Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ÝYK-nyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ÝYK-nyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

view-icon 806
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Kristian Friis Bahy kabul etdi. Myhman ulag ulgamynda üstaşyr–ulag geçelgelerini kemala getirmäge bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Bu ulgama degişli iri halkara forumyny geçirmek baradaky asylly başlangyç üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, myhman Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ýola goýýan uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlyga bolan işjeň çemeleşmelerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Häzirki zamanyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän BMG bilen ýol goýulýan gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu abraýly halkara guramasynyň we iri düzümleriň çäklerinde dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan wezipeleridigini aýtdy.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Dürli pudaklarda birnäçe wajyp bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşine kanagatlanma bildiriip, Kristian Friis Bah ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň has kabul ederlikli çözgütlerini gözlemekde we onuň sebit dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekde mynasyp orun eýeleýändgini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, möhüm ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen ozal öňe sürlen Merkezi Aziýada Nusgalyk awtoulag ýolunyň döredilmegini ugur edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Kristian Friis Bah bu gezekki wekilçilikli forumyň bilelikdäki möhüm taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we onuň durmuşa geçirilmegini şertlendirjekdigine we ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine köptaraply netijeli gatnaşyklaryň berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.