Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1080
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimz mejlisi açyp we gün tertibini yglan edip, ilki bilen hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer döwet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Hökümetiň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň etraplarynyň şäherleriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň netijeleri barada aýtdy.

Mejlisiň barşynda senagat, önümçilik maksatly desgalaryň, şeýle hem söwda we hyzmat ediş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygynyň taslamalarynyň amala aşyrylmagy barada pikir alşylandygy bellenildi. Täze binalary we desgalary "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" hem-de 2012-2016-njy ýyllarda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasynyň” çäklerinde gurmak göz öňünde tutulýar. “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny nazara almak arkaly, günbatar sebiti durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň wezipeleri aýdyňlaşdyryldy hem-de ozal kabul edilen degişli maksatnamalara we meýilnamalara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini göz öňünde tutýan resminama taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn we uzak möhletleýin geljekde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, milli özgertmeler maksatnamalarynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Strategiki meýilnamalar halk hojalygynyň ähli pudaklarynda anyk netijeleri gazanmak maksady bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri çaltlandyrmak üçin berk binýat bolup durýar. Milli Liderimiz wise-premýere ýüzlenip, welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda durmuşa degişli meseleleriň möhüm ähmiýetlidigine üns berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, ilkinji nobatda, demir ýol menzillerinde ilatyň oňaýly ýaşamagy üçin zerur şertler döredilip, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň gurulmalydygyny hem-de awtomobil ýollarynyň, gaz, suw we elektrik energiýasyny geçirijileriň çekilmelidigini, düzüme degişli beýleki desgalaryň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýer tarapyndan hödürlenen resminamanyň taslamasyny aýdylan bellikleri göz öňünde tutmak arkaly ony täzeden işlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 3-4-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly halkara maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmen tarapynyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Ýol ulaglarynyň halkara birleşigi we “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” ulag geçelgesi boýunça Hökümetara komissiýasy bilen bilelikde guralmagynda geçirilen bu iri foruma dünýäniň 33 ýurdundan birnäçe öňdebaryjy guramalarynyň we düzümleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Maslahata bu çäräni paýtagtymyzda geçirmek başlangyjyny öňe suren hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy aýratyn dereje berdi.

Bellenilişi ýaly, ulag pudagynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we uzak geljegi nazarlaýan ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirilen bu maslahat dünýä bileleşiginiň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň we milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryň giň halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolýandygynyň, ýurdumyzyň bu ugur boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan goşandynyň ykrar edilýändigiň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň maksatnamasyna birnäçe bölümleýin mejlisler, şeýle hem dörttaraplaýyn duşuşyklar girizildi. Onuň gün tertibine Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ýaly ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän Ýewraziýa ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça Ýol ulaglarynyň halkara birleşiginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem Türkmenistan Ýewraziýa demir ýol gatnawlaryny ösdürmek we bitewi demirýol hukugyny döretmek boýunça işi ýerine ýetirmek hakyndaky Bilelikdäki jarnama gol çekmek arkaly 2013-nji ýylyň fewral aýynda Ženewada kabul edilen Ýewraziýa ulag gatnaşyklaryny geljekde ösdürmek hakyndaky Bilelikdäki beýannama goşuldy.

Maslahatyň jemleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmaga, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän sebit we ählumumy möçberde söwda-ykdysady gatnaşyklary netijeli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan yklymüsti üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek ulgamyna goşulyşmak işlerini çuňlaşdyrmaga bolan çemeleşmelere kuwwatly itergi berjek Aşgabat jarnamasy kabul edildi.

Aşgabat maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Watanymyzyň öňe süren hem-de ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Bu wekilçilikli möhüm ähmiýetli halkara maslahatynyň işine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy, ÝHHG, Ýol ulaglarynyň halkara birleşigi we “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” ulag geçelgesi boýunça Hökümetara komissiýasy ýaly abraýly halkara guramalary we düzümleri gatnaşdylar diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi maslahatyň gün tertibinine girizilen meseleleriň tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýändigini we Bitarap döwlet hökmünde bu başlangyçlary ilkinji nobatda özüniň durmuşa geçirýändigini bellediler. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistan bu ugur boýunça netijeli çäreleri geljekde-de durmuşa geçirer diýip, milli Liderimiz bu işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa wise-premýer S.Toýlyýew bilen bilelikde ýurdmyzyň ilçihanalarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ulag geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatynyň materiallarynyň düýpli öwrenilmegi we giňden wagyz edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Biziň ýurdumyzda ulag düzüminiň desgalary, şol sanda demir we awtomobil ýollary, köpürler, deňiz menzilleri, howa portlary we beýleki degişli desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ozal gurlan desgalaryň köpüsiniň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk üpjünçiligini ýola goýmak, türkmen jemgyýetiniň demokratik derejesini ýokarlandyrmak boýunça milli parlamentiň durmuşa geçirýän çäreleri barada aýtdy.

