Ï Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 1093
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň (IRU) ýolbaşçysy jenap Ýanuş Laçnyny kabul etdi, ol türkmen paýtagtyna Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak üçin geldi.

Myhman Türkmenistanyň başlangyjy boýunça geçirilýän maslahatyň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp kabul edendigi we ikiçäk duşuşykda Türkmenistan bilen IRU-nyň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Ýanuş Laçny türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn daşary syýasat ugrunyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolandygyny diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli garşylap, Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr we şunda biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär, olaryň arasynda IRU hem bar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag pudagy ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň hereket edýändigini belläp, muňa ýurdumyzyň sebit we ählumumy derejede söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine ýardam berjek ulag-üstaşyr geçelegelerini ösdürmek boýunça öňe süren halkara başlangyçlarynyň hem şaýatlyk edýändigini aýtdy. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygy baradaky Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynyň garamagyna hödürlenjek täze teklibini görkezmek bolar.

Duşuşygyň dowamynda ilkinji nobatda Ýewraziýa yklymynda ulag gatnawlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen türkmen tarapynyň halkara taslamalaryny nazara almak bilen, Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelegleriniň mekrezi hökmünde öz ornuny berkitmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmak maksady bilen, ýurdumyzda ulag gatnawynyň ähli görnüşlerini ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar, ýokary tizlikli täze awtoulag ýollary we häzirki zaman demir ýollary gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistan bilen Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň arasynda ählumumy durnukly ösüşiň, abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.