Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, käbir pesminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňde durýan wezipeler kesgitlendi we başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer 2014-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, sekiz aýda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşine şaýatlyk edýär. Jemi içerki önümiň ösüşiniň görkezijileri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini hasabat döwründe 113,5 göterim üpjün edildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,5 göterim ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri hem oňyn netijelere eýe boldy.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Şu ýylyň sekiz aýynda gazanylan makroykdysady görkezijilere laýyklykda, özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleri 30,4 milliard manada deň boldy. Bu makroykdysady görkezijileriň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 45,9 göterime barabar boldy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň depginleri barada aýtmak bilen, wise-premýer hasabat döwründe tutuş ýurdumyz boýunça durmuş maksatly 389 binanyň, 487 müň inedördül metr meýdany bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, şeýle hem ulag ýollarynyň, gaz we elektrik geçirijileriň, suw ulgamlarynyň çekilýändigini habar berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 24,8 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi oňyn netijelere eýe boldy. Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 118,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim ýerine ýetirildi. Ähli düzümlerde aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda tölendi. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk haklarynyň görkezijisi ýokarlandy. Halkyň sarp edýän harytlaryna, ilata edilýän hyzmatlara bolan baha bellenilen çäklerde saklandy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi alamatlandyrýandygyny aýtdy we wise-premýeriň ünsüni ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalarda kesgitlenen ähli meýilnamalaryň ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyna çekdi. Ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bank-maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasat konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen sekiz aýda Daşary işler ministrliginde alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýýyn, köptaraplaýyn esasda, abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan işljeň hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara guran saparlarynyň, şeýle hem daşary döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler we duşuşyklar däp bolan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 426-synyň ýurdumyzda bolandygy, Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 457-siniň daşary ýurtlara ugradylandygy bellenildi. Geçen sekiz aýda halkara çäreleriniň, maslahatlaryň, sergileriň 93-si, şeýle hem ýurdumyzyň daşary döwletler bilen özara peýdaly netijeli gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän medeni-gumanitar häsiýetdäki çäreleriň 27-siniň guralandygy habar berildi. Şeýle hem hasabat döwründe halkara resminamalarynyň 115-sine gol çekildi.
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Daşary işler minsitrlikleriniň arasynda işjeň döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn geňeşmeleriň 23-si geçirildi. Hasabat döwründe hökümetara toparlarynyň ikitaraplaýyn mejlisleriniň 12-si boldy. Olaryň işi Türkmenistan bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we netijeli gumanitar gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Biziň ýurdumyzyň mundan beýläk-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň we dünýä jemgyýetçiligi üçin wajyp bolan wezipeleriň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm orny eýelejekdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz 12-nji sentýabrda Täjigistan Resupblikasynda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň tutuş adamzat bileleşigi üçin ähmiýeti bolan birnäçe başlangyçlary öňe sürjekdigini belledi. Esasan-da, özüniň bitaraplyk derejesine eýerýän we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ýurdumyz tutuş dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň mineral serişdeleriniň sebitiň ýurtlarynyň bähbidi üçin ulanylmagyna gönükdirilen asylly başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, sebitl we ählumumy derejede durnukly ösüş üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we geljekki ösüşi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak babatda bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol şu ýylyň sekiz aýynda milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça geçiren işleri barada habar berdi. Şu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň dördüsi geçirildi, olarda kanunlaryň we kararlaryň 126-sy kabul edildi. Olaryň hatarynda 57 kanun, şol sanda Türkmenistanyň kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda 33 kanun bar, 69 karar, şol sanda şertnamalary we ylalaşyklary tassyklamak hakynda 4 karar bar.
Şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen ola goýlan özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Bellenilişi ýaly, netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, 13 daşary ýurt bilen parlamentara dostluk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasyndan gelen teklip esasynda “ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliýetiniň düzümini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.
