Şu gün ýurdumyzyň Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky türkmen-rus duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumyny giň möçberli esasda döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatlyklaryny we serişde binýadyny, taýýar önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri kesgitledi. Esasan-da, milli Liderimiz gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçillik esasynda degişli senagat we hyzmat önümçiligini döretmek, täze nebitgaz ýataklaryny ýokary tehnologiýalar babatda abadanlaşdyrmak maksady bilen, uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenmeginiň zerurdygyna ünsi çekýär.
Döwlet Baştutanymyz alymlaryň oýlap tapyşlar we täzelikder bilen baglanyşykly wezipelerini işjeňleşdirmek, pudagyň önümçiliginde häzirki zaman tejribelerini işjeň ulanmak, dürli ýurtlaryň abraýly ylmy merkezleri we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, işgärleri okatmak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatdaky meseleleriň möhümdigini belleýär. Şunda nebitgaz pudagynda daşky gurşawy gopamak, ýerasty baýlyklary netijeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny yzygiderli artýan mahalynda ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy dünýä bileleşiginiň öňünde durýan üçünji müňýyllygyň möhüm wezipeleriniň oňyn çözülmegini ugur edinýär. Türkmenistan milli ykdysadyýeti ösdürmek we bar bolan ägirt uly uglewodorod serişdelerini ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine ulanmak ýörelgelerine eýerýär. Döwletimiziň açyklyk esaslaryna daýanýan daşary syýasaty, ýurdumyzyň oňaýly maýa goýum ýagdaýy ähli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Türkmenistan we Russiýa bu ulgamda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesini toplady. Häzirki döwürde döwletleriň ikisi-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy dowam edýär.
Bu günki duşuşyk bilelikdäki işiň ugurlaryny giňeltmäge, onuň wezipelerini we nebitgaz toplumyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm işde geljekki meseleleri kesgitlemäge gönükdirilendir. “Tegelek stoluň” başyndaky duşuşygy guramak türkmen-rus we rus-türkmen işewür geňeşleriniň mejlisleriniň, şol sanda şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen mejlisiň barşynda kesgitlenen möhüm çäreleriň biridir.
Duşuşyga Russiýa tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, “Skolkowo” innowasion önümçilik gaznasynyň wekilleri, şeýle hem birnäçe kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda “Gruppa kompaniý Metropol” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “Týumen NII giprogaz”, “INTREK”, “RosKon”, “Ballastnyýe troboprowody SWAP”, “Anod” ýapyk paýdarlar jemgyýeti, “GMS Neftemaş” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Metally Wostoçnoý Sibiri” korporasiýasy we beýlekiler bar.
Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezildeniniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmengeologiýa”, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, şeýle hem pudaklaýyn ylmy-barlag we taslama institutlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, täze düzümleýin desgalary gurmak, täze ýataklary, nebite we gaza baý känleri ýüze çykarmak boýunça netijeli gözleg işlerini, şeýle hem pudagyň täze işläp taýýarlamalar, ýangyç-energetika toplumynyň çylşyryymly inženerçilik-tehniki desgalarynyň milli Liderimiziň energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny köp ugurly esasda ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän syýasatynyň çäklerinde halkara ähmiýeti bolan taslamalar bilen üpjün etmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işlere aýratyn ähmiýet berdiler.
Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynda barlaglaryň häzirki zaman usullary, mikroseýsmiki geologiýa-gözleg ulgamynda önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, ýataklardan gaz we nebit almagy ýokarlandyrmak üçin burawlaýyş işlerinlde täze tehnologiýalary ulanmak, enjamlaýyn üpjünçilikde halkara ulgamyna goşulmagy ugur edinýän dolandyryş, mahabat we tehnologik çemeleşmeleri guramagyň usullary baradaky çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem bu ýerde Russiýanyň senagat kärhanalarynyň mümkinçilikleriniň, pudaga degişli enjamlar babatda täze tehnologik we synag işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrlyşy boldy. Onuň barşynda “Skolkowo” gaznasynyň hünärmenleri “ýokary derejede düşewünt almak üçin logistik ugdlewodorod serişdeleriniň işjeňleşdirilmegi”, “Nebitgaz pudagynda maýa goýum taslamalarynyň dolandyrylyşy”, “Sanly känler”, “Buraw we hyzmatlar işewürligini dolandyrmak”, “BI işewürlik bilermenleri üçin innowasion önümler” ýaly ugurlar boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdiler.
Şeýle hem duşuşykda russiýaly hünärmenler Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli nebitgaz pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, häzirki döwürde alnyp barylýan we ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen işler, toplumyň gazhimiýa we nebithimiýa pudaklarynyň ösüşi, gury ýerdäki we Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky känleriň özleşdirilişi, şeýle hem ýokar hünärli işgärleriň, şol sanda gurlan we häzirki döwürde ýurdumyzda gurulýan täze kärhanalar üçin hünärmenleriň taýýarlanylyşy, dünýäde ilkinji ekologiýa taýdan arassa gaz benzininiň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygy bilen tanyşdyryldy.
Bu ýerde geçirilen maslahatlarda, edilen çykyşlarda energetika desgalarynyň maliýeleşdirilişine we gurluşygyna, ýataklaryň senagat taýdan ulanylyşyna, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagyna täzeçe çemeleşmeler ýaly meselelere deglip geçildi. Daşarky bazarlarda bu pudagyň önümlerine bolan ösen islegi nazara almak bilen, dünýäniň we Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa pudagyndaky meýiller seljerildi. Şeýle hem nebitgaz önümçiliginiň birnäçe pudaklarynda täzeçillik ýörelgelerini ulanmagyň ykdysady netijeliligi barada aýdyldy hem-de maksatnamalaýyn amaly barlaglar hem-de tehnologik taslamalar babatda bilelikdäki işiň has möhüm ugurlary kesgitlendi.
Tejribe we pikir, öňdebaryjy ylmy maglumatlar alyşmalardan ybarat bolan şeýle duşuşyklaryň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň möhüm ugruny nazara almak bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryny netijeli ulanmak babatda ugurdaş bilelikdäki işiniň utgaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Bellenilişi ýaly, onuň häzirki ýagdaýy, ylmy-tehniki derejesi, maýa goýum şerti we giň möçberli meýilnamalary, pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän düýpli özgertmeler çig maly eksport etmekden gaýtadan işlenilen taýýar önümleriň eksport edilmegine geçmegiň uly geljegini emele getirýär. Bu bolsa ähli pudaklary senagatlaşdyrmagy ugur edinýän milli ykdysadyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berer.
“Tegelek stoluň” başyndaky gürrüňdeşlik tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn işewür duşuşyklary we gepleşikler geçirildi.
Russiýanyň wekiliýetiniň agzalarynyň ertir Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde duşuşyklary meýilleşdirildi.