Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahatynda eden çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahatynda eden çykyşy

view-icon 1106
(Aşgabat, 2014-nji ýylyň 3-nji sentýabry)

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!


Türkmenistan halkara durmuşynyň işjeň agzasy hökmünde dünýä derejesinde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Şonuň bilen birlikde, häzirki döwrüň bu ugurdaky derwaýys meselelerine degişli birnäçe möhüm halkara başlangyçlaryny teklip edýär.

Biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmegiň tarapdary bolup durýar.Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär we olary çözmäge çalyşýar.

Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şeýle hem, bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görýär.Biziň geçirýän maslahatymyz hem şu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary derejedäki bu maslahat halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanýar.

Maslahat Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de Ýewropa–Kawkaz–Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara topary (TRASEKA) bilen bilelikde geçirilýär.

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!


Siziň ähliňizi Aşgabatda mübäreklemäge we “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly halkara maslahatynyň işiniň başlanmagy bilen gutlamaga şatdyryn.

Maslahata döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň, bilermenler jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň giňden hem-de wekilçilikli gatnaşmagyna ýurdumyza hormat-sarpanyň nyşany, Türkmenistanyň sebit we yklym derejesindäki halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryna, hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklibine düşünilmeginiň we goldawyň subutnamasy hökmünde garaýarys.

Türkmenistan XXI ýüzýyllygyň ählumumy ulag strategiýasynyň döwletleriň we sebitleriň okgunly goşulyşmagynyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriniň, tehniki we tehnologiki kuwwatynyň birleşdirilmeginiň strategiýasydygyna ynanýar.

Geljek iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşykly ulgamy, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan şu gün ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öz garaýyşlaryny kemala getirmek bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa häzirki zaman ählumumy ösüş prosesleriniň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmünde garaýandygyndan ugur alýar.

Elbetde, ýurdumyzyň geografiki taýdan Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly ýerleşýändigini nazara alsaň, ulag ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistan ýewropa, aziýa-ýuwaş umman we günorta – aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi.

Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň we ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny okgunly ösdürmek bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Onda ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri beýan edildi. Bu wezipeler bolsa dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmakdan, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda ulag gatnaw ugurlaryny baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ulgam boýunça milli düzümini mundan beýläk-de giňeltmekden ybaratdyr.

Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklym giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň hem-de üstaşyr geçirmegiň köp şahaly, toplumlaýyn we utgaşykly düzümini gurmak barada barýar.

Bu taslama şeýle hem geljekde Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag düzümine birleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Munuň özi hyzmatdaşlygyň täze, has giň möçberli görnüşiniň döredilmegini aňladyp, ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe pikirlenmegiň, onuň ösüşiniň strategiki geljegini görmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Hut şoňa görä-de, Türkmenistan özüniň strategiýasynda döwrebap ulag düzümini döretmäge möhüm ähmiýet berýär, goňşy döwletler bilen iri sebit – yklymlaýyn taslamalary amala aşyrýar. Mysal üçin, ýakynda Demirgazyk – Günorta ugur boýunça Gazagystan-Türkmenistan- Eýran demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy.

Bu taslama ykdysady taýdan we beýleki babatlarda ägirt uly ähmiýete eýedir. Täze ýol döwrüň talabyna laýyk gelýän häzirki zaman ulag düzümini döretmegiň möhüm bölegine öwrülýär. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik berer. Bu ýol Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmak mümkinçiligini döredip, gatnaw ýollarynyň arasyny hem-de ýolda sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Beýleki bir giň möçberli taslama Türkmenistan – Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Biz onuň amala aşyrylmagyna sebitiň gury ýerdäki döwletlerini iri halkara bazarlaryna çykarmak nukdaýnazaryndan hem garaýarys.

Merkezi Aziýa sebitiniň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen özleriniň çäkleri arkaly sebitara gatnawlary üçin amatly üstaşyr şertleriň döredilmegini üpjün edip biljekdiklerinden ugur alýarys.

Häzirki döwürde Türkmenistanda täsin inženerçilik desgalary – ulag gatnawlarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasy” boljak demir ýol we awtomobil köprüleri köpçülikleýin ulanmaga berilýär.