Häzirki wagtda parlamentiň deputatlary täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamagyň üstünde işleýärler. Habar berlişi ýaly, kanunçykaryjylyk işi bilen birlikde, deputatlar ýerlerde saýlawçylary bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýärler, düşündiriş işlerini alyp barýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek we Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işiniň wajypdygyny nygtap, kabul edilýän kanunlaryň möhüm maksatlara – jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri giňeltmek, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, olaryň amala aşyrylmagy üçin zerur şertleri döretmek maksadyna gönükdirilmelidigini belledi. Işlenip taýýarlanylýan täze kanunlar ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet düzümlerini we ýerli öz-özüňi dolandyryşy ösdürmäge, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge, telekeçiligi goldamaga hem-de beýleki wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, täze kanunlary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasy maksatlaryna, şeýle hem halkara kadalaryna we ülňülerine laýyk getirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän duzümlerinde 2014-nji ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Aşgabat şäheri boýunça düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem türkmen paýtagtynyň toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 173,5 göterime barabar boldy. Merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň hasabyna bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 272,8 göterime, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça maksatlaýyn ýygymlaryň hasabyna bolsa 117 göterime barabar boldy.
Wise-premýer Döwlet býujetiniň hasabyna meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkezijiniň 160 göterime barabar bolandygyny aýtdy. Aşgabat şäher häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, meýilnama görkezijisi 137,8 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda gurulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem habar berildi. Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda 171 şertnamanyň esasynda dürli maksatly desgalar we binalar gurulýar. Olaryň umumy möçberi 3 milliard 456 million 357 müň manada barabardyr. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça 92 şertnama laýyklykda, 672 million 24 müň manada deň bolan, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Habar berlişi ýaly, paýtagtymyzda şu ýylda ulanylmaga berlen binalaryň we beýleki desgalaryň sany 26-a ýetdi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 38 desganyň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň ýollarynyň birnäçesiniň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Olarda ýerasty geçelgeler hem göz öňünde tutulandyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň ýokary depginini üpjün etmek üçin ähli çäreleriň görülmelidiginiň wajypdygyny nygtady. Şäheri abadanlaşdyrmak, awtoulag ýollarynyň ýagdaýy, hereket edýän desgalary talaba laýyk saklamak, köçeleriň arassalygy we olaryň yşyklandyrylyşy baradaky meselelere aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanmyyz aýtdy. Milli Liderimiz täze gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny, ilkinji nobatda, gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi hemişe berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda obasenagat toplumynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Umuman, obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgini 103,3 göterim boldy. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 104,7 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 101,8 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 102,7 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 107,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,6 göterime, “Türkmenagta” döwlet konserni boýunça 100,2 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 105,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime deň boldy.
Hasabatda ýurudumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işi – pagta ýygymy barada habar aýdyldy. Onuň barşynda “ak altynyň” 125 müň 565 tonnasy ýygnalyp alyndy. Ekilen güýzlük bugdaýa ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer ýakyn geljekde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda kuwwaty ýylda 8 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumynyň ulanyşa tabşyryljakdygyny habar berdi. Ýylda 8 million ýumurtga we 1 müň tonna guş eti öndüriljek şeýle toplum Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda hem bina edilýär.
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda kuwwaty 40 müň tonna bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanalarda gurluşyk işleri dowam edýär.
Şeýle hem bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň ösüşinde güýzüň ilkinji günleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, ilkinji nobatda pagta ýygym möwsüminiň geçirilişine, ekilýän güýzlük buýdaýa agrotehniki kadalara doly laýyklykda degişli ideg işleriniň alnyp barylmalydygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky teklibi öňe sürdüler. Bu başlangyjy goldamagy zerur hasap edýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premerler A.Ýazmyradowa we M.Artykowa, şepýle hem welaýatlaryň, etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz gök zolaklary döretmek çärelerine ähli kärhanalary we zerur tehnikalary işjeň çekmegi tabşyrdy.
