Ï Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşar

view-icon 656
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bu gezekki mejlisine çagyrylmagy we guramanyň birnäçe mejlislerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy işjeň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny amala aşyrmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine goşant goşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň we milli Liderimiziň halkara abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Kyrkdan gowrak abraýly halkara we sebit guramalarynyň doly hukukly agzasy bolup durýan ýurdumyzyň döwletara bileleşikleriniň duşuşyklaryna işjeň gatnaşmagy, birnäçe guramalaryň agzasy bolmazdan ählumumy ösüşiň bähbidine olaryň ýörelgelerini goldamagy, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi türkmen döwletiniň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligindäki ornunyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu ugurda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy aýratyn orun eýeleýär. Onuň işi sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy goldamagy ugur edinýär.

Mälim bolşy ýaly, bu guramanyň tertipnamasynda bellenilen möhüm maksatlaryň hatarynda gurama agza ýurtlaryň arasynda birek-birege ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyna goldaw bermek, demokratik we adyl syýasy, ykdysady parahatçylyk syýasatyny ilerletmek ýaly ýörelgeler bar.

Bu wezipeler Türkmenistanyň sebit derejede durnukly we deňeçer ösüşiň üpjün edilmegine, işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, sebitara we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugruna gabat gelýär.

Ýewraziýa yklymynda uly täsiri bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň sebitara gatnaşyklary ösdürmek babatda uly geljegi bardyr. Onuň milli ykdysadyýetiň ösüşi we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagy üçin bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde peýdalanmakda möhüm ähmiýeti bardyr.

Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda möhüm opny eýelemek bilen, Bitarap Türkmenistan sebitiň ýurtlary, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen dostluk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ugur edinýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde birnäçe möhüm taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň indiki hepdede açylýan 69-njy maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder we milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy saklamak hem-de pugtalandyrmak, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak, gumanitar meseleler we adam hukuklary, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly derwaýys meseleler boýunça täze başlangyçlaryny öňe sürer.

Şeýlelikde, dünýä bileleşiginiň Müňýyllygyň maksadyna ýetmek, hususan-da, ählumumy parahatçylykly we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalaryna ägirt uly goşant goşýan Türkmenistan bu ugurdaky halkara gatnaşyklary, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramanyň mejlisiniň barşynda birnäçe döwletleriň baştutanlary bilen geçirjek ikitaraplaýyn gepleşikleri hem hut şu ugra gönükdiriler.