Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Şun-içi Muratany kabul etdi. Ol türkmen paýtagtyna Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak üçin geldi.
Aşgabatda geçirilýän maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň örän möhümdigi barada aýtmak bilen, myhman bu maslahatyň maksatnamasynyň we oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamy ýaly möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge ýardam etjek halkara başlangyçlarynyň giň ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Bu gün Şun-içi Muratanyň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşýän ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasaty durmuşa geçirmek arkaly ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Türkmenistan-BMG özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň iri guramalary, hususan-da, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň muňa şaýatlyk edýändigini aýtdy, häzirki wagtda ýurdumyz bu Geňeşiň agzasy bolup durýar.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň çäklerinde, şol sanda söwda we maýa goýumlary, ulag, durmuş ugry, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak we beýlekiler ýaly ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ESKATO agza bolup durýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ulag gatnawyny ösdürmek boýunça Sebitleýin maksatnamany durmuşa geçirmek bolup durýar. Bu maksatnama halkara ähmiýetli häzirki zaman ulag-logistika toplumlaryny gurmak, awtoulag we demir ýol ulgamlaryny ösdürmek, howa we deňiz ulagy pudagyny ösdürmek boýunça taslamalar girýär.
Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri görýär. Bu demir ýol geçelgesi Demirgazyk-Günorta transmilli ulag geçelgesiniň, şeýle hem Hazaryň kenarynda gurulýan täze halkara deňiz portunyň, häzirki zaman howa menziliniň we ýurdumyzyň çäklerinden geçýän tizlikli awtoulag ýollarynyň möhüm bölegi bolmalydyr.
Jenap Şun-içi Murata Türkmenistanyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýolunda gazananlaryna ýokary baha berip, ýurtda ulag ulgamynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalarynyň türkmen döwletiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň ygtybarly binýadyny goýýandygyny, şeýle hem ähli ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşylygyny işjeňleşdirmek üçin amatly şertler döredýändigini belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany we myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ählumumy abadançylygyň we Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.