27-nji sentýabrda geçirmegi meýilleşdirilýän ýowaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çäräniň dowamynda dürli bag nahallaryny, şol sanda gyrymsy agaçlaryny, saýaly baglary, köpgörnüşli gülleri oturtmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz garaşsyzlyk baýramçylygyna çenli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda abadanlaşdyryş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi we arassalaýyş işleriniň geçirilmeginiň, bezeg işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Paýtagtymyz hemme babatda nusgalyk bolmalydyr. “Aşgabat – su çüwdürimleriň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheri!” şygary astynda biz döwletimiziň paýtagtyny dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwürmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda gazanylan netijeler barada durup geçmek bilen, şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgininiň 102,1 göterime barabar bolandygyny belledi.
Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň möçberiniň 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 101,8 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe nebit önümlerini öndürmekde hem oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenildi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,8 göterime, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy.
Wise-premýer şu ýylyň sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 109,5 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 114,6 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 104,8 göterime barabar bolandygyny habar berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 111,7 göterime barabar boldy. Daşary ýurtlara ugradylan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini bolsa 114,7 göterime barabar boldy.
Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Ruhabatdaky turba zawodynda dürli ölçegli polietilen we aýna süýümli turbalary öndürmegiň ösüş depgini 2013-nji ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 107,6 göterime barbar boldy.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberini durnukly saklamak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýyl işlenip taýýarlanylýan guramaçylyk-tehniki çärelere laýyklykda täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň giň toplumynyň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, onuň maddy- enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň, täze tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary netijeli ulanmagyň hasabyna bu ulgamda öndürilýän önümleriň möçberlerini has-da artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem döwrebap önümçilikleriň döredilýändigini, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalaryň gurlup, ulanmaga berlendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz olarda öndürilýän ýokary hilli önümleriň, aýratyn hem eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz A.Sopyýewi “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa 2014-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudak edaralarynyň alyp baran işleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmak, halkymyzy doslukly döwletleriň medeniýetleri bilen tanyşdyrmak ugrunda işler alnyp baryldy. Ýurdumyzda birnäçe dostlukly döwletleriň, daşary döwletleriň birnäçesinde bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.
Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi, halkara sungat sergisi, “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwaly, “Magtymguly Pyragy we umumadamzat gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty, “Awaza – 2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly geçirildi. Olara onlarça döwletlerden medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Şunuň bilen birlikde, geçen sekiz aýda medeniýet işgärleriniň, ýazyjylaryň, döredijilik toparlarynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, şeýle hem talyplaryň daşary ýurtlarda geçirilen ylmy maslahatlara, fesitwallara gatnaşandyklaryny belledi. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda teatrlaryň döredijilik işgärleri teatr sungatyny ösdürmek, muzeý işgärleri türkmen halkynyň taryhyny we medenietini öwrenmek, wagyz etmek, şeýle hem kitaphana işgärleri neşir önümlerine okyjylary çekmek boýunça giň möçberli işleri alyp bardylar.
Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 232 görnüşi neşir edildi.
Hasabatda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanýan gepleşikleriň ýokary hilli we many-mazmuna baý bolmagy, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän halkara ýaryşlaryny alyp görkezmek ugrunda işler alnyp baryldy. Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň 54-nji halkara maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň we Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habarçylary hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli işleri, gazanylýan üstünlikleri, özgerişlikleri öz wagtynda çeper beýan etmek boýunça işleri alyp bardylar. Şeýle hem olaryň ençemesi daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere, hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzyň umumy ösüşini üpjün etmekdäki ornunyň ähmiýetini belledi we häzirki döwr bolup geçýän özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikleri, şol üstünliklerden halkymyzyň galkynýan ruhuny aýdym-saz, döredijilik toparlarynyň çykyşlarydyr dürli eserlerinde aýdyň beýan edilýändigini nygtady. Şeýle mazmundaky çykyşlar baýramçylyk we beýleki dabaralardyr medeni çärelerde halkymyzyň ruhuny has-da ýokary götermelidir, munuň özi Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň ýetip gelýän häzirki günlerinde aýratyn möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dostlukly hyzmatdaş ýurtlarymyz bilen bir-birekde geçirilýän Medeniýet günleriniň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle çäreleriň halklaryň medeniýetlerini özara öwrenmäge, tanyşmaga ýardam etmek bilen birlikde, gatnaşyklary ösdürýärýändigini nygtady. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz milli medeniýetimizi we sungatymyzy daşary döwletlerde giňden wagyz etmegiň dowamly häsiýetde bolmagynyň maksada laýykdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Esasan-da, wise-premýer ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we usulyýet binýadyny pugtalandyrmak, ulgama öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zamanyň iň kämil enjamlaryny ornaşdyrmak, bilim ojaklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän okuw kitaplary, gollanmalary bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 228-si taýýarlanyldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalar wagtlaryny hoş geçirip, göwnejaý dynç aldylar. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket eden dynç alyş merkezlerinde körpe nesilleriň wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.
Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 135 medala, şol sanda 21 altyn, 34 kümüş we 80 bürünç medala mynasyp boldular. Hasabat döwründe halkara ylmy maslahatlarynyň 4-si, halkara sergileriň 2-si we 1 halkara çagalar festiwaly geçirildi.
Derman önümçiliginde 148 göterim ösüş gazanyldy.
Türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarynyň 106-syna gatnaşyp, jemi 233 medala mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim bermegiň häzirki zaman usullaryny giňeltmegiň we bu ugurdaky özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bilim-ylym ulgamynyň ösdürilmegi saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynyň döwrebap derejede kämilleşdirilmeginde möhüm ornunyň bardygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda syýahatçylygyň kämil ulgamyny kemala getirmek, Türkmenistanyň gözel künjeklerine, medeni-taryhy ýadygärliklerine dünýäniň jahankeşdeleriniň işjeň çekilmegi bilen baglanyşykly ähli meselelere zerur derejede üns bermek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň üçin dünýä medeniýetiniň ösmeginde möhüm ähmiýeti bolan milli gymmatlyklarymyzyň halkara derejesinde wagyz edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Başuttanymyz bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň sport ulgamynyň düýpli maddy-enjamlaýyn binýady döredildi. Döwletimiz bu ulgama köp möçberde serişde gönükdirýär. Etraplarda we şäherlerde köp sanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ähli çagalar baglarynda we mekdeplerde, obalarda hem-de şäherlerde sport meýdançalary, stadionlar we beýleki sport desgalary bar.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, biziň esasy maksadymyz – beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat, şoňa görä-de, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berýäris diýip aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berýän döwlet hökmünde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da ýokary göterilmeginiň maksat edinilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu maksatlardan ugur alyp, ýurdumyzyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamak hem-de olaryň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin ähli şertleri döredýäris diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa ýüzlenip, sporty ösdürmäge jogap berýän ýolbaşçy hökmünde bu ugurda işleri talaba laýyk alyp barmaýandygyny, onuň işinde köp sanly kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Ýurdumyzda sport desgalary ýaramaz saklanýar, sport mekdeplerinde tälimçiler ýetmezçilik edýär. Türkmenistanyň Prezidenti bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça hem ýeterlik işiň alnyp barylmaýandygyny aýdyp, B.Orazowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesine ozal şu komitetiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini eýelän K.Seýdow bellenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 131,7 göterime deň bolup, onuň ösüş depgini 118,1 göterim boldy. Hasabat döwründe sementiň öndürilişi 113,6 göterime, magdan däl materiallaryň öndürilişi 125,1 göterime, keramzidiň öndürilişi 109,6 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň umumy meýilnamasy 115,9 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ösüş depgini 115 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 137,7 göterim ýerine ýetirildi. Onuň ösüş depgini 107,9 göterime deň boldy. Pudagyň kärhanalarynda hasabat döwründe jemi 28,3 müň inedördül metr haly önümleri dokaldy we 100,1göterim ösüş depgini üpjün edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda öndürilen önümleriň işleriň ösüş depgini 100,1 göterime, şol sanda mineral dökünleriň önümçiligi boýunça ösüş depgini 116,1 göterime, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 103,1 göterime we magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi boýunça 114,1 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň düzümlerinde hasabat döwründe önümçiligiň ösüş depgini 113,9 göterime deň boldy.
