Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylmagy mynasybetli “At – myrat” şygary astynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Toplumyň daş-töwereginde ählumumy ruhubelentlik we şatlyk duýgusy äşgär duýulýar. Bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Olaryň arasynda köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem bar.
At çapyşyk möwsüminiň açylyş dabarasyna ähli zat taýýar edildi. Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary güýzüň säher şemalyna pasyrdaýar. Diňe at çapyşyklaryny geçirmek üçin däl-de, eýsem, sportuň bu milli görnüşini wagyz etmegiň we ösdürmegiň merkezine öwrülen toplumyň çägi dürli reňkli howa şarlaryndan, toý baglaryndan we ajaýyp güllerden baýramçylyk lybasyna beslendi.
... Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek, türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däp-dessurlaryny dikeltmek döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda getirilen maglumatlar milli gymmatlyklaryň sanawynda aýratyn orun eýeleýän türkmen bedewiniň ylmy, taryhy we edebi terjimehalynyň esasynda umumylaşdyryldy.
Türkmenleriň köpasyrlyk taryhy syratly, ýelden ýüwrük, wepaly ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglydyr. Behişdi bedewlerimiz asyrlaýboýy türkmen jigitleriniň hemrasy bolup geldi. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty alyslara ýaýrap, bu gün olaryň muşdaklary Merkezi Aziýada, Ýewropada we Amerikada örän köpdür. Muňa garamazdan, gamyşgulak bedewlerimiz özlerini diňe dogduk depesinde – Garagumuň ürgün çägeleriniň, Köpetdagyň sergin jülgeleriniň arasynda arkaýyn duýup, tebigat hem-de seýisleriň nesilleri tarapyndan kemala getirilen aýratynlyklaryny saklaýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen bedewleri baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şol alada ýokary derejä çykdy. Atçylyk däplerini aýawly saklamaga we artdyrmaga ömrüni bagyş eden adamlar ýokary sylag-hormat bilen gurşalyp alyndy. Ady äleme dolan ahalteke bedewlerine dünýä ýüzünde gyzyklanmanyň artmagy, abraýly halkara bäsleşiklerinde ençeme hormatly sylaglary gazanan türkmen çapyksuwarlarynyň ajaýyp üstünlikleri bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işleriň gös-göni netijesine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň ajaýyp atçylyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we kämilleşdirilmegi, tohum atlary köpeltmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň halkara atçylyk pudagyna goşulyşmagy, atçylyk sportunyň ösdürilmegi hakynda örän uly tagallalary edýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýomut tohumyndan bolan atlary köpeltmek boýunça ýöriteleşdirilen athananyň, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda bolsa ahalteke bedewleriniň 600-sine niýetlenen athananyň gurulmagy ýurdumyzyň atçylygynyň döwrebap düzümini kemala getirmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Ýurdumyzda arassa ganly atlary halkara nusgasyndaky pasportlar bilen üpjün etmek we atlaryň baş sanynyň elektron hasabyny ýöretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
Ýeri gelende aýtsak, şeýle desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň atçylygyny we atçylyk sportuny has-da ösdürmek üçin kuwwatly binýat bolup, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeçiniň wagyz edilmegine täze itergi çaýdy. Döwrebap atçylyk sport toplumlary milli we halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa öz gezeginde atçylyk sportuny ösdürmäge, dünýäniň atçylyk sport giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ussat çapyksuwarlary taýýarlamaga, aýratyn-da, ýaş nesli türkmen halkynyň gadymdan gelýän ajaýyp däpleri esasynda terbiýelemäge ýardam edýär.
Ahalteke bedewleriniň geljegi örän uludyr, olar atçylyk sportunyň päsgelçiliklerden geçmek we uzak aralyklara çapyşyklar yaly görnüşlerinde öňdebaryjy orunlary eýelemäge ukyplydyr. Bu ugurda üstünlik gazanmak üçin milli toparymyzyň halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy möhümdir. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly işler aýratyn ukyp-başarnygy we ussatlygy talap edýär. Çünki behişdi bedewlerimiz diňe öz hakyky dostlaryna wepalydyr.