Esasan-da, Mejlisiň komitetlerinde täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, ozal hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleri, ykrar edilen halkara kadalaryny we ölçeglerini nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylýandygy bellenildi. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň barşynda deputatlaryň ýerine ýetirýän işleri, Ýaşulular maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri nazara almak bilen, kanunçykaryjylyk ulgamynyň birnäçe ugurlaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda milli parlamentiň deputatlarynyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, halkyň saýlan wekilleriniň ähli wakalaryň jümmüşinde bolmalydygyny, ýerlerde öz-özüňi dolandyryş, ýerine ýetiriji guramalary hem-de saýlawçylar bilen yzygiderli gatnaşygy ýola goýmalydygyny aýtdy. Öňde boljak Ýaşulular maslahatynyň ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şeýle hem Aşgabat şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Ýadygärlikler toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň çykyşy topluma degişli birnäçe şekiller bilen utgaşyklykda dowam etdi.

Bu ýerde işler tamamlanyp barýar. Ýadygärlikler toplumynda Watan ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna gurlan binalar we 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremede heläk bolanlaryň hatyrasyna dikeldilen desgalar bar. Mundan başga-da, bu ýerde muzeý guruldy. Toplumyň çäginde sadaka berer ýaly üç müň orunlyk desga, awtoduralga bina edildi. Şeýle hem bu ýerde suw çüwdürimleri toplumy, seýilgäh zolaklary, söwda bölümleri we beýlekiler bar.

Döwlet Baştutatynymyz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlarynyň, ruhy dünýäsiniň özeninde pederleriň hatyrasyny mukaddes saklamak adatynyň durandygyny belledi. Türkmen halkynyň edermenligi, gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy uly hormata we hatyra mynasypdyr. Mähriban Watanymyzy goraýjylar baradaky hakyda türkmenistanlylaryň ýüreklerinde hemişelik saklanar diýip, hormatly Prezidentimiz toplumyň muzeýinde ýaş nesiller üçin hatyra sapaklarynyň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere paýtagtymyzyň binagärlik keşbini gowulandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda. döwlet Baştutanymyz aşgabatlylaryň ýokary durmuş derejesini, paýtagtymyzyň myhmanlary üçin oňaýly şertleri we tutuşlygyna alnanda bolsa ýurdumyzyň baş şäheriniň sazlaşykly ösüşini, bagy-bossanlyga bürenmegini üpjün edýän şäher gurluşyk syýasatynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy -- pagta ýygymynyň, güýzlük galla ekişiniň depgini, beýleki möwsümleýin agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny ulanmak, umuman, oba hojalyk pudagyndaky işleriň hilini ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagyň we degişlilikde, ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy hem-de bugdaý ekişi möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça çäreleriň toplumynyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bol hasyl almak maksady bilen beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky” Permana gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada habar aýdyldy. Türkmenistanyň wekiliýeti şol ýerde Tatarystan nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy. Onuň çäklerinde dürli çäreleriň birnäçesi, şol sanda ýöriteleşdirilen sergiler guraldy.

Wise-premýer 8-11-nji sentýabrda geçriljek “tegelek stol” görnüşindäki türkmen-rus duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Bu duşuşyk nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanar. Şol çäräniň çäklerinde Russiýanyň bu ulgamda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň we duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, 10-11-nji sentýabrda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýewropa we Orta Aziýa sebitleri boýunça ugurdaş gazy ýakmagyň möçberini azaltmak barada hususy we döwlet pudaklarynyň arasyndaky global hyzmatdaşlyk guramasynyň bäşinji konferensiýasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Bu foruma Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Norwegiýanyň, Kanadanyň, Beýik Britaniýanyň, Bütindünýä bankynyň, esasy ylmy-barlag edaralarynyň we kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we energetika ýaly möhüm ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ägirt uly ýangyç kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek we giňeltmek babatda şeýle pudaklaýyn duşuşyklaryň we forumlaryň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara derejeli çäreleriň ýangyç-energetika toplumynyň ugry boýunça öňdebaryjy tejribäni alyşmak, hyzmatdaşlygyň möhüm we geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, geçiriljek “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk we konferensiýa Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda, şol sanda ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary ulanmak, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezmäge ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammmedowa şu ýylyň 24-26-njy sentýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň IХ halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu ýylda geçirilýän bu çärä daşary döwletleriň 27-sinden neşirýat işi bilen meşgullanýan iri kompaniýalaryň 75-siniň, şeýle hem bu ugurdan bilim berýän ýokary okuw mekdepleririniň ýolbaşylarynyň, hünärmenleriň, ýazyjy-şahyrlaryň 175-si gatnaşmaga isleg bildirdi. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Moldowanyň, Litwanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Polşanyň, Albaniýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň wekilleri bar.

