Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (TRASEKA) Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi boýunça hökümetara toparynyň Baş sekretary jenap Eduard Birýukowy kabul etdi. Myhman halkara hyzmatdaşlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bolan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşygyna bagyşlanan iri halkara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Aşgabat duşuşygynyň çäklerinde gozgalýan meseläniň örän ähmiýetlidigini bellemek bilen, myhman döwlet Baştutanymyza dünýäniň ähli ýurtlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda bilelikdäki iri forumy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ulag we aragatnaşyk ulgamy ýaly geljegi uly ugurda halkara hyzmatdaşlygy köpugurly howpsuz halkara ulag düzümleriniň bolmagyny talap edýän dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak ýagdaýynda özara goşulyşmak işlerinde esasy şert bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan täze geoykdysady giňişliginiň binýadyny döretmek hakyndaky başlangyjyny hemmetaraplaýyn goldamak bilen, Eduard Birýukow bu maksatlaryň möhüm hyzmatdaşlar bolan iri halkara guramalarynyň we aýry-aýry döwletleriň degişli wezipelerine laýyk gelýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz ulaglary, howa ýollary düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça iri möçberli milli maksatnamalaryny, sebitiň we dünýäniň dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek we ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly meýilnamalaryny nazara almak bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda demir ýollary, awtomobil köprülerini, Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça biziň ýurdumyzyň çäginden geçýän möhüm sebitleýin we sebitara ulag ugurlarynyň döredilmegine gönükdirilen Türkmenbaşydaky häzirki zaman deňiz menziliniň gurluşygy boýunça möhüm taslamalar hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän sebit ähmiýetli taslamalaryň hatarynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly, şeýle hem goňşy ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň özboluşly nyşanyny alamatlandyrýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan täze polat ýolunyň gurluşygy görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça, hususan-da, ägirt uly transyklym giňişliginde harytlaryň hereketini dolandyrmak we gözegçilik etmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge ýardam berjek logistika merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen (TRASEKA) Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi boýunça hökümetara toparynyň Baş sekretary şu ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary köpugurly we deňhukukly, ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine birek-birege hormat goýmak esasda ösdürmäge bolan meýillerini mälim etdi.