Türkmenistanda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek işini mukaddes käri hökmünde saýlap alan, bu işde ussatlyk derejesine ýeten adamlar az däldir. Ýelden ýüwrük atlary hakyky ussatlar ösdürip ýetişdiripdir we bu gün seýislerimiz ata-babalarymyzyň mukaddes işlerini mynasyp dowam edýärler. Häzir atçylyk pudagyny, dünýäde bolşy ýaly, ýokary sport üstünlikleriniň kuwwatly, döwrebap we netijeli ugruna öwürmek üçin zerur bolan binýat döredilýär. Ahalteke bedewleri täze döwrüň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşanydyr.
Halkara atçylyk sport toplumyna barýan ýolda Polatly diýen şöhratly ahalteke bedewine bagyşlanan heýkeliň oturdylandygyny ýatlap geçeliň. Öz wagtynda gözelligi we ýyndamlygy bilen öňüne at geçirmedik bu mele reňkli ahalteke bedewi dürli ýurtlarda çykyş edip we meşhur atlar bilen bäsleşip, rekord goýup, köpsanly çempionlyk derejelerini we baýraklaryny gazandy. Onuň goýan rekordy Ýer ýüzüniň bedewleri üçin 30 ýyl töweregi elýetmezliginde galdy.
Şeýle hem beýleki meşhur bedewiň, Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýän Ýanardagyň hormatyna Aşgabatda heýkel oturdylyp ebedileşdirildi.
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda Okuw merkeziniň we üsti ýapyk meýdançanyň döredilmegi bu ugurda yzygiderli işleriň biri boldy. Bu ýerde türgenler çapyşygy, uzak aralyga çapuw, päsgelçiliklerden geçmek we beýlekiler ýaly sportuň atly görnüşleri boýunça okuw türgenleşigini geçerler. Täze okuw-usulyýet merkezi Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň nazary okuwlaryny geçmegi hem-de tejribelik geçmegi üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýaşlaryň atçylyga we atçylyk sportuna bolan gyzyklanmalarynyň hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň artmagyna ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýyl gündogar senenamasy boýunça bedew ýylydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda behişdi bedewler bilen baglanyşykly geçirilýän ähli çäreler giň gerime eýe bolýar. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagy bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ajaýyp belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly, ynamly barýan türkmen döwletiniň barha artýan ykdysady kuwwatyna aýdyň şaýatnama bolup durýar.
... Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi uly joşgun bilen garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Milli Liderimiz toplumyň aýlawa alyp barýan ýodasynyň ugrunda ýaýbaňlandyrylan çeperçilik sergisi, konsert we sport çykyşlary, halk durmuşynyň pursatlary bilen tanyşdy.
Hemme ýerde baýramçylyk ruhy höküm sürýär, şadyýan aýdym-sazlar ýaňlanýar, paýtagtymyzyň iň gowy döredijilik toparlary ussatlygyny görkezýärler. Öz eserlerini şöhratly ahalteke bedewlerine bagyşlan türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we zergärleriniň işleriniň sergisi dabaranyň ajaýyp bezegine öwrüldi. Bedewleri bezemek üçin niýetlenen haly we zergärçilik önümleri, at esbaplarynyň ajaýyp bezeg serişdeleri ünsüňi özüne çekýär. Olaryň arasynda çeperçilik mekdepleriniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş suratkeşleriniň işleri aýratyn orun tutýar.
Döwlet Baştutanymyz ýaş zehinler bilen söhbetdeş bolýar. Olar kalplaryny gurşap alan duýgularyny el işleri bolan behişdi bedewler şekillendirilen suratlara geçirmäge çalşandyklaryny aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz ýaş ussatlaryň yhlasly zähmetine we başarnygyna, zehinlerine mynasyp baha berip, öz gezeginde şunuň ýaly höwesjeň, maksada okgunly çagalaryň biziň geljekki hünärli işgärlerimiz bolup durýandygyny nygtady. Olara ýurdumyzyň geljegini gurmak garaşýar. Milli Liderimiz ýaşlara çeperçilik ussatlygynyň we halk senetçiliginiň däplerini mundan beýläk-de dowam etmegi we ösdürmegi arzuw etdi.
Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän ak öýler dikilip, özüne mahsus bolan alamatlary bilen gadymy türkmen obasynyň durmuşy janlandyrylypdyr: gadymy däp-dessurlar öz beýanyny tapypdyr, zenanlar haly dokaýar, tikin tikýär, keçe basýar, bagşylar türkmen milli saz gurallaryny çalyp, aýdym aýdýar. Şeýle hem bu ýerde halk çeperçilik senetçiliginiň önümleri bolan täsin halylaryň, milli egin-eşikleriň, bezeg şaý-sepleriniň, durmuşda ulanylan önümleriň sergisi guraldy. Özi-de her bir sebit amaly-haşam sungatyndaky häsiýetli aýratynlyklary, görnüşleri, ussalaryň başarnygyna görä, öz ugry boýunça tapawutlanýar. Bularyň hemmesi halkymyzyň milli mirasynyň baýdygyny we köpdürlüdigini şöhlelendirmäge, baý ruhuny we zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi.
Bu ýerde söweş sungatyna eýerijiler, gimnastlar, akrobatlar we beýleki türgenler hem öz ussatlygyny görkezdiler. Milli Liderimiz halk dabaralarynyň we baýramçylyklarynyň milli göreş boýunça pälwanlaryň tutluşyklaryny aýratyn gyzyklanma bilen synlaýar. Göreş bilen meňzeş bolan başa-baş söweşleriň guşakly görnüşleriniň ählisinde dünýä ýaryşlarynda türkmenistanlylar däp boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Muňa mysal hökmünde, 2013-nji ýylda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen Bütindünýä tomusky uniwersiadany ýatlalyň. Şol ýerden türgenlerimiz 9 medal, şol sanda altyn medal getirdiler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary mähirli gutlap, elektromobilde ýapyk meýdança tarap ugraýar. Bu ýerde ussat çapyksuwarlar bedew üstünde päsgelçiliklerden bökmek boýunça ussatlyklaryny görkezdiler. Ol, mälim bolşy ýaly, at sportunyň olimpiýa görnüşleriniň däp bolan we şowhunly bäsleşikleriniň biridir.
Dünýäniň atçylyk sportunyň taryhynda şunuň ýaly dürli ýaryşlarda iň oňat netijeleri görkezen ahalteke bedewleriniň atlarynyň bellidigini ýatladýarys. Şöhratly Absent dünýä derejesinde “ýyldyz” bolup, 12 ýylyň dowamynda bäsleşikleriň şu görnüşinde Olimpiýa oýunlarynyň yzly-yzyna üçüsinde – Rimde (1960 ý.), Tokioda (1964 ý.) we Mehikoda (1968 ý.) ýeňiji bolup, olimpiýa birinjiligini saklady, şeýle hem “XX asyryň iň oňat sport bedewi” diýen derejä mynasyp boldy. Päsgelçiliklerden geçmek bäsleşiginde bolsa onuň atasy Arap atly ahalteke bedewi XX asyryň ortalarynda 2 metr 12 santimetr beýiklikdäki päsgelçiligi aşyp, dünýä rekordyny goýdy. Uzynlygyna bökmek boýunça (8 metr 78 santimetr) dünýä rekordy bilen Perepel diýen at hem meşhurdyr. Penteli diýen ahalteke bedewini hem aýratyn bellemek gerek. Ol güýçli böküp bilýär, bu bolsa iň çylşyrymly ýagdaýlardan hem oňat baş çykmaga kömek edýär. Kämahallar çapyksuwar beýikligi 1,5 metr bolan päsgelçilige ýetmäge sähelçe santimetrler galanda Pentelini saklaýardy, at bolsa kellesini okgunly silkip, ýerden sogrulyp, päsgelçiligiň üstünden özüni we çapyksuwaryny ýeňillik bilen alyp geçip bilýärdi. Penteliniň haýran galdyryjy bu ukyby şonda baha bermegiň iň ýokary derejesine – 9,8 balla mynasyp boldy!