Sergt-ýarmarkasyna ýurdumyzyň neşirýat ulgamynda ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň we telekeçileriniň 100-e golaýy öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürlär.

Forumyň maksatnamasy barada aýtmak bilen. wise-premýer onuň çäklerinde halkara ylmy maslahatynyň, türkmen ýazyjylarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň göz öňünde tutulandygyny habar berdi. Bu çäreler diňe bir Sergi köşgünde däl, eýsem paýtagtymyzdaky “Ylham” seýilgähinde hem geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda rus we iňlis dillerinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň altynjy jiltiniň ylmy ähmiýeti barada ara alyp maslahatlaşmalar we söhbetdeşlikler geçiriljek duşuşyklaryň maksatnamasynyň esasyny düzer. Şeýle hem “Dünýäde ykrar edilen Lider” atly kitabyň rus we iňlis dillerindäki neşirleriniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň çap eden çeper we çagalar üçin niýetlenen kitaplarynyň birnäçesiniň tanyşdyryş dabarasy göz öňünde tutuldy.

Biziň ýurdumyzyň myhmanlary täze tehnologiýalary we enjamlary ulanmak arkaly önümçilik işiniň häzirki zaman şertleri, türkmen neşirýatçylarynyň işleri, ýurdumyzda neşirýat ulgamyny ösdürmegiň geljegi bilen tanşarlar. Şeýle hem olar paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde we Aşgabadyň muzeýlerinde bolarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde boljak halkara serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň neşirýat pudagynyň ýeten derejesini we neşirýat senagatyny äşgär etmekde edebi duşuşyklaryň ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady. Şunuň ýaly tejribe alyşmalar medeni däpleriň baýlaşmagyny, halklaryň ruhy we özboluşly dünýäsine oňat düşünilmegini we oňa hormat goýulmagyny, medeniýetleriň we dessurlaryň gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny şertlendirer diýip, milli Liderimiz belledi.

Gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady ösüşiň maksatlaryna ýetmekde, raýatlaryň mynasyp durmuş derejesini üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde medeniýetiň üstünlikli ösdürilmeginiň, hususan-da, kitap neşiriniň we habar beriş serişdeleriniň kämilleşdirilmeginiň möhüm ornunyň bardygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde bu ugurda täze gözlegleriň we serişdeleriň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmelere jogapkärçilikli we döredijilikli çemeleşmeleriň, olary mynasyp derejede wagyz etmegiň zerurdygy has-da äşgär duýulýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň, Internet serişdeleriniň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, neşir önümi bolan kitabyň özüniň terbiýeçilik, aň-bilim, çeperçilik we ylmy taýdan ähmiýetliligini saklaýandygyny nygtap,ýaşlaryň kitaphanalara işjeň çekilmeginiň, şeýle hem paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kitap dükanlarynyň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Metbugat öýüniň täze binasynyň dünýäniň iň öňdebaryjy we kämil tehnologiýalary esasynda döwrebap enjamlaşdyrylmagynyň ýurdumyzda çykarylýan neşir önümleriniň hilini has kämilleşdirjekdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda döwlet durmuş syýasatyny hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin döwlet ýörite bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” Kararyň taslamasyny hödürledi. Şu resminamanyň saglygy dikeldiş edaralarynyň gurluşyny, bularda okatmagyň guralmagyny, şeýle hem guramaçylyk-dolandyryş häsiýetli beýleki meseleleriň birnäçesini düzgünleşdirýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bilim bermegiň dürli usullaryny ösdürmegiň milli bilimi özgertmegiň we kämilleşdirmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, mümkinçilikleri çäkli çagalaryň göwnejaý bilim almaga deň hukuklarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň ulanmaga berilmeginiň şu ugurdaky işde möhüm ädime öwrülendigini belläp, şeýle edaranyň wezipesiniň göwnejaý derejede saglygy dikeldişi okatmagyň barşy bilen utgaşdyrmakdan, çagalaryň tebigy endiklerini ösdürmekden, gaýraüzülmeleriň öňüni almakdan, çagalaryň döredijilik babatdaky mümkinçildikleriniň ýüze çykarylmagyna her bir çaganyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak arkaly, olaryň kadaly jemgyýetçilik durmuşyna taýýar bolmagyna ýardam bermekden ybaratdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ondaky ähli kadalaryň berjaý edilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sport ulgamyna degişli wajyp meselelere ünsi çeikp, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziadanyň öňüsyrasynda ýeterlik tejribe toplamagy üçin türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna has işjeň gatnaşmagynyň üpjün edilmelidigi barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we ykdysadyýetiň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow hasabat berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde önümçilik düzüminiň giňeldilýändigi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ösüşine, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini ýurdumyzyň senagatynyň ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegi üçin berk binýat bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz döwletimiziň senagat strategiýasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, senagat ulgamynda bar bolan ähli serişdelere seljerme bermegi, peýdalanylmaýan kuwwatlyklary ýüze çykarmagy we olary bu pudagyň ösdürilmegine işjeň çekmegi talap etdi. Bu babatda hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy görnüşlerini we dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenawtoýllary” döwlet konserniniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynyň milli ykdsadyýetimiziň we durmuş ulgamynyň yzygiderli hem-de sazlaşykly ösdürilmegini, türkmenistanlylaryň durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetli orny eýelleýändigini belledi.