Geçen ýyl Amyderýanyň üstünden, häzir hereket edýän ägirt uly inženerçilik desgasynyň – Atamyrat – Kerkiçi demir ýolunyň golaýyndan çekilen awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Ýene-de Türkmenabat şäherinde Amyderýanyň üstünden iri awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde howa menzilleri gurulýar.

Bu desgalar hem Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollaryny döretmekde we olary netijeli ulanmakda möhüm ädim bolup durýar.

Ulag ulgamynda maýa goýum taslamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebitlerini bitewi ykdysady düzüme birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Awtoulag ýollarynyň düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň entek şeýle giň gerimde amala aşyrylmandygyny bellemelidiris.

Awtomobil ýollarynyň ulgamlarynyň durky doly täzelener, zerur ýol düzümleriniň ählisi bolan täze ýokary tizlikli ýollar gurlar. Olaryň umumy uzynlygy 1700 kilometre golaý bolar. Ýokarda agzalyp geçilen transmilli üçtaraplaýyn taslamalardan başga-da, bu taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi, Türkmenabat – Gazojak – Daşoguz, şeýle hem Mary-Serhetabat awtomobil ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek baradaky taslamalar bar.

Dünýä ölçegleri tutuş ýurdumyzyň çäginden çekilýän awtoulag ýollarynyň esasy görkezijisi bolar.

Bu awtoulag ýollarynyň ugrunda inženerçilik desgalarynyň onlarçasy - döwrebap ýol – ulag aýrytlary, köprüler we estakadalar gurulýar. Olar awtoulag ýollarynda gatnawlaryň kadaly bolmagyny, sil suwlaryndan goraglylygy hem-de hereket howpsuzlygyny üpjün eder.

Ýeri gelende aýtsak, ertir gümrük terminalynyň, uly awtomenziliň açylyşy hem-de Özbegistanyň serhedinde Türkmenabat şäherinden Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine çenli uzalyp gitjek awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy göz öňünde tutulýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly harytlaryň we hyzmatlaryň çalt hem-de ygtybarly ýetirilmegini üpjün eder, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsir eder.

Men siziň ähliňizi bu dabaraly çärelere gatnaşmaga uly höwes bilen çagyrýaryn.

Türkmenistanyň deňiz flotunyň we tutuş degişli düzümiň ösdürilmeginiň geljegi uly hasaplanylýar. Uly möçberli ulag taslamalarynyň biriniň durmuşa geçirilmegi – Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň gurluşygy onuň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu portuň gurluşygyna 2013-nji ýylyň awgustynda badalga berildi.

Hazaryň kenarynda gurulýan täze deňiz porty deňiz gatnawlarynyň döwrebap ulgamyny döretmegiň möhüm bölegi bolar.

Ol Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmak üçin has amatly şertleri döretmäge, uly möçberli ýükleri daşamagyň ýoluny we wagtyny ep-esli gysgaltmaga, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar, sebitara we yklymara gatnaşyklarynyň täze strategiki mümkinçilikleri döredilýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Halkara ulag düzümini ösdürmek barada aýtmak bilen, biz hemişe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyny nygtaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýol ulaglarynyň Halkara birleşiginiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň tejribesiniň esasynda Türkiýä çykmak arkaly Merkezi Aziýa üçin Modal ýoly döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.

Ýol ulaglarynyň halkara birleşiginiň Modal ýol baradaky başlangyjy bu ugurda ulag ýollaryny ösdürmegiň geljegine bolan garaýşymyza doly laýyk gelýär. Biz ony doly goldaýarys, bu taslamany durmuşa geçirmekde işjeň orun eýelemäge hem-de ýakyndan ýardam bermäge taýýardyrys.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň düzümine girýän, BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ählisine bu meseläni jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga goşulmagy teklip edýäris.