Atçylyk sportunyň şu görnüşinde at üstündäki çapyksuwary bilen belli bir wagtda päsgelçilikli ugurlary (parkur) geçmeli. Şonda jerime utuklary almaz ýaly, ýörite goýlan belgiler ýykylmaly däldir. Bu günki görkezme çykyşyna ajaýyp bedewleriň altysy gatnaşdy, olar özboluşly “hormat aýlawyny” geçip, ussatlygyny görkezdiler. Muňa şu günki dabara gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berildi.
Milli Liderimiz bu ýaryşlar tamamlanandan soň aýlawyň çapuw ýodasyna geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman sintetik toprak bolan politrek düşelen çapuw meýdançasyna geldi. Ulanyş ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy islendik howa şertlerinde at çapyşyklarynyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu ýerde peýdalanylýan daşdan we çägeden düşelen ýörite örtükleriň hili bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz ulanylýan hemme serişdeleriň atlaryň beden gurluşynyň aýratynlyklaryna laýyk gelmelidigini aýtdy.
Çapuw ýodasy üçin döwrebap örtük bolan politrek at çapyşyklaryny geçirmek üçin iň oňat şertleri döredýär. Atçylyk pudagynyň degişli hünärmenleriniň baha bermegine görä, bedewiň şeýle meýdançada çapuwynyň netijesi 3-4 sekunt ýokarlanýar. Bu bolsa ýokary netijeleri gazanmagyň mümkinçilikleri barada habar berýär.
Milli Liderimiz çapuw ýodalarynyň döwrebap politrek arkaly örtülmeginiň degişli talaplara laýyk gelýänligi bilen gyzyklanyp, welaýatlardaky aýlawlarda hem çapuw ýodalaryny täzelemek boýunça işleri dowam etmek barada tabşyryk berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanyna owadan at getirilýär. Milli Liderimiz ata atlanyp, çapyksuwaryň ajaýyp başarnygyny, at üstünde gezim etmegiň ähli usullaryny oňat ele alandygyny we bedewe ezberlik bilen erk edýändigini görkezdi. Çünki türkmen bedewleriniň özboluşlylygy gizlin däldir, olaryň aýratyn ruhy ahwaly çapyksuwardan diňe bir ýokary ussatlygy talap etmän, eýsem, at bilen bir howadan dem almagy we onuň her bir hereketine düşünmek ukybyny talap edýär.
Ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dosthan diýen bedewiň üstünde çapuw ýodasynda aýlanmagynyň barşynda aty haýal hereketlere ýa-da okgunly hereketlere getirmäge degişli buýruklara eýerdip bilmek ýaly ajaýyp endiklerini görkezdi. Bedew ýokary derejeli tejribeli halypa çapyksuwaryň buýruklaryna takyk eýerip, olary ýeňillik bilen ýerine ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýanynda bolan ussat çapyksuwarlar bilen çapuw meýdançasyna çykyp, ýaş çapyksuwarlara ak pata berdi. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň agtygy hem bar.
Milli Liderimiziň ak patasyny alyp, ýaş çapyksuwarlar ýaryşyň eminleriniň beren alamatyndan ýyndam bedewlerde aýlaw boýunça öňe okduryldylar. Atlar ýaýdan sypan ok ýaly çapyp barşyna çapyksuwaryň her bir sözüni duýgur gulaklary bilen eşidýär, bedewiň bütin durky dartylgy kiriş mysaly eýesiniň islendik hereketine seslenýär. Ahalteke bedewleriniň çapuwy ýerläp uçýan guşlaryň hereketini ýada salýar.
Ajaýyp ahalteke bedewleriniň ýaryşlary hakykatda gözelligiň, ýyndamlygyň we behişdi bedewleriň çarpaýa galşynyň – diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň görlüp-eşidilmedik şöhratynyň we buýsanjynyň senasyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň agtygynyň çapan Garahan diýen aty çapyşygyň ýeňijisi boldy. Ýaş oglana milli atçylyk sungaty bilen baglanyşykly ähli zatlar gyzyklydy. Özi-de, atçylyk sportunyň at çapyşygy ýaly görnüşinde çapyksuwardan örän ünslüligi, özüne çekijiligi talap edýän sungata gyzyklanmasy duýuldy.