Döwletimiziň senagat syýasatynyň möhüm wezipelerine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz wise-premýerden senagat ulgamynda bar bolan serişdeleri seljermegi, hereket etmeýän kuwwatlyklary ýüze çykarmagy we olaryň bu ulgamyň ösdürimegine işjeň çekilmegini ýola goýmagy talap etdi. Gürrüň hojalygy dolandyrmagyň oňyn görnüşleriniň we usullarynyň ornaşdyrylmagy hakynda barýar diýip, bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu ugur bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän S.Orazmyradowy senagat ministri wezipesine belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmäge döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ýöne muňa garamazdan, S.Batyrowyň şu pudagyň ýolbaşçysy hökmünde özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynda bazarlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň öndürilýändigini, emma muňa garamazdan, harytlaryň doly derejede ýerlenmeýändigini, ministrligiň bazary öwrenmek, harytlary ýerlemek bilen meşgullanýan gulluklarynyň işini pes derejede alyp barýandygyny aýtdy. Dokma kärhanalarynyň durkuny täzelemek boýunça zerur işleriň alnyp barylmaýandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wagtyň geçmegi bilen enjamlaryň könelýändigini, olary täzelemek, kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça degerli işleriň alnyp barylmaýandygyny, pudak üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak işleriniň talabalaýyk ýola goýulmandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz S.Batyrowy dokma senagaty ministriniň wezipesinden boşadýandygyny mälim edip, degişli resminama gol çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dokma senagaty ministri wezipesine T.Gurbanmämmedowy belläp, ony dokma senagaty ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Artykow gözegçilik edýän gurluşyk we energetika toplumynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda toplumyň aýry-aýry pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberi degişli döwrüň meýilnamasynyň 167,5 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Bu bolsa ösüş depgininiň 116,0 goterime deň bolandygyny aňladýar.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 114,9 göterim berjaý edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 109,7 göterim ösüş gazanyldy. Şunda elektrik energiýanyň öndürilişiniň ösüş depgini 111,6 göterime, onuň daşary ýurtlara ugradylyşynyň ösüş depgini bolsa 100,9 göterime deň boldy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda jemi 2588,8 kilometr elektrik geçirijileri çekildi.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça berjaý edilen işler barada habar berip, agzalan döwürde konsern boýunça işleriň 135,2 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdireniňde ösüş depgininiň 135,2 göterim bolandygyny görkezýär.
Şeýle hem şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberi 118,6 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende ösüş depgini 122,9 göterime barabar boldy. Şunda hasabat döwründe suw geçirijileriň 1781,9 kilometri çekildi, dik guýylaryň 36-sy burawlandy we lagym geçirijileriň 369,5 kilometri çekildi.
Şeýle hem wise-premýer şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylýandygyny habar berdi. Bu halkara çäresine dünýäniň dürli ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri, hünärmenler we alymlar gatnaşýarlar. Serginiň çäklerinde geçiriljek halkara maslahatynda ýurdumyzyň energetika pudagynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara duşuşyklary guralar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we energetika toplumyna ýurdumyzyň gazanýan umumy ykdysady ösüşinde ähmiýetli ornuň degişli bolup durýandygyny aýtdy. Tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyk işleriniň möçberleriniň ykdysadyýetimiziň güýçli depginde ösýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, milli Liderimiz gurluşyklaryň Türkmenistanyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine almagy halkymyz we ýurdumyz baradaky aladalaryň toplumlaýyn häsiýete eýe bolup durýandygyndan gelip çykýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, bina edilýän desgalarda işleriň bellenen wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagyna örän uly üns berip, bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz halkara serginiň we maslahatyň ýurdumyzyň energetika pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde, ulgama öňdebaryjy tejribeleri işjeň çekmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hasabat bilen Mnistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow çykyş etdi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende104,2 göterim derejesinde üpjün edildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda birža söwdalarynyň 147-si geçirilip, umumy bahasy 49 milliard 668,3 million manada deň bolan şertnamalar hasaba alyndy. Netijede, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 107,9 göterime barabar boldy.
