Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 836
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde çagyrylan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary jenap Şamil Aleskerowy kabul etdi.

Türmkenistanyň iri halkara guramalary we ulag düzümleri bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň döwrüň talabyna laýyk gelýändigini hem-de möhümdigini bellemek bilen, myhman dünýäniň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary bilen köpugurly we özara peýdaly gatnaşyklary üstünlikli ösdürýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň toplan tejribesine dünýä bilelleşiginiň gyzyklanmalarynyň artýandygyny aýtdy.

Abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we öňe sürýän hem-de häzirki dünýäde bar bolan möhüm meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen derwaýys halkara başlangyçlaryny tutuş adamzat jemgyýeti oňlaýar we hemmetaraplaýyn goldaýar.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň başrynda sebit üçin möhüm ähmiýeti bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň, hususan-da, döwrebap ulag düzümini we täze üstaşyr geçelgelerini döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçiliklerini, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky abraýynyň ýokary galýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň örän uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Ýokary derejede geçirilýän maslahata iberilen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Aşgabat duşuşygynyň sebitleýin we ählumumy möçberdäki gatnaşyklary ilerletmek üçin anyk teklipleri işläp taýýarlamak, netijeli we özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar babatda oňyn meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň tutuş dünýäde ykrar edilýändigini belledi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmeleriniň ýoly bilen ynamly gadam urýan türmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.