Milli Liderimiz agtygynyň hereketlerine buýsanç bilen syn etdi. Ol ýyndam bedewlere ynamly erk edip, at çapmak bilen höwesli meşgullanýar. Hut şunda hem milli däplerimiz öz beýanyny tapýar. Ruhy gymmatlyklar nesilden-nesle geçip, şol sanda atlara sarpa goýmak we çäksiz mähir bilen garaýyş dowam etdirilýär. Munuň özi köp asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda ýaşululardan ýaşkiçilere geçirilip, ýaş nesiller üçin durmuş mekdebiniň iň möhüm sapaklarynyň birine öwrülýär.
Soňra güýzki at çapygşyk möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan däp bolan çapyşyklar geçirildi. At çapyşyklary ähli döwürlerde türkmen halkynyň toý-baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edip gelýär.
Möwsümiň ilkinji at çapyşygynyň başlanandygyny aňladýan jaň kakylyp, bedewler ýola düşende, münberde oturan janköýerleriň tolgunyp başlandygy äşgär duýuldy. Bedewler ilkibaşda topar bolup çapsalar-da, pellehana takmynan 200 metr galanda atlaryň biri ynamly öňe çykýar. Bäsdeşleri onuň yzyndan ýetjek bolup jan edýärler, emma öňe saýlanan bedew arany ep-esli açýar.
Güýzki möwsümiň ilkinji çapyşyk gününe bedewleriň 50-si gatnaşdy. Bäsleşikler at çapyşyklarynyň bäşisinden ybarat bolup, olaryň birinjisine – 1500 metr aralykda geçirilen ýaryşa üç ýaşar bedewleriň 10-sy gatnaşdy. Çekeleşikli çapyşykda ajaýyp Keýmirdon bedewinde ussat çapyksuwar T.Babaýew (1 minut 42 sekunt) ýeňiş gazandy. Ikinji bolup pellehana Serkerde diýen dor atda D.Berdimämmedow (1 minut 42,6 sekunt), üçünji bolup Garamça bedewinde M.Seýidow (1 minut 43,8 sekunt) geldi.
1600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda hem çapyksuwarlaryň 10-sy bäsleşdi. Pellehana ilkinji bolup Abraýly diýen atda G.Agamyradow (1 minut 47,5 sekunt) gelmegi başardy. Jaňlygara diýen bedewi çapan çapyksuwar B.Berdimuhammedow ikinji görkezijini (1 minut 48 sekunt) gazandy. Üçünji bolup Söýgülim bedewiniň çapyksuwary Y.Saparow (1 minut 50 sekunt) pellehana geldi.
1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşyk hem örän çekeleşikli bolup, oňa dört ýaşar we ondan uly bedewleri çapan çapyksuwarlaryň 10-sy gatnaşdy. Bu çapyşykda Hanpolat diýen aty çapan A.Ataýew (2 minut 5,1 sekunt) pellehana birinji geldi. Gazanar diýen atyň çapyksuwary Ş.Kerimow ikinji (2 minut 7,1 sekunt) görkezijä eýe boldy. Pellehanadan üçünji bolup ajaýyp Ýyldyz diýen bedewde M.Kiçigulow (2 minut 7,5 sekunt) geçmegi başardy.
2000 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda dört ýaşar we ondan uly bedewlerde çapyksuwarlaryň 10-sy bäsleşdi. Şonda pellehana ilkinji bolup gelen Kemer diýen atyň ussat çapyksuwary B.Agamyradow (2 minut 19,4 sekunt) ýeňiş gazandy. Ikinji orna Dorşekilli II diýen atyň çapyksuwary E.Babalyýew (2 minut 20,2 sekunt), üçünji orna bolsa Guşganat diýen mele aty çapan B.Berkeliýew (2 minut 20,6 sekunt) mynasyp boldy.
2200 metr aralyga hormatly Prezidentimiziň baş baýragy ugrunda geçirilen bäşinji çapyşykda Dalbedew diýen dor atyň çapyksuwary B.Agamyradow (2 minut 34,8 sekunt) ýeňiji boldy. 10 çapyksuwaryň arasynda çekeleşikli geçen dartgynly at çapyşygynda Gündogar diýen atyň çapyksuwary Ç.Ýazdurdyýew (2 minut 35,3 sekunt) ikinji orna mynasyp boldy, Bahreýn diýen owadan bedewi çapan çapyksuwar T.Babaýew bolsa (2 minut 35,7 sekunt) üçünji orny eýeledi. Çapyşygyň ýeňijisine ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.