Şunda döwlet Baştutanymyz dürli maksatly, şol sanda önümçilik, durmuş-medeni hem-de ýol-ulag düzümine degişli täze desgalaryň gurulmagy boýunça öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere gurluşyk pudagynda, şeýle hem energetika ulgamynda amala aşyrylýan işleriň barşyna we hiline yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow şu ýylyň 8-11-nji oktýabry aralygynda Moskwada geçiriljek “Altyn güýz-2014” atly XVI rus agrosenagat sergisinde Türkmenistanyň bölüminiň guralmagyna taýýarlyk görlüşi baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Sergi oba hojalyk önümçiliginiň ähli ugurlaryna degişli bolup, şonda obasenagat toplumy, agrohimiýa, ösümçilik, tohumçylyk maldarçylygy, weterinariýa üçin oba hojalyk enjamlary, energiýanyň netijeliliginiň artdyrylmagyna we tygşytlanmagyna, alternatiw tehnologiýalar, azyk önümleriniň köp görnüşleri boýunça teklipler bilen tanyşdyrylar.

Milli bölümiň täsirli guralmagyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Azyk senagaty döwlet birleşigi, Döwlet Balyk hojalygy komiteti, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, öňdebaryjy önümçilik düzümleri gatnaşyp, bular oňat hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň dürli görnüşlerini görkezerler hem-de özleriniň eksport babatdaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrarlar.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli şu ýylyň 20-nji oktýabry-1-nji noýabry aralygynda baýramçylyk söwdasynyň guralmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, belli-belli ýerlerdäki desgalardan başga-da, göçme söwda nokatlarynyň gurnaljakdygy aýdyldy. Içerki sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek, bazary dürli görnüşdäki senagat we beýleki harytlar bilen doldurmak, dükanlaryň üznüksiz üpjün edilmegine we nyrhlaryň durnukly saklanmagyna, önümleriň hiline, söwda meýdançalarynda arassaçylyga degişli kadalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçiligiň möçberleriniň hem-de ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýokary hilli azyk önümlerine bildirilýän islegiň artýandygyny göz öňünde tutup, eksporta önüm iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak we umuman, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň döreýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Moskwadaky agrosenagat serisine gatnaşmagy halkara bileleşigini milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga hem-de dünýädäki öňdebaryjy tejribe bilen tanşyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge oňaýly mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli bölümimiziň guralmagy bilen bagly bolan ähli meseleleri, hyzmatdaşlyk babatda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin forumda türkmen wekiliýetine degişli işewürlik maksatnamasyny oýlanyşykly düzmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýerlerde ilatyň isleg bildirilýän harytlar bilen üpjün edilmegine we olaryň nyrhlarynyň durnukly saklanmagyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, baýramçylygyň öňüsyrasynda hem-de baýramçylyk günlerinde söwdanyň kadalarynyň ýerine ýetirilmegine, önümleriň hiline we alyjylara medeniýetli hyzmat edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilen önümleriň gaplarynda Garaşsyzlygyň 23 ýyllygynyň nyşanyny ýerleşdirmek, göçme söwdany, ýarmarkany göwnejaý guramak hem-de söwda nokatlaryny baýramçylygpa mahsus nyşanlar bilen bezemek barada tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirildişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin ulag pudagynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny aýdyp, halkara ýük daşalyşyny hem-de ýolagçy gatnadylyşyny amala aşyrmakda du gullugyň ulaglarynyň tutýan ornuny aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň möhümdigini belledi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatyny ep-esli giňelder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlamak bilen, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.