Biz şeýle hem TRASEKA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyrys. Umuman, Merkezi Aziýadan Günbatar ulag geçelgesiniň döredilmeginiň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň ägirt uly maksatnamalaryny durmuşa geçirmek hem-de hil taýdan täze ölçeglerde Ýewraziýanyň iki ykdysady ugruny birleşdirmek babatda ägirt uly ähmiýete eýedigine ynanýarys.

Merkezi Aziýa we Hazar sebitine Ýewraziýanyň günorta guşagyndaky strategiki durnuklylygyň berk bölegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag – üstaşyr merkezi hökmünde garamak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasyny düzýär.

Häzirki wagtda bu ýerde hyzmatdaşlyk we ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, gapma-garşylyklaryň wehimlerinden azat we şoňa görä-de, daşary maýa goýumlary hem-de dürli ulgamlarda uzakmöhletleýin halkara maksatnamalary üçin özüne çekiji sebit hökmünde umumydünýä proseslerine üstünlikli goşulyşmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Türkmenistan ulag ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň ählumumy ösüşine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady giňişliginiň arhitekturasyny kemala getirmäge saldamly goşandyny goşýar.

Bu başlangyçlaryň bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Aşgabatda şu wekilçilikli Halkara maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işjeň agzasy bolup durýan Türkmenistan üçin onuň işine gatnaşmak daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar.

Biz Komissiýanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görýäris, soňky ýyllarda has äşgär görünýän ösüşlere ýokary baha berýäris. Hyzmatdaşlar bilen özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhümdigine düşünýäris. Mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine umyt edýäris.

Munuň üçin ulag gatnawlary ulgamyndaky özara gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň wajypdygyna ynanýarys.

Biz şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde sebit we sebitara derejesinde ygtybarly ulag gatnawlaryny ösdürmäge köpugurly, ulgamlaýyn çemeleşmäni döretmek maksady bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaş döwletler we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklara taýýardyr.

Biz, däp bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen strategiki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýäris.

Agza ýurtlaryň arasynda giňden pikir alyşmak üçin mümkinçiligi döretmek babatda BMG-niň uzakdan gelýän we hemmämize mälim bolan taryhy bardyr. Türkmenistan, däp bolşy ýaly, häzirki zaman ösüşiniň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini gözlemekde işjeň orny eýeleýär. olaryň hatarynda ulag ulgamy möhüm ähmiýete eýedir.

BMG, hususan-da, onuň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistanyň bu ulgamda uly netijeleri gazanyp, biljekdigine ynanýaryn.

Türkmenistanyň ÝHHG-ä gatnaşmagy ykdysady we ekologiýa babatdaky taslamalara biziň gyzyklanmamyzy hem-de işjeň ornumyzy şöhlelendirýär. Biz serhetden geçilende ulag howpsuzlygyny üpjün etmek, sebitiň ýurtlarynyň bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy we olary ilerletmegi teklip edýäris hem-de muňa çalyşýarys.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň üstünlikli işlemegi türkmen tarapynyň ygtybarly we durnukly ulag gatnawlary meseleleri babatda tekliplerini we bähbitlerini öwrenmek, şeýle hem geljekde ÝHHG-niň giňişliginde beýleki ýurtlarda hem ulanylyp bilinjek täze taslamalary işläp taýýarlamak arkaly gatnaşyklary yzygiderli we okgunly ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşigine agza döwlet bolmak bilen, bu guramanyň çäklerinde umumy dünýä ösüş ýagdaýyna düýpli täsir etmäge ýardam etjek köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär.

Munuň üçin bizde zerur bolan şertleriň ählisiniň bardygyna ynanýaryn. Bizi umumy gymmatlyklar hem-de umumy jogapkärçilik birleşdirýär. Öňe hereket etmek meýlimizde biz bitewidiris.

Häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we guramanyň agzalarynyň köpüsiniň bähbitlerini nazara almak bilen, ulag düzümini ösdürmek biziň tagallalarymyzyň birleşdirilmegini talap edýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň tejribesi, täsirli halkara guramasy hökmünde birleşigiň abraýy, gürrüňsiz, bu ugurda özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge ýardam edýär.

Bilelikdäki tagallalar bilen guralan şu maslahat hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup hyzmat edýär. Bu maslahat şol gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.

Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) sebitiň ýurtlarynyň ulag ulgamynyň multimodal toplumy bolup durýar.

Onuň işi döwletleriň we sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de ulag gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi meşhur taryhy ýollaryň birini – Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge saldamly goşant bolup durýar.

1993-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti Brýussel Jarnamasyny goldady we oňa gol çekdi. Bu jarnama TRASEKA maksatnamasynyň başyny başlady.

TRASEKA maksatnamasynyň döredilen ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan Brýussel Jarnamasynda beýan edilen maksatlara ýetmäge gönükdirilen çärelere gönüden-göni we işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan häzirki wagtda TRASEKA-nyň çäklerinde durmuşa geçirilen düzümleýin taslamalaryň we tehniki taýdan ýardam bermek baradaky taslamalaryň ençemesine gatnaşyjy ýurt bolup durýar.

Türkmenistan öz ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek we TRASEKA geçelgesi boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýär.

Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň TRASEKA taslamalaryna gatnaşmagynyň sebitiň möhüm ulag merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, şeýle hem iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli we işjeň ädimleri ätmäge mümkinçilik berjekdigine çuňňur ynanýarys.

Ulag we kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO) işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň forumlarynyň çäklerinde, şol sanda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda bu meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ulag düzümini we kommunikasiýalary ösdürmek ulgamynda resminamalar kabul edildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda gurama agza ýurtlaryň awtomobil we demir ýollarynda ulag geçelgelerini döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy.

Merkezi Aziýa sebitinde guramanyň agzasy bolan hyzmatdaş ýurtlar bilen ulag-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler görülýär. Munuň özi eýýäm häzir “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgeleri boýunça gatnawlary açmaga mümkinçilik berdi.

Ýakyn geljekde guramanyň sebitinde ulaglaryň ähli görnüşleri üçin, şol sanda multimodal (garyşyk) gatnawlar, ýagny sebitiň üstaşyr – ulag ýollarynda fiziki däl häsiýetli bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin halkara gatnawlarynyň ylalaşykly kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny döretmek möhüm bolup durýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!


Gyzykly çykyşlary hem-de Türkmenistanyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin abraýly halkara guramalarynyň hormatly ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin.

Biz forumda garalan möhüm we derwaýys meseleler babatda şol çykyşlarda beýan edilen çuň manyly we oňyn çemeleşmelere ýokary baha berýäris.

Şu gün şu zalda häzirki wagtda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýete eýe bolýandygyna oňat düşünýän, onuň ugurlaryny we geljegine dogry baha berýän pikirdeşleriň ýygnanandygyny aýtsak, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmaz diýip pkir edýärin.

Men şu maslahatyň çagyrylmagynyň ulag meselesi, bu ulgamdaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak, anyk çözgütleri kabul etmäge geçmek boýunça yzygiderli we özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly gepleşikleri başlamaga itergi bermäge ukyply şanly waka bolup durýandygyna ynanýaryn.

Biz maslahatyň işiniň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň döwrebap çemeleşmeleriniň döredilmegine, geljegi uly meýilnamalaryň kesgitlenilmegine umyt edýäris.

Häzirki zaman ählumumy ösüş babatda ulag – üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan giň möçberli gepleşikleriň döwletleriň birek-birege oňat düşünişmegine, dünýä ykdysadyýetiniň bu ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynanýarys. Türkmenistan şu Maslahaty çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edip, hut şundan ugur aldy.

Hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak—bu ýörelgeler Türkmenistanyň halkara işiniň esasyny düzýär.

Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, beýleki döwletler, halkara düzümleri bilen içgin we özara gyzyklanma bildirilýän gepleşiklere hemişe taýýardyr.

Men ýene-de bir gezek Türkmenistanyň paýtagtynda Siziň ähliňizi mähirli mübärekleýärin, şu Maslahata gatnaşmak baradaky çakylygymyza seslenendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Şu iki günüň dowamynda Size baý we çuň manyly gün tertibi garaşýar. Men Siziň ähliňize geljekki işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.