At çapyşyklarynyň geçirilen wagtynyň bütin dowamynda janköýerler at çapyşyklaryna dykgat bilen syn etdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, totalizator işe girizilip, onda bedewlere goýlan puluň möçberi, şeýle hem umumy puluň möçberi görünýär. Munuň özi tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredip, olaryň at çapyşyklarynda döreýän duýgularyny täsirli etmek bilen çäklenmän, eýsem, atçylyk sportuny wagyz etmäge we muşdaklarynyň sanyny artdyrmaga ýardam edýär. Totalizatora gatnaşýan janköýerler üçin ýörite çykarylýan meýilnamada bedewler, olaryň eýeleri, seýisleri we çapyksuwarlary hakynda zerur bolan maglumatlar berilýär.
Şu günki at çapyşyklarynyň barşynda her ýaryşyň öň ýanynda bellenilen tertip boýunça atlara pul goýlup, olaryň mukdary bu ýerde oturdylan uly monitorda görkezildi.
Ýeri gelende aýtsak, güýzki möwsümde at çapyşyklar 10 gezek geçiriler.
Gyzykly çapyşyklar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okalýar.
Milli Liderimiz ýörite taýýarlanan meýdança geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalar astynda halypa çapyksuwarlara döşe dakylýan nyşany we gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar.
Döwlet Baştutanymyza tapawutlandyryş nyşan üçin hoşallyk bildirip, sylaglananlar milli Liderimizi ahalteke bedewleriniň we türkmen atşynaslarynyň hem-de çapyksuwarlarynyň şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýelden ýüwrük bedewleriň şan-şöhratyny dikeltmekde, halkymyzyň çapyksuwarlyk sungatyny bütin dünýäde belende galdyrmakda we abraýyny ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyny yglan etdi.
Bahasyz milli gymmatlyk bolan täsin ahalteke bedewlerini gorap saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny hem goşmak bilen, türkmen halkynyň behişdi bedewler bilen baglanyşykly özboluşly däplerini dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen uly işler ýaýbaňlandyrylandyr.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň ýany bilen berilýän döşe dakylýan nyşan gowşurylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli atşynaslarynyň çuňňur we çäksiz hoşallygynyň nyşany hökmünde özüne berlen milli toý donuny geýdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, biziň halkymyz üçin bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigini, onuň täze belent üstünlikleriň buşlukçysynyň nyşanydygyny nygtady. Milli we dünýä medeniýetiniň hakyky taryhy aýratynlygy bolmagynda galmak bilen, ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň ajaýyp tumaryna, halkymyzyň arzuwynyň wysal tapan keşbine, gülläp ösüşe tarap maksada okgunlylygyň nyşanyna öwrüldi.
Atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi iň oňat tohum atlaryna mynasyp doly derejede şertleri döretmek babatda möhüm ädim boldy. Ahalteke bedewleri – milli gymmatlyk, dünýäniň täsinlikleriniň biri. Muňa ahalteke atçylyk toplumynda şöhratly bedewler bilen didarlaşan mahalyň doly derejede akyl ýetirýärsiň. Şol ýerde janly rowaýata öwrülen bedewler saklanýar.
Türkmen halky ahalteke bedewlerine bagyşlanan köpsanly ganatly sözleri we söz düzümlerini aýawly saklap, şu günlerimize çenli ýetirdi. Ol bedewler hemme döwürlerde beýik maksatlara ýetmekde ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz kömekçileri bolup, hemme asyrlarda gymmatlyga we milli buýsanja öwrüldi. Şeýle sözleriň biri-de “Türkmeniň işigi atly bolsa, töri döwletli bolar” diýen sözlerdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ahalteke tohumlarynyň iň ajaýyp wekilleriniň biri, gürrüňsiz suratda – Ýanardag. Ol her bir türkmenistanlynyň ýüregindedir, Garaşsyz döwletimiziň daşary ýurtlardaky örän köp dostlaryna oňat bellidir. Ýanardag ýiti hyjuwyň we güýçli ruhuň, gözelligiň we kämilligiň nyşanydyr. Şoňa görä-de onuň keşbi Aşgabatda heýkel dikeldilip ebedileşdirildi.