Wise-premýeriň hasabatynda şu ýylyň sekiz aýynyň dowamynda sergileriň 14-siniň we maslahatlaryň 11-siniň geçirilendigi habar berildi. Söwda-senagat edarasy boýunça berjaý edilen işleriň netijesinde hasabat döwründe gazanylan ösüş depgini 101 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwürde senagat önümlerini öndürmegiň we oba hojalyk önümleriniň ösüş depginleri degişlilikde 132 we 120 göterim boldy. Şu döwürde ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 2 esse artdy. Söwda haryt dolanyşygynda berjaý edilen işler boýunça 248 göterim, hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işler boýunça 200 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleriň dürli görnüşlerine bolan islegiň artýandygyny nazarda tutup, önümiň daşary ýurtlara iberilişini köpugurly esasda ösdürmek, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek babatda zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine ýetmek, işleriň guralyşyny has-da kämilleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň derejesini artdyryp, hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine örän oýlanyşykly we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýratyn nygtady. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda bar bolan mümkinçilikleriň, kuwwatlyklaryň doly derejede peýdalanylmagynyň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, pudagy ösdürmegiň geljekki meýilnamalaray barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, tutuşlygyna ulag-aragatnaşyk ulgamynda hasabat döwründe işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlary etmegiň ösüş depgini 110,1 göterime deň boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,4 göterime barabar boldy. Şunda daşalan ýükleriň ösüş depgininiň 106,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgininiň bolsa 111,9 göterime barabar bolandygy bellenildi.
Wise-premýer hasabatyň çäklerinde türkmen-eýran serhedine ýetirilen Bereket-Etrek demir ýolunyň ugrunda beketleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň, şol sanda onlarça köprüleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň içki demir ýollarynda aralyk bejergi we düýpli abatlamak işleriniň ýerine ýetirilýändigini habar berdi.
Hasabat döwründe demir ýol gurluşygynda ulanylýan ýörite tehnikalaryň 70-si, 103 ýörite wagon we 153 ýolagçy wagony gelip gowuşdy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104 göterime, şol sanda ýük daşamagyň ösüş depgini 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 100,8 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awia hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 118 göterime, şol sanda ýük daşamagyň ösüş depgini 120,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 111,5 göterime barabar boldy.
Wise-premýer milli howa ýollary ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyp, Aşgabat we Türkmenabat halkara howa menzilleriniň hem-de Daşoguz şäheriniň howa menziliniň täze emeli uçuş-gonuş zolagynyň hem-de desgalarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini habar berdi.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104,1 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 432 müňden gowrak, şol sanda 405 müň öýjükli belgi, 4 müň radiotelefon belgisi we 23 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, bu babatdaky meýilnama 2,6 esse ýerine ýetirildi.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111 göterime, şol sanda ýük daşamagyň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.
Wise-premýer şu ýylyň 17-19-njy sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2014” atly VIII halkara sergisini hem-de ylmy maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi. Şu ýyl bu halkara sergisine ýerli we daşary ýurtlaryň 70-den gowrak kompaniýalarynyň gatnaşjakdygy bellenildi. Serginiň çäklerinde “Türkmenistan we dünýä maglumat—telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara maslahaty hem geçiriler. Halkara maslahata dünýäniň 20 döwletinden alymlaryň we bilermenleriň hem-de işewür adamlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işlere hem-de bu ulgamlarda gazanylan netijelere kanagatlanma bildirip, olaryň mümkinçiliklerinden has-da netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn halkara serginiň we maslahatyň geçirilmegi türkmen kärhanalarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklary giňeltmekde we biziň ýurdumyzyň halkara bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler.
