Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanniýery kabul etdi, ol türkmen paýtagtyna Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak üçin geldi.
ÝHHG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutany bilen görşüp, özüniň ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň döredijilikli, öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýan we sebitde hem-de ählumumy derejede parahatçylygy pugtalandyrmaga, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistanyň şu maslahaty geçirmek baradaky teklibiniň dünýä bilelşigi tarapyndan giňden goldanylandygyny hem-de uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, myhman Aşgabat duşuşygynyň häzirki döwrüň dünýä ösüşiniň möhüm meseleleriniň netijeli çözgüdini tapmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretaryny mähirli garşylap, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatsöýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegi bolup durýar. ÝHHG bilen emele gelen netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň däp bolan, uly tejribe toplanylan bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň bellenilen bilelikdäki meýilnamalary ýerine ýetirmekde özara gyzyklanmalara esaslanýandygy, halkara derejesindäki tagallalaryň jebisligiň mysalydygy bellenildi. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny kemala getirmek meselesi söhbetdeşligiň esasyny düzdi, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bolsa dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, köp ugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň düzümini ösdürmegiň geosyýasatyň möhüm şerti, kuwwatly birleşdiriji serişde bolup durýandygy nygtaldy. Bu bolsa sebitiň döwletleri üçin uly ykdysady mümkinçilikleri açýar.
Energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň durnukly ugradylmagy ählumumy durnukly ösüşiň, daşky gurşawy goramagyň we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň möhüm şreti hökmünde guramagyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegi üçin öz uly goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň pikiri boýunça türkmen döwletiniň Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlara däl-de, eýsem sebitiň ähli döwletlerine hem ykdysady ösüşi üpjün eder.
ÝHHG-niň ýolbaşçysy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ägirt uly gazananlaryny bellemek bilen, türkmen halkyna öz saýlap alan ýolunda we ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ÝHHG bilen özara hormat goýmak oňyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk esasynda guralýan gatnaşyklaryň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.