Şu ýylyň ýazynda Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda başlanan işgärleri üçin şäherçesi bolan täze atçylyk toplumynyň gurluşygy hem döwletiň atçylygy ösdürmek baradaky aladasynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Täze gurluşygyň düzümine esasy desgadan, ýagny ýerasty geçelgeleri bolan atçylyk toplumyndan başga-da iki öýli, iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 57-si, çagalar bagy, 2 sany dükan, sport we çagalaryň oýun meýdançasy girer.
Türkmenleriň arasynda bedew bilen adamyň arasyndaky täsin özara gatnaşygyň häzirki ylmy-ösüş we ýokary tehnologiýalar asyrymyzda hem öz ähmiýetini ýitirmändigi bellärliklidir. Ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň okgunly depginini “bedew bady bilen” diýen sözler bilen häsiýetlendirmegimiz tötänden däldir. Şol söz düzümi halkymyzyň ruhuny we Watanymyzyň, jemgyýetimiziň we ykdysadyýetimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän ýokary ösüş depginlerini has dogry we aýdyň şöhlelendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz çykyşynyň barşynda şaýollara, köçelere, obalara, şäherçelere, şäherlere meşhur seýisleriň atlaryny dakmak, at çapyşyklaryny hepdede iki gezek – ýaş çapyksuwarlaryň arasynda hem-de ökde ussat çapyksuwarlaryň arasynda geçirmek baradaky teklipler bilen dabara gatnaşýanlara ýüzlenmegi doly kanunalaýyk boldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň döwletimiz türkmen halkynyň iň oňat atşynaslyk däplerine eýermek we ony kämilleşdirmek, tohum atlary köpeltmek, ýurdumyzyň atçylygyny halkara pudaklaýyn senagata ýakynlaşdyrmak, atçylyk sportuny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek hakynda örän işjeň alada edýär.
Bu ýaryşlaryň ýeňijileriniň ählisine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar we baýraklar gowşuryldy.
At çapyşygyna gatnaşan ýaş çapyksuwarlara Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy gowşuryldy. Pellehanadan üçünji bolup geçen Bedew atly ajaýyp bedewiň çapyksuwary Resul Täçmyradow üçünji orna, pellehana ikinji bolup gelen Tarhan atly bedewiň çapyksuwary Baba Babaýew ikinji orna mynasyp boldular. Bu ýaryşda birinji orna hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow Garahan atly bedewi bilen mynasyp boldy.
Güýzki at çapyşygynda ýeňiş gazananlaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Şeýlelik bilen, häzirki wagtda ahalteke bedewleri diňe bir däp bolan çapyşyklarda däl, eýsem, atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde, şol sanda olimpiýa görnüşleri bolan päsgelçilikden geçmekde, gezim etmekde hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Türkmen sportunyň bu ugurdaky mümkinçilikleri, şu gün aýan bolşy ýaly çäksizdir. Ahalteke bedewleri diňe bir ýyndam bolman, eýsem, päsgelçilikleri geçmekde hem güýçlüdir. Mundan başga-da, olar gezim edilende-de juda ajaýyp görünýär. Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň ýanyndaky üsti ýapyk meýdançaly täze okuw merkezi bolsa türkmen türgenlerini taýýarlamaga ýardam eder. Olar daşary ýurtlarda bedew bilen gezim etmek we päsgelçilikden geçmek boýunça halkara ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, dünýä atçylyk sportunda bäsleşip bilerler.
At çapyşygynyň güýzki möwsüminiň açylmagy mynasybetli ähli ýaryşlar örän gyzykly we şowhunly boldy. Olara tomaşa etmäge gelen köpsanly janköýerleriň kalby şöhratly ahalteke bedewlerine bolan buýsanç we guwanç duýgularyndan dolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek boýunça alyp barýan maksada gönükdirilen işleri üçin hoşallyklarynyň çägi bolmady.