şeýle arzandygyna haýran galdylar.

Şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgý galdyrdy.

Pudagyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimize awtoulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden täze ulag serişdelerini satyn almagyň hasabyna pugtalandyrmak meselelerine berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Halkara awtomenziliniň açylmagy mynasybetli welaýatlara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýokary amatlykly, şäherara ýolagçy awtobuslary sowgat berildi, olar bellenilen ugurlar boýunça ýola düşdiler.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap sebit üstaşyr-ulag ulgamyny kemala getirmekde möhüm orun eýelejek toplumyň ähmiýetini belläp, bu ýere ýygnananlaryň hemmesine işlerinde üstünlik, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde rowaçlyk arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Mahlasy, şu günki dabaraly çäreler halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny has doly amala aşyrmak üçin Türkmenistanda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Bu bolsa türkmen döwletiniň çäklerinden geçýän ýükleriň möçberleriniň, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň ýylsaýyn artjakdygyny aňladýar.