Soňra hormtaly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Onda döwlet Baştutanymyz 2014-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine etirilen işleriň netijelerine baha berdi we ýakyn geljek üçin birnäçe wezipeleri kesgitledi.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň umuman, gowudygyny bellemek isleýärin, häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda köp sanly durmuş we senagat maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň döwrebap binalar toplumy dabaraly açylyp ulanylmaga berildi. Şeýle hem, täze okuw ýylyna gabatlap, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen 57 sany mekdep we 20 sany çagalar bagy, ähli amatlyklary bolan köp sanly ýaşaýyş jaýlary açyldy diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bulardan başga-da, halkara ähmiýetli «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň, kuwwatly fabrikleriň we zawodlaryň, täze elektrik stansiýalarynyň işe girizilendigini aýtdy.
Köp sanly ulag we inžener üpjünçilik ulgamlary, awtomobil ýollary, suw hem-de gaz geçirijileri, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, aragatnaşyk we telekommunikasiýa desgalary gurlup, ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl geljekde uly ähmiýeti boljak birnäçe giň gerimli işleriň başy başlanyldy. «Galkynyş» gaz käninde umumy bahasy 12 milliard amerikan dollary bolan tebigy gazy kükürtden arassalaýan desgalar toplumy, Gyýanlyda bahasy 3 milliard 500 million amerikan dollaryna barabar bolan gazhimiýa toplumy gurlup başlandy. Garabogaz şäherinde bahasy 1 milliard 570 million amerikan dollary bolan karbamid zawodynyň, Ahal welaýatynda bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna golaý bolan benzin öndürýän döwrebap kärhananyň gurluşygyna girişildi.
Ýene-de dört-bäş ýyldan bu iri kärhanalar gurlup, ulanmaga berler hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu kärhanalar köp möçberde girdeji getirip, berkarar döwletimiziň has-da baýamagyna ýardam berer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň özi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny şertlendirjekdigini aýtdy.
Hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüş depginlerini saklap gelýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň möçberiniň 10,3 göterim artandygyny aýtdy. Söwda we hyzmdatlar ulgamlarynda, şeýle hem beýleki pudaklara ýokary netijeler gazanyldy.
Döwlet býujetiniň çykdajyly böleginden girdejilI bölegi ep-esli artýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlarynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 8,3 göterim ýokarlandy, daşary söwda dolanyşygy ösüp, onuň möçberi 21 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda zähmet haklarynyň ösüşi 10,6 göterime deň boldy, milli manadymyzyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, bilim we medeniýet ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler ýokary depginler bilen amala aşyrylýar.
Döwletimiziň gazanýan üstünliklerine telekeçilerimiz hem uly goşant goşýar. Olar ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge barha işjeň gatnaşýar.
Oba hojalygy hem ýokary depginler bilen ösýär. Merdana daýhanlarymyz jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişine we pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, birnäçe wezipeleri kesgitledi:
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli köp sanly desgalary açyp, ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys. Şoňa görä-de, bu dabaralara häzirden gowy taýýarlyk görmeli. Desgalar açylyp, ulanmaga berlenden soň, olaryň ählisini dessine işe girizmeli. Täze edara-kärhanalaryň işini talaba laýyk guramak maksady bilen, olary zerur bolan işgärler we taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmeli.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek üçin, kabul edilen ýyllyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly ähli meselelere seretmeli.
2015-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Täze ýylyň Döwlet býujetinde bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, durmuş meselelerini çözmek üçin goýberilýän serişdeleriň möçberini artdyrmagy göz öňünde tutmaly. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna seretmeli. Biz geljek ýylda hem berkarar döwletimiziň belent sepgitlere ýetmegini, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen, ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmeli.
Halkara hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeň dowam